logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMENIŇ TARYHY KÖKLERI

Muzeýler

03.04.2026

2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda, pähim-parasat akabasyndan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyzy öwrenmek we gorap saklamak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Halkymyzyň medeni däp-dessurlary, sungaty, edep-ekram kadalary birnäçe asyrlaryň dowamynda döräpdir, kämilleşipdir we halkyň ruhy aýnasyna hem-de milliligine öwrülen buýsanjydyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Türkmeniň taryhy kökleri” atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Baýramçylyk sergisi döwlet meýilnamasy esasynda Lebap welaýat häkimliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Sergide çykyş edenler ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde medeniýet ulgamlarynda ýetilýän belent sepgitlerimiz we ösüşlerimiz, şanly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýlanjak 35 ýyllyk toýuna görülýän ýokary guramaçylykly taýýarlyklary, milli gymmatlyklarymyzyň köp öwüşgünligi bilen muzeýler tarapyndan öwrenilişi, gorap saklanylyşy we geljekki nesillerimize ýetirmekde alnyp barylýan işler hakynda belläp geçdiler. Dabara gatnaşyjylar gadymy taryhymyz we geçmişimiz barada gürrüň berýän muzeýiň arheologiýa bölümine syýahat etdiler. Olar gadymy Lebap topragynda asyrlaryň şaýady bolup, biziň günlerimize gelip ýeten gadymy ýadygärliklerimiz, galalarymyz we olara degişli ylmy maglumatlar hem-de tapylan tapyndylar bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu günki geçirilen baýramçylyk sergisi hem-de muzeýe gurnalan gyzykly gezelenç bolsa oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Baýramçylyk serginiň dowamynda Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini pugtalandyrmakda, milli mirasymyza çäksiz sarpa goýýan, ýaş nesillerimizi milli mirasymyza söýgi döretmekde, gorap saklamakda we milli ruhunda terbiýelemekde uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdyldy. Ogulgerek AGAJANOWA Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
OKAMAK-BEREKET, DÖRETMEK–DÖWLET

Kitaphanalar

03.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Okamak-bereket, döretmek-döwlet” ady bilen kitaphanaçylar we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer syýasatyny, milli mirasymyzy, nesil terbiýesini, ene mähriniň keramatyny we beýleki sahabatly duýgulary özünde jemleýän kitaplaryň adamlaryň durmuşynda tutýan orny örän uludyr. Türkmen halky kitaby dosty, kyn gününde syrdaşy hasaplaýar. Esasan-da ösüp gelýän ýaş nesillerimiz, talyp ýaşlar üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri gymmatly gollanmadyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň kitaphanalara gatnap, bilimlerini artdyrmaklary üçin, ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar. Ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny deň derejede ösdürýän we halkymyzyň medeni, aň-bilim kämilliginiň dünýä ülňülerine laýyk bolmagy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza kitaphana işgärleriniň alkyşlary çäksizdir.

No image
TÜRKMEN HALK ERTEKILERI - DÜNÝÄ DILLERINDE

Kitaphanalar

03.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminiň guramagynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän 48-nji çagalar bagynda “Türkmen halk ertekileri-dünýä dillerinde” atly söhbetdeşlik hem-de göçme kitap sergisi gurnaldy. Çagalar bagynda körpelere dünýä dillerindäki “Türkmen halk ertekileriniň” birnäçe görnüşleri bilen tanyşdyrylyp, çeper okaýyş geçirildi, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna garamazdan özleriniň gyzyklanýan sowallary hakynda sorag- jogap alşyldy. Şeýle hem kitaplaryň dünýä dillerinde neşir edilen nusgalary has-da uly gyzyklanma döredip, ählisiniň ünsüni çekmegi başardy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň dünýä tejribesine gabat gelýän mümkinçilikler bilen üpjün edilmegi çagalarda dünýä garaýşynyň ösmegine, daş-töwerege bolan söýgüsini has-da ýokarlandyrýar. Bagtyýar çagalarymyzyň Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmekde uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

No image
PAÝTAGTYMYZDA «HYZMATDAŞLYK WE ÖSÜŞ» ATLY KÖPUGURLY HALKARA SERGI AÇYLDY

Täzelikler

03.04.2026

2-nji aprelde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi açyldy. Ählumumy ösüş ýurtlaryň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk bilen aýrylmaz baglydyr. Halklaryň hoşniýetli gatnaşyklary, dost-doganlyk, ynanyşmak ýörelgeleriniň berkligi özara bähbitli hyzmatdaşlyk gurşawyny emele getirmekde esasy gymmatlyklardyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ilerledip, sebitdäki we ählumumy ösüşe mynasyp goşant goşýar. «Türkmenistan» gazeti

No image
ORAZ SALYRYŇ HALYPASY USSAT BAGŞY MUHY AMANOW

Täzelikler

02.04.2026

*Sarahs sährasynda sazyň älemde, Gadam goýduň mäkäm sazanda Muhy. Ussatlaryň ençe syrly tälimde, Joşup, hötde geler sazanda Muhy.* Gurban Wehimi Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Muhy Amanow 1880-nji ýylda Garaman obasynda daýhançylyk bilen meşgullanan we bagşyçylyk sungatyndan baş çykaran maşgalada eneden bolýar. Onuň çagalyk ýyllary ene-atasynyň terbiýesi bilen hoş geçýär. 1890-njy ýylda Muhy 10 ýaşyndaka kakasy Aman bagşy aradan çykýar. Wagtyň geçmegi bilen ol belli Soltanýaz bagşa gatnap, onuň şägirdi bolýar. Ussat bagşynyň ýaşlykdan ady halkyň içinde adygyp, ugraýar. Ol şol döwürde ady belli Gara bagşy bilen hem ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Muhy bagşy eýýäm 14 ýaşynda belli bagşylaryň hataryna goşulýar. Ussat bagşy öz döwründe türkmeniň aýdym-saz sungatyny nota geçiriji W.Uspenskiý bilen hem duşuşýar. Alym rus dilini türkmen diline geçirýän terjimeçi Muhammetmyrat Nepesliýew bilen Muhy bagşynyň öýünde bir aý töweregi bolýar. Salyr bagşylarynyň we sazandalarynyň aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny öwrenýär. Şol wagt Uspenskiý Muhy bagşydan üç sany aýdymy nota geçirýär. Muňa mysal edip şulary görkezmek bolar: “Şelepli durna” (goşgusy “Saýatly-Hemra” dessanyndan), “Gand-u şekerli”, “Hamet agladan” (goşgusy Magtymgulynyňky). W.Uspenskiý “Türkmen sazy” kitabynda Muhy halypa hakynda şeýle belleýär: “Muhy bagşynyň kakasynyň dostlary, olaryň arasynda hususan-da, 1917-nji ýylda ýogalan, türkmen bagşylarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanandygy üçin “ussat” adyny alan meşhur dutarçy Soltannyýaz onuň aýdym-saz jähetden ösmeginde we kakasynyň aýdym-saz baýlygyny oňa geçirmekde uly işler edipdirler. Muhy bagşy dutar çalmakda uly ussatlyga ýetendigi üçin, Soltannyýazyň Muhy bagşa bir ýylyny sarp edendigini belläp geçmek gyzyklydyr. Muhy bagşy öň aýdym aýdar ekeni, ýöne 15 ýyl mundan ozal, ol diýseň gümürtik halda sesini ýitiripdir. Ol göriplik ýa-da şahsy hasaplaşyk üçin kimdir biriniň özüne däri-derman içirendigini güman edýär, ýöne gatybir ynanyp barmasa-da, sesiniň sowuklama zerarly giden bolmagynyň mümkindiginem aradan aýranok. Muhy bagşy salyrlaryň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. Meniň tanşan wagtym ol 40 ýaşyndady. Sarahsdan gaýtmazymyň öň ýany, men Muhy bagşy bilen ýene-de kluba bardym we özünden ýazyp alan saz eserlerimi oňa çalyp berdim. Onuň şatlygynyň çeni bolmady. Türkmen saz eserlerini kagyza geçirip bolýandygy ony diýseň geň galdyrdy hem begendirdi”. 1970-nji ýylyň noýabr aýynda Muhy bagşy 90 ýaş ýubileýi bellenilýär. Şol ýubileýiň aýdym-sazyny meşhur bagşylar Täşli bagşy, Aman bagşy, Hally Mämmetýaz bagşy ýerine ýetiripdir. Bagşynyň 90 ýaş ýubileýi bellenen günlerinde dünýä inen agtygyna Togsan diýip at goýupdyrlar. Halypa bagşy 1972-nji ýylda 92 ýaşynyň içinde aradan çykýar. Arzygül ÝAGMYROWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” fakultetiniň IV ýyl talyby

No image
SPORT – SAGDYNLYGYŇ WE GÖZELLIGIŇ AK ÝOLY

Muzeýler

02.04.2026

2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde 7-nji aprel — Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Sport – sagdynlygyň we gözelligiň ak ýoly» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň taryhy ylmy-barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary Oguljemal Hojakgaýewa alyp bardy. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy Allaýar Omarow, Aşgabat şäheriniň 10-njy saglyk öýüniň bölüm müdiri Sapargül Tirkeşowa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň gyşky we suw görnüşleri kafedrasynyň mugallymy Hemra Nurmyradow dagy gatnaşdylar. Çykyş edenler her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä Saglyk gününiň Ýer ýüzünde giňden baýram edilýändigi, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bu baýramçylygyň ýurdumyzda ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna, dürli sport bäsleşikleridir dabaralara beslenýändigi hakynda täsirli söhbet etdiler. Häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilmegi, sagdyn nesilleri ýetişdirmek baradaky aladanyň netijesidir. Sagdyn we ruhubelent nesiller dürli ugurlarda, şol sanda abraýly sport bäsleşiklerinde hem üstünlikli çykyş edip, eziz Watanymyzyň at-abraýyny belende götermäge özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti barada söhbet edildi. Söhbetdeşlige gatnaşanlar hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýändikleri üçin tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.

No image
SAGDYNLYK – BAKY BAGTYÝARLYK

Kitaphanalar

02.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Sagdynlyk – baky bagtyýarlyk» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde ýurdumyzda döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýandygy, “Saglyk” Döwlet maksatnamasy esasynda häzirki zaman saglygy goraýyş, anyklaýyş, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin desgalaryň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi, dürli ugurlarda ýöriteleşdirilen hassahanalaryň we şypahanalaryň toplumynyň ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitaby bütin türkmen halky üçin gymmatly gollanma öwrülendigi, aýratynam saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine ebedi hyzmat etjek genji-hazyna bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ilatyň saglygyny ähli zatlardan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
HALKYŇ SAGLYGY-DÖWLETIŇ BAÝLYGY

Muzeýler

02.04.2026

Bütindünýä Saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýe we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramdyr. Şonuň üçin her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän dürli çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli «Halkyň saglygy — döwletiň baýlygy» atly sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýewgeniýa Adamowanyň «Donorçylar», Çary Amangeldiýewiň «Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň akademigi Boris Smirnow», Annadurdy Almämmedowyň «Futbolçylar», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň «Medisina ylymlarynyň doktory, professor Aýsoltan Mämmetgulyýewa», «Şepagat uýasy» ýaly ajaýyp nakgaş eserleri görkezilýär.

No image
GARAŞSYZLYK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Kitaphanalar

02.04.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde “Garaşsyzlyk ösüşleriň binýady” atly söhbetdeşlik geçirildi. Çykyşlarda ýurdumyz bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bedew batly öňe barýan, ynamly, hyjuwly, ähliumumy abadançylyga goşant goşýan özboluşly ýoly bilen döwlet hökmünde tanalar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, özgertmeler, Watanymyzda höküm sürýän parahatçylyk, abadançylyk dogrusynda söhbetler edildi. Şeýle-de kitaphana işgärleri tarapyndan “Bedew atlar gadymyýetden mirasdyr” ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Ajaýyp döwrümizde ýaşamana döredilip berilýän ähli şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Täzelikler

02.04.2026

1-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda alyp baran işleriniň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. «Türkmenistan» gazeti