logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
ÜSTÜNLIKLI DOWAM EDÝÄN SERGI

Halkara gatnaşyklary

26.02.2026

2025-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde dabaraly açylan, 2026-njy ýylyň aprel aýyna çenli dowam etmeli «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi häzirki wagtda üstünlikli dowam edýär. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde, bu serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Häzirki wagtda bu sergide sergilenen, Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanýan ýurdumyzyň arheologik ýadygärliklerinden ýüze çykarylan gadymy gymmatly tapyndylar syýahatçylarda, muzeý öwrenijilerde, taryhçylarda, giň halk köpçüliginde uly gyzyklanma döredýär. Türkmen we italýan arheologlarynyň arasynda häzirki wagtda arheologiýa we binagärlik mirasyny öwrenmek boýunça özara gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlan bu gatnaşyklar häzirki döwürde has-da üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen-italýan arheologik ekspedisiýalarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde, ata-babalarymyzyň miras goýan medeni gymmatlyklarynyň nusgalyk görnüşleriniň ençemesi ýüze çykaryldy we öwrenildi. Bu arheologik tapyndylarynyň bir bölegi Kapitoliý muzeýinde guralan «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly sergide hem görkezilýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/85274.jpg) Bu sergi Türkmenistan bilen Italiýanyň arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda alyp baran köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesidir. Italiýanyň arheologlary türkmen kärdeşleri bilen bilelikde ýurdumyzyň çäginde gazuw-agtaryş işlerini geçirip gelýärler. Bu netijeli hyzmatdaşlyk gymmatly taryhy tapyndylary ýüze çykarmaga, öwrenmäge we olary halk köpçüligine tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi. Serginiň dünýäniň iň gadymy muzeýleriniň birinde guralmagy bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrýar we Türkmenistanyň baý taryhy mirasyny dünýä ýaýýan medeni diplomatiýanyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň Rim şäherinde geçirilmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap görnüşde gaýtadan dikeldilýändigini alamatlandyryp, ýurdumyzyň Gündogaryň we Günbataryň arasynda köpri hökmünde çykyş edýändigini hem-de gadymy döwürlerden bäri medeniýet merkezi bolup gelýändigini görkezýär. Bu sergi 2025-2026-njy ýyllarda halkara medeniýet senenamasyna möhüm wakalaryň biri hökmünde girip, baý taryhy mirasy bolan döwlet hökmünde, Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Serginiň açylan döwründen bäri, Türkmenistanyň baý medeni taryhy bilen gyzyklanýanlaryň müňlerçesi bu sergä tomaşa etdiler.

No image
KITAPHANA HYZMATY–DÖWRÜŇ ZYNATY

Kitaphanalar

25.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Kitaphana hyzmaty–döwrüň zynaty” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilimli, ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly işler alnyp barylýandygyny, Hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda kitaphana ulgamynda okyjylara hyzmat etmek ýokary derejede ýola goýulup, ýaş nesilleriň kitaphana hyzmatyndan döwrebap peýdalanmagy, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda birnäçe işleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda kitaphana işiniň kämilleşmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BIZ ERTEKILERI SURATLANDYRÝARYS

Kitaphanalar

25.02.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 112-nji çagalar bagynyň mekdebe taýýarlaýyş toparynda “Biz ertekileri suratlandyrýarys” atly ertekileriň gahrymanlaryna bagyşlap surat çekmek bäsleşigi boýunça söhbetdeşlik geçirdi. Körpeje çagalary terbiýelemekde ertekileriň has uly ähmiýeti bar. Hünärmen çagalara gyzykly gürrüň berip, erteki gahrymanlaryny suratlaryň üsti bilen tanyşdyrdy. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halk ertekileri “Akpamyk”, “Kör garga”, “Mämmetjan”, “Ejekejan”, “Böwenjik” atly ertekileri çagalara okap berdi. Çagalar öz halaýan ertekilerinden gahrymanlaryny häsiýeti boýunça uly höwes bilen surat çekdiler. 1-nji, 2-nji, 3-nji orun alan çagalar sowgatlar bilen höweslendirildiler.

No image
KITAPHANA IŞI KÄMILLEŞÝÄR

Kitaphanalar

25.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň «Kitaphana işi kämilleşýär» atly alnyp barylýan kitaphana gurnagyna gatnaýan dürli ýaşly okyjylaryň arasynda kitaphana işi hakynda birnäçe maglumatlar berildi. Gurnaga gatnaýan okyjylaryň arasynda öwrenen zatlaryny özleşdirmek maksady bilen birnäçe sorag-jogaplar alyşyldy. Gurnagyň esasy maksady ösüp gelýän ýaşlarda kitap okamaga bolan söýgüni döretmek we kitaphana işiniň esaslaryny öwretmekden ybarat bolup, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatlaryny, ýurdumyzyň ähli pudaklaryndaky ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplaryny wagyz etmek, kitaphanalarda geçirilýän her bir medeni köpçülik çäreleri, gürrüňleri, sesli okaýyşlary, edebiýat agşamlary, döredijilik duşuşyklary, sergi synlarynyň üsti bilen täze gelen edebiýatlary wagyz etmegi öwretmek hem-de kitap sergilerini guramaklygy we kitaplara syn bermekligi öwretmekden ybarat bolup durýar. Ýaş nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi, ylymly-bilimli kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerimizi aýdýarys.

No image
BIZ ERTEKILERDE MYHMANÇYLYKDA

Kitaphanalar

25.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Biz ertekilerde myhmançylykda» ady bilen 74-nji çagalar bagynda çeper okaýyş geçirildi. Türkmen halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan ertekileri geljekki nesillerimizi aň we zehin taýdan terbiýelemekde, ruhy we edebi mirasymyza söýgi döretmekde uly ähmiýete eýe bolup, türkmen halk ertekileriniň birnäçe görnüşlerinden çeper okaldy. Şeýle-de ýaş nesillerde kitap okamaga bolan höwesi artdyrmak, olarda päklik, ahlaklylyk, edermenlik duýgularyny oýarmakda birnäçe kitaplaryň ornunyň uludygyny, aýratynam türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň häsiýetleriniň çaga terbiýesine uly täsir edýändigi barada gürrüň berildi. Geçirilen çeper okaýyşyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAPHANALAR–HALKYŇ RUHY HAZYNASY

Kitaphanalar

25.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllary üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda «Kitaphanalar–halkyň ruhy hazynasy» ady bilen Aşgabat şäher häkimligini toplumy binasynda söhbetdeşlik geçirildi. Çykyş edenler kitaphana-medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolup, adamzat medeniýetiniň gymmatlygydygy we halklaryň medeni ösüşine täsirini ýetirip, adamlaryň medeniýetli, sowatly şahsyýet hökmünde kemala gelmegine ýardam edýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de asuda Watanymyzda zähmet çekýän kitaphana işgärleri hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda öňlerinde goýlan jogapkärli wezipelere aýdyň düşünip, bildirilen uly ynamdan ruhlanýandyklary barada hem çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda parahat ýurdumyzda okamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
BERKARAR WATANYŇ BAGTYÝAR ZENANLARY

Kitaphanalar

25.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň ilkinji zenanlar guramasy bilen Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda “Berkarar Watanyň bagtyýar zenanlary” ady bilen Aşgabat medeni dynç alyş merkezinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, zenan mertebesi belentden tutulyp, mährem enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň mähribanlygy, güler ýüzlüligi ajaýyp bahara deňelip, türkmen zenanynyň abraý derejesi, ynsanperwerligi, maşgala ojagyna wepadarlygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de ýazyň ilkinji güni şahyr, Gurbannazar Ezizowyň doglan güniniň ýatlanyp geçilýändigi, şahyryň çuňňur durmuş pelsepelerine ýugrulan şygyrlary indi ençeme ýyllar bäri Watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, gözelligiň aýdymyna öwrülip, halkyň kalbynda baky orun alandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gurbannazar Ezizow “Ýazyň-güýzüň şahyry” diýip tanalýandygy, ýöne ol Watanyna, ene-topragyna, adamlara bolan söýgüsini gursagynda göterip gezeni üçin oňa söýgüniň şahyry hem diýilýändigi barada beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
2026-NJY ÝYLYŇ 27-NJI FEWRALY – 1-NJI MARTY ARALYGYNDA ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA GÖRKEZILJEK SAHNA OÝUNLARYNYŇ TERTIBI

Teatr we kino dünýäsi

25.02.2026

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 28.02.2026ý. «Sen söýseň meni» atly sahna oýny sagat 19:00 01.03.2026ý. «Är we aýal» atly sahna oýny sagat 19:00 __________________________________________________________ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 27.02.2026ý. «Aýdym-sazly gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 28.02.2026ý. «Durmuş diňe düýş däl» atly sahna oýny sagat 19:00 01.03.2026ý. «Gurbannazar Ezizow» atly sahna oýny sagat 19:00 __________________________________________________________ TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 27.02.2026ý. «Oýun bir maza iki» atly sahna oýny sagat 19:00 28.02.2026ý. «Oýun bir maza iki» atly sahna oýny sagat 19:00 01.03.2026ý. «Mähriban dideler» atly sahna oýny sagat 19:00 __________________________________________________________ A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 27.02.2026ý. «Изобретательная влюбленная» atly sahna oýny sagat 19:00 28.02.2026ý. «Кривой ворон» atly sahna oýny sagat 12:00 28.02.2026ý. «Женщины 41-го – Шесть невест» atly sahna oýny sagat 19:00 01.03.2026ý. «Бовенджик» atly sahna oýny sagat 11:00, 13:00 01.03.2026ý. «Для вас милые женщины!» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 __________________________________________________________ TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 27.02.2026ý. «Gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 28.02.2026ý. «Amanat giýew» atly sahna oýny sagat 19:00 01.03.2026ý. «Gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 __________________________________________________________ ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 28.02.2026ý. «Şowhunly tomaşa» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 01.03.2026ý. «Älemgoşarly tomus» atly sahna oýny sagat 19:00 __________________________________________________________ TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 28.02.2026ý. «Baky rowaýatlar» atly sahna oýny sagat 17:00 28.02.2026ý. «Çagaly öý bazar» atly sahna oýny sagat 19:00 01.03.2026ý. «Towşanjygyň öýi» atly sahna oýny sagat 12:00, 15:00 01.03.2026ý. «Aşyklar» atly sahna oýny sagat 19:00 __________________________________________________________ BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 27.02.2026ý. «Jadygöýiň agyrly dişi» atly sahna oýny sagat 17:00 28.02.2026ý. «Kör garga» atly sahna oýny sagat 19:00 01.03.2026ý. «Gülki sowgady» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 __________________________________________________________ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 01.03.2026ý. «Tilki dostlugy» atly sahna oýny sagat 12:00 __________________________________________________________ LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 28.02.2026ý. «Watan jandan ileri» atly sahna oýny sagat 19:00 01.03.2026ý. «Aýdym-sazly gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 __________________________________________________________ MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 28.02.2026ý. «Dowamat» atly sahna oýny sagat 19:00 01.03.2026ý. «Bildiriş» atly sahna oýny sagat 19:00

No image
EZIZ WATAN BEDEW BATLY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Kitaphanalar

24.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli “Eziz Watan bedew batly ösüşlere beslenýär” ady bilen “Altyn asyr seýilgähinde” söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýyly uly ruhybelentlige, şatlyk-şowhuna, üstünliklere beslenýändigi, ýurdumyzda alnyp barylýan giň göwrümli netijeli işler halkymyzyň bagtyýarlygyna, ýurduň gülläp ösmegine gönükdirilendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ajaýyp döwrümiziň adyna mynasyp bagtyýarlyk döwri bolup, bu günki gün agzybir jemgyýetimiziň bagtyýarlygynyň, abadan döwletimiziň berkararlygynyň mizemezliginiň beýanyna öwrülendigi barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MILLI MIRAS-BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Kitaphanalar

24.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş Uniwersitetiniň bilelikde guramagynda «Milli miras-bedew batly ösüşleriň binýady» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz bedew batly gadamlar bilen ynamly öňe barýandygy, belent üstünliklere beslenýän ýurdymyz dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň hatarynda goşulandygy hakynda buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de bagtyýar ýurdumyzyň mady we medeni ruhy baýlyklaryna, milli mirasymyza belent sarpa goýlup, geljekki ýaş nesillere ýetirmekde beýik işleriň durmuşa geçirilýändigi hakynda aýtdylar. Gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri hem-de milli mirasymyza degişli birnäçe kitaplaryň ýerleşdirilmegi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi, milli mirasymyzy dikeltmekde, öwrenmekde, ýaş nesillere ýetirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyz alkyş sözlerini aýtdylar.