logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
«HEMIŞELIK BITARAPLYK-PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY» ATLY KITAP SERGISI

Kitaphanalar

10.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi «Hemişelik Bitaraplyk-parahatçylygyň binýady» ady bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan kitap sergisini gurnady. Bu guralan kitap sergisinde türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýazan gymmatly eserleri,şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda çap bolan dost-doganlyk, parahatçylyk barada ýazylan edebiýatlar goýuldy. Mundan başga-da bu guralan kitap sergisinde Halkara Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp ýazylan kitaplar hem ýerleşdirildi. Bu guralan kitap sergisinden okyjylar özleriniň gerekli soraglaryna jogap tapdylar.

No image
GARAŞSYZ DIÝARYM BAKY BITARAP!

Kitaphanalar

10.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli “Garaşsyz Diýarym baky Bitarap!” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda Garaşsyz döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp wakalar örän köp boldy. Şu günler Garaşsyz Diýarymyz şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli toý-baýramlara beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemişelik Bitaraplygymyza laýyklykda sebitde parahatçylygy gorap saklamakda, dünýäde dost-doganlygy berkitmekde beýik işleri alyp barýar. Onuň alyp barýan ynsanperwer syýasaty bu gün dünýä dolýar. Taryhda şöhratly ýollary geçen Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 3 gezek ykrar edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip,ynsanperwer taglymaty bilen Halkara derejesinde uly abraý gazandy. Ýetip gelýän belent ynsanperwerligiň baýramyna öwrülen 12-nji dekabr–Halkara Bitaraplyk güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk höküm sürsün! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

No image
BELENT MAKSATLAR BILEN AÝDYŇ MENZILLER

Kitaphanalar

10.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Türkmenistan” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde söhbetdeşlik geçirdi. Bu ajaýyp ýylymyz hem parahatçylygyň we ynamyň ady bilen başlap, ösüşlere rowan bolýar. Asyrlar boýy parahatçylyk tugyny parladan türkmen halky bu gün özüniň ak arzuwlarynyň wysal bolandygyna buýsanyp ýaşaýar. Parahatlyk pajarlaýan Watanyň goýny jennet, ili bagtyýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyz dünýäde parahatçylygy, birek-birege ynanyşmagy berkitmekden, durnukly ösüş gazanmakdan ugur alýan hoşniýetli dialogy öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň: “Dialog – parahatçylygyň kepili” diýen baş ýörelgesi häzirki wagtda öz möhüm ähmiýete eýedigi bilen bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda giňişleýin gürrüňler edildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halk bähbitli, dünýä ähmiýetli, dost-doganlygyň we özara ynanyşmagyň ýoluna esaslanýan beýik başlangyçlary durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.

No image
«ZEHINLI ÇAGALAR» ADY BILEN ÇAGALARYŇ ARASYNDA GEÇIRILEN BÄSLEŞIK

Kitaphanalar

10.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Ýaşlyk” teleýaýlymy hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň 132-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary bilen “Zehinli çagalar” ady bilen bäş tapgyrdan ybarat bolan bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň dowamynda türkmen dili, edebiýat dersleri şeýle-de türkmen halk ertekileri esasynda düzülen dürli şertler boýunça toparlar özara ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara sowgatlar gowşuryldy. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Bäsleşigiň ahyrynda nesil hakynda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/b2.jpg)

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ YNSANPERWER ÝÖRELGELERI DABARALANÝAR

Täzelikler

10.12.2025

9-njy dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu waka Türkmenistanyň ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerine we ösüp barýan ýaş nesliň abadançylygy baradaky alada üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan giň gerimli işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň çagalaryň hukuklaryny goramaga we olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň aýdyň güwäsidir. Gazna aýratyn howandarlyga hem-de hemaýata mätäç çagalara ýokary hilli lukmançylyk, durmuş we bilim goldawyny bermek üçin döredildi. Esaslandyrylan wagtyndan bäri, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalara ýüzlerçe möhüm lukmançylyk operasiýalary ýerine ýetirildi. Saglygy goraýyş edaralary üçin döwrebap enjamlar satyn alyndy. Haýyr-sahawat gaznasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy çagalara aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlarynyň we taglymlarynyň dabaralanýandygynyň aýdyň mysalydyr. Gaznanyň şahamçasynyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda açylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Jana şypaly howasy we ösen infrastrukturasy bilen meşhur bu sebit häzirki wagtda diňe bir şypahana zolagy bolman, eýsem, çagalar üçin sagaldyş-dikeldiş merkezine hem öwrülýär. Gaznanyň şahamçasy çylşyrymly operasiýalary geçiren ýa-da uzak möhletli bejergi alýan çagalara toplumlaýyn lukmançylyk kömegini guramak üçin möhüm merkez bolar. Hazar deňziniň arassa howasy, döwrebap sagaldyş merkezleri we gazna tarapyndan işleriň sazlaşykly utgaşdyrylmagy çagalaryň saglyklaryny dikeltmegi we doly derejede durmuşa goşulyşmagy üçin amatly şertleri döreder. Gaznanyň şahamçasy haýyr-sahawat çärelerini geçirmek, çagalar üçin lukmançylyk maslahatlaryny we medeni çäreleri guramak üçin utgaşdyryjy merkez bolar. Bu desganyň işe girizilmegi her bir çagany üns we alada bilen gurşaýan, olaryň bagtyýar we sagdyn durmuşy üçin ähli mümkinçilikler döredilen Türkmenistanyň röwşen geljeginiň berk binýadyna goşulan saldamly goşant bolup, Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly ýörelgesiniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň ýene-de bir aýdyň güwäsi boldy. ______________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
HEMIŞELIK BITARAPLYK-BAGTYŇ DÜNÝÄSI

Kitaphanalar

09.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 29-njy orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Hemişelik Bitaraplyk-bagtyň dünýäsi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi,Türkmenistan döwletimiziň dünýäde parahatçylygy ilerlediji ýurt hökmündäki abraýyny has-da artdyryp, biziň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatymyzyň barha dabaralanýandygy barada buýsanç bilen beýan etdiler. Şeýle-de dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini wagyz etmek, halklar bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy saklamak müňýyllyklardan gelýän asylly ýolumyzdygy barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Halkymyza bagtyýarlygy peşgeş beren, ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TOÝUŇ GUTLY BOLSUN-BITARAP WATAN

Kitaphanalar

09.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk institutynyň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Toýuň gutly bolsun-Bitarap Watan» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Hemişelik Bitaraplyk eziz Watanymyzyň geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana, bagtyýar halkymyza ýeňişleri gazanmaga uly güýç berýär hem-de milletleriň arasynda parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, özara düşünişmäge oňyn täsir edýändigi barada beýan etdiler. Bu bolsa Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletde ýaşamak, zähmet çekmek, okamak, döretmek, gurmak uly bagt bolup, şeýle bagtyýarlyga, parahatçylyga buýsanýan türkmen halky hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna uly buýsanç bilen barýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
BITARAPLYK–BAKY BAGTYŇ BINÝADY

Kitaphanalar

09.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk–baky bagtyň binýady» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler türkmen halkymyz Hemişelik Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuny uly dabara bilen belläp geçýändigini, gadymy hem nurana ýoly täze döwre görä dowam edýän halkymyz, gadymy ýörelgeleri bu günki gün döwre görä täze öwüşgüne eýe bolýandygy hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynda ata-babalarymyzyň adamzadyň şöhratly taryhyna ýazan durmuş hakykaty has-da şöhlelenýändigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerini dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLERI JEMLENDI

Muzeýler

09.12.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzyň toýdur- baýramlara beslenýän bu bagtyýar günleri uly zähmet üstünliklerine hoşlukly, buşlukly toý ruhuna beslenýän dabaraly çäreler bilen utgaşýar. Her ýyl däp bolşy ýaly, welaýatymyzda hereket edýän «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň bilelikde yglan etmeginde «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany» atly döredijilik bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasy Lebap welaýat kitaphanasynda uly ruhubelentlikde ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi. Bu döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň dürli ýaşdaky raýatlaryndan onlarçasy gatnaşdy.Diýseň täsirli çekeleşikli ýagdaýda geçen bäsleşige işjeňlik häsiýet mahsus boldy. Ýeri gelende buýsanç bilen belläp geçsek bu bäsleşikde biziň zähmet çekýän ojagymyz milli gymmatlyklar hazynasy Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýimiziň usulçysy Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Gülälek Batyrowanyň bu bäsleşige gatnaşyp baýrakly orna mynasyp bolmagy hemişelik bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýnuň bellenilýän günlerinde baýramçylyk şatlygymyzy has-da goşalandyrdy. Biziň ýurdumyzda döredijilik bilen meşgullanmaga, ýurdumyzda bolup geçýän syýasy wakalary gyzgyny bilen halk köpçüligine ýetirmäge zehin başarnyklarymyzy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halkymyza ýaýmaga ähli şertler döredilen. Şu şertlerden, mümkinçiliklerden ruhlanýan ýurdumyzyň dürli ýaşdaky raýatlarynyň kalby elmydama joşgunly. Bu bäsleşige gatnaşyp ýeňiji bolan ildeşlerimizi gazanan üstünlikleri bilen gutlap galamlarynyň ujunyň ýiti bolmagyny, döredijiliginiň has-da güllemegini tüýs ýürekden arzuw edýäris. Bizi parahatlygyň gujagynda, asudalygyň ojagynda döretmäge, döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän biziň baş halypamyz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzyň çägi ýok. Goý Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun tutýan tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin! _____________ Gülüstan Hudaýarowa Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
EZIZ WATAN BITARAPLYK BINÝADY

Kitaphanalar

09.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp ”Eziz Watan Bitaraplyk binýady” ady bilen ýazgy edildi. Çykyş edenler parahatsöýüjilik ýörelgesiniň halkymyzyň gadymdan şu güne getiren gymmatlykdygyny, parahatçylyk, abadançylyk ata- babalarymyzyň baş maksady bolup durýandygy hakynda nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda, parahat ýurtda işläp, zähmet çekýändigini, asuda ýaşaýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda ähli türkmen halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutladylar.