logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ TÜRKMEN-ÝAPON DOSTLUK TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY

Täzelikler

11.12.2025

10-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý bilen duşuşygy boldy. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de ýurdumyzda saparda bolmagynyň çäklerinde giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Şeýle hem ol ýapon-türkmen hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça ösdürmekde Milli Liderimiziň uly goşandyny belledi. Hiroýuki Subaý Türkmenistanyň bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini aýratyn nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiz Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar hemişe özara hormat goýmak we deňhukuklylyk esasynda alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu saparyň üstünliklere beslenmegini we Hiroýuki Subaýa Türkmenistan bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrundaky täze başlangyçlarynda rowaçlyklary arzuw etdi. Milli Liderimiz iki dostlukly ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde ýapon kompaniýalarynyň uly goşandyny belläp, köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda taslamalary amala aşyrandyklaryna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda täze gurulýan desgalaryň önümçilik taýdan netijeli bolmagyna, ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna hem-de daşary ýurt maýasynyň çekilmegine aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýanyň «ITOCHU» kompaniýasynyň Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, Keletedäki sement zawodynyň we Mary welaýatyndaky karbamid zawodynyň gurluşygyna gatnaşandygyny belläp, Türkmenistanyň ýola goýlan bu netijeli hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Hiroýuki Subaý Türkmenistanda ýapon kompaniýalaryna netijeli işlemäge döredilýän hemmetaraplaýyn amatly şertler üçin Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. ____________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ TÜRKMEN-AWSTRIÝA DOSTLUK TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY

Täzelikler

11.12.2025

10-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýurdumyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän parahatçylyk döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi. Gahryman Arkadagymyz Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysyny möhüm baýramçylygyň-Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda kabul etmäge şatdygyny aýdyp, Türkmenistanyň BMG tarapyndan ykrar edilen we parahatçylygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup hyzmat edýän hemişelik Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi. Milli Liderimiz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýändigini aýdyp, Neda Bergeriň Türkmenistana şu gezekki saparynyň, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmagynyň türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Awstriýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň möhümdigi aýratyn bellenildi. Nygtalyşy ýaly, bilelikdäki çäreleri, sergileri we ylmy maslahatlary geçirmek arkaly medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam berýär. Bu ugurda Türkmen-awstriýa dostluk topary Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrýan köpri bolup durýar we ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde möhüm orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyz Neda Bergeriň köp ýyllaryň dowamynda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandyny belläp, bu topar bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän medeni çäreleriň, hususan-da, “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertleriniň, Wena ballarynyň we beýleki medeni çäreleriň möhüm ähmiýetini nygtady. Neda Berger öz işine berýän ýokary bahasy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň berýän yzygiderli goldawlarynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň binýady bolup durýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň türkmen halky we onuň baý medeni mirasyny gorap saklamak baradaky yzygiderli aladalary Watana hyzmat etmegiň belent nusgasy bolup durýar. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Bergere ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi. _____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
BAKY BITARAPLYK–PARAHATLYK MEKANY

10.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgi hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Baky Bitaraplyk–parahatlyk mekany» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Hemişelik Bitaraplyk merdana pederlerimiziň parahatçylyk we durnukly ösüşi, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk barada asyrlar boýy eden arzuwlaryny has-da üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada buýsanç bilen beýan etdiler. Şeýle-de parahatçylyk, ähli ösüşleriň binýadynda duran mukaddes gymmatlyk bolup, ol diňe bir halklaryň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmekde ähmiýetli bolman, eýsem, dürli ulgamlaryň ugurlarynyň ösüşine hem täsirini ýetirýändigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda ýer ýüzünde parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrmak ugrynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BAKY ÝAŞA, ASYRLARA DOWAMAT, BITARAP WATANYM, JAN TÜRKMENISTAN

Kitaphanalar

10.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adymdaky merkezi kitaphanasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Baky ýaşa, asyrlara dowamat, Bitarap Watanym, jan Türkmenistan» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ýylyndan bäri, bu ugurda amala aşyrylan beýik işler dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigini, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy diňe bir sebitde däl, eýsem bütin dünýäde taryhy senä öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halky parahatsöýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga ygrarly bolmak bilen bu günki gün dünýä giňişliginde öz ornuny berkitýändigini, türkmen halky ilkinji nobatda goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň özara bähbitli bolmagyna uly ähmiýet berip, dünýä ýüzünde dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagyna uly itergi berýändigi barada beýan etdiler. Çäräniň dowamynda göçme kitap sergi gurnaldy we bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri we nusgawy ýazyjy şahyrlarymyzyň eserleri ýerleşdirildi. Bu bolsa çärä gatnaşýan talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/sayt-2.jpg)

No image
«HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZ ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNDA» ATLY SERGI GEÇIRILDI

Täzelikler

10.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Hemişelik Bitaraplygymyz şekillendiriş sungatynda» atly şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi geçirildi. Sergide hemişelik Bitarap döwletimiziň belent sepgitlerini, parahatçylyk söýüji ýurdumyzyň nurana keşbini, ruhy we medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzyň milli aýratynlygyny açyp görkezýän täsin eserler sergide aýratyn orny eýeledi.

No image
«HEMIŞELIK BITARAPLYK-PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY» ATLY KITAP SERGISI

Kitaphanalar

10.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi «Hemişelik Bitaraplyk-parahatçylygyň binýady» ady bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan kitap sergisini gurnady. Bu guralan kitap sergisinde türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýazan gymmatly eserleri,şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda çap bolan dost-doganlyk, parahatçylyk barada ýazylan edebiýatlar goýuldy. Mundan başga-da bu guralan kitap sergisinde Halkara Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp ýazylan kitaplar hem ýerleşdirildi. Bu guralan kitap sergisinden okyjylar özleriniň gerekli soraglaryna jogap tapdylar.

No image
GARAŞSYZ DIÝARYM BAKY BITARAP!

Kitaphanalar

10.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli “Garaşsyz Diýarym baky Bitarap!” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda Garaşsyz döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp wakalar örän köp boldy. Şu günler Garaşsyz Diýarymyz şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli toý-baýramlara beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemişelik Bitaraplygymyza laýyklykda sebitde parahatçylygy gorap saklamakda, dünýäde dost-doganlygy berkitmekde beýik işleri alyp barýar. Onuň alyp barýan ynsanperwer syýasaty bu gün dünýä dolýar. Taryhda şöhratly ýollary geçen Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 3 gezek ykrar edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip,ynsanperwer taglymaty bilen Halkara derejesinde uly abraý gazandy. Ýetip gelýän belent ynsanperwerligiň baýramyna öwrülen 12-nji dekabr–Halkara Bitaraplyk güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk höküm sürsün! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

No image
BELENT MAKSATLAR BILEN AÝDYŇ MENZILLER

Kitaphanalar

10.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Türkmenistan” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde söhbetdeşlik geçirdi. Bu ajaýyp ýylymyz hem parahatçylygyň we ynamyň ady bilen başlap, ösüşlere rowan bolýar. Asyrlar boýy parahatçylyk tugyny parladan türkmen halky bu gün özüniň ak arzuwlarynyň wysal bolandygyna buýsanyp ýaşaýar. Parahatlyk pajarlaýan Watanyň goýny jennet, ili bagtyýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyz dünýäde parahatçylygy, birek-birege ynanyşmagy berkitmekden, durnukly ösüş gazanmakdan ugur alýan hoşniýetli dialogy öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň: “Dialog – parahatçylygyň kepili” diýen baş ýörelgesi häzirki wagtda öz möhüm ähmiýete eýedigi bilen bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda giňişleýin gürrüňler edildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halk bähbitli, dünýä ähmiýetli, dost-doganlygyň we özara ynanyşmagyň ýoluna esaslanýan beýik başlangyçlary durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.

No image
«ZEHINLI ÇAGALAR» ADY BILEN ÇAGALARYŇ ARASYNDA GEÇIRILEN BÄSLEŞIK

Kitaphanalar

10.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Ýaşlyk” teleýaýlymy hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň 132-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary bilen “Zehinli çagalar” ady bilen bäş tapgyrdan ybarat bolan bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň dowamynda türkmen dili, edebiýat dersleri şeýle-de türkmen halk ertekileri esasynda düzülen dürli şertler boýunça toparlar özara ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara sowgatlar gowşuryldy. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Bäsleşigiň ahyrynda nesil hakynda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/b2.jpg)

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ YNSANPERWER ÝÖRELGELERI DABARALANÝAR

Täzelikler

10.12.2025

9-njy dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu waka Türkmenistanyň ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerine we ösüp barýan ýaş nesliň abadançylygy baradaky alada üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan giň gerimli işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň çagalaryň hukuklaryny goramaga we olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň aýdyň güwäsidir. Gazna aýratyn howandarlyga hem-de hemaýata mätäç çagalara ýokary hilli lukmançylyk, durmuş we bilim goldawyny bermek üçin döredildi. Esaslandyrylan wagtyndan bäri, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalara ýüzlerçe möhüm lukmançylyk operasiýalary ýerine ýetirildi. Saglygy goraýyş edaralary üçin döwrebap enjamlar satyn alyndy. Haýyr-sahawat gaznasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy çagalara aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlarynyň we taglymlarynyň dabaralanýandygynyň aýdyň mysalydyr. Gaznanyň şahamçasynyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda açylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Jana şypaly howasy we ösen infrastrukturasy bilen meşhur bu sebit häzirki wagtda diňe bir şypahana zolagy bolman, eýsem, çagalar üçin sagaldyş-dikeldiş merkezine hem öwrülýär. Gaznanyň şahamçasy çylşyrymly operasiýalary geçiren ýa-da uzak möhletli bejergi alýan çagalara toplumlaýyn lukmançylyk kömegini guramak üçin möhüm merkez bolar. Hazar deňziniň arassa howasy, döwrebap sagaldyş merkezleri we gazna tarapyndan işleriň sazlaşykly utgaşdyrylmagy çagalaryň saglyklaryny dikeltmegi we doly derejede durmuşa goşulyşmagy üçin amatly şertleri döreder. Gaznanyň şahamçasy haýyr-sahawat çärelerini geçirmek, çagalar üçin lukmançylyk maslahatlaryny we medeni çäreleri guramak üçin utgaşdyryjy merkez bolar. Bu desganyň işe girizilmegi her bir çagany üns we alada bilen gurşaýan, olaryň bagtyýar we sagdyn durmuşy üçin ähli mümkinçilikler döredilen Türkmenistanyň röwşen geljeginiň berk binýadyna goşulan saldamly goşant bolup, Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly ýörelgesiniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň ýene-de bir aýdyň güwäsi boldy. ______________________ «Türkmenistan» gazeti