logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Täzelikler

08.10.2025

7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän uly ünsi üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we Russiýanyň Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup durýandygyny, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň deň hukuklylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy. RF-niň Prezidenti gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, dostluk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara dialogy pugtalandyrmakda döwlet Baştutanymyzyň uly goşandyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurtlarymyz dürli ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Döwlet Baştutanymyz türkmen-rus döwletara dialogynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeliligini belledi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz russiýaly kärdeşini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Prezident Wladimir Putin çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan syýasatynyň sebitde parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini belledi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. __________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HORWATIÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY WE ÝEWROPA IŞLERI MINISTRINI KABUL ETDI

Täzelikler

08.10.2025

7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Horwatiýanyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Zoran Milanowiçiň we Premýer-ministri Andreý Plenkowiçiň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy, özara düşünişmegi we dünýäde durnukly ösüşi ilerletmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamaga aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ýewropa sebitiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny, Türkmenistan bilen Horwatiýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem dostluk, deňhukuklylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar işjeň häsiýete eýedir. Horwatiýanyň Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň awtordaşy bolmagy, Türkmenistanyň hem, öz gezeginde, birnäçe halkara guramalara saýlawlarda Horwatiýa Respublikasyny goldamagy munuň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutanymyz Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministriniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini, onda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, energetika, ulag pudaklarynda, beýleki ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. Şeýle-de saparyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu çäräniň telekeçileriň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmaga, bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik döretjekdigini belläp, onuň üstünlikli we netijeli geçirilmegini arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, söwda we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ýurdumyzyň bu babatda horwat tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç- Radman birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdile ______________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
REŇKLERDÄKI POEZIÝAM

Täzelikler

07.10.2025

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi zalynda suratkeş Çarymyrat Ýazmyradowyň 50 ýaş toýy mynasybetli, “Reňklerdäki poeziýam” atly şahsy sergisi açylar. Ç.Ýazmyradowyň Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýetini şöhlelendirýän “Aýa döndi”, “Aýa sataşdym”, “Bakylyga”, “Mätäç eýleme”, “Dananyň ruhy”, “Bu derdi”, medeni mirasymyza we taryhy gymmatlyklarymyza bagyşlanan “Nusaý mirasy”, “Marguş”, “Gala”, “Marguş möhri”, şeýle-de “Soraglar adasy”, “Çynarlar”, “Päklik”, “Öwüşginler”, “Ylham perişdesi”, “Leýlisaç”, “Mejnun”, “Sazlaşyk”, “Gündogar hüwdüsi” ýaly dürli durmuş wakalaryny, rowaýatlary, halk döredijiligini wasp edýän 200-den gowrak nakgaşlyk eserleri sergide görkeziler. Esasan, simwolizm, romantizm akymlarynda işleýän suratkeşiň döredijiliginde onuň tebigata, ynsan durmuşyna, älem-jahana bolan özboluşly dünýägaraýşy ýüze çykýar. Çarymyrat Ýazmyradow 1995-nji Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebini, soňra 2001-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny üstünlikli tamamlaýar. Uzak ýyllaryň dowamynda ilki Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde, soňra Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda asylly mugallymçylyk kärini alyp barýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy wezipesinde zähmet çekip, milli şekillendiriş sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşýar. Çarymyrat Ýazmyradowyň dürli ýyllarda Özbegistan, Türkiýe Respublikasy, Azerbaýjan, Gazagystan, Russiýa Federasiýasy, Wengriýa, Hytaý Halk Respublikasy ýaly döwletlere döredijilik saparlary onuň çeperçilik tejribesini has-da baýlaşdyrdy. Ç.Ýazmyradow 1999-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen “Alty milliardynjy adamyň dünýä inmegi” atly bäsleşigiň ýeňijisi, 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn Asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. 2023-nji ýylda şekillendiriş sungatynda netijeli işi we hyzmatdaşlygy üçin Çarymyrat Ýazmyradow Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasynyň Altyn medaly, 2024-nji ýylda “Gazagystan Respublikasynyň Suratkeşler birleşigine 90 ýyl” ýadygärlik medaly bilen sylaglandy. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň halk suratkeşi, akademik Yzzat Gylyjowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sergi zalynda suratkeşiň döredijilik eserleriniň sergisini, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň halk suratkeşi, professor Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde suratkeşiň döredijilik eserleriniň sergisini we “Pyragydan ruhlanan ussat” atly halkara ylmy-amaly maslahatyny gurnamaklyga ýolbaşçylyk edýär. 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Aşgabat şäherinde Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň çäklerinde gurnalan Türki döwletleriň suratkeşleriniň I Şekillendiriş sungaty biýennalyna kuratorlyk etdi. Suratkeşiň 50 ýaş toýy mynasybetli gurnalan “Reňklerdäki poeziýam” atly şahsy sergisinde görkezilen eserler gyzykly taslama hem reňk çözgütlerine eýe bolup, tomaşaçylarda ýiti täsirleri galdyrar. Sergi oktýabr aýynyň 03-ne sagat 16:00-da açylyp, öz işini bir aý dowam eder.

No image
WENA ŞÄHERINDE GARAŞSYZLYGYNYŇ 34 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALY MEDENI KABUL EDIŞLIK GEÇIRILDI

Halkara gatnaşyklary

07.10.2025

2-nji oktýabrda Awstraýa Respublikasynyň Wena şäheriniň merkezinde ýerleşýän «Grand Hotel Wien» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan dabaraly syýasy-medeni çäre geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy Awstriýa-Türkmen Jemgyýetiniň goldawy bilen gurady. Bu medeni kabul ediş çäre Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň, Wena şäher häkimliginiň, Wenada akkreditlenen diplomatik korpusyň we halkara guramalarynyň wekilleri, Awstriýanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Awstriýanyň Ykdysadyýet palatasynyň ýolbaşçylary, kompaniýalaryň ýolbaşçylary, türkmen talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Agşamyň aýdym-saz maksatnamasy türkmen sazandalarynyň we aýdymçylarynyň halk sungatynyň eserleri bilen çykyşlary boldy. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň milli sungatynyň sergisi guraldy we milli tagamlar hödürlendi.

No image
TARYHDA GALAN GAHRYMANLAR

Kitaphanalar

07.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda 111 nji orta mekdebinde «Taryhda galan Gahrymanlar» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde mert pederleriň ruhuny kalbynda göterýän halkymyzyň geçmiş taryhyna bolan sarpasynyň beýikdigi, ata Watanymyzyň türkmen halkynyň taryhynda müdimilik yz galdyran wakalaryň mizemez sütüni höküminde bina edilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy nesilleriň arasyndaky özara baglanyşygyň beýanydygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň gahrymanlarynyň hakydasyny hatyralamak bolsa, ata-babalarymyzyň köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan çuňňur ynsanperwer ýörelgeleriniň biri bolup, türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy barada beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ŞYPALY ÖSÜMLIKLERIŇ YLMY ENSIKLOPEDIÝASY

Kitaphanalar

07.10.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň paýhas ummanyndan kemal tapan Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy ensiklopediýasynyň «Şypaly ösümlikleriň ylmy ensiklopediýasy» ady bilen giňişleýin sergisi guraldy. Kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň ähli ajaýyp eserleri bilen birlikde Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy kitaplaryny hem saglygy goraýyş işgärleriniň, giň okyjylar köpçüliginiň okamaklary üçin hemişelik sergiler hem hereket edýär. Şeýle-de sergide ýerleşdirilen ajaýyp ylmy kitaba syn berilende beýleki derman ösümlikleri bilen birlikde ýurdumyzyň milli baýlyklarynyň biri bolan buýan we onuň dermanlyk häsiýetleri barada maglumatlaryň berilmegi guwandyryjydygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda welaýatymyzda buýan kökünden alynýan Glisirrizin turşusyny öndürýän derman kärhanasynyň gurlup ulanylmaga berilendigi, bu bolsa, ýurdumyzyň milli baýlyklaryny halkymyzyň bähbidine, halkymyzyň saglygyna peýdalanmak boýunça uly işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip buýsanç bilen bellediler.

No image
NETIJELI GEÇEN DUŞUŞYK

Halkara gatnaşyklary

07.10.2025

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde Medeniýet ministriniň we syýahatçylyk müdirliginiň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Irlandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda bellenen Ilçisi Kler Brosna hem-de Irlandiýa Respublikasynyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ikinji sekretar-konsuly Karen Winsent arasynda iş duşuşygy geçirildi. Iş duşuşygynyň dowamynda Medeniýet ministri Türkmenistanyň Medeniýet ulgamynyň işi barada şeýle-de ýurdumyzyň medeniýeti, taryhy, aýdym-saz sungaty barada durup geçdi. Şeýle-de ýurtlaryň arasynda syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek üçin iki ýurtda syýahatçylyk boýunça geçirilýän sergilere we maslahatlara gatnaşmak teklip edildi. Myhman Kler Brosna öz çykyşynda ýurdumyzyň däp-dessurlarynyň, taryhynyň we Aşgabat şäheriniň arhitekturasynyň örän owadandygyny we özünde uly täsir galdyrandygyny belledi. Şeýle-de bu duşuşykdan soňra iki ýurduň arasynda medeni gatnaşyklaryň işjeň häsiýete geçjekdigini, iki döwletiň arasynda medeni we syýahatçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda örän wajyp bolup durýandygyny belledi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/36SAM.jpg)

No image
«ZENAN GÖZELLIGI EDEBINDE» ATLY WAGYZ-NESIHAT MASLAHATY GEÇIRILDI

Täzelikler

07.10.2025

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ýurt bähbitli içeri we daşary syýasatyny, eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyp gyzlaryň we zähmet çekýän zenanlaryň şeýle hem bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda wagyz etmek, olaryň Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň çäklerinde gender deňligi barada düşünjesini artdyrmak maksady bilen «Zenan gözelligi edebinde» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa zenan mugallymlary we talyp gelin-gyzlary gatnaşdylar. Wagyz-nesihat maslahatynda çykyş edenler ruhy we maddy gymmatlyklarymyz, milli däp-dessurlar, zyýanly endikleriň adamyň saglygyna ýetirýän ýaramaz täsiri, jenaýatçylygyň öňüni almak hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri, müňýyllyklardan gelip ýeten türkmen zenanlarynyň el işleriniň häsiýetli aýratynlyklary, türkmen zenanynyň maşgaladaky orny barada terbiýeçilik ähmiýetli manyly gürrüňleri berdiler. Maslahatyñ ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesilleri kämillik ruhunda terbiýelemekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmekde alyp barýan tutumly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler. ________________ Orazjahan MÄMMETDURDYÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 4-nji ýyl talyby

No image
HAKYDA-HALKYŇ RUHY BITEWÜLIGI

Täzelikler

07.10.2025

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW HATYRA GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRÄ GATNAŞDY 6-njy oktýabrda Hatyra gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine gatnaşdy. Bu gün 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar. Öten-geçenleri ýatlamak, edermen Watan goragçylaryny, tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleriniň biridir. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillere ýetirmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watan gahrymanlarynyň ruhlarynyň şat bolmagy dileg edilip, aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. ...Ir bilen ildeşlerimiz Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän, milli gahrymanlarymyza çäksiz sarpanyň nyşany bolan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna ýygnandylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy toplumyň öňündäki meýdança geldi. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Döwlet Baştutanymyz haly düşelen ýodadan ýöräp, bellenen ýere barýar. Hatyra çäresiniň başlanandygyny alamatlandyryp, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra tebigy betbagtçylykda pida bolanlar hem-de Watanyň azatlygy ugrunda şirin janyny orta goýan gahrymanlar baradaky halk hasratynyň özboluşly senasyna öwrülen gamgyn «Keçpelek» sazy ýaňlanýar. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, «Ruhy tagzym» ýadygärligine gül çemenini goýdy. Adamzadyň taryhynda iň weýrançylykly ýertitremeleriň biri bolan 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesi baradaky hasratly ýatlamalar halk hakydasynda baky ýaşaýar. Bu tebigy betbagtçylyk sähel pursatda gülläp ösýän şäheri hem-de onuň töwereklerini düýbünden weýran etdi, ildeşlerimiziň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesip, her bir maşgala öwezini dolup bolmajak ýitgileri getirdi. Şol aýylganç gijede döwlet Baştutanymyzyň garry atasy, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym, tutuş ömrüni ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapy kesildi. Aşgabat ýertitremesinde diri galanlar tutanýerliligiň, gaýduwsyzlygyň, synmaz erkiň belent nusgasyny görkezdiler. ______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
HATYRALANMAK MUKADDES DESSUR

Kitaphanalar

03.10.2025

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 26-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Hatyra güni mynasybetli «Hatyralanmak mukaddes dessur» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler ýurdumyzda edermen Watan goragçylaryny hem-de tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleri bolup durýandygy hem-de, olary hormat-sarpa bilen ýatlamak ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillere ýetirmekde ähmiýetiniň örän uludygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Hatyra güni mynasybetli gurnalan kitap sergisinde ýerleşdirilen kitaplar bilen tanyşdyryldy. Gürrüňdeşligiň ahyrynda şöhratly taryhymyzy öwrenmäge, ýaş nesillerimize wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.