logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ “RUSSIÝA-YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2025” XVI HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY

Täzelikler

17.05.2025

16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady we şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa-Yslam dünýäsi: Kazan Forum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek däp bolan dostlukly türkmen-rus dialogynyň aýrylmaz bölegidir. Doganlyk Tatarystan bilen köpýyllyk netijeli gatnaşyklar hem munuň aýdyň mysalydyr. Şol gatnaşyklar özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik ýörelgeleri esasynda guralýar. Dürli derejelerde yzygiderli geçirilýän duşuşyklardyr gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyny emele getirýär. Soňky ýyllarda köpugurly türkmen-tatar gatnaşyklaryna hil taýdan täze itergi berildi. Özara gatnaşyklaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmakda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki iş toparyna möhüm orun degişlidir. Onuň mejlislerinde hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri, gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmak boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşylýar, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de täze mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Kazana bu gezekki sapary hem RF-niň Tatarystan Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy, umuman, Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolar. Ýurdumyzyň yslam dünýäsiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy-da okgunly ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji we 2024-nji ýyllarda hormatly myhman hökmünde “Russiýa-Yslam dünýäsi: Kazan Forum” halkara ykdysady forumlaryna gatnaşandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň wekiliýeti-de 2009-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bu wekilçilikli duşuşyga ençeme gezek gatnaşdy. «Türkmenistan» gazeti

No image
BAÝDAGYMYZ–BAŞYMYZYŇ TÄJIDIR, KANUNYMYZ KALBYMYZYŇ GÜÝJIDIR

Kitaphanalar

16.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Baýdagymyz–başymyzyň täjidir, Kanunymyz kalbymyzyň güýjidir» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni ýüreklerimizde mäkäm orun tutýan mukaddesliklerimiziň biri bolup, çünki onda halkymyzyň ruhy beýikligini, mizemez ynsanperwerligini, agzybirligini alamatlandyrýan nyşanlar öz beýanyny tapýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de döwlet baýdagymyz asyrlar aşyp, bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň rowaçlygynyň nyşany hökmünde belentde parlaýar. Bu bolsa ýaşaýşyň, agzybirligiň, bitewüligiň, erkanalygyň Tugy bolup, pasyrdaýandygy barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KANUNYM, BAÝDAGYM–GOŞA BUÝSANJYM

Kitaphanalar

16.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Kanunym baýdagym–goşa buýsanjym» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diýarymyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni türkmen halkynyň jebisligini, bitewiligini ajaýyp döwrümiziň ösüşlerini, nurana geljegimizi alamatlandyrýan bu goşa mukaddeslik kalbymyzda aýratyn orun tutýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyp ýaşlary Watanymyzy wasp edýän birnäçe ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda halkymyzy bagtyýarlygyň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MUZEÝMIZE SYÝAHATÇYLARYŇ GEZELENJI

Muzeýler

16.05.2025

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine Britaniýanyň we daşary ýurtlaryň syýahatçylary geldi. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň esasy usulçysy Jeren Pallykowa muzeýe gelen daşary ýurt syýahatçylara iňlis dilinde gezelenç geçirdi. Syýahatçylar muzeýiň döredijilik işlerini ýagty we gyzykly gördüler. Käbir taryhy we durmuşy gürrüňler syýahatçylarda ýatdan çykmajak pursatlary galdyrdy.

No image
BAGT KANUNYM-BAKY BAGTYM, ÝAŞYL BAÝDAK-TÄJI TAGTYM

Muzeýler

16.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen Kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilelikde guramagynda «Bagt kanunym-Baky bagtym, Ýaşyl Baýdak-täji tagtym» ady bilen wagyz nesihat çäresi geçirildi. Onda çykyş edenler: Merkezleşdirilen Kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň Kiçi bölümçe müdiri Bägül Akmämmedowa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ylmy işleri boýunça orunbasary Şirin Rüstemowa, Merkezleşdirilen Kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň 2-nji derejeli kitaphanaçysy Merjen Meredowa we Merkezleşdirilen Kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy Aýjemal Atajykowa. Çykyş edenler Garaşsyz ýurduň öz Döwlet nyşany bolan mukaddes baýdak barada beýan etdiler.Döwlet baýdagymyz ýurdumyzyň berkararlygynyň baky kepilidir, her birimiz üçin mukaddes hem-de ezizdir. Baýdak–bu biziň döwletliligimizdir, berkararlygymyzdyr we bagtyýarlygymyzdyr. Halkymyzyň geçmişini, şu gününi, geljegini özünde jemleýän mukaddes ýaşyl Tugumyz türkmeniň kalby bolup, dünýä ýüzüne nur saçýar.

No image
BAGTYÝAR NESILLER BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

Kitaphanalar

16.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Arkadag” futbol toparynyň gazanan ýeňşiniň hormatyna “Bagtyýar nesiller biziň geljegimizdir” ady bilen hoşallyk dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş edenler ”Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň” her bir güni, her bir täze säheri ajaýyp ösüşlere, beýik ýeňişlere beslenip gelýär. Golaýda ähli halkymyzy buýsandyran we begendiren şatlykly wakalaryň biri bolup geçdi.Ol hem “Arkadag” futbol toparynyň abraýly halkara ýaryşda gazanan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahabat gaznasyna geçirmek hakynda haýyş bilen ýüz tutulmagy, şol günüň ertesi Milli Liderimiziň bu serişdäni Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirmek barada karara gelendigini aýtmagy sahawatlylygyň, belent ynsanperwerligiň,çagalar hakyndaky aladanyň aýdyň ýüze çykmasy hökmünde bu ýeňşiň gymmatyna gymmat goşdy diýip, uly buýsanç bilen nygtadylar. Hoşallyk dabarasynyň ahyrynda çykyş edenler öz ynsanperwer syýasaty bilen geljekki ýaş nesillermiziň aladasyny edýän Milli Lidermiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak, beýik işleriniň mundan-buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
«KITAPHANA-ROWAÇLYKLARA BADALGA» ATLY GURNAGY

Kitaphanalar

16.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitaphana-rowaçlyklara badalga» atly kitaphana gurnagy geçirildi. Gurnagymyza Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Gurnagymyzyň bu sanynda “Neşirleri abatlamak we jiltleýiş bölümi” özüniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler we tejribe üstünde görkezdiler. Döwlet kitaphanamyzda neşirleri aýawly saklamak, neşirleri abatlamak, ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen birnäçe işler alnyp barylýar. Bu bölümde nesilden-nesile geçip gelýän gadymy neşirlerimizi ýaş hünärmen okyjylarymyza ýene-de asyrdan asyra geçer ýaly kitaplaryň ömrüni uzaldyp abatlaýyş we dikeldiş işlerini geçirýärler. Şeýle-de talyplaryň tejribelerini artdyrmak maksady bilen iş üstünde we özleriniň ulanýan enjamlary, gurallary, esbaplary, sapaklary bilen nähili derejede iş alnyp barylýandygyny giňişleýin gürrüň berdiler we görkezdiler. Soňra bolsa gurnaga gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ÝEŇIŞIŇ HOŞ HABARY

Kitaphanalar

16.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Döwlet kitaphanasy, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.. Söhbetdeşlikde çykyş edenler: Biziň ýaş nesillerimiziň iň bagtyýar nesillerdigini, olaryň döwlet tarapyndan uly mähir bilen gurşalýandygyny nygtamak bilen, golaýda «Arkadag» futbol toparynyň ýeňşine bagyşlanyp berlen pul sowgadynyň olaryň haýyşy boýunça Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirilendigi baradaky hoş habara diýseň buýsanýandyklaryny özleriniň söhbetlerinde aýdyp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!

No image
BAGTYÝAR NESILLERIŇ BUÝSANJY

Kitaphanalar

16.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde «Bagtyýar nesilleriň buýsanjy» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler «Arkadag» futbol toparynyň ýeňşi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahabat gaznasyna geçirmek hakynda haýyş bilen ýüz tutandygyny we bu serişdäniň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirilendigi barada özleriniň buýsançly sözlerini aýtdylar. Sebäbi biziň ýaş nesillerimiz biziň eziz Watanmyzy geljekde gülledip ösdürjek adamlardygyny olar üçin, döwlet derejesinde uly hemaýat edilýändigini nygtadylar. Olar söhbetleriniň ahyrynda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
WATAN ŞÖHRAT ŞANY BOLUP, YNANYŞMAGYŇ TUGY BOLUP PARLA ÝAŞYL BAÝDAGYM

Kitaphanalar

16.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi hem-de Seýrek neşirleri bölüminiň gurnamagynda «Watan şöhrat şany bolup, ynanyşmagyň Tugy bolup parla ýaşyl Baýdagym» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylýan ýylymyzda Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi hem-de Seýrek neşirleri bölüminiň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güne bagyşlap “Watan şöhrat şany bolup, ynanyşmagyň Tugy bolup parla ýaşyl Baýdagym” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi we Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan “Kitap ruhy hazyna” atly kitap sergi hem gurnaldy. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edildi.