HABARLAR


Dirižýor Resul Gylyjow Russiýanyň «Sankt-Peterburg GDA-nyň medeni paýtagty — 2023» çäresine gatnaşdy

Halkara medeni gatnaşyklary

25.11.2023

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sungat müdiri we baş dirižýory Resul Gylyjow Russiýanyň «Sankt-Peterburg GDA-nyň medeni paýtagty — 2023» döwletara maksatnamasynyň ýapylyşy üçin Sank-Peterburga çagyryldy.

Pakistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçiriler

Halkara medeni gatnaşyklary

24.11.2023

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna» laýyklykda, 2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde «Magtymguly Pyragy we häzirki zamanda halklaryň dostlugy» atly ylmy-amaly maslahat geçiriler.

Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy

Halkara medeni gatnaşyklary

23.11.2023

Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. 25-nji noýabra çenli geçiriljek Medeniýet günleriniň çäklerinde birnäçe medeni çäreler we duşuşyklar geçiriler.

Mukamlar köşgünde Geýder Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli konsert geçiriler

Halkara medeni gatnaşyklary

23.11.2023

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guramagynda azerbaýjan halkynyň umumymilli lideri Geýder Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli «Geýder Aliýew — Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň doganlygy» atly konsert geçiriler.

Röwşen Nepesow Daşkentde geçirilýän halkara festiwala Türkmenistandan wekilçilik eder

Halkara medeni gatnaşyklary

22.11.2023

Şu ýylyň 18-nji noýabrynda Daşkentde Halkara simfoniki aýdym-saz festiwalynyň açylyşy bolup, bu festiwala dünýäniň dürli künjeklerinden, şol sanda Türkmenistandan zehinli sazandalar gatnaşýar. Festiwalda biziň ýurdumyza Türkmenistanyň zehinli kompozitory, birnäçe meşhur eserleriň awtory Röwşen Nepesow wekilçilik eder.

Leýli Garýagdyýewa Sankt-Peterburgda geçirilen «Sazçylyk ýaryşy» bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp boldy

Halkara medeni gatnaşyklary

22.11.2023

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Leýli Garýagdyýewa Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterbug şäherinde çagalar sazçylyk mekdepleriniň we çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen IX bütinrus ýerine ýetirijilik «Sazçylyk ýaryşy» atly bäsleşige gatnaşyp, baýrakly üçünji orna mynasyp boldy.

Aşgabatda germaniýaly pianinoçylar Marsel Dorna bilen Ştefan Weýiň konserti geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

22.11.2023

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Germaniýadan gelen pianinoçylar – Marsel Dorna we Ştefan Weýiň konserti geçirildi.

Aşgabatda Türkmenistanyň we Türkiýäniň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

18.11.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzda geçirilýän Medeniýet günleriniň we ebru sungatynyň eserleriniň sergisi açyldy.

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

18.11.2023

Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungat muzeýinde ýurdumyzda 18 — 20-nji noýabr aralygynda geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň we ebru sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

16.11.2023

Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde 14 — 16-njy noýabr aralygynda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy geçirildi.