logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
YLMY ÖSÜŞLER DABARALANÝAR

Täzelikler

28.03.2026

Golaýda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde nobatdaky ylmy-usuly maslahaty geçirildi. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saz ylmynyň esasy ösüş ugulary” diýlip atlandyrylan aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de dalaşgärleriň ylmy-usuly maslahaty örän täsirli boldy. Aýdym-saz sungatynyň dürli ugurlarynyň ylmy taraplary birnäçe temalarda beýan edildi. Ylmy-usuly maslahat Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty R.Amangeldiýewiň giriş sözi bilen başlandy. Ol öz çykyşynda ýurdumyzda ähli ulgamlaryň ösmegi üçin ylmy garaýyşlara aýratyn ähmiýet berilýändigi, ylmy gözlegleriň netijesinde hem uly üstünliklere eýe bolunýandygy barada aýtdy. Bu babatda hormatly Prezidentimiz hem Gahryman Arkadagymyz tarapyndan hemme mümkinçilikleriň döredilip berilmeginiň esasy şert bolup durýandygyny belledi. Sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory, konserwatoriýanyň Türkmen sazy kafedrasynyň uly mugallymy Ç.Jumaýewiň temasy “Türkmen saz sungatynda taryh we taryhyň çeper beýany” diýlip atlandyryldy. Milli saz sungatymyzyň taryhy aýratynlygy bagşy-sazandalaryň döredijiliklerinde hem ýerine ýetirijiliklerinde özboluşly tapawutlanmagy öňde goýlan meseläniň düýp mazmuny bolup durýar. Ç.Jumaýewiň ylmy garaýyşlary bilen öz çözgüdini tapan pikirler uly gyzyklanma eýe boldy. Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Konserwatoriýanyň Halk saz gurallary kafedrasynyň dosenti M.Gapurow “W.A.Uspenskiý we W.M.Belýaýew” diýlip atlandyrylan temasy boýunça çykyşy milli aýdym-saz sungatymyzy ilkinjiler bolup giňişleýin öwrenen alymlar dogrusynda boldy. W.A.Uspenskiniň geçen asyryň ýigriminji ýyllarynda ýurdumyz boýunça geçiren sazly-etnografik ekspedisiýalarynyň dowamynda toplan gymmatly maglumatlary W.M.Belýaýew tarapyndan düýpli ylmy esasda öwrenildi. Olaryň alyp baran ylmy gözlegleriniň aýratynlyklary häzirki günlerde hem özboluşly garaýyşlar hökmünde ylmy çemeleşmelere maglumat hökmünde ýakyndan ýardam berýär. Konserwatoriýanyň Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty K.Ýowbasarow “Görogly” şa dessanynda bedew waspy” barada çykyş etdi. Zehinli bagşynyň ýerine ýetirijilik sungatynyň ylmy çykyş bilen utgaşyp gitmegi örän täsirli boldy. Ýokary okuw mekdebiniň Kompozisiýa we gurallama kafedrasynyň müdiri, uly mugallym K.Garowowyň çykyşy “Türkmen kompozitorlarynyň simfoniýalarynyň dramaturgiýa aýratynlygyna” bagyşlanypdyr. K.Garowow kompozitor hökmünde simfoniki žanrynyň dramaturgiýasyny öwrenmek bilen, özüniň çykyşynda bu uly göwrümli saz eserleriniň many-mazmun aýratynlyklary barada gymmatly maglumatlary aýtdy. Ylmy-usuly maslahatda diňe bir konserwatoriýanyň aspirantlary, dalaşgärleri, doktorantlary däl-de, eýsem, birnäçe myhmanlar hem çykyş etdiler. Ýagny, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty T.Öweznepesowa “Orta asyr şäherleri baradaky ylmy garaýyşlar” atly tema boýunça, ýene-de şol institutyň aspiranty A.Durdygylyjowanyň “Seýilgähleriň öwrenilmeginiň ähmiýeti” tema boýunça çykyşlary diňleýjileriň ünsüni özüne çekdi. Dürli döwürleriň, taryhy gymmatlyklaryň ylmy esasda öwreniliş ýagdaýy täsirli çykyşlarda beýan edildi. Şeýle hem ylmy-usuly maslahatyň dowamynda konserwatoriýanyň Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Ş.Annaglyjowa “Saz ylmynyň häzirki zaman ösüş ugurlary”, konserwatoriýanyň aspirantura dalaşgäri J.Orazowa “M.Annamyradowyň “Oguzlaryň oýunda” simfonik poemasynyň gurluş aýratynlyklary we dramaturgiki ösüşi” temalar boýunça çykyş etdiler. Geçirilen ylmy-usuly maslahat çykyş edilen temalaryň dürliligi, köp görnüşliligi bilen tapawutlandy. Maslahatda diňe bir saz ylmynyň däl-de, onda çykyş eden myhmanlar tarapyndan beýleki ugurlaryň hem ylmy gazananlary barada beýan eden çykyşlary gyzykly bolup, maslahata gatnaşýan talyplardyr mugallymlar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ylmy ösüşleriň özara pikir alyşmalar bilen giňden wagyz edilmegi, olaryň berkidilmegi hem geljekki belentliklerine ýollaryň açylmagynda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize öz minnetdarlygymyzy bildirýäris. R.Muhammedow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy

No image
BAGŞY DESSAN AÝDANDA

Medeni miras

27.03.2026

«Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly festiwalyň çäginde, 27-nji martda günüň birinji ýarymynda festiwala gatnaşyjylar Aşyk Aýdyň piriň aramgähine zyýarat etdiler. Daşoguz şäherindäki Bagşylar muzeýine aýlandylar. Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Bagşy dessan aýdanda» atly konsert geçirildi. Konserte ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen dessançy bagşylar, alymlar, şeýle hem, medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdylar. Konsertiň dowamynda welaýatlardan gatnaşýan dessançy bagşylar gymmatly mirasymyzyň ajaýyp nusgalary bolan türkmen dessanlaryndan uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Bu konsert ýurdumyzda dessançylyk sungatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Konsert ýurdumyzyň birleşen dessançy bagşylar toparynyň ýerine ýetirmeginde «Bedew batly at-myradyň mekany» atly aýdym bilen jemlendi. Ogultäç HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary

No image
«GARAŞSYZ,BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN- BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY»

Kitaphanalar

27.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphana işgärleri “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ýazgy etdiler. Kitaphanaçylar öz çykyşlarynda ýurdumyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylynda alnyp barylýan işler, ýetilen ösüşler hakynda gürrüň etdiler. Mundan başga-da kitaphana işini has-da ösdürmek, okyjylaryň kitaba bolan höwesini artdyrmak maksady bilen ýerine ýetirilýän işler dogrusynda söhbet edip, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
AŞGABADYŇ AGŞAMLARY

Kitaphanalar

27.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphana işgärleri “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde ak mermerli paýtagtymyzda ýerleşýän “Garaşsyzlyk” seýilgähinde Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizilen merjen şäherimiziň gözel ymaratlary, bagy-bossanlyga öwrülen gül-gunçaly seýilgähleri, älemgoşar deýin öwüşginli suw çüwdürimleri dogrusynda söhbet etdiler. Çykyş eden kitaphana işgärleri paýtagtymyzy dünýäniň ösen iň owadan şäherleriň hataryna goşan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERI

Kitaphanalar

27.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy”, “Ömrümiň manysynyň dowamaty” we “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly eserleri dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Çykyş eden hünärmenler bu ajaýyp eserleriň okyjylar üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýändigini buýsanç bilen bellediler. Söhbetleriniň soňunda türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
«GALKYNYŞYŇ» TÄSIN ÇYKYŞLARY AZERBAÝJANDA

Halkara gatnaşyklary

27.03.2026

Ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň hem-de Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň sirk ussatlary, şu günler Azerbaýjanda haýran galdyryjy täsirli çykyşlaryny görkezýärler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda, sirk ussatlarymyzyň bu doganlyk ýurtda döredijilik saparynda bolmagy, iki halkyň medeni gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň hem-de beýleki sirk ussatlarymyzyň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Circus Sea Breeze» sirkinde ýaýbaňlandyrýan çykyşlaryny köp sanly tomaşaçylar haýran galmak bilen synlap, ruhy lezzet alýarlar. Geçen ýyl bu topar Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Şu ýylyň başynda bolsa şol şäherde geçirilen nobatdaky halkara sirk sungaty festiwalyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylary hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar. Şonda bu toparyň sirk sungatyna uly goşandy üçin ýurdumyzyň wekiliýetine Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalary gowşuryldy. Bu uly üstünlikler «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de ýurdumyzyň sirkleriniň artistleriniň köp ýyllaryň dowamynda gazanan ýeňişleriniň aýdyň ykrary bolmak bilen, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynyň şygaryny özboluşly dabaralandyrýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de ýurdumyzyň sirkleriniň artistleriniň halkara sirk festiwallarynda gazanýan uly üstünlikleri agzybir türkmen halkynyň ruhy galkynyşyny belende götermäge, bagtyýar watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmaga uly ýardam berýär. Bu toparyň agzybirligi, dostlugy, jebisligi, milli medeniýetiň gazananlaryny wasp edýän sirk tomaşalary millionlarça tomaşaçylaryň söýgüsini gazanýar. Dünýä belli ezber türkmen sirk artistleri ahalteke atlary bilen türkmeniň sirk sungatyny Ýer ýüzünde giňden tanadýarlar. Bu meşhur toparyň Azerbaýjandaky ýokary ussatlyga eýe bolan çykyşlarynyň halkara derejede uly gyzyklanma döredýändigini, Gahryman Arkadagymyzyň atçylyk sportuny ösdürmek babatdaky başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. «Circus Sea Breeze» sirkiniň ajaýyp sahnasynda ýurdumyzyň sirk ussatlary tomaşaçylara ahalteke bedewlerinde çylşyrymly akrobatik hereketleri, at üstünde täsin oýunlary hem-de atşynaslyk sungatynyň gözelliklerini görkezýärler. Çapyksuwar bilen bedewiň sazlaşykly hereketi, ahalteke atlarynyň gözelligi, ýyndamlygy azerbaýjanly tomaşaçylary haýrana goýup, olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Mundan başga-da, sirk sungatynyň ussatlary dürli sirk žanrlaryndaky çykyşlary görkezýärler. Ýurdumyzyň sirk ussatlarynyň dostlukly ýurtdaky çykyşlary 30-njy marta çenli dowam eder. Taýýarlan: Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

No image
HALKARA YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI

Medeni miras

27.03.2026

2026-njy ýylyň 25-26-njy martynda Moskwa şäherindäki Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanan “Margiana siwilizasiýalaryň çatrygynda: Merkezi Aziýa, Kawkaz we Ýakyn Gündogaryň gadymy we häzirki zaman medeniýetara gatnaşyklary” atly Halkara ylmy maslahaty geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky etnologiýa we antropologiýa institutynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň guramagynda geçirilen, bu Halkara ylmy maslahatyna Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistanyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Italiýa we Fransiýa Respublikasynyň belli alymlary, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň wekilleri hem-de Moskwa şäherinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Ylymlar akademiýasynyň foýesinde, Türkmenistanyň baý taryhy we medeni gymmatlyklaryny, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny açyp görkezýän fotosuratlaryň sergisi gurnaldy.

No image
YNSANPERWER ÝÖRELGELERI DABARALANDYRYP

Täzelikler

27.03.2026

26-njy martda paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli “Ynsanperwerlik ýoly” ady bilen halkara maslahat geçirildi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendiren bu çäre ynsanperwer ýörelgeleriň dünýädäki ähmiýetiniň barha artýandygyny aýdyň görkezdi. «Türkmenistan» gazeti

No image
ESERLERIŇ IL GÖWNÜNI ŞAT EÝLÄR

Kitaphanalar

26.03.2026

Ýakynda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen bilelikde türkmen realistik prozasynyň başyny başlan ýazyjylarynyň biri Nurmyrat Saryhanowy ýatlap onuň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlap “Eserleriň il göwnüni şat eýlär” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Edebi-sazly duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň “Altyn asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi halypa, şahyr zenan Bahargül Kerimowa, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Bazar Şalyýew gatnaşdylar. Geçirilen edebi duşuşykda kitaphana hünärmeni okuwçylara ýazyjynyň döreden eserleri we onuň maşgalasy hakynda gürrüň berdi. Nurmyrat Saryhanow özüniň gysga manyly ömründe türkmen halkyna hiç wagt gymmaty peselmejek ajaýyp eserleri miras galdyrdy. Onuň “Kitap”, “Şükür bagşy” eserleri türkmen edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrüldi. Mähriban okuwçylar ýazyjynyň ýekeje Orazjemal atly gyzy bolýar. Orazjemal Saryhanowa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işleýär. Orazjemal daýzanyň üç ogly bir gyzy bar. Duşuşyga gatnaşýan şahyr zenan Bahargül Kerimowa ýazyjynyň gyzynyň öz mugallymy bolandygyny hem kakasynyň suratyny ýadygärlik berendigini täsirli gürrüň berdi. Halypa şahyr Bazar Şalyýew hem “Kitap”, “Şükür bagşy” eserlerini gysgaça gürrüň berdi. Geçirilýän çäräniň dowamynda mekdep okuwçylary halypalar bilen sorag-jogap alyşdylar. Mekdebiň göreldeli, zehinli okuwçylary Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti esasynda sahna oýnuny görkezdiler. Çäräniň ahyrynda edebiýatymyzy, sungatymyzy ösdürmeklige goşant goşan şahsyýetleriň adyny ebedileşdirip, olaryň döredijilik ýoluny öwrenmeklige giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
TÜRKMEN TOPRAGY – BEREKET HAZYNASY

Muzeýler

26.03.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda amala aşyrylýan belent maksatly işler bu günki gün uly üstünliklere, täze rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe wysal bolýan şeýle giň gerimli işlere-de oba zähmetkeşleri özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Şu günler eziz diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, gündogar welaýatymyz, gadymy Lebap topragynda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy, il sylagly, dili senaly ýaşulularyň bissimillasy bilen gowaça ekişine girişildi. Bu dabaraly çärä oba hojalykçylar, mehanizatorlar, kärendeçiler uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Bu ýerde oba durmuşyny şöhlelendirýän giň gerimli sergiler ýaýbaňlandyryldy. Şolar bilen bir hatarda muzeý gymmatlyklarymyzdan düzülen göçme sergi gurnalyp oňa tomaşa edenlerde ýakymly täsirleri galdyrdy. Dabaranyň dowamynda il sylagly ýaşuly nesliň wekilleriniň, işine ezber mehanizatorlaryň, kärendeçileriň gatnaşmagynda Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurnaldy. Bu gezelenç täsirliligi bilen tapawutlandy. Halkymyzyň gadymyýetden gaýdýan ekerançylyk bilen bagly däp-dessurlarynyň, häzirki zaman oba hojalyk pudagynda ýetilen belent sepgitlerden habar berýän muzeý gymmatlyklary uly gyzyklanma eýe boldy. Olar gezelenjiň dowamynda ýurdumyzda edermen babadaýhanlara, ene ýerden bol hasyl almakda yhlasly zähmet çekýän gallaçy kärendeçilere, halkymyzyň bagtyýar bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler. Gülnur PYGAMOWA Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri