logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

ÝEŇIŞLERIŇIZ ÝAR BOLSUN!

Kitaphanalar

18.02.2025

Ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň arasynda geçirilýän «Akyl giňişligi» atly telebäsleşigiň final tapgyrynda Lebap welaýat kitaphanasynyň topary ýeňiji bolup «Akyl giňişligi» telebäsleşiginiň hemişelik kubogyna eýe boldylar.

PARAHATÇYLYGYŇ BELENT OWAZY

Kitaphanalar

18.02.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Büzmeýin etrabynyň Gökje medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda «Parahatçylygyň belent owazy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

ARKADAGYŇ ESERLERI–ÝAŞLARYŇ GÖRELDE MEKDEBI

Kitaphanalar

18.02.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 74-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan kitaplary esasynda «Arkadagyň eserleri–ýaşlaryň görelde mekdebi» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

TÄZE GELEN NEŞIRLERE SYN

Kitaphanalar

18.02.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Sungat bölüminiň işgärleri tarapyndan taýýarlanan «Sungat äleminde» atly tapgyr boýunça, ýörite usuly biblografik gollanmalaryna we bölüme täze gelen neşirlere syn we sergi guraldy.

BILDIRIŞ

Teatr we kino dünýäsi

18.02.2025

Hormatly tomaşaçylar, Türkmenistanyň Döwlet sirki fewral aýynyň 23-ne sagat 18:00-da täze sirk tomaşalaryny Size hödürleýär. Çykyşlaryň dowamynda türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup baş baýraklara

ARKADAGYŇ ESERLERI KITAPHANANYŇ YLHAM ÇEŞMESIDIR

Kitaphanalar

18.02.2025

Lebap welaýat çagalar kitaphanasy Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen orta mekdebinde 2025-nji ýyl–Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda çagalar we mekdep kitaphanasynyň hünärmenleri bilen bilelikde «Arkadagyň eserleri kitaphananyň ylham çeşmesidir» atly

MEDENI MIRASYMYZ–RUHY BAÝLYGYMYZ

Kitaphanalar

18.02.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda «Medeni mirasymyz–ruhy baýlygymyz» ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

18.02.2025

17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

TÜRKMENISTAN–PARAHATÇYLYK MEKANY, BITARAPLYK–BAKY BAGTYŇ MUKAMY

Kitaphanalar

17.02.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda «Türkmenistan–parahatçylyk mekany, Bitaraplyk–baky bagtyň mukamy» ady bilen wagyz–nesihat çäresi geçirildi.

KITAP SERGI

Kitaphanalar

17.02.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan «Gündogaryň beýik akyldary» atly kitap sergi gurnaldy.