logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

PARAHATDYR DIÝARYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM

Kitaphanalar

28.02.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebinde «Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

ŞAHYR OGLY ÝATLADYP, BAHAR GELDI DIÝARA

Kitaphanalar

28.02.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň doglan güniniň 85 ýyllygyna bagyşlanyp «Şahyr ogly ýatladyp,bahar geldi Diýara» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

ÝAZYŇ WE GÜÝZÜŇ ŞAHYRY

Kitaphanalar

28.02.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň doglan güniniň 85 ýyllygyna bagyşlanaň «Ýazyň we güýzüň şahyry» ady bilen edebiýat agşamy geçirildi.

TÜRKMENISTAN SUNGATYŇ DIÝARY

Kitaphanalar

28.02.2025

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen milli sungatynyň şan-şöhraty has-da ýokarlanýar. Aýdym-saz, teatr, ekran sungaty jemgyýete ruhy taýdan täsir etmekde uly hyzmatlary bitirýär.

DÜNÝÄ DÖWLETLERI (HYTAÝ)

Kitaphanalar

28.02.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde «Dünýä döwletleri (Hytaý)» atly kitap sergisi gurnaldy.

KITAPHANA BILIMLER UMMANY

Kitaphanalar

28.02.2025

Lebap welaýat kitaphanasynyň «Usuly» bölüminiň gurnamagynda 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň geçiren nobatdaky mejlisinde Döwlet Baştutanymyz kitaphana işini hasda kämilleşdirmek maksady bilen,

ÝAZYŇ–GÜÝZIŇ ŞAHYRY

Kitaphanalar

28.02.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ýazyň–güýziň şahyry» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

DIŇE GÜL DÖREDER, ŞAHYR ÝÜREGI

Kitaphanalar

28.02.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde ýakynda gözel paýtagtymyzda ýerleşýän 28-nji orta mekdebinde «Diňe gül döreder, şahyr ýüregi» atly Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlap aýdym-sazly döredijilik duşuşygyny geçirdi.

No image
ADYŇ ÝÜREKLERDE BAKY ÝAŞAÝAR

Edebiýat älemi

28.02.2025

(G.Ezizowa bagyşlanýar) ``` Misli altyn güýz deý sypaýy, sada, Güýzüň aşygydy, güýzüň ýazary. Nesiller mirasyn edinip kada, Ýatlady Ezizow Gurbannazary. *** Çäkli ömür, edebýatyň ägirdi, Altyn güýzde eglenipdi nazary. Şygyrlarna dolup, şahyr şägirdi, Ýatlady Ezizow Gurbannazary. *** Şahyrsyz saraldy ýapragy güýzüň, Küýsedi şahyry bossanly ýazym. Ýaz şemaly çalyp, ýatlama sazyn, Ýatlady Ezizow Gurbannazary. *** Beýiklere hormat bardyr bu zaman, Ýurdum parahatdyr, ilimiz aman. 1-nji mart nesiller bogup çemen, Ýatlady Ezizow Gurbannazary. *** Adyň ýüreklerde, setirleň dilde, Şöhradyň bakydyr şahandaz ilde. Şygryýetim hormat bilen bu günde, Ýatlady Ezizow Gurbannazary. ``` --- Allaberdi BEGMYRADOW

ŞIRIN OWAZLY TÜRKMEN BILBILI ATLY ÝATLAMA KONSERT

Täzelikler

28.02.2025

Ömrüni saz-sungatyna bagyşlan beýik şahsyýetlerimiz häli-häzir hem halkymyzyň kalbynda ýaşaýar. Muny bolsa ýurdumyzda halypalarymyza bagyşlap geçirilýän dabaralar, her bir medeniýet ojagynda aýdym-saza beslenen ýubileý konsertleri subut edýär.