logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
DAÝHANDAN HEREKET–ÝERDEN BEREKET

Kitaphanalar

15.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi «Daýhandan hereket–ýerden bereket» ady bilen kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, şeýle-de zähmetiň ähmiýeti, obalaryň döwrebaplaşmagy baradaky edebiýatlar ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar, özlerine gerek bolan maglumatlaryny tapyp bildiler. Mundan başga-da daýhanlaryň ýerine ýetirýän işleri bilen bagly edebiýatlary öwrendiler. Bizi şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
«RÖWŞEN GELJEGIŇ–RUHY BINÝADY» ADY BILEN GEÇIRILEN HOŞALLYK MASLAHATY

Kitaphanalar

15.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly çözgütleri netijesinde Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna täze binanyň gurlup berilmegi baradaky hoş habar bizi diýseň buýsandyrdy. Paýtagtymyzyň iň gözel künjeginde bina ediljek “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäklerinde gurmak hakyndaky karary mynasybetli «Röwşen geljegiň-Ruhy binýady» ady bilen hoşallyk maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda bu kitaphananyň kalplary buýsançdan, dilleri alkyşdan doly kitaphanaçylary ýurdumyzda kitaphana ulgamyny has-da ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesilleri kitap bilen ýakyndan dostlaşdyrmak babatda edilýän aladalar dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Şeýle-de özlerine bildirilýän beýik ynamy ödemek üçin ýene-de irginsiz zähmet çekjekdiklerini ynamly nygtadylar. Buýsançly kalplardan syzylyp çykýan hoşallyk sözlerine Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bagtyýar kitaphanaçylary hem goşulyp, biragyzdan ýürekden çykýan buýsançlaryny beýan etdiler. Hoşallyk maslahatyň ahyrynda kitaba, kitaphanalara aýratyn hormat-sarpa goýýan, ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
«ÜLKERIŇ BIR ÝYLDYZY» EDEBIÝAT ERTIRLIGI

Kitaphanalar

15.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 29-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde şahyr, redaktor, terjimeçi Kakabaý Gurbanmyradowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlap «Ülkeriň bir ýyldyzy» ady bilen ussat halypanyň döredijilik ýoly hakynda ýaş nesilleri tanyş etmek maksady bilen edebiýat ertirligini geçirdi. Çärämiziň başynda kitaphana hünärmeni ýazyjy K.Gurbanmyradowyň ömri we döredijiligi hem-de onuň döreden birnäçe eserleri ýagny “Sähra gözýetimi”, “Saňa köňül bersem”, “Ala-bahar”, “Hyýal guşum” we “Oglum ikimiz” atly kitaplarynyň ýaş nesilleri terbiýelemeklikde ähmiýeti barada gyzykly gürrüňleri berdi. Kitaphanamyzyň baý kitap gaznasyndan şahyryň döredijiligine degişli neşirlerden guran göçme kitap sergimiziň ýany hem köp adamly boldy. Duşuşygymyzyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi, sungatymyzy we edebiýatymyzy özleriniň ölmez-ýitmez eserleri bilen baýlaşdyran şahsyýetlerimiziň döredijilik ýoly hakynda ýaş nesilleri tanyşdyrmaklykda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
«KITAPHANA–MUKADDES OJAK, KITAP–IŇ GYMMATLY HAZYNA» ADY BILEN GEÇIRILEN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Kitaphanalar

15.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde «Aşgabat» teleýaýlymynyň döredijilik toparynyň hem gatnaşmagynda «Kitaphana–mukaddes ojak, kitap–iň gymmatly hazyna» ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň “Arkadag” futbol toparynyň abraýly halkara ýaryşynda ýeňiş gazanmagy we türgenleriň, futbolçylaryň haýyşy esasynda toparyň gazanan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gullugyna geçirmegi, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly çözgüdi bilen şol pul baýragyny Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň täze guruljak binasynyň gurluşygyna gönükdirmek hakyndaky karary mynasybetli kitaphanaçylar ýürek buýsançlaryny, alkyşlaryny beýan etdiler. Hem-de özlerine bildirilýän beýik ynamy ödemek üçin irginsiz zähmet çekjekdiklerine tüýs ýürekden ynandyrdylar. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda kitaba, kitaphanalara aýratyn hormat-sarpa goýýan, ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
«TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY WE DÖWLET BAÝDAGY–ÝURDUMYZYŇ SARSMAZ SÜTÜNLERI» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT

Täzelikler

15.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy–ýurdumyzyň sarsmaz sütünleri» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda «Milli baýdagymyz türkmeniň ykrarynyň we bakylygynyň nyşanydyr», «Döwlet Baýdagymyz-mukaddesdir», «Şekillendiriş sungatynda milli Tugumyzyň şöhlelenişi», «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy–parahatçylygyň nyşany», «Ýaşyl tugum–göz guwanjym», «Baýdak türkmeniň ruhy täjidir» atly temalar boýunça mugallymlaryň we talyplaryň çykyşlary ýerine ýetirildi. Maslahatda çykyş edenler berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet Baýdagy ýurt Garaşsyzlygynyň nyşanlary esasynda mukaddes saýylyp, agzybirligiň we bitewiligiň alamaty hökmünde dabaralandyrylýar. Döwletli halkymyzyň mukaddes Tugy bu gün ýurdumyzy dünýä tanadýar diýip, çykyş edenler buýsançly belläp, türkmen baýdagynyň taryhy kökleri barada yzygiderli çykyşlar ýerine ýetirildi.

No image
ÝURT BERKARARLYGYNYŇ GOŞA SÜTÜNI

Kitaphanalar

15.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda özüniň owadanlygy, arhitektura taýdan kämilligi bilen tapawutlanýan Konstitusiýa binasynda «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde «Ýurt berkararlygynyň goşa sütüni» atly söhbetdeşlik geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ýaş nesli watançylyk, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Kanunlaryny berjaý etmek ruhunda terbiýelemek, olary döredijilik taýdan kämilleşdirmek maksady bilen ýurdumyzda alynyp barylýan işler barada täsirli söhbetler edildi. Soňra kitaphana hünärmenleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde dowam eden söhbetdeşliklerinde hem Baýdak-döwletiň özbaşdaklygynyň, erkinliginiň halkynyň bütewiliginiň nyşany, döwletiň taryhy geçmişini özüne siňdiren mukaddeslik. Konstitusiýa-döwletliligiň binýady, döwletde halk häkimiýetliliginiň halkyň erk-isleginiň goraglylygynyň kepili. Ine bu iki gymmatlyk häzirki zaman dünýäsinde döwleti döwlet hökmünde öňe çykarýan iki sütün bolup durýanlygy barada hem gyzykly söhbetler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine we mukaddes Türkmen Tugumyzyň at-abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.

No image
BAÝDAK HEM KONSTITUSIÝA BERKARARLYGYŇ SYNMAZ SÜTÜNLERI

Kitaphanalar

15.05.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda kitaphananyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda kitaphana we bilim, saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleri şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda 18-nji maý Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli «Baýdak hem Konstitusiýa berkararlygyň synmaz sütünleri» atly mowzuk agşamy geçirildi. Gatnaşyjylar kitaphana hünärmenleri tarapyndan «Konstitutsiýa hem Baýdak–türkmeniň buýsanjy» ady bilen guralan kitap sergisine syn etdiler. Ýaşamana, öwrenmäne giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ «PETRONAS» KOMPANIÝASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

15.05.2025

14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň wekilleri-kompaniýanyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufik, Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohd Jukris Abdul Wahab, halkara aktiwler boýunça wise-prezidenti Mohd Redhani Abdul Rahman bilen duşuşdy. Myhmanlar wagt tapyp duşuşandygy üçin Milli Liderimize hoşallyk bildirip, Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini bellediler hem-de ony pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň şahsy goşandyna aýratyn üns çekdiler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «PETRONAS» kompaniýasynyň wekillerini mähirli mübärekläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýändigini we bu döwürde hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny, şertnama-hukuk binýadynyň döredilendigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz kompaniýanyň alyp barýan işi üçin hormatly Prezidentimiziň minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Ýokary derejede guralýan özara saparlar we duşuşyklar barada aýdyp, Milli Liderimiz Malaýziýanyň Premýer-ministrleriniň ýurdumyza birnäçe gezek sapar bilen gelendiklerini, Türkmenistanyň Prezidentiniň hem Malaýziýa döwlet we resmi saparlarynyň guralandygyny belledi. «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ BAE-niň WEKILLERI BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

15.05.2025

14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýeg bilen duşuşdy. Dostlukly ýurduň döwlet düzümleriniň wekilleri duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, BAE-de Türkmenistan bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini bellediler hem-de pursatdan peýdalanyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylarynyň Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdiler. Şeýle-de dostlukly ýurduň wekilleri hormatly Prezidentimiz bilen geçirilen şu günki duşuşygyň möhüm ähmiýetini bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk ýurt bolan Birleşen Arap Emirlikleriniň resmi wekiliýeti hökmünde Türkmenistana sapar bilen gelendikleri üçin myhmanlara minnetdarlyk bildirdi we bu saparyň halklarymyzyň arasyndaky ýakyn, ynanyşykly özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma, wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana iň gowy arzuwlaryny beýan edip, olary özleri üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge uly hormat bilen çagyrýandygy baradaky sözlerini ýetirmegi myhmanlardan haýyş etdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleri syýasy-ykdysady, durmuş üpjünçiligi ulgamlarynda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşydyr. Halkara hem-de sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlary gabat gelýär ýa-da ýakyndyr. Bu bolsa dürli halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň, YHG-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýär. «Türkmenistan» gazeti

No image
HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERINI DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÝOLUNDA TÄZE ÄDIM

Täzelikler

15.05.2025

14-nji maýda paýtagtymyzda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň, nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň bu ugra degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bilen halkara derejeli duşuşyk boldy. Duşuşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Duşuşykda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigi bellenildi. Şunda bu ugur boýunça dünýäniň iri kompaniýalary we işewür düzümler bilen ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik esasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi pudagyň işiniň ilerledilmegi bilen bir hatarda, onuň önümçilik düzümlerine häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ornaşdyrylmagynda-da aýratyn ähmiýete eýedir. Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerine ösen tehnologiýalar, täzeçil usullar, öňdebaryjy dünýä tejribesi işjeň ornaşdyrylýar. Şunda halkara derejede gatnaşyklaryň ösdürilmegine we özara tejribe alyşmaga uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna, häzirki zamanyň sanly tehnologiýalarynyň netijeli özleşdirilmegine giň ýol açýar. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. «Türkmenistan» gazeti