logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Kalplary ýakynlaşdyran medeni baýramçylyk

Halkara gatnaşyklary

08.06.2026

5-7-nji iýuny aralygynda ýurdumyzda geçirilen Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri iki doganlyk halky birek-birege has-da ýakynlaşdyrmakda möhüm ädime öwrüldi. Bu medeni baýramçylygyň çäginde Aşgabatda hem-de Arkadag şäherinde geçirilen çäreler ruhy gymmatlyklaryň hem-de edebi mirasyň dabaralanmasyna öwrüldi. 6-njy iýunda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda halkymyzyň beýik akyldary Döwletmämmet Azadynyň hem-de XIX asyr Azerbaýjan edebiýatynyň görnükli wekili Seýit Azim Şirwanynyň döredijilik mirasyna bagyşlanyp geçirilen ylmy maslahat ylmyň we edebiýatyň edebi dostluk köprüsiniň has-da berkeýändigini aýan etdi. Myhmanlar türkmen myhmansöýerligine gör-ä, duz-çörekli garşylandy. Medeniýet, sungat işgärleriniň joşgunly çykyşlary hakyky baýramçylyk şowhunyny döretdi. Dabara gatnaşyjylar kitaphananyň eýwanynda guralan «Kitaplar — giň dünýäniň gapysy» atly bilelikdäki kitap sergisi, medeni gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Sergide gadymy neşirler, sungat eserleri, milli saz gurallary, nepis halylar, amaly-haşam sungaty eserleriniň seýrek nusgalary görkezildi. Kitaphananyň mejlisler zalynda geçirilen ylmy maslahatyň dowamynda iki doganlyk ýurduň medeniýet we ylym edaralarynyň wekilleri, edebiýatçy alymlar, ýazyjylar, kitaphanaçylar çykyş etdiler. Çykyş edenler Döwletmämmet Azadynyň ynsanperwerlik pelsepesi we Seýit Azim Şirwanynyň aň-bilim, terbiýeçilik garaýyşlary nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy mekdepdir. Alymlar Azadynyň meşhur «Wagzy-azat» eserindäki ahlak kadalarynyň, kämil döwlet dolandyryşy hem-de jemgyýetçilik adalatlylygy baradaky nesihatlarynyň Şirwanynyň şahyrana dünýäsindäki pedagogik garaýyşlar bilen ajaýyp sazlaşygy döredýändigini nygtadylar. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dowam eden «Azerbaýjan — obýektiwden taryha tarap» atly fotosergi dostlukly ýurduň baý geçmişini, medeniýetini aýdyň açyp görkezdi. Onda azerbaýjan fotosuratçylarynyň döredijilik dünýäsine uly orun berildi. Gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döreden fotosergi doganlyk halkyň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdyrdy. Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň çäreleriniň Arkadag şäherinde hem geçirilmegi, sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäherde azerbaýjan mukamlarynyň ýaňlanmagy mizemez dost-doganlygyň aýdyň nyşany bolup, dostluk owazlary belentden ýaňlandy Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde geçirilen Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti joşgunly owazlara beslendi. Iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň, köp sanly tomaşaçylaryň gatnaşmagynda geçirilen bu dabarada ýerine ýetirilen aýdymlar dostlugyň ebedilik mukamlary bolup ýaňlandy. Dabaranyň başynda «Başym gurban bolsun Arkadagyma, başym gurban Arkadagly Serdara!» atly watançylyk aýdymyny Türkmenistanyň Gahrymany Jemal Saparowa we «Dokmaçylar » folklor tans topary belent joşgun, uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň halk artisti Suhanberdi Orazberdiýewiň aýtmagynda meşhur «Mukamyň syry» kinofilminden «Döwranyň aýdymy», Türkmenistanyň halk artisti Guwanç Ýazmämmedowyň «Meleguş» atly aýdymy tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Şeýle hem, Maýa Orazberdiýewanyň we «Meňli» tans toparynyň ýerine ýetiren «Ýürekdäki owazlarym» atly çykyşy, «Galkynyş» tans toparynyň ýerine ýetiren «Nergiz» tansy bu dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi. Sözleri we sazy Gahryman Arkadagymyza degişli bolan «Leýlisaç barada rowaýat» aýdymyny bolsa, Türkmenistanyň Gahrymany Jemal Saparowa hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň halk artisti Gülýanak Mamedowa bilelikde ýerine ýetirip, iki halkyň aýdym-saz sungatynyň, şirin mukamlarynyň bitewüligini hem-de ýakynlygyny görkezdiler. Azerbaýjanyň Döwlet tans toparynyň ajaýyp sazlaşykly çykyşlary tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Topar giň maksatnamaly bu medeni forumda azerbaýjanyň milli medeniýetini, gadymy däp-dessurlaryny özünde jemleýän tanslary ýerine ýetirdiler. Ussatlyk hem ezberlik bilen ýerine ýetirilen çykyşlary tomaşaçylar gyzgyn garşyladylar. Konsertiň ahyrynda Gülýanak Mamedowanyň we Türkmenistanyň halk artisti Annaguly Myratdurdyýewiň bilelikde ýerine ýetiren «Doganlyk aýdymy, dostluk mukamy» atly aýdymy dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Azerbaýjanyň Medeniýet günleri düýn gözel paýtagtymyzda dowam etdi. Ir bilen «Aşgabat» kinoteatrynda azerbaýjan çeper filmleriniň görkezilişi boldy. Kino muşdaklaryna «Arşyn mal alan», «Ene toprak» çeper filmleri görkezildi. Şeýle hem düýn myhmanlar Aşgabadyň medeni we taryhy merkezlerine gezelenç etdiler. Ilki bilen, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde bolup, halkymyzyň şöhratly geçmişi, medeni gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Soňra myhmanlar Türkmen halysynyň milli muzeýine aýlandylar. Olar bu ýerde dünýä meşhur türkmen halylarynyň taryhy, olaryň gölleriniň many-mazmuny hem-de nepis dokalan haly önümlerini synladylar. Bu gymmatlyklar myhmanlara ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem-de azerbaýjan şahyry Molla Panah Wagifiň döredijiligine bagyşlanyp geçirilen ylmy maslahat edebi gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Myhmanlar kitaphananyň girelgesinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur mazmunly eserlerine, neşir önümlerine bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar. Döwlet kitaphanasyna azerbaýjan edebiýatyny, taryhyny, medeniýetini giňişleýin açyp görkezýän gymmatly neşirler sowgat berildi. Döwlet kitaphanasynyň adyndan bolsa Azerbaýjandan gelen hormatly myhmanlara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary sowgat berildi. Bu ýerde geçirilen ylmy maslahatda Magtymguly Pyragynyň we Molla Panah Wagifiň döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň taryhyndaky orny, olaryň ynsanperwerlik hem-de gözellik garaýyşlary barada pikir alşyldy. Maslahatyň dowamynda azerbaýjanly Hüseýinaga Aslanowyň labyzly okamagynda Magtymguly Pyragynyň hem-de Molla Panah Wagifiň goşgulary diňlenildi. Düýn agşam Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen şowhunly konsert bilen jemlendi. Doganlyk ýurtdan gelen medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynda azerbaýjanlylaryň halk we häzirki zaman sungatynyň baýlygy, özboluşlylygy hem-de köpöwüşginliligi, täze döwrüň ýörelgeleri bilen sazlaşykda däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy. Myhmanlar bu ajaýyp medeniýet baýramçylygynyň sungatyň birleşdiriji, döredijilikli güýjüni aýdyň şöhlelendirendigini belläp, çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmegi babatda döredilen giň mümkinçilikler üçin iki ýurduň Baştutanlaryna hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

No image
Akyldar şahyrlar Magtymguly Pyragynyň hem-de Molla Panah Wagifiň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat

Kitaphanalar

08.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, goňşy Azerbaýjan Respublikasy bilen dost-doganlyk gatnaşyklary täze derejä çykarylýar. Ýurdumyzda geçirilen Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi tarapyndan 150 sany sowgatlyk kitaplaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Azerbaýjan döwletiniň taryhyny, medeniýetini we sungatyny açyp görkezýän kitaplar, şeýle hem ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri, kitaphana gaznasyny has-da baýlaşdyrar we iki döwletiň ruhy baýlygyny, medeni mirasyny içgin öwrenmeklige, ony halk köpçüligine giňden ýetirmeklige uly mümkinçilikleri döreder. Kitap gowşurylyş dabarasyndan soňra geçirilen “Türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň hem-de Azerbaýjan şahyry we akyldary Molla Panah Wagifiň” döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahata Azerbaýjan döwletinden gelen ýazyjylaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de ýurdumyzyň görnükli alymlarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň, kitaphanaçylaryň gatnaşmaklary iki halkyň edebiýatyny, görnükli şahyrlaryny çuňňur öwrenmeklige uly itergi berdi. Maslahatda türkmen halkynyň şahyry Magtymguly Pyragynyň we Azerbaýjan şahyry Molla Panah Wagifiň ömri döredijiligi hakynda ikitaraplaýyn giňişleýin söhbet edildi. Şahyrlaryň goşgularyndan labyzly okap berdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar dost-doganlyk köprüsini berkitmekde, dostlukly ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda alyp barýan beýik işleri üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Ylym paýhas çyragy

Kitaphanalar

08.06.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda her ýyl ýurdumyzda bellenilýän 12-nji iýun Ylymlar güni mynasybetli “Ylym paýhas çyragy” atly söhbetdeşligi geçirdi. Islendik döwletiň ösüşi we kuwwaty onuň medeni-ykdysady ösüşi, oýlap tapyjylygyň, ylmyň ösmegi bilen kesgitlenilýär. Kitaphanalar medeniýet ojagy bolmak bilen çäklenmän, olar ylmy-habar beriş merkezi, ýagny halkyň diňe bir ruhy, medeni we taryhy mirasyny däl, eýsem bütindünýä ylmyna degişli edebiýatlary toplamakda, saklamakda we olary okyjylara ýetirmekde uly işleri alyp barýar. Türkmenistanda ylym we kitaphana ulgamy bütewi elektron ulgama geçip, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýan gymmatly bilim hazynasy hökmünde ösdürilýär. Bu ugurda döwlet maksatnamalary kabul edilýär we işjeň ornaşdyrylýar. Ine şular dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ylmyň, innowasiýalaryň soňky gazananlary esasynda kitaphanalaryň işiniň döwrebap ösmegine uly üns berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Tebigat biziň öýümiz

Kitaphanalar

06.06.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Gökderäniň “Demirýolçy” çagalar sagaldyş merkezinde, tomusky dynç alyş möwsümini sapaly geçirýän ýaş nesilleriň arasynda “Tebigat biziň öýümiz” atly söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Türkmenistanyň tebigaty – baý we özboluşly. Häzirki wagtda ýurduň çäginde biodürlüligiň, esasan hem, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän görnüşleriniň sanyny dikeltmek boýunça işleri amala aşyrýan döwlet tebigy goraghanalary bar. Türkmenistan döwleti BMG-niň daşky gurşawy goramak, ekologiýa meseleleri boýunça dünýä möçberindäki kepilnamalary bolup durýan tebigaty goramak baradaky konwensiýalara ilkinjileriň biri bolup goşuldy. Ine, şular dogrusynda kitaphana hünärmenleri körpeje kitapsöýüjilere täsirli gürrüňleri berdiler. Duşuşygyň ahyrynda salkyn saýaly jülgelerde dynç alyşyny sapaly geçirýän ýaş nesiller Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary edýän etdiler.

No image
Seul halkara syýahatçylyk sergisi

Syýahatçylyk

06.06.2026

2026-njy ýylyň 4-7-nji iýuny aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde COEX atly Sergi merkezinde, Seul halkara syýahatçylyk sergisi geçirilýär. Bu Aziýa sebitinde uly halkara syýahatçylyk sergisi dünýäniň ençeme ýurtlaryndan syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalary, awiakompaniýalary, işewür we saglyk syýahatçylygy boýunça hünärmenleri giň meýdançada jemledi. Serginiň esasy mowzuklary halkara we içerki syýahatçylyk, lukmançylyk we saglyk syýahatçylygy, ekosyýahatçylyk we syýahatçylykda innowasiuýalar, tehnologiýalar bolup durýar. Ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalary bolan «Eşretli syýahat», «Gadymy mirasa syýahat» hem-de başga-da birnäçe syýahatçylyk kärhanalary, bu iri syýahatçylyk sergisine öz mahabat önümleri bilen gatnaşyp, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini sergä gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlara mahabatlandyrýarlar.

No image
«Azerbaýjan medeniýetiniň dürdäneleri» ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

Halkara gatnaşyklary

06.06.2026

5-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilmegine uly üns berýändikleri üçin iki ýurduň Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Geçen ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 12-nji sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran iş saparyna aýratyn üns çekildi. Şonda Gahryman Arkadagymyz Medeniýet günlerini, teatr çykyşlaryny, dürli sergileri, kino günlerini geçirmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigini belläp, ýurtlarymyzyň bu ugurda gazanan tejribesini dowam etdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şu gezekki Medeniýet günleri hem Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyna aýdyň subutnamadyr. Çykyşlarda Milli Liderimiziň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran şol saparynyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan Fizuli şäherinde azerbaýjan halkyna sowgat hökmünde gurulýan metjidiň düýbüniň tutulyş dabarasynyň bolandygy we häzirki wagtda onuň gurluşyk işleriniň depginli alnyp barylýandygy nygtaldy. Munuň üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirildi. Soňra sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna uly orun berildi. «Dostluk kompozisiýasy» atly çykyş iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň çeper beýany boldy. Tomaşaçylar Fikret Amirow adyndaky Azerbaýjanyň Döwlet milli saz gurallary orkestriniň, Gara Garaýew adyndaky Döwlet kamera orkestriniň çykyşyny, ýurduň Döwlet tans toparynyň deprekçileriniň tansyny, halk artistleriň hem-de beýleki aýdymçylaryň we döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny uly şowhun bilen garşyladylar. «Galkynyş» toparynyň «Küştdepdi» tansy azerbaýjanly sungat ussadynyň çykyşy bilen ajaýyp sazlaşygy döredip, konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. Konsertiň dowamynda sazandalar, aýdymçylar we tansçylar sazyň, aýdymyň hem-de tansyň umumylygy arkaly tomaşaçylara milli medeniýetleriň meňzeşligini, özboluşlylygyny hem-de dürdänelerini açyp görkezdiler. Çykyşlar tomaşaçylarda ýakymly duýgulary döretdi. Şeýle ajaýyp pursatlar Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen «Leýlisaç barada rowaýat» atly aýdym ýerine ýetirilende has-da aýdyň ýüze çykdy. Azerbaýjan Respublikasynyň halk artisti Gülýanak Mamedowanyň hem-de ýurdumyzyň «Näzli» tans toparynyň tansçy gyzlarynyň ýerine ýetiren bu çykyşyny tomaşaçylar şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/halkara-azer.jpg) Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ilkinji gününde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni» atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Sergide Azerbaýjanyň Milli haly muzeýiniň ýygyndysyndan çitme hem-de kakma usulynda ýerine ýetirilen dokma önümleri, bezeg önümleri, keşdeler, başgaplar, dürli görnüşli nagyşlaryň nusgalary görkezilýär. Gözel paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda Azerbaýjanyň çeper filmleriniň görkezilişi hem boldy.

No image
«Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni» atly sergisi

Muzeýler

06.06.2026

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ilkinji gününde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni» atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Sergide Azerbaýjanyň Milli haly muzeýiniň ýygyndysyndan çitme hem-de kakma usulynda ýerine ýetirilen dokma önümleri, metaldan ýasalan bezeg önümleri, keşdeler, başgaplar, dürli görnüşli nagyşlaryň nusgalary görkezilýär. Sergide halylar bilen birlikde gündelik durmuşda giňden ulanylýan horjun we çuwal ýaly önümler hem görkezilýär. Bu eserleriň bezegine öwrülen nagyşlar many-mazmuny we reňk taýdan baýlygy bilen tapawutlanýar. Misden kakma we oýma usuly bilen ýerine ýetirilen gaplary, hammam sandyklary, serpuş, satyl ýaly metal önümleri pähim-paýhasly sözler, kalligrafik ýazgylar bilen bezelipdir. Şeýle-de bu ýerde azerbaýjan milli egin-eşikleriniň tanyşdyryş dabarasy hem boldy. Azerbaýjan milli egin-eşikleriniň döwrebap nusgalarynda taýýarlanan görnüşleri tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

No image
Sagdyn durmuş – ynsan bezegidir

Kitaphanalar

05.06.2026

Parahat ýurdumyzda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri, köpçülikleýin sport çäreleri, söhbetdeşlikler giňden gurnalýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi hem “Bütindünýä welosiped güni” mynasybetli “Sagdyn durmuş–ynsan bezegidir” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda hem ägirt uly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýänligi, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek, köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni has-da rowaçlandyrmak boýunça asylly işler durmuşa geçirilýändigi hakynda nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe- sagaldyş hereketini ösdürmek, sagdyn bedenli ýaş nesilleri taýýarlamak bilen baglanşykly işler amala aşyrylýar diýip, çykyş edenler uly buýsanç bilen söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
«Garaşsyz Türkmenistanyň milli mirasyny çuňlaşdyryp öwrenmekligiň ylmy ähmiýeti» atly ylmy maslahaty

Täzelikler

05.06.2026

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda «Garaşsyz Türkmenistanyň milli mirasyny çuňlaşdyryp öwrenmekligiň ylmy ähmiýeti» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahat çeperçilik akademiýasynyň dört bölümçesinde dowam etdi. Maslahatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy H.Gurbannazarowyň «Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy A.Hajyýewanyň «Reňk atlarynyň grammatik klassifisirlenmegi», Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy M.Beknazarowanyň «Ylym – ösüşleriň hereketlendiriji güýji», Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallym-öwrenijisi Ç.Gylyjowanyň «Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde innowasion tehnologiýalaryň orny» ýaly çykyşlar ýerine ýetirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim we zehin babatda kämilleşmegi, dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli başlangyçlary durmuşa geçirýär. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler ýaşlaryň zehinini kämilleşdirmäge, ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaga ýardam edýär. Maslahata gatnaşyjylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmyň gazananlarynyň durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilik döredýändigi barada çykyşlarda bellenildi.

No image
Daşky gurşawyň goraglylygy- abadan ýaşaýşyň kepili

Muzeýler

05.06.2026

Tebigatda Watanymyzyň keşbi bar. Tebigaty söýmegiň Watany söýmegi aňladýandygy bolsa biziň her birimize mälimdir. Adamyň amala aşyrýan işleriniň tebigata edýän täsiri hem ylmy tarapdan öwrenilmegini talap edýär. Tebigat baradaky alada ähli halkyň aladasydyr. Tebigat biziň ýaşaýşymyzyň, ruhubelentligimiziň çeşmesidir, ömrümiziň kepilidir, rahatlygydyr. Adamzadyň tebigy baýlyklardan barha köp möçberde peýdalanmagy tebigatyň deňagramlylygyna öz täsirini ýetirýär. Munuň özi ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge düýpli çemeleşmegi, bu babatda täzeçe çözgütleri kabul etmegi we olary durmuşa geçirmegi talap edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň 1972-nji ýylda Stokgolm şäherinde geçirilen Daşky gurşaw boýunça maslahatynda 5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Şol maslahatda adamzat taryhynda ilkinji gezek tebigat bilen baglanyşykly meseleler dünýä ähmiýetligi hökmünde ykrar edildi. Şondan bäri Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni ekologiýa senenamasynda iň esasy baýram hasap edilipdir, bu baýram dünýäniň birnäçe ýurdunda bellenilýär. Biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Karary bilen 2008-nji ýylyň 5-nji iýuny Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni milli baýram diýlip yglan edildi. Ýurdumyzda tebigaty goramak we onuň bilen baglanyşykly kanunçylyk tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak ýörelgelerine esaslanýar. “Tebigaty goramak hakynda”, “Atmosfera howasyny goramak hakynda”, “Döwlet ekologiýa ekspertizasy hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda” we birnäçe suw, ýer, tokaý hakyndaky kanunlary mysal getirmek bolar. Türkmenistanda tebigaty goramak baradaky döwlet syýasaty jemgyýetiň ekologik bähbitleriniň ileri tutulmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir, şunda hojalyk işiniň we beýleki işleriň ösdürilmegi tebigata, onuň baýlygyna aýawly goramak, tebigy resurslary rejeli peýdalanmak bilen, adamyň sagdyn we ýaşaýşy üçin amatly tebigy gurşaw baradaky hukuklarynyň goralmagyny kepillendirýär. Şu gün Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ,,Ekologiýa abadançylygy-adamzadyň bagtyýarlygy” atly maslahat geçirildi. Maslahatda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy, umumyadamzat ähmiýetli wezipelerdigi, bagy-bossan diýarymyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan daşky gurşawyň abadançylygyny goramaga gönükdirilen beýik işleriň mynasyp dowam etdirilýändigi dogrusynda täsirli hem-de buýsançly söhbetlere giň gerim berildi. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar baýramçylyk mynasybetli ,,Daşky gurşawyň goraglylygy-abadan ýaşaýşyň kepili” atly muzeýde gurnalan sergä uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Olar sergide ýerleşdirilen muzeý gaznasynda saklanýan muzeý gymmatlyklary, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren ,,Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy eseriniň birnäçe tomlary hem-de suratkeşleriň surat eserleri, dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň görnüşleri we olar hakyndaky maglumatlar bilen ýakyndan tanyşdylar. Dabaraly geçen maslahatyň hem-de serginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bagy-bossan ýurdymyza ekologiýa we daşky gurşawyň abadançylygyny, gözel tebigatymyzyň täsinliklerini gorap saklamaga ähli mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.