EÝ, KUÝAŞ, ŞUGLA SAÇGYN...
Edebiýat älemi
10.10.2025Eý, kuýaş, nuruň saçgyn, gam tününde zaryň men, Saba päk demin alan päkize säheriň men. ________________ Gözellik-görklilikde husny-mülkiň şasy sen, Melallykda, külpetde sadyk hyzmatkäriň men. ________________ Aýyp görme, seň yşkyňda ejiz bolsam eger-de, Garrylyk ýüki basan zary bimydaryň men. ________________ Özgeler deý hyzmat etmesem-de, bolmanda Şolaryň hatarynda bir umydygäriň men. _______________ Näçe ömrüm geçendir pyrkatdyr gam içinde, Ýygladym gije-gündiz zary - bikararyň men. ________________ Merhemet gözi bilen halyma nazar salgyn, Kalbyň içre ýer tutan bir dogaňa zaryň men. _______________ Islegim ýylynmakdyr seniň gyzgyn mähriňden, Çünki Agahi ýanan yşkyň içre haryň men. _______________ « EÝ, ŞOH, GÖZ – U GAŞYŇA ÄLEM GEDA, MEN HEM GEDA...» Eý, şoh, göz–u gaşyňa älem geda, men hem geda, Lagly lebi dür saçanda älem geda, men hem geda. ________________ Kä garagyň jan alar, käte gaşyň talaň salar, Beýle garagyň – gaşyňa älem geda, men hem geda. _______________ Kadd-u-lebiň äşgär, syrly, elden alar ygtyýary, Şeýle syryň-paşyňa älem geda, men hem geda. ________________ Başdan aýagyň jan bolar, janlar saňa gurban bolar, Jana, aýag – u – başyňa älem geda, men hem geda. _______________ Her näçe atsaň ok – u – daş, aýlap gazap äleme paş, Şol okdur daşyňa älem geda, men hem geda. ________________ Kalplarda keşbiň görki, gözlerde kamatyň nagşy, Suratgär – u – nakgaşyňa älem geda, men hem geda. _______________ On dörtden ýaşyň ötüp, husnuň äleme dolup, Bu husnuň – u – ýaşyňa älem geda, men hem geda. ________________ Abraý saňa hemra bolar, Perwerdigär ýaran bolar, Hemraňa hem ýaranyňa älem geda, men hem geda. _______________ Ah-u-nalaňa, Agahi, rehm etdi gözeller şasy, Ah-u-nalaň täsirine älem geda, men hem geda. _______________ «ÜSTÜNE» Galam gaşlaryň ýaýy ol çeşmi jellat üstüne, Amal üçin «nas» getirer «nun» eltip «sod» üstüne. ________________ Tomaşa kyl kamatyna, synla zyba jemalyny, Gör, gunçaň gül bolanny gol ýaýyp şemşat üstüne. ________________ Näz-u-kereşme, gamzasy öç alarlar hemişe, Wah, munça apat bolarmy bir adamzat üstüne. ________________ Men bir hassa, jan saklamak indi maňa müşgildir, Jellat gözi bidat eder her pursat bidat üstüne. ________________ Şol gül ýüzüň yşky bile şam-u-säher şeýda köňül, Bilbil dek saýrar ýüz nagma müň nagma perýat üstüne. ________________ Başyma ýagan gam daşynyň müňden biriçe bolmaz, Pelek eger müň Besütün ýagdyrsa Perhat üstüne. ________________ Eý, şah, keremli aýlarda deň tut ýaman-u-ýagşyny, Bil, mähir nury deň düşer weýran-u-abat üstüne. ________________ Haky tanaň, ahyrýetde iman bolar ýoldaşyň, Seýl et Süleýman dek, tagt gurup şemal üstünde. ________________ Agahi, mertlik bilen zybanyndan söz açar, Ýüz hili gam hüjüm eýlär gaýgy-apat üstüne. ________________ «ÝÜREK DERDIM OŇA DIÝDIM...» Ýürek derdim oňa diýdim, diýme ony maňa diýdi, Kim maňa aşyk bolsa, zerur bolar oňa diýdi. ________________ Ýüzüňde iki nerkesiň, wah, ne bela, gara, diýdim, Köňlüň – u – janyňy alan iki gara bela, diýdi. ________________ Lebleriň agzyma ýetir, jan tapaýyn oňa, diýdim, Näzli ýylgyryp bakyp, ölüm ýokmy saňa, diýdi. ________________ Inçe biliňden guçmak köňlümiň islegi diýdim, Ýokmy uýadyň, beýle söz diýere, baý-ba, diýdi. ________________ Nazar aýlaýyn husnuňa, men sary gara, diýdim, Ýaşyryban ýüzün, git, eý masgara, bihaýa, diýdi. ________________ Lebiňden posa alaýyn, aýla maňa nazar, diýdim, Gaş-u-garagny çytyp, goý, bu sözüň hata, diýdi. ________________ Hergiz sergezdan eýlemegil wepa maňa, diýdim, Äşgär ahyr, özüň haçan görkezipdiň wepa, diýdi. ________________ Hassa köňle otlar salan bormy munça jepa, diýdim, Jepa diýme, ol-a seniň derdiňe bor dowa, diýdi. ________________ Agahiýniň derdine görmediň sen rowa, diýdim, Gam taparmy janyň oňa kylmasa özün pida, diýdi. ______________________ MUHAMMET RYZA AGAHI (Terjime eden: A.Rejepow)