logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
MEŞHUR TÜRKMEN SAZANDASY – ŞÜKÜR BAGŞYNYŇ 195 ÝYLLYGY

Kitaphanalar

13.04.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda “Meşhur türkmen sazandasy – Şükür bagşynyň 195 ýyllygy” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygynda Meşhur türkmen sazandasy – Şükür bagşynyň 195 ýyllygy mynasybetli okuwçylara sungatyň inçe syrlaryny öwredýän sazanda mugallymlary bilen rowaýata öwrülen Şükür bagşynyň durmuş ýoly we onuň türkmen saz sungatynyň altyn hazynasyndaky orny barada gyzykly maglumatlary barada söhbet etdiler. Duşuşygyň dowamynda Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Duşuşygyň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny ösüşiň aýdyň ýollary bilen öňe alyp barýan, bagşyçylyk ýolunyň has hem kämilleşmeginde çäksiz mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
ZEHINLI ÇAGALAR

Kitaphanalar

13.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Ýaşlyk” teleýaýlymy hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen bilelikde paýtagtymyzda ýerleşýän mekdeplerde bilim alýan kitapsöýüji çagalar bilen bäş tapgyrdan ybarat bolan “Zehinli çagalar” atly bäsleşik geçirýär. Gepleşigiň täze sanyna Aşgabat şäheriniň 131-nji orta mekdebiniň zehinlije okuwçylary gatnaşdy. Ýeňiji bolanlara sowgatlar gowşuryldy. Gepleşigiň ahyrynda ýaş nesilleriň ýagty geljegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
W.A.MOSARTYŇ 270 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN KONSERT

Täzelikler

11.04.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda dünýä belli kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň doglan gününiň 270 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert boldy. Konsertiň maksatnamasy gaty baý we dürli-dürli bolup, onda beýik kompozitoryň iň meşhur eserleri ýaňlandy. Sahna çykan zehinli sazandalar we mugallymlar Mosartyň eserleriniň inçe ruhuny diňleýjilere ýetirmegi başardylar. Konsertiň dowamynda “Sonata C-dur” Umumy fortepiano kafedrasynyň uly mugallymy Ýelena Arakelýan we Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow bilelikde ýerine ýetirdiler. Soňra 4-nji sazçylyk mekdebiniň “Saýrak bilbiller” hor toparynyň ýerine ýetiren “Ave verum”, “Harplyk” eserleri täsirli boldy. Dabarada “Figaronyň öýlenişi” operasyndan Kerubinonyň ariýasyny Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Bahar Durdyýewa, şeýle-de “Don Zuan” operasyndan duet Begenç Gaýypow bilelikde ýerine ýetirdiler. Dabaranyň dowamynda “Diwertisment D-dur” we “Gijeki serenada” eserleri Annaoraz Döwletowyň ýolbaşçylygyndaky “Melodiýa” kamera orkestri ýerine ýetirdiler. Konsert ýokary ruhubelentlikde geçdi. Çykyşlar diňleýjiler tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyp, nusgawy sazlaryň adamyň ruhy dünýäsine ýetirýän oňyn täsiriniň bardygyny ýene bir gezek subut edildi. Konsertiň ahyrynda belent owazly sazlar we zehinli ýerine ýetirijileriň ussatlygy diňleýjileriň göwnüni galkyndyrdy. Bu ajaýyp agşamy gurap, bize nusgawy sazyň dünýäsine syýahat etmäge mümkinçilik döreden ähli mugallymlara, talyp sazandalara we guramaçylara köp sag bolsun aýdýarys! Hudaýguly HANOW, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby

No image
DÜNÝÄ TARYHYNY BEZEÝÄN GYMMATLYKLAR

Medeni miras

11.04.2026

#### *Ylmy-döredijilik topary Balkan welaýatynda ylmy-etnografik ekspedisiýada boldular* Asyrlar aşyp gelen milli mirasymyz gymmaty egsilmejek baýlygymyzdyr. Medeni we taryhy ähmiýete eýe bolan gymmatlyklar halkymyzyň dünýä medeniýetini näderejede baýlaşdyryp gelendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda halkymyzyň şöhratly geçmişine we medeni-ruhy gymmatlyklaryna, çeper döredijiligine uly hormat goýulýar. Halk mirasy geljekki nesilleriň bahasyny ölçäp bolmajak hazynasy hökmünde aýalyp saklanýar, goralýar we çuňňur öwrenilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan döredilen ylmy-döredijilik topar Balkan welaýatynda ylmy-etnografik ekspedisiýada bolup geldi. Biziň ylmy-döredijilik toparymyz işini welaýatyň etrapdyr oba-şäherlerinde alyp barmak bilen ýerli ýaşaýjylar, kärine ussat senetkärler, haly, palas dokamak bilen meşgullanyp gelýän gelin-gyzlar, halk ussaçylygyny döredijilikli dowam etdirýän ussalarymyz, halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalary baradaky maglumatlary köp bilýän ýaşuly nesiller bilen duşuşdylar. Topar bu ýerde deňiz kenarynyň ýaşaýjylarynyň medeni durmuşy, döredijiligi, senetçiligi, dokmaçylygy, milli tagamlary, ussaçylygy, folklory bilen ýakyndan tanyşmaga, baý maglumat toplamaga mümkinçilik tapdy. Toparyň agzalary haly-palas dokamak, keçe basmak, agaç ussaçylygy, ene hüwdüsi, küştdepdi milli tansymyz, onuň gazallary baradaky maglumatlary toplady. Welaýatyň özboluşly ýerine ýetirijilik aýratynlygyny özünde jemleýän folklor çykyşlary hem ýazylyp alyndy. Türkmen halkynyň medeniýetiniň we sungatynyň düýpli öwrenilmegi hem-de kämilleşdirilmegi ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Balkanly ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik: **Bal Balkanyň balygy, Hem tagamly, süýjüdir. Bizi bagta ýetiren, Gahryman Arkadagly Serdarmyzyň güýjüdir.** OGULTÄÇ HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ylmy-döredijilik toparynyň ýolbaşçysy

No image
TÜRKMEN BEDEWI – 2026

Täzelikler

11.04.2026

Hormatly watandaşlar! Sizi, 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň aprel aýynyň 15-ne Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda sagat 15:00-da açyljak «Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň türkmen bedewleri – sungat äleminiň genji-hazynasy» atly zehinli talyplaryň we mugallymlaryň döredijilik sergisine çagyrýarys!

No image
DURNUKLY ULAG ULGAMYNY ÖSDÜRMEGIŇ ÝOLY BILEN

Täzelikler

11.04.2026

#### *Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy* 10-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu möhüm waka ýurdumyzyň ulag ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

No image
MILLI MIRAS – BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Kitaphanalar

10.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bilelikde guramagynda “Milli miras – bedew batly ösüşleriň binýady” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda behişdi bedewlerimiziň sarpasy barha beýgelip, bedew türkmeniň ruhy baýlygynyň özenini özünde jemleýän täsinlikdigi, behişdi bedewler – ösüşlere ýetmegiň nusgasy, beýik üstünliklere telwaslandyrýan uly güýç bolup, atçylyk ýöne miras bolman, eýsem, ol ýaşaýşa bolan söýgüni müdümileşdirýän ebedi sungatydygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergi bilen tanyşdyrylyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň many-mazmuny hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda Türkmeniň uçar ganaty bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
GÜNDOGAR WE GÜNBATAR MEDENI ADATLARYNYŇ TARYHY-GENETIKI ARABAGLANYŞYGY

Täzelikler

10.04.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ençeme ýyllaryň dowamynda däp bolup gelýän kafedralaryň hepdelikleri yzygiderli geçirilip gelýär. Bu gün hem “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň hepdeliginiň üçünji gününde Ç.Nurymowyň, R.Allaýarowyň, B.Hudaýnazarowyň ýubileýleri mynasybetli “Gündogaryň we Günbataryň medeni adatlarynyň taryhy-genetiki arabaglanyşygy” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu ylmy-amaly maslahatda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň halypa mugallymlary çykyş etdiler. Maslahatyň başyny sazyň nazaryýeti kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Şemşat Annagylyjowa “Türkmen saz sungatynyň ussat halypalary” atly çykyşy bilen açdy. Soňra, sazyň nazaryýeti kafedrasynyň dosenti, s.ö.y.k., Ýelene Osipowanyň “Mukamyň täzeçe beýany”, sazyň nazaryýeti kafedrasynyň uly mugallymy, s.ö.y.k., Zulfiýa Jumagulyýewanyň “Baýram Hudaýnazarow hakynda ýatlamalar”, sazyň nazaryýeti kafedrasynyň uly mugallymy Zohra Gabibowanyň “Rejep Allaýarow. Saz dünýäsiniň binagäri”, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Laçyn Mätdurdyýewanyň “Rejep Allaýarowyň Rabindranat Tagoryň goşgularyna okyjy, solistler, hor hem-de simfoniki orkestr üçin oratoriýasynda çeper keşbiniň beýany”, sazyň nazaryýeti kafedrasynyň uly mugallymy Zamira Mamedkuliýewanyň “Saz sungatynyň ussady Çary Nurymowyň döredijilik portreti” ýaly örän gyzykly we täsirli çykyşlar boldy. Maslahat Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň mugallymy Saparmyrat Baýlyýewiň “Çary Nurymowyň döredijiligi bilen halk sazynyň arabaglanyşygy” atly çykyşy bilen jemlendi. Geçirilen ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz alkyşlaryny aýtdylar. Taganbibi DURDYÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” fakultetiniň IV ýyl talyby

No image
ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Kitaphanalar

10.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda 23-nji çagalar bagynda «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen sesli okaýyş geçirildi. Çärede türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biri bolan ertekilerde halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne, paýhasyna daýanmak kimin asylly sypatlaryň wasp edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň häsiýetleriniň çaga terbiýesine uly täsir edýändigi barada bellediler we türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler. Çäräniň ahyrynda her bir bagtyýar körpeleriň asuda we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BEHIŞDI BEDEWLER – GÖZELLIGIŇ NUSGASY

Kitaphanalar

10.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli «Behişdi bedewler - gözelligiň nusgasy» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler türkmen halky owadanlygy, ýyndamlygy, eýesine wepalylygy bilen göreni haýran edýän bedewlerimize uly sarpa goýýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp kitaplarynda bedewler hakynda baý taryhy maglumatlary açyp görkezýändigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.