«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde 14 — 16-njy noýabr aralygynda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy geçirildi.
Halkara festiwalyň ýapylyş dabarasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmek ugrundaky alnyp barylýan işleriň has-da rowaçlyklara beslenýändigini, ýurdumyzda halkara derejesindäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara festiwallara ýurdumyzyň hem-de medeniýet we sungat işgärleriniň yzygiderli gatnaşýandygyny buýsanç bilen belledi hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilen nobatdaky halkara teatr festiwalynyň halkaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna, medeni hyzmatdaşlygyň has-da artdyrylmagyna özboluşly ýardam berendigini belledi.
Dabaranyň dowamynda halkara festiwala gatnaşýan ýurtlaryň teatrlarynyň döredijilik toparlaryna ýörite Diplomlardyr Kuboklar gowşuryldy.
Festiwalyň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşan teatrlaryň ýolbaşçylary hem çykyş edip, nobatdaky festiwalyň guramaçylykly hem-de üstünlikli hem-de guramaçylykly geçirilendigini bellediler.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň artisti Şemşat Kasymowanyň dabaranyň dowamynda ýerine ýetiren «Teatr — meniň ykbalym» atly çeper okaýşy, şeýle-de ýurdumyzyň teatrlarynyň artistleriniň görkezen edebi-sazly kompozisiýasy dabaranyň özboluşly şatlygyny artdyrdy.
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren «Hoş gal, festiwal!» atly aýdymy dostlugyň owazy bolup ýaňlandy.