Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi


Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi



Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungat muzeýinde ýurdumyzda 18 — 20-nji noýabr aralygynda geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň we ebru sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Dabara ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary, daşary ýurtlaryň ýurdumyzda hereket edýän diplomatik gulluklarynyň, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerini wekilleri, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow, Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahat ministriniň orunbasary Nadir Alpaslan çykyş edip, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň asyndaky köpugurly hyzmatdaşlyklary, şeýle-de ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändigini belläp geçdi. Dabarada Türkiýäniň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hem çykyş edip, Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatda hem-de Türkmenabat şäherlerinde geçiriljek Medeniýet günleriniň çäklerinde guraljak dabaralar barada gürrüň berdi.

Soňra türkiýeli ebru sungatynyň ussady, suratkeş Hikmet Barutçugil çykyş edip, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen ebru sungatynyň döreýiş taryhy barada gyzykly gürrüňleri berdi we bu sungat barda söz açýan wideoşekil görkezdi.

Hikmet Barutçugil dabaranyň dowamynda oňa gatnaşýan myhmanlar üçin ussatlyk sapagyny geçirdi. Ussatlyk sapagynyň dowamynda dabara gatnaşýanlary gyzyklandyrýan sowallara jogap berdi hem-de ebru sungatyna degişli birnäçe suratlary ussatlyk sapagyna gatnaşyjylara çekip berdi.

Dabara tamamlanandan soňra, ebru sungatynyň eserleriniň sergisi gurlady hem-de myhmanlara türk tagamlary hödür edildi. Dürli temalarda taýýarlanan ebru sungatynyň işleri oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri 20-nji noýabra çenli dowam eder. Şu gün dostlukly ýurduň ýurdumyzda geçirilen Medeniýet günleriniň ilkinji güni. Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkiýäniň hem-de Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti geçiriler.