logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY OBA HOJALYK UNIWERSITETINDE GÖÇME SERGI GURNALDY

Muzeýler

10.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 6-11 aralygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Milli miras – bedew batly ösüşleriň binýady» atly göçme sergi gurnady. Sergide türkmen halkynyň milliligini wasp edýän gadymy haly önümleri, at esbaplary we gelin-gyzlaryň lybaslary görkezilýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň bäş welaýatynyň gölleri bilen nagyşlanan içi ak pagtaly we pileli horjunlar, gadymy torbalar, çuwallar, ikselikler, düýe halyklar we başga haly önümleri sergini bezeýär. Serginiň merkezinde ahalteke atlaryny we türkmen tebigatyny wasp edýän şekilli halylar görkezilýär. Şeýle-de bedew atlaryň bezeg esbaplary: göwüsbent, gözlük, boýunluk ýaly şaý-sepleri görkezilýär. Gadymy döwürden bäri türkmen halky bedewlerine niýetläp dürli haly önümleri dokapdyrlar. Olaryň arasynda sergide eýerlik, at ýapynja, at köýnekçe, eýeri hem-de gamçyny görmek bolýar. Türkmen heýkeltaraşlary ahalteke atlaryny ussatlyk bilen ýasamagy başarýarlar. Sergide behişdi bedewleriň heýkellerini hem synlap bolýar.

No image
KITAPHANA SYÝAHAT

Kitaphanalar

10.04.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna Türkmen Döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary syýahat etmäge geldiler. Talyp-ýaşlar kitaphananyň binagärlik gurluşygy bilen ýakyndan gyzyklandylar. Kitaphananyň hünärmenleri talyplary kitaphananyň özboluşly gurluşyk aýratynlygy, diwarlaryndaky şekilleriň taryhy, okyjy zallarynyň aýratynlygy bilen tanyşdyrdylar. Kitaphananyň özboluşly binagärçilik aýratynlygy, diwar bezegleri, okyjylar üçin okalga zallary, diwarlary taryhy şekiller bilen bezelen howlusy, binanyň daşky gurluşygy talyplarda aýratyn täsir galdyrdy. Kitaphana syýahada gelen mugallymlar hem-de talyp-ýaşlar özleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
AHLAK TERBIÝESI – YNSAN GÖZELLI

Kitaphanalar

10.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 115-nji okuw terbiýeçilik toplumynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Habarlar” gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Ahlak terbiýesi – ynsan gözelli” atly söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Çärämiziň hormatly myhmanlary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ylmy-usulyýet müdirliginiň usulçy redaktory Baýram Goçmyradow hem-de Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, Aşgabat şäher häkimliginiň hormatly enesi, Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň işjeň agzasy Ogulnabat Owlakowa ýaş nesilleriň akylly-başly kemala gelmeginde döwletimizde durmuşa geçirilýän beýik işler barada täsirli gürrüňleri berdiler. Kitaphana hünärmenleriniň perzentleriň terbiýeli ynsan bolmagy üçin türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary bolan türkmen edebiýatymyzyň egsilmez çeşmesi hasaplanylýan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”, “Ýaşlar Watanyň daýanjy”, “Paýhas çeşmesi” atly gymmatly kitaplaryň ähmiýeti hakynda söhbetleri uly gyzyklanma bilen diňlenildi. Ynsan gözelliginiň esasyny düzýän edep-terbiýe baradaky eserlerden ybarat göçme kitap sergisi hem guraldy. Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesilleriň arassa ahlakly, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesiller bolup ýetişmeklerinde alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ TÜRKMEN-AWSTRIÝA JEMGYÝETINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY

Täzelikler

10.04.2026

9-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy. Hanym Neda Berger duşuşmaga wagt tapandygy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda şu gezekki saparynyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim boljakdygyny belledi.

No image
KÖP OKAN KÖP BILER

Kitaphanalar

09.04.2026

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýaş nesilleri ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmek, olaryň dünýä ylymlaryna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmak, esasy üns merkezine öwrüldi. “Türkmenistanda kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” kabul edilmegi ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işlerini kämilleşdirmek, kitaphana işinde täze özgertmeleri durmuşa geçirmek bu ugurda zähmet çekýän her bir kitaphana işgärleriniň öňünde uly borç bolup durýar. Şol maksatlar bilen, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi Aşgabat şäherinde ýerleşýän 28-nji çagalar bagynda “Köp okan köp biler” ady bilen körpejeleriň arasynda sesli okaýyş çäresi hem-de söhbetdeşlik geçirildi we kitap sergisi gurnaldy. Çäräniň dowamynda kitaphana işgärleri ýaş nesilleriň arasynda watansöýüjilik, edep-terbiýe hakynda, kitaba bolan söýgi temasynda giňişleýin wagyz etdiler. Kitap sergisindäki ýerleşdirilen kitaplar bolsa körpejeleriň ünsüni özüne çekdi. Guralan söhbetdeşligiň ahyrynda, bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ORNUŇYZ TÖRDEDIR SARPAŇYZ BELENT, ÝAŞAÝŞA ÝARANDYR MÄHREM ZENANLAR

Täzelikler

09.04.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň aprel aýynyň 9-na Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ýurt bähbitli, halk ähmiýetli içeri we daşary syýasatyny eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzy talyp gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen «Ornuňyz tördedir sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar» atly çäresi geçirildi.

No image
ÝAŞLARYŇ DÖREDIJILIGINDE MILLI ÖWÜŞGINLER

Kitaphanalar

09.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hyzmat ediş bölümi “Ýaşlaryň döredijiliginde milli öwüşginler” ady bilen ýazyjy şahyrlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan Watanymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän kitaphanalarda ýaş nesilleriň kitaba bolan söýgüsi barada we olara ylym-bilim almak üçin döredilýän mümkinçilikler barada, islendik şertlerde kitaplary okap bilmekleri üçin, internet ulgamynda täze sahypalaryň döredilmegi, edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr diýip belläp geçdiler. Döredijilik duşuşygynda täsirli edilen çykyşlar çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri üçin tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ OGUZ HAN ADYNDAKY INŽENER-TEHNOLOGIÝALAR UNIWERSITETINIŇ TALYPLARYNYŇ DÖWLET KITAPHANASYNA GEZELENJI

Kitaphanalar

09.04.2026

Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary gezelençde boldylar, hem-de olar kitaphananyň ähli bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerine gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Kitaphana gezelenjiniň ahyrynda talyp ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
SERGIDE SAKLANAN SARPA...

Täzelikler

09.04.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Gurbangeldi Gurbanowyň şahsy döredijilik sergisi açyldy. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Gurbangeldi Gurbanowyň «Meniň doglan günüm», «Ýüpek ýol», «Ýaz», «Güýz», «Gyş», «Tomus», «Kese ýapda ýagyş», «Üç gözel», «Näme sen», «Kese ýabyň säheri», «Kosmos», «Düýeler», «Merwe gezelenç», «Kerwen», «Ak gämi» ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr. Gurbangeldi Gurbanow 1951-nji ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda dogulýar. Ol Çingiz Aýtmatowyň eserlerinden aýratyn hem «Ak gämi» powestinden täsirlenip döreden nakgaşlyk we grafika eserleri bilen tanalýar. Gurbangeldi Gurbanow tanymal erkin suratkeşdir. Halypa suratkeşiň grafika eserleri hem mazmunlary boýunça düýpli ýazylan işler hasaplanýar. Nakgaşçylyk işleri taslama we reňk çözgütleri taýdan aýratyn tapawutlanýar. Gurbangeldi Gurbanowyň işleri ynsan dünýäsine inçe täsir edýän eserlerdir. Suratkeşiň edebiýat sungatyna goýýan sarpasy onuň grafika, nakgaş eserlerinde aýdyň ýüze çykýar. Onuň eserlerinde türkmen dünýäsiniň keşbi, owadan pursatlar, durmuşyň lezzeti aýratyn pelsepewi pikirler bilen baýlaşdyrylyp çeper beýan edilýär. Şahsy döredijilik sergisi 10 gün dowam eder. Taýýarlan Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

No image
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Kitaphanalar

09.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde “Bedew batly ösüşleriň mekany” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlygymyz bolan ahalteke atlarymyzyň sarpasynyň belentde tutulyp, bedewlerimize goýulýan hormatyň has-da artýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke-bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eserlerinde bedewlerimiziň şan-şöhratyny, atçylygyň taryhy, seýisçilik sungaty barada maglumatlardyr, rowaýatlar hakynda çykyş etdiler. Söhbetleriniň soňunda ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiz baradaky aladany dünýä derejesine çykaran, bagtyýarlyk döwrüniň bagtyna guwanyp, eşretli durmuşda ýaşaýan halkymyza döwletli-döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.