Pakistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçiriler


Pakistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçiriler



Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna» laýyklykda, 2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde «Magtymguly Pyragy we häzirki zamanda halklaryň dostlugy» atly ylmy-amaly maslahat geçiriler.

Yslamabatda geçiriljek ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejepow, şeýle-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleri gatnaşar.

Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Pakistan Yslam Respublikasynda geçiriljek ylmy-amaly maslahata gatnaşjak ildeşlerimiz şu ýylyň 24 — 28-nji noýabry aralygynda Pakistan Yslam Respublikasynda saparda bolar.