logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNYŇ SUNGAT BÖLÜMI «TÜRKMEN ZERGÄRÇILIK SUNGATY» ATLY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDI WE KITAP SERGISINI GURNADY

Kitaphanalar

18.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi “Türkmen zergärçilik sungaty” atly söhbetdeşlik geçirdi we kitap sergisini gurnady.Söhbetdeşlikde çykyş eden kitaphanaçylar–Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw bermeginde amaly-haşam sungatynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde we olary dünýä tanatmakda uly işler alnyp barylýandygy barada çykyş etdiler.Talyp ýaşlarymyz we okyjylarymyz bolsa kitap sergisi bilen tanyş boldular. Türkmen halkynyň zergärçilik sungaty ruhy-durmuş zerurlygy bolup, özüniň çeperçilik taýdan kämilligi, milli öwüşgini bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin döredilýän zergärçilik sungat eserleriniň işlenip bejerilişinde we nagyşlarynda halkyň milli we medeni aýratynlyklary, döredijilik ukyby öz beýanyny tapýar. Söhbetdeşligiň ahyrynda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bimöçber alkyşlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
TÜRKMEN ARTISTINIŇ HALKARA ÜSTÜNLIGI

Teatr we kino dünýäsi

18.02.2026

Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz bilen dünýä döwletleriniň hem-de abraýly halkara guramalarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary barha kämilleşdirilýär. Garaşsyz, basky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylykda, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen umumadamzat ähmiýetli halkara hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen giň möçberli işleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň–TÜRKSOÝ-yň arasynda halkara medeni hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan türki dilli döwletlerde geçirilýän halkara çäreleri biziň halklarymyzyň arasynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ýardam berýär. TÜRKSOÝ-yň guramagynda geçirilýän bäsleşiklere, festiwallara, sergilere, konsertlere Türkmenistanyň artistleriniň, bagşy-sazandalarynyň, suratkeşleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň işjeň gatnaşmaklary hem-de ýeňiji bolmaklary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. TÜRKSOÝ halkara guramasy hem-de Türkiýäniň «Tiatro» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Stambul şäherinde TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň teatr işgärlerini dürli ugurlar boýunça halkara baýraklary bilen sylaglamak dabarasynda «Iň gowy erkek keşbi» hödürnamasy boýunça halkara baýragyna, birnäçe ilhalar keşpleri döredip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew mynasyp boldy. Munuň özi, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikleri syýasaty netijesinde Berkarar döwletimizde milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmek, medeniýet we sungat işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda ähli zerur şertler döredilýändiginiň, halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamyndaky syýasata aýratyn ähmiýet berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamamsydyr. Ýurdumyzyň teatrlaryň döredijilik işgärleri milli sungatymyzy ösdürmekde, teatrlaryň döredijilik hazynasyny täze sahna eserleri bilen baýlaşdyrmaga, geçirilýän halkara bäsleşiklerine, festiwallaryna gatnaşyp, abraýly baýraklara mynasyp bolmaga döredilip berilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýdýarlar. _______________________________ Agamyrat Baltaýew Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy

No image
TÜRKMENISTANDA INDONEZIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

Täzelikler

18.02.2026

17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolliansýah Soemiratdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Indoneziýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi. Işjeň we netijeli ýagdaýda geçirilen duşuşygyň dowamynda diplomata Mejlisiň düzümi, onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem ilçi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunda ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy berkitmek babatda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-indoneziýa gatnaşyklarynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Duşuşygyň ahyrynda Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolliansýah Soemirat ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. _______________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
DÖWREBAP KITAPHANALAR–KÄMILLIGIŇ BINÝADY

Kitaphanalar

17.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029–njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy esasynda «Döwrebap kitaphanalar–kämilligiň binýady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda ýurdumyzyň ýaşlaryny watansöýüjilik, wepalylyk, ynsanperwerlik, ruhynda terbiýelemekde kitaphanalaryň mümkinçilikleri barha artýandygy barada gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň anyk we ylyma esaslanýan başlangyjy esasynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Diýarymyzdaky kitaphanalaryň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagy, şeýle hem ähli ugurlarda degişli ylmy we çeper edebiýatlary elektron görnüşde geçirmek işleri güýçli depginde alnyp barylýandygy, şeýle-de kitap hemişe-de gymmatly hazyna hasaplanyp, halkyň ruhy medeniýetiniň göwher maýasy bolup, kitaphanalar bolsa ruhy çeşmeleriň jemlenen ojagy bolup durýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda kitaphanalar ulgamynyň ösmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
ÜSTÜNLIGIŇE, ŞYGARYŇA SESLENIP, BEDEW BATLY ÖŇE BARÝAN WATANYM!

Kitaphanalar

17.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Üstünligiňe, şygaryňa seslenip, bedew baty öňe barýan Watanym!» ady bilen “Atamyrat” seýilgähinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde 2026-njy ýylyň şygary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligini, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilendigini, türkmen halkynyň belent maksatlaryny we ösüş ýolundaky ynamyny özünde jemleýändigi barada çykyş etdiler. Şeýle-de şygarda aýdylşy ýaly at-myratly behişdi bedewlerimiz türkmen halkynyň milli buýsanjynyň, gaýratynyň we ösüşe okgunlygynyň nyşany hökmünde şöhlelendirýändigi hakynda hem täsirli söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
MILLI MIRAS-BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Kitaphanalar

17.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen bilelikde Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde «Milli miras-bedew batly ösüşleriň binýady» atly göçme kitap sergisini gurnadylar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany» atly ýylynda Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde göçme kitap sergisini gurnadylar. Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýlede birnäçe eserleri ýerleşdirildi. Kitap sergisiniň çäklerinde kitaphana işgärleri «Altyn asyr» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde talyplar bilen sorag-jogap alşyp söhbetdeşlik etdiler. Göçme kitap sergisine gatnaşan talyplar halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

No image
KITAPHANALAR RUHY KÄMILLIGIŇ MUKADDES OJAGYDYR

Kitaphanalar

17.02.2026

Lebap welaýat kitaphanasynda kitaphanaçylaryň arasynda “Kitaphanalar ruhy kämilligiň mukaddes ojagydyr” ady bilen okuw geçirildi.Geçen taryhy eýýamlarda-da, häzirki döwürde-de döwletler köp derejede ylymda-bilimde gazanan üstünlikleri, açyşlary bilen öňe saýlandy. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň ösüşleriniň binýadyny ylym-bilimi dünýä derejesine ýetirmek baradaky özgertmeler bilen esaslandyrandygy örän netijeli boldy. Biziň günlerimize çenli öz gymmatlygyny ýitirmän jemgyýetiň arasynda köpri bolup hyzmat eden kitabyň taryhy öz gözbaşyny iňňän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Kitaphanalar ruhy kämilligiň mukaddes ojagydyr. Pederlerimiz nesil terbiýesinde hem, köplenç kitaplara ýüzlenipdirler. Batyr, edermen , obany, ilini goraýan mert ýigitleri terbiýelemekde ,,Görogly’’ şadessanyna ýüzlenip, ýagşy gylyk häsiýetleri ündemekde Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerini mysal getiripdirler. Ajaýyp zamanamyzda türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan ,, Älem içre at gezer’’,,Döwlet guşy ‘’ romanlary, ,,Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan’’, ,,Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi’’, ,,Ömrümiň manysy”, Ömrümiň manysynyň dowamaty”, “Ýaşlar Watanyň daýanjy”, Magtymguly–dünýäniň akyldary” ýaly kitaplary ýaş nesli mertlik, watansöýüjilik ruhynda terbiýelemekde mekdep bolup hyzmat edýär. Biz kitaphanaçylar hem döwrümiziň belent ruhyny wasp etmekde, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp ýaşlary terbiýeläp, kitaphon edip ýetişdirmekde güýjimizi aýaman zähmet çekmeli, ata Watanymyzy gülledip ösdürjek, ýaşlaryň kitaby söýmekleri üçin öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Şeýle bagta ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutýan her bir tutumly işleri rowaçly menzillere rowana bolsun! ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/w-22.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/w-33.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/w-44.jpg)

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝINDE «ABADANÇYLYK–TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ BINÝADY» ATLY SERGI GURNALDY

Muzeýler

17.02.2026

Ýurdumyzda her ýylyň 18­nji fewralynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bellenip geçilýär. Döwletimiziň diplomatik wekilhanalary häzirki döwürde Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň we beýleki iri sebitleriň onlarça ýurdunda işlemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we milli bähbitlerimizi üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleri ýerine ýetirýärler. Türkmen diplomatlary Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak maksady bilen, öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda yzygiderli işleri alyp barýarlar. Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Abadançylyk–türkmen diplomatiýasynyň binýady» atly sergi gurnaldy. Sergide muzeýiň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklar, hormatly Prezidentimiziň BMG-niň münberinde çykyş edip duran, Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutany hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşyk pursatlaryna degişli fotosuratlar görkezilýär. Sergide sowgat berlen ajaýyp zergärçilik eserlerine has köp orun berilýär. Türkmen zergärleriniň elinden çykan zergärçilik eserleri many-mazmuny boýunça serginiň temasyny açyp görkezmäge ýardam berýär. Kümüşden, altyn çaýylan we gymmatbaha daşlar bilen bezelen bu eserlerde Türkmenistanyň Döwlet nyşanlary, Türkmenistanyň kartasy, türkmen milliligini alamatlandyrýan haly gölleri, simwoliki manyda gurlan binalar hem-de monumentler oýma, guýma usullarda inçeden nepis edilip ýasalypdyr. Sergide bulardan başga-da hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan syzylyp çykan kitaplary we Türkmenistanyň Bitaraplygyna degişli soňky ýyllarda çap edilen kitaplar, albomlar, žurnallar sergilenýär. Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Dabara gatnaşyjylar her ýylyň 18-nji fewralynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli gurnalan «Abadançylyk–türkmen diplomatiýasynyň binýady» atly sergä aýlanyp gördüler hem-de muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.

No image
AŞGABATDA ÄHLUMUMY SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA DIPLOMATIÝA BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI DIALOG ÖZ IŞINE BAŞLADY

Täzelikler

17.02.2026

16-njy fewralda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Bu giň möçberli forumyň guralmagy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Okuw maslahaty häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmek üçin netijeli platformany döretmäge gönükdirilendir. Ählumumy derejede üýtgeşmeleriň bolup geçýän döwründe Türkmenistanyň lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça başlangyçlary parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Çärä gatnaşyjylaryň ýokary wekilçilikli düzümi halkara bileleşigiň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär. Syýasatçylary, lukmanlary we alymlary bir ýere jemlän halkara forum tutuş adamzadyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze mehanizmlerini işläp taýýarlamagy maksat edinýär. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň bilelikde guraýan forumyna iri halkara düzümleriň ýolbaşçylary, görnükli diplomatlar, sebitiň ýurtlarynyň Saglygy goraýyş ministrlikleriniň wekilleri, abraýly bilermenler gatnaşýarlar. Şeýle ähmiýetli çäräniň Aşgabatda geçirilmegi ýurdumyzyň dünýä giňişliginde ynsanperwer ýörelgeleri ilerletmek boýunça işjeň ornunyň ykrarnamasydyr. Onuň açylyşynyň ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda we Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde yglan edilen Saglygy goramagyň ýylyna gabat gelmegi çärä aýratyn many berýär. Türkmen tarapynyň wekili foruma gatnaşyjylary mübärekläp, häzirki döwrüň lukmançylyk ulgamynda ählumumy meseleleri çözmek üçin täze çemeleşmeleri talap edýändigini belledi. Bu gün saglygy goraýyş diňe bir hünär ulgamy däl-de, eýsem, daşary syýasatyň hem möhüm şerti bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan lukmançylyk diplomatiýasyna halklaryň arasynda ynanyşmagy we raýdaşlygy pugtalandyrmagyň netijeli guraly hökmünde garaýar. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ähli başlangyçlary adamlaryň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilendir. 2025-nji ýylda Türkmenistan saglygy goramagy ählumumy durnuklylygyň binýady hökmünde ykrar edip, “Geljegiň lukmançylygy-raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk” başlangyjyny işjeň öňe sürdi. Forumyň açylyş dabarasynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň sebitleýin direktory Hans Klýuge hem çykyş etdi. Ol BSGG-niň tagallalaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Myhmanyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty saglygy goraýşyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň bähbitlerine hyzmat etmegiň aýdyň nusgasy bolup durýar. _________________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
2025-nji ÝYLYŇ GÖRKEZIJILERI BOÝUNÇA ÝURDUMYZYŇ IŇ GOWY ETRABY SYLAGLANYLDY

Täzelikler

17.02.2026

16-njy fewralda ýurdumyzda 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy diýlip yglan edilen Köneürgenç etrabyna 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda açylyp ulanmaga berlen Bitaraplyk şäherçesinde guraldy. 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň mynasyp dowamyna öwrülip, ajaýyp özgertmelere, adam hakyndaky aladalara esaslanýan beýik işlere giň ýol açýar. Ajaýyp zamanada, bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyz bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýan Watanymyzda gazanylýan ýokary derejedäki üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere tüýs ýürekden guwanýar. Garaşsyz Diýarymyzda her ýyl ýurdumyzyň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda iň gowy görkezijileri gazanmak ugrunda bäsleşigi guramak asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, geçen ýylda hem durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler babatda iň gowy etraby kesgitlemek boýunça degişli topar tarapyndan tassyklanylan tertipde işler alnyp baryldy. Onuň netijeleri boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçen 2025-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby ýurdumyzyň iň gowy etraby hökmünde kesgitlenildi. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýeňiji bolan etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem 2026-njy ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi. Bu waka ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ýaşaýjylaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Şu mynasybetli guralan dabaranyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň many-mazmunyny ebedilik adyna ýazan Bitaraplyk şäherçesinde geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şäherçäniň medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada guralan dabara welaýatyň köp sanly ýaşaýjylary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu ýerde gurnalan ak öýleriň töwereginde türkmeniň milli toý däp-dessurlary ýerine ýetirildi. Şeýle hem dabara gatnaşyjylar milli gymmatlyklarymyzy, bagtyýar döwrümize bagyşlanan sungat eserlerini özünde jemleýän sergi bilen tanyşdylar. Medeniýet we sungat ussatlary, dessançy bagşylar joşgunly aýdym-sazlary bilen çärä gatnaşyjylara ruhy lezzet paýladylar. Soňra çäre medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda dowam etdi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ilatyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Köneürgenç etrabynyň zähmetkeşleriniň geljekde hem ähli yhlasyny we tagallalaryny Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirjekdiklerine berk ynam bildirdi. “Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň: «Watana bolan söýgi ynsan üçin iň beýik söýgüdir. Mukaddes söýgüdir. Watana bolan söýgi ynsanyň tutuş ömrüni bezeýär. ________________________________________ «Türkmenistan» gazeti