logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
DÖWLET KITAPHANASYNA GEZELENÇ

Kitaphanalar

19.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri Aşgabat şäheriniň 130-njy mekdebiniň ýokary synp okuwçylaryny kitaphananyň bölümleri bilen tanyşdyrmak maksady bilen gezelenç gurnadylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ajaýyp kitabynda ýaşlar barada şeýle belläp geçýär:” Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegi, türkmen halkynyň mertebesi, baky dowamatydyr” diýen ajaýyp setirlerinden ugur alyp kitaphanadaky gezelenç mekdep okuwçylarynda uly täsir galdyrdy hem-de olar özlerini gyzyklandyran soraglara jogap tapdylar. Gezelenje gatnaşan okuwçylar özlerine döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

No image
ÇAGALARYŇ GÜLKISI, DÜNÝÄNIŇ PARAHATLYGY

Kitaphanalar

19.02.2026

Ahal welaýat kitaphanasynyň Hyzmat etmek bölüminiň gurnamagynda Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 20-nji çagalar bakja-bagynda «Çagalaryň gülkisi, dünýäniň parahatlygy» atly çeper okaýyş geçirildi. Bu günki günde ýaşlar döwrebap bilimleri özleşdirip, jemgyýetimize we Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişýärler. Şunda milli terbiýäniň, asylly ýörelgäniň ähmiýeti uludyr. Ýaş nesli terbiýelemekde, bilim öwretmekde bilim edaralary bilen bir hatarda kitaphanalaryň uly ornunyň bardygyny bellemek gerek. Çagalar baglarynda maksatlaýyn işler üstünlikli alnyp barylýar. Çagalar baglarynda berilýän terbiýe berk binýat bolup hyzmat edýär, bu terbiýe çaganyň aňynda berk ornaşýar. Şonuň üçin hem çagalar bagyndan başlap, çaganyň öwrenmek höwesini döretmek bilim işgärleri bilen kitaphanaçylaryň we terbiýeçileriň baş maksady bolup durýar. Olar ertekili kitaplary körpelere görkezýärler, şeýle hem ertekileri gyzykly we many-mazmunly gürrüň berýärler. Bu çagada irki ýaşdan ertekili kitaplara bolan gyzyklanmasyny döredip başlaýar. Çünki kitaphanaçylar çagalara ertekili kitaplary okap bermeli, kitap bilen dostlaşdyrmaly. Şunda üns bermeli zatlaryň biri hem, çaga üçin okap berilýän ertekiler onuň ýaşyna laýyk gelmelidir, onuň dünýä garaýşyny ösdürmelidir. Bu çaganyň irki ösüşine, kitaby okamaga bolan höwesine oňat täsir edýär. Çagalaryň irki ösüşinde kitap okap bermek, ertekileri gürrüň bermek ýaly ýörelgeleri berk berjaý etmek zerurdyr, çünki asylly terbiýe çaganyň irki ýaşynda, irki ösüşinde berk binýat bolmalydyr. Şeýlelikde, ol çaga kitap okamaga, milli ruhda terbiýelenmäge, watansöýüji şahsyýet bolup kemala gelmäge giň mümkinçilik alýar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/t-85.jpg)

No image
2026-NJY ÝYLYŇ 20-22-NJI FEWRALY ARALYGYNDA ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA GÖRKEZILJEK SAHNA OÝUNLARYNYŇ TERTIBI

Teatr we kino dünýäsi

19.02.2026

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 21.02.2026ý. «Wah siz aýallar...» atly sahna oýny sagat 19:00 22.02.2026ý. «Tumar şa» atly sahna oýny sagat 19:00 _______________________________ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 20.02.2026ý. «Aýdym-sazly gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 21.02.2026ý. «Öýlenmek» atly sahna oýny sagat 19:00 22.02.2026ý. «Körpe gelin» atly sahna oýny sagat 19:00 _______________________________ TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 20.02.2026ý. «Taýharjyk» atly sahna oýny sagat 11:00 20.02.2026ý. «Gyzyl alma» atly sahna oýny sagat 19:00 21.02.2026ý. «Mähriban dideler» atly sahna oýny sagat 19:00 22.02.2026ý. «Geliň gülşeliň» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 _______________________________ A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 20.02.2026ý. «Сад без земли» atly sahna oýny sagat 19:00 21.02.2026ý. «Раз и два» atly sahna oýny sagat 12:00 21.02.2026ý. «Кукольный дом» atly sahna oýny sagat 19:00 22.02.2026ý. «Золушка» atly sahna oýny sagat 11:00, 13:00 22.02.2026ý. «Мадам» atly sahna oýny sagat 19:00 _______________________________ TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 21.02.2026ý. «Hindi hekaýasy» atly sahna oýny sagat 19:00 22.02.2026ý. «Saňa ýalan maňa çyn» atly sahna oýny sagat 19:00 _______________________________ ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 21.02.2026ý. «Şowhunly tomaşa» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 22.02.2026ý. «Saňa ýalan maňa çyn» atly sahna oýny sagat 19:00 _______________________________ TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 21.02.2026ý. «Maşa we aýy» atly sahna oýny sagat 17:00 21.02.2026ý. «Maugli» atly sahna oýny sagat 19:00 22.02.2026ý. «Çagalyk älemgoşary» atly sahna oýny sagat 12:00, 15:00 22.02.2026ý. «Wah bu söýgi-dä» atly sahna oýny sagat 19:00 _______________________________ BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 20.02.2026ý. «Kör garga» atly sahna oýny sagat 17:00 21.02.2026ý. «Gülki sowgady» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 22.02.2026ý. «Daş myhman» atly sahna oýny sagat 19:00 _______________________________ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 21.02.2026ý. «Bagt mekany» atly sahna oýny sagat 19:00 22.02.2026ý. «Gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 _______________________________ LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 21.02.2026ý. «Gelinler» atly sahna oýny sagat 19:00 22.02.2026ý. «Söýgi oýun däl» atly sahna oýny sagat 19:00 _______________________________ MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 21.02.2026ý. «Körpe gelin» atly sahna oýny sagat 19:00 22.02.2026ý. «Biz öýlenmäge taýýar» atly sahna oýny sagat 19:00

No image
KITAP RUHY HAZYNA

Kitaphanalar

18.02.2026

Türkmenabat şäheriniň merkezi kitaphanasynyň hünärmenleriniň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň 61–nji çagalar bagynyň körpeje çagalary bilen bilelikde «Kitap ruhy hazyna» atly kitaphana syýahat gurnaldy. Bu ýerde çagalar üçin niýetlenen ertekiler okalyp, olaryň mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüňler edildi. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda rahat dynç alyp, okap öwrenmäge döredilip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/8456.jpg)

No image
TÜRKMEN HALK ERTEKILERINI SESLI AUDIO ÝAZGYLARDA DIŇLEMEK

Kitaphanalar

18.02.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň 15-nji çagalar bagynda “Türkmen halk ertekilerini sesli audio ýazgylarda diňlemek” atly söhbetdeşlik geçirdi.Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz ilki bilen çagalara kitaphanamyzyň saýty bilen tanyşdyrdy hem-de şol ýerde islän kitaplaryny okap we audio ýazgyly kitaplary diňläp biljekdigini gürrüň berdi. Çagalar hem öz gezeginde saýtdaky audio ýazgyly ertekiler bilen tanyşyp özlerine gyzykly bolan ertekini saýlap uly höwes bilen diňlediler. Kitaphanaň hünärmeni ertekiler barada çagalar bilen gyzykly sorag jogaplary alyşdy. Söhbetdeşligiň soňunda hünärmen körpe jigilerimiziň kitaphanamyza gelip öz islän kitaplaryny öýe alyp okap biljekdigini nygtady.

No image
GARAŞSYZ HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ ÝOLY BILEN

Kitaphanalar

18.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň politehniki orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyz Hemişelik Bitarap Türkmenistan-bedew batly ösüşleriň ýoly bilen» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ýylymyzyň şygary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligi, hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara derejede ykrar edilendigini, türkmen halkynyň belent maksatlaryny özünde jemleýän, türkmen bedewi halkymyzyň milli buýsanjynyň nyşany bolup şöhlelenýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, gazanylýan ösüşler uly üstünliklere eltýändigi, ýurdumyzda atçylyk sportyny ösdürmek, olaryň dünýädäki şöhratyny has-da belende götermek bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýandygy barada hem belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Berkarar Diýarymyzyň beýik ösüşlerini, abadan hem bagtyýar durmuşyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GARAŞSYZLYK ŞAN-ŞÖHRATYM BEDEW BATLY TÜRKMENISTAN

Kitaphanalar

18.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk şan-şöhratym, bedew batly Türkmenistan» ady bilen aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler biri-birinden zyýada gelýän ýyllar halkymyzyň ykbalyna bagtyýarlyk, rowaçlyk hem-de ösüş-özgerişlere beslenýän ýurdumyz şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de her ýylyň döwrebap atlandyrylyp, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli şygarlar bilen dabaralandyrylmagy halkymyzyň agzybirligini, ruhy bitewüligini pugtalandyrýan möhüm ýörelgä öwrülendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy rowaçlyklaryň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
«AÝDYM-SAZLY BEDEW BATLY DIÝARYM» ATLY GÖÇME-GÖZDEN GEÇIRIŞ KITAP SERGISI

Kitaphanalar

18.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi tarapyndan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde “Aýdym-sazly bedew batly Diýarym” atly göçme-gözden geçiriş kitap sergisi gurnaldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde “Aýdym-sazly bedew batly Diýarym” atly göçme-gözden geçiriş kitap sergisini gurady. Bu göçme sergide kitaphanaçylar çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adamy täze belentliklere galkyndyrýan, ruhuny belent edýän, adamzat nesilleriniň uçar ganaty bolan kitabyň gadyrynyň belent tutulýandygy hakynda söhbet etdiler. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan sungat ussatlaryna bagyşlanyp ýazylan gollanmalar, nota neşirleri hem-de kitaplardan ýerleşdirildi. Mekdebiň okuwçylary göçme sergä işjeň gatnaşyp, türkmen medeniýetine we sungatyna goýýan sarpalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TALYP ÝAŞLARYŇ MUZEÝMIZE GEZELENJI

Muzeýler

18.02.2026

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Gökdepe» milli muzeýiniň sergi bölümlerine düşündirişli gezelenç geçirildi. Düşündirişli gezelenji muzeýiň esasy hünärmeni Nurnabat Gurbanmämmedowa alyp bardy. Gezelenjiň dowamynda talyp ýaşlar Gökdepe söweşiniň taryhyny üns bilen diňläp, her bir esbaplary synlap bu gün asuda, erkana döwletde okap bilim almaklarynyň esasy özeninde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Bitaraplyk syýasatynyň manysynyň çuňňurlygyna aýdyň göz ýetirdiler. Talyp ýaşlar halkymyzyň baý milli mirasy barada berilýän maglumatlary diňläp, özleriniň dünýägaraýyşlarynyň, gözýetimleriniň giňemeginde düýpli esas bolandygyny aýratyn bellediler. Bu günki çäräniň dowamynda talyp ýaşlar Gökdepe söweşiniň taryhyny, türkmen halkynyň gündelik durmuşda ulanan esbaplarynyň asyl nusgalaryny synlap olar barada aýdylan gymmatly maglumatlary üns bilen diňläp, türkmen döwletiniň halk hökmünde kemala gelmegi üçin çekilen azap ýollaryň aňsat düşmändigine aýdyň göz ýetirdiler. Şol sebäpli çäräniň dowamynda «Miras» teleýaýlymyna birnäçe talyplar tarapyndan interwýular bilen ýazgy edildi. Ýurdumyzda muzeý esbaplaryny ylmy taýdan öwrenmek, rejelemek, muzeý toplumlarynyň sanyny artdyrmak işlerine uly mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il–ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun.

No image
TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET INSTITUTYNYŇ TALYPLARY DÖWLET KITAPHANASYNDA GEZELENÇDE BOLDYLAR

Kitaphanalar

18.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyplary kitaphananyň bölümleri we iş aýratynlyklary bilen tanyş boldylar. Ýaş nesillerimiziň kitaba bolan söýgüsini ösdürip, olara kitaphanamyzyň alyp barýan döwrebap işleri bilen tanyşdyrmakda kitaphana işgärleri giňişleýin maglumatlar berdiler. Gezelençde bolan talyplar kitap bilen dostlaşmagyň beýik geljege ýol açýandygyna göz ýetirdiler. Uly ynamdan, söýgüden ruhlanýan bagtyýar talyplar belent sepgitlere ýetmegi, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny ýokary derejelere götermegi öz öňlerinde borç edinip goýýandyklaryny buýsanç bilen bellediler. Talyp ýaşlar gezelenjiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň okamagy- öwrenmegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.