HABARLAR


Halkara festiwala gatnaşan myhmanlar Aşgabada gezelenç etdiler

Halkara medeni gatnaşyklary

16.11.2023

Şu gün ýurdumyzda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly halkara festiwalyň jemleýji dabaralary geçirildi. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda «Magtymguly — köňül guşy» atly sahna oýny görkezildi. Biz bu barada saýtymyzda habar beripdik.

Aşgabatda Türkmenistan bilen Koreýanyň dostlugyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

16.11.2023

Aşgabatda Koreý dilini öwrenmek boýunça Patyşa Sejong adyndaky bilim merkezinde türkmen-koreý medeniýetiniň baýramy geçirildi.

Aşgabatda Germaniýadan gelen pianinoçylaryň konserti geçiriler

Halkara medeni gatnaşyklary

16.11.2023

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny şu ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçiriljek «PIANOTAINMENT» duetiniň konsertine çagyrýar.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda geçiriljek Medeniýet günleriniň meýilnamasy bilen tanyş boluň!

Halkara medeni gatnaşyklary

16.11.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 18 — 20-nji noýabrynda Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler.

Eýran Yslam Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Halkara medeni gatnaşyklary

16.11.2023

Şu ýylyň 22 — 26-njy noýabry aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler.

Polýak aýdymçysy Marsin Sçysinskiý bilen duşuşyk geçirildi

Halkara medeni gatnaşyklary

15.11.2023

Şu ýylyň 14-nji noýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda polýak aýdymçysy, «Bornus Consort» ansamblyny esaslandyryjy, taryhy aýdymlary öwreniji we timarlaýjy Marsin Sçysinskiý bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler

Halkara medeni gatnaşyklary

14.11.2023

Şu ýylyň 18 — 20-nji noýabry aralygynda Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler. Dostlukly döwletiň ýurdumyzda geçiriljek Medeniýet günleriniň dabaralary Aşgabat hem-de Türkmenabat şäherlerinde guralar.

Gülüstan Agajanowa «Dutaryň sesi» atly VII halkara sungat festiwalynda üstünlikli çykyş etmegi başardy

Halkara medeni gatnaşyklary

12.11.2023

Beýik türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan «Dutaryň sesi» atly VII halkara sungat festiwalynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Gülüstan Agajanowa çykyş etdi. Onuň çykyşyna aýdym-saz bäsleşiginiň hünärmenleri tarapyndan ýokary baha berildi. Sazlary pianinoda gowy çalanlygy üçin emin agzalary Gülüstany ikinji derejeli diplom bilen sylagladylar.

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi geçiriler

Halkara medeni gatnaşyklary

09.11.2023

Şu ýylyň 10-njy noýabryndan 3-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi geçiriler. Medeniýet hepdeliginiň çäreleri Aşgabat we Mary şäherlerinde guralar.

Täjigistanyň döwlet ýaşlar teatry halkara festiwalda «Watandan uzakdaky gije» atly sahna eseri bilen çykyş eder

Halkara medeni gatnaşyklary

09.11.2023

Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala Täjigistanyň M.Wahidow adyndaky döwlet ýaşlar teatrynyň döredijilik topary hem gatnaşar.