HABARLAR


Türkmenistanda Ýapon filmleriniň 7-nji festiwaly geçiriler

Halkara medeni gatnaşyklary

01.12.2023

Dekabr aýynda Türkmenistanda Ýapon filmleriniň 7-nji festiwaly geçiriler.

Türkmen suratkeşleri «Çingiz Aýtmatow — 95» atly halkara sergä gatnaşarlar

Halkara medeni gatnaşyklary

29.11.2023

Gyrgyz-Türk Manas uniwersiteti tarapyndan 2023-nji ýylyň 11 — 15-nji dekabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde nakgaşçylyk boýunça «Çingiz Aýtmatow — 95» atly halkara sergi geçiriler.

Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

28.11.2023

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp konsert geçirildi.

Türkmen milli konserwatoriýasynda Juzeppe Werdiniň doglan gününiň 210 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

27.11.2023

Şu ýyl Italiýada Juzeppe Werdiniň ýyly diýlip yglan edildi. Italýanlar görnükli kompozitoryň doglan gününiň 210 ýyllygyny belläp, öz ildeşine hormat goýýarlar. Bütin dünýäde Juzeppe Werdä bagyşlanan konsertler geçirilýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda saz sungatynyň nusgasy bolan 26 operanyň awtoryna bagyşlanan konsert boldy.

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherindäki Medeniýet günleri tamamlandy

Halkara medeni gatnaşyklary

26.11.2023

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 23 — 25-nji noýabry aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Birnäçe medeni çäreleri öz içine alan ýurdumyzyň Medeniýet günleri dostlukly ýurtda hem üstünlikli hem-de guramaçylykly geçirildi.

«Daragt» halkara kinofestiwalyň baýragyna mynasyp boldy

Halkara medeni gatnaşyklary

25.11.2023

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17-24-nji noýabry aralygynda Belarus Respublikasynyň iň uly kino forumy – «Listapad» atly XXIX Minsk halkara kinofestiwaly geçirildi. Onuň çäklerinde türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň uly göwrümli «Daragt» filmi festiwalynyň bäsleşik maksatnamasynyň çäginde görkezildi.

Dirižýor Resul Gylyjow Russiýanyň «Sankt-Peterburg GDA-nyň medeni paýtagty — 2023» çäresine gatnaşdy

Halkara medeni gatnaşyklary

25.11.2023

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sungat müdiri we baş dirižýory Resul Gylyjow Russiýanyň «Sankt-Peterburg GDA-nyň medeni paýtagty — 2023» döwletara maksatnamasynyň ýapylyşy üçin Sank-Peterburga çagyryldy.

Pakistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçiriler

Halkara medeni gatnaşyklary

24.11.2023

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna» laýyklykda, 2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde «Magtymguly Pyragy we häzirki zamanda halklaryň dostlugy» atly ylmy-amaly maslahat geçiriler.

Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy

Halkara medeni gatnaşyklary

23.11.2023

Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. 25-nji noýabra çenli geçiriljek Medeniýet günleriniň çäklerinde birnäçe medeni çäreler we duşuşyklar geçiriler.

Mukamlar köşgünde Geýder Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli konsert geçiriler

Halkara medeni gatnaşyklary

23.11.2023

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guramagynda azerbaýjan halkynyň umumymilli lideri Geýder Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli «Geýder Aliýew — Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň doganlygy» atly konsert geçiriler.