logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
PARLAMENTARA DIALOG-DÜNÝÄDE PARAHATÇYLYGY WE YNANYŞMAGY ÜPJÜN ETMEGIŇ MÖHÜM GURALY

Täzelikler

09.10.2025

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň«Parlamentara dialog-dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly ikinji duşuşygy geçirildi. Oňa Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlamentleriniň, Parlamentara Birleşigiň, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna häzirki wagta çenli 25-den gowrak döwletiň goşulandygyny bellemek gerek. Bu toparyň işi halkara derejede, hususan-da, BMG-niň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, bitaraplyk ýörelgeleri esasynda döwletleriň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmaga, ynsanperwer meseleleri çözmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar çykyşlarynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy sebit we ählumumy derejedäki ýagdaýlary durnuklylaşdyrmaga, köp sanly syýasy, ykdysady, ynsanperwer, ekologik meseleler çözülende döwletleriň, halkara guramalaryň hyzmatdaşlygynyň mazmunyna hem-de ugurlaryna oňyn täsir edýän gural hökmünde özüni barha giňden ykrar etdirýär. Birleşen Milletler Guramasy bolsa parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaşydyr. Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllyk, BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk şanly seneleri utgaşýar. Munuň özi ýurdumyzyň we dünýäniň iň iri halkara guramasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze tapgyry açýar. Şunuň bilen baglylykda, şanly ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň degişli Kararnamasyna laýyklykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigine üns çekildi. Taryhy wakalara beslenýän bu ýylda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hem-de sebit hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolan parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýär. Şunda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlarynyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtamak gerek. Şolaryň hatarynda Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, energetika, ulag, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer ulgam ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça anyk teklipler bar. Türkmenistan halkara hukugyň berkidilmegini, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegini, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň belent münberinden 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek barada öňe süren başlangyjy parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýatlaryny pugtalandyrmakda täze tapgyry açar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

09.10.2025

8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, ýurdumyzy ykdysady, syýasy, medeni taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, döwletimiziň halkara başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunlara döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly ady dakmak hakynda Mejlisiň kararyny okady. Kararda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hem-de hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny we bu ugurda kabul edilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça bimöçber işler alnyp barylýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýä bileleşigi, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işler amala aşyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ilatyň, hususan-da, eneleriň we çagalaryň saglygy bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýär. Ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda durmuşa geçirilýän işler, gazanylan üstünlikler ençeme halkara güwänamalar bilen ykrar edildi. Ýurdumyzyň paýtagtynda, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde we welaýatlarda saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil, binagärlik taýdan tapawutlanýan döwrebap, nusgalyk saglygy goraýyş we bejeriş edaralarynyň, sport desgalarynyň uly toplumy gurlup ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini, Arkadag şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini we köpugurly hassahanany, Balkan welaýatynda iki sany köpugurly hassahanany, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde köpugurly hassahanany we onkologiýa hassahanasyny hem-de başga-da köp sanly saglygy goraýyş edaralaryny görkezmek bolar. Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlary bolsa ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny täze derejelere çykarar. ____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
ÝAZYJY ŞAHYRLARYMYZYŇ DÖREDIJILIGINDE NESIL TERBIÝESI

Kitaphanalar

08.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Ýazyjy şahyrlarymyzyň döredijiliginde nesil terbiýesi» ady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda söhbetdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler ýurdumyzyň görnükli ýazyjy şahyrlaryň döredijiligi, halkyň jemgyýetçilik, ahlak we ruhy taýdan kemala gelmeginde möhüm ornunyň bardygyny, bu bolsa ýazyjy şahyrlaryň eserleri halkyň duýgularyny, düşünjelerini we öňe sürýän pikirlerini beýan etmek bilen, ýaşlaryň terbiýelenmegine, jemgyýetde has kämil nesiller bolup ýetişmegine giň ýol açýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda ýazyjy şahyrlaryň eserleri - bu halkyň ruhy dünýäsiniň, ýaşaýyş durmuşynyň, arzuw-islegleriniň hem-de taryhy tejribesiniň aýnasy bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GAZALLAR

Edebiýat älemi

08.10.2025

Ýar ýüzümi görüp derdi-gamym bilse gerek, Ýüz görüp derdi-gamym alajyn kylsa gerek. Eý, saba, jan-u-köňlüňi özüň üçin ýaratdy, Köňli bile diýer sen: jan üçin gelse gerek. *** Bir peri men telbäni husnuna maýyl edendir, Gözümde keşbi galyp, köňlümde menzil edendir, Köňlümize jebri çäksiz kyldy ol nämähriban, Janyma ýüz müň gamy-külpeti hasyl edendir. *** Kim bolar sen kibi älemde dildary onuň, Nirede azm eýlese bolar Hudaý ýary onuň. Köýüňde men azm eder men–galkynan dek hatyrym, Hatyrymy saklasa, Taňry howandary onuň. *** Telbe köňlüm seniň janyňdadyr, ýat eýlegil, Ezizläp, mähremlik bilen köňlümi şat eýlegil. Yşrat içre hergiz genji-kän bolsaň iliňe, Pyrkatyňda galan egri kamatym ýat eýlegil. *** Ne pikirdir, pikriň däldir – ol pikir bolar batyl, Ne ömürdir, öter sensiz – ol ömür bor bihasyl. Alla hergiz gyýa garamasyn, her haçan görsem, Kä köňlüm howsalada, kä aklymdan jyda men. *** Haýsy azaryn aýdaýyn janyma bigänäniň, Haýsy bir ynjydanny göwnümi ol dildaryň? Haýsy bir ýowuzlygny täleý ýalňyşlygynyň, Haýsy bir egriligni çarhyň aldaw-torunyň? __________ Alyşer Nowaýy (Terjime eden: A.Rejepow)

No image
WATAN WASPY GOŞGULARDA ATLY SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

08.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebinde şol mekdebiň kitaphanaçysy hem başlangyç synp okuwçylary bilen bilelikde «Watan waspy goşgularda» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmen okuwçylara Watan hakynda türkmen halk ertekileriniň, rowaýatlaryň, birnäçe ýazyjy-şahyrlaryň eserleriniň üsti bilen gyzykly gürrüň berdi. Ata-babalaryň mesgen tutan Watanynda dünýä inmekden, ýaşamakdan belent bagt ýokdur. Ata Watanymyza, ene topragymyza wepaly gulluk etmek bu biziň Watanymyzy söýmekdir! Mekdep okuwçylary höwes bilen Ata Watanymyzy wasp edýän birnäçe goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Şeýle-hem göçme kitap sergi okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegi we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
HALYPA ŞÄGIRTLIK-YHLAS HEM YNAMYŇ ÝOLY

Kitaphanalar

08.10.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Halypa şägirtlik-yhlas hem ynamyň ýoly» atly söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizdir sungatymyza, mirasymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen Täze taryhy döwrümizde şöhratly taryhymyzy, ata-baba asylly ýol-ýörelgelerimizi, döredijilikde öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimizi ýatlamaga çuňňur öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga, geljekki nesillerimize ýetirmäge giň ýol açyldy. Biz kitaphanaçylar hem halypa-şägirtlik ýörelgesinden ugur alyp, buýsançly taryhymyzy, medeni, ruhy mirasymyzy öwrenip, ýaş nesillerimizi, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, geçmişimiziň gymmatlyklaryny olaryň kalbyna ornaşdyrmak mukaddes borjumyz bolup durýar. Söhbetdeşligiň ahyrynda halypa-şägirtlik ýörelgelerini ýöretmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTAN-BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY

Kitaphanalar

08.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän durmuş syýasatynyň netijesinde bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde dünýäde tanalýan Türkmenistanda ýaş nesliň bagtly ýaşamagyny üpjün etmek babatda edilýän uly tagallalar dowam etdirilýär, milli gymmatlyklarymyzyň nesilden-nesle geçirilmeginde jemgyýetçilik ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir işgärleri bolup çagalaryň hem-de ýaşlaryň arasynda birnäçe çäreleri hem-de bäsleşikleri geçirýäris. Şeýle çäreleriň geçirilmegi ösüp gelýän ýaş nesilleri kitap okamaga höweslendirmäge uly ýardam berýär. Çagany ýaşlykdan haýsy ugra gönükdirseň, ol ulalanda hem şoňa ýykgyn edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem çykyşlarynda:”Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işler alyp barýarys” diýip, döwletimizde bilimli, ylymly, ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly işleriň amala aşyrylýandygyny belleýär. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen beýik işleri amala aşyrýan, geljekki nesillere berilýän bilimiň çuňňur bolmagy barada ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun.

No image
WAGTYŇY OKAMAGA SARP ET!

Kitaphanalar

08.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna paýtagtymyzyň körpeje ýaşaýjylary esasy derslerinden boş wagtlary çagalara degişli kitaplary okamaga yzygiderli gelýärler. Hemişelik okyjylarymyz diňe bir çagalar edebiýaty bilen gyzyklanman, eýsem kitaplara jübijikleri ýelmemäge, kitap belliklerini goýmaga kömekleşýärler. Bu bolsa olaryň kitaphana we kitaphanaçylar bilen has ýakyn aragatnaşykda bolmagyna ýardam berýär. Höwesjeň okyjylarymyzyň iň gyzyklanyp okaýan kitaplary türkmen halk ertekileri şeýle-de daşary ýurt dillerinden türkmen diline terjime edilen kitaplary kiçi ýaşly okyjylara hyzmat edýän bölüminde okap bilýärler. Kitapsöýüji ýaşlar ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykan alkyş sözlerini beýan edýärler.

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

Täzelikler

08.10.2025

7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana iş saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy. Dostlukly ýurduň Lideri Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmaga çakylygy kabul edip, Azerbaýjana gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri sammite gatnaşmaga çakylyk, şeýle hem ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Azerbaýjanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny beýan edip, Azerbaýjanyň Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly şahsy goşandy üçin Prezident Ilham Aliýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyňaw gustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna Azerbaýjanyň wekiliýetiniň Premýer-ministr derejesinde gatnaşandygy üçin sagbolsun aýtdy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda ýola goýlan, dostluk we ynanyşmak esasynda alnyp barylýan ýokary derejeli gatnaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlyga yzygiderli itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Prezident Ilham Aliýew bilen üçünji gezek duşuşýandygyny, 16-17-nji iýulda Azerbaýjana bolan saparynyň, 22-nji awgustda Ilham Aliýewiň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklary ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Şol gepleşiklerde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, ony has-da ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugta binýady döredildi. Häzirki wagtda doganlyk gatnaşyklarymyz hil taýdan täze derejä çykaryldy. Şunuň bilen baglylykda, dünýä we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigi we ýakyndygy aýdyldy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna, halkara başlangyçlaryna yzygiderli goldaw berýändigi üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi. _______________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTAN SEBIT HYZMATDAŞLYGYNY PUGTALANDYRMAK UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR

Täzelikler

08.10.2025

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY 7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, abraýly halkara we sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şunda Türki Döwletleriň Guramasyna uly orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitine gatnaşmagy hem munuň aýdyň güwäsidir. Türki Döwletleriň Guramasy halklary taryhy, medeni we dil umumylygy bilen baglanyşan ýurtlaryň birleşigidir. 2009-njy ýylda döredilen bu gurama türki ýurtlaryň arasynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär. TDG durnukly ösüşe gönükdirilen dialog hem-de hyzmatdaşlyk üçin meýdança bolup, häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Özbegistan onuň düzümine doly hukukly agza hökmünde girýär. Türkmenistan we Wengriýa bu düzümde synçy döwlet derejesine eýedir. Gurama ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda anyk taslamalary amala aşyrmak arkaly türki halklaryň medeniýetini ösdürmäge ýardam berýär. Şeýle hem ol Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk edýär. 2022-nji ýylda Türki Döwletleriň Guramasy BMG-de synçy derejesine eýe boldy. Bu bolsa onuň halkara abraýyny has-da pugtalandyrdy. Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynda synçy agza hökmünde aýratyn orny eýeleýär. Bu dereje ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan syýasatynyň beýany bolup, Türkmenistana sebit başlangyçlaryna işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär. ...Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ugur alan Gahryman Arkadagymyzyň uçary birnäçe wagtdan soňra, sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Gabala şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Günüň ikinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyz sammitiň geçýän ýerine-Geýdar Aliýew kongres merkezine geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlarynyň resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. _______________ «Türkmenistan» gazeti