logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
BILIM–BAGTYŇ ÇYRAGY

Kitaphanalar

15.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň gelmeginde «Bilim–bagtyň çyragy» atly gezelenç geçirildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda Medeniýet ulgamynyň bir bölegi bolan kitaphanalar ulgamyna aýratyn üns berildi. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda birnäçe döwrebap kitaphanalar gurulyp ulanylmaga berildi. Bu bolsa ýaşlaryň bilim almaga bolan yhlasyny höweslendirýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gurlup ulanylmaga berlen kitaphanalaryň ýene-de bir häsiýetli aýratynlyklarynyň biri hem onda asman giňişligine gözegçilik etmäge we öwrenmäge mümkinçilik döredilen. Şeýle döwrebap kitaphanalaryň biri bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy häzirki zaman ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilip, dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertlerde öz okyjylaryna hyzmat edýär. Häzirki wagtda elektron kitaplar, okyjylar köpçüligi tarapynda giňden peýdalanylýar. Gezelenjiň ahyrynda ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
DÖWLET KITAPHANANYŇ DÖREDILMEGINIŇ 130 ÝYLLYGY

Kitaphanalar

15.09.2025

Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň döredilmeginiň 130 ýyllygyna bagyşlanyp baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda halypa kitaphanaçylar bilen medeniýet sungat işgärleri Döwlet kitaphananyň geçen ýoly, taryhy barada seýle-de ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasy bolan kitaphanalar barada gyzykly gürrüňler etdiler. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar dabaranyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza kitaphana işini kämilleşdirmek döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin öz alkyşlaryny aýtdylar.

No image
GARAŞSYZLYK-GÖZLERIMIZIŇ GUWANJY, ŞONUŇ BILEN BERKDIR WATAN DAÝANJY

Kitaphanalar

15.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk-gözlerimiziň guwanjy, şonuň bilen berkdir Watan daýanjy» ady bilen “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygy” seýilgähinde göçme kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ak arzuwlar, belent maksatlar bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk, toýunyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýlarynyň uly ruhybelentlik bilen bellenilip geçilýändigi, ýurdumyz Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplygyna eýe bolanyndan soň mähriban Diýarymyzda dabaraly toý tutulyp, baýram edilip bellenilýän şanly seneler halkymyzyň her biriniň ýürek buýsanjyna, milli mertebesine, guwanjyna çäksiz söýgüsine öwrülendigi barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary Watanymyzy, şanly Garaşsyzlygymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň milli ýörelgesini kemala getiren, pederlerimiziň ýörelgelerine we göreldelerine eýerip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni ösüşlerden ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MUKADDES GARAŞSYZLYK–BAKY BAGTYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

15.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Mukaddes Garaşsyzlyk–baky bagtyň gözbaşy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatçylyk mukamy bolup ýaňlanýandygyny, türkmen ruhynyň we mertebesiniň täzeden dabaralandyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şanly Garaşsyzlyk ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji, Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmesi, bagtyýar geljeginiň buşlukçysydygy barada belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Watanmyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr-sazlary ýerine ýetirdiler, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Berkarar diýarymyzy, beýik ösüşlere, ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÖMRÜŇ BIZE NUSGALYKDYR PYRAGY

Edebiýat älemi

15.09.2025

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasy “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak“ ýylynda bellenilen meýilnama esasynda “Ömrüň bize nusgalykdyr Pyragy” ady bilen sergi we söhbetdeşlik geçirildi. Akyldar şahyrymyza bagyşlanyp gurnalan bu sergi oňa gatnaşan talyp-ýaşlarda has hem uly gyzylnama döretdi. Çäräniň başynda kitaphana hünärmenleri Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly-Dünýäniň akyldary” atly kitabyndaky: ” Magtymguly Pyragy-beýik hormata mynasyp ussat. Ol öz eserlerine tutuş dünýäni we durmuşy siňdirip, adamzada söýgini sygdyryp bilen akyldardyr. Asyrlar aýlanyp, ýyllar kerwen gurap geçse-de, biz türkmen danasy, dünýä akyldary Magtymguly Pyragydan daşlaşmaýarys. Arassa parasat, dury paýhas, üstünden eýýamlaryň geçendigine garamazdan, lagyl-göwher kimin şöhle saçyp durýar” diýen parasatly jümlelerini ýatlamak bilen başladylar. Hakykatdandan-da Magtymguly Pyragynyň goşgulary bize ýaşaýşyň manysyny hem-de ömrümiziň esasy wezipelerini kesgitlemäge kömek edýär. Şahyryň döredijiligi ynsan terbiýesinde uly ähmiýetli orna eýedir. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimyhamedow “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly pähim-paýhaslar kitabynda:”Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr” diýip belläýär. Çünki bu gün Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy-ynsan terbiýesiniň gözbaşy hökmünde çykyş edýär. Akyldaryň edebi mirasynyň ömürlere nusgalyk edilip öwrenilmeginiň baş maksady-şahyryň öňe sürýän pikirlerine dogry düşünip bilmekden hem-de ony durmuşda amal etmekden ybaratdyr. Ussat şahyryň eserlerinde saglygyň gadryny bilmek, maşgalanyň, iliň-günüň agzybirligi, milletiň bitewüligi hem-de döwletiň berkararlygy, ahlak gatnaşyklary hem-de bu barlyga akyl ýetirmek we ş.m ençeme meseleler baradaky, öwüt-nesihatlary görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda beýik şahyrymyzyň döredijiligini düýpli öwrenmek we ony ýörelge edinmek, geljekki nesillere ýetirmek barada köp tagallalar edilýär. Dünýäde watansöýüjilige, dostluga, edermenlige çagyrýan ajaýyp eserleri bilen belli bolan Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň gözel paýtagtymyz Aşgabatda goýulmagy, beýik Magtymgulynyň edebi mirasyny wagyz etmek, halkara gatnaşyklary we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmekde ähmiýetli orna eýe bolýandygy, ondan başga-da, daşary ýurtlarda hem dana Pyragynyň heýkeliniň goýulmagy ynsan terbiýesine täsir etmegiň çeşmesi hökmünde çykyş edýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi pedagogika ylmynda öňe çykýan meseleleri çözmekde hem uly ähmiýete eýedir. Adamlaryň oňat ýaşamaklary üçin şahyr niýetiň düzüw bolmalydygyny belleýär, şeýle-de “Myradym nesihat etmekdir halka” diýip, sözüni dowam etdirip, döwürdeşleriniň ahlak gatnaşyklarynyň manyly ömre gulluk etmegi üçin aladalanýar. Akyldar “Ýetmeýän galmaz” atly şygrynda “Yhlas bilen bir kämile gol bergen, Ýeter bir menzile, ýetmeýen galmaz” -diýýär. Şahyr “Bolar sen” atly şygrynda ynsanyň ylym bilen taplanmagyny ündäp: Ýagşylar ýanynda ýörgül sen özüň, Dür bolsun daýyma sözlegen sözüň, Alymlara uýsaň, açylar gözüň, Jahyllara uýsaň, kör dek bolar sen! -diýýär. Oňat gylyklaryňa özüň gözegçilik etmek, ony jylawlap saklamak wajypdyr. Dana atamyz Magtymguly Pyragy bakylygyň şahyrydyr. Ýüzýyllyk geçensoň hem şahyrymyzyň her bir sözi, oý-pikiri, setirleri onuň içgi oý pikirlerini, ýüreginiň urgusyny, duýgusyny, onuň ýürek tolgunmalaryny biziň günlerimize alyp gelýär. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar. Maral NURYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri

No image
DÖWREBAP SEÝILGÄH PAÝTAGTYMYZYŇ GÖRKÜNE GÖRK GOŞÝAR

Täzelikler

15.09.2025

13-nji sentýabrda paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Bu döwrebap seýilgähiň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ulanmaga berilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, bagtyýar körpe nesiller gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzda medeni-durmuş maksatly desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň göwnejaý dynç almaklary, wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şu gün açylyp ulanmaga berlen seýilgäh hem munuň aýdyň beýanydyr. Seýilgäh adamlaryň, hususan-da, çagalardyr ýaşlaryň döredijilik bilen meşgullanmaklarynda, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli berjaý etmeklerinde wajyp ähmiýete eýedir. Munuň özi olaryň beden taýdan kämil ösmegine, döredijilik ukyplaryny artdyrmaga ýardam berýär. Ýaş nesil baradaky alada ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýaşlaryň ruhy hem beden taýdan kämil bolmagy Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýadydyr. Bu bolsa Türkmenistany belent sepgitlere ýetirmek üçin çagalaryň ösüşi babatda ähli şertleriň göz öňünde tutulmagy, aýratyn-da, olaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri bilen berk baglanyşyklydyr. Seýilgähiň ýerleşýän ýeriniň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakda uly täsiriniň bardygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak bilen bagly meselelere aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler ekologiýa bilen aýrylmaz baglydyr. Munuň özi geljek nesiller üçin durnukly, arassa tebigy gurşawy döretmegi maksat edinýär. ...Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, şadyýan çagalaryň hem-de ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň şanly waka mynasybetli taýýarlan çykyşlaryna tomaşa etdiler. Soňra dabara gatnaşyjylara söz berildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, döwrebaplaşdyrylan seýilgähiň açylyp ulanmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesiniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň abadan durmuşy baradaky aladalary üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Soňra dabaraly ýagdaýda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň açylyş toý bagy kesildi. Şol pursat ak kepderi şekilindäki şarlar we ak kepderiler asmana uçuryldy. Täze seýilgähde paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň dynç almaklary üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Şeýle hem bu ýerde çagalaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ýörite meýdançalar, güller, dürli baglar ajaýyp sazlaşygy döredýär. Welosiped ýodalary, dynç alyş bassyrmalary we beýleki gözellikler ähli ýaşdaky raýatlaryň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün eder. Soňra döwrebaplaşdyrylan seýilgähiň açylyş dabarasy mynasybetli dürli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Çagalar skripkaçylar toparynyň we erteki gahrymanlarynyň, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň çykyşlary, mekdep okuwçylarynyň surat çekýän pursatlary bagtyýar çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Dabaranyň çäklerinde döredijilik we sport bäsleşiklerine gatnaşyp, ýeňiji bolan çagalary sylaglamak dabarasy ýatda galyjy pursatlara beslendi. Olara hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Bagtyýar çagalar özleri barada edilýän aladalar üçin döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýlelikde, bu şanly waka hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça başy başlanan işleriň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

No image
AŞGABATDA DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ XXVI MASLAHATY GEÇIRILDI

Täzelikler

15.09.2025

13-nji sentýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senäniň-Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelen wekiliýet toparlary gatnaşdylar. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň (DTYB) her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen maslahatyna dünýäniň çar künjeginde ýaşaýan watandaşlarymyzyň işjeň gatnaşmagy döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän beýik başlangyçlaryň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Maslahat paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň esaslandyrylmagy we onuň işiniň Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhy döwri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolmagy ýurdumyzda halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, dürli ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklar häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýär. Bu bolsa parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giň gerime eýe bolmagyny şertlendirýär. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan, halkymyzyň baý medeni mirasyny, taryhyny, özboluşly däp-dessurlarynyň köpöwüşginliligini açyp görkezýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisini synladylar. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryna möhüm orun berlipdir. Bu eserler halkymyzyň Watanymyza, onuň geçmişine, häzirki bagtyýar döwrüne guwanç duýgularyny artdyrýar. Daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen alnyp barylýan işleriň mazmuny we ugry ýylyň-ýylyna giňeldilýär. Birleşigiň agzalary öz ýaşaýan ýerlerinde dürli çäreleri guraýarlar. Bu günki gün DTYB döwletimiziň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny dünýäde wagyz etmekde, taryhyny, dilini öwrenmekde aýratyn orny bolan abraýly gurama öwrüldi. Şeýle hem sergide milli senetçileriň, şol sanda türkmen zenanlarynyň zehininden dörän dürli önümler, amaly-haşam sungatynyň eserleri, kümüş şaý-sepler görkezildi. Gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünärinden kemala gelýän halylardyr keşdeler hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Şanly senelerdir dabaralaryň çäklerinde giň möçberli sergileriň guralmagy halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmegiň netijeli ýoly bolup durýar.

No image
PARAHATÇYLYK ÝÖRELGELER ROWAÇLANÝAR

Täzelikler

13.09.2025

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan çuňňur içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Sentýabr aýynyň 13-ne Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramasynda «Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI» maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda guralýan foruma dünýäniň dürli döwletlerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, birleşigiň daşary ýurtly agzalary, şeýle-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinden birleşigiň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň hoşniýetli, dostlukly, giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen alnyp barylýan gatnaşyklaryň mazmuny we ugurlary ýyl-ýyldan artýar. Türkmen halkynyň milli medeniýetini, däp-dessuryny dünýäniň ýüzünde wagyz etmekde we onuň taryhyny, dilini öwrenmekde birleşigiň daşary ýurtly agzalary öz ýaşaýan ýurtlarynda dürli çäreleri yzygiderli guraýarlar. Maslahatyň çäginde Jemgyýetçilik guramasynyň merkezi eýwanynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň milli gymmatlyklary bolan şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk we amaly-haşam sungaty ugurlaryna degişli eserleriniň sergisi giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Serginiň gymmatlyklary türkmen halkynyň taryhyny, däp-dessuryny, häzirki döwürde ösüşiň täze derejesine çykan özboluşly sungatyny we ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berýär. Bu döredijilik sergisi maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýörelgelere eýerip, dünýäde ýaşaýan türkmen doganlarymyz bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Tawus GARAJAÝEWA Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ylym bölüminiň uly ylmy işgäri

No image
HALK MASLAHATY – GARAŞSYZLYGYMYZYŇ BINÝADY

Täzelikler

13.09.2025

Ýakynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýazgy jaýynda «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» diýip yglan edilmegi hem-de Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna bagyşlanan «Saba turup, Watan, seni çaglar men» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň ösüş ýolunda taryhy, syýasy we jemgyýetçilik taýdan aýratyn ähmiýete eýe bolmagy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurt ähmiýetli işlerinde kabul edilýän çözgütler halkymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmäge, milli döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendigi, şeýle hem, Halk Maslahaty öz many-mazmuny boýunça halkyň sesiniň beýgelýän münberi, syýasy durmuşymyzyň demokratiýalaşmagynyň nyşany we agzybirligimiziň berk binýatdygyny belläp geçdiler. Häzirki wagtda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler yzygider geçirilip Bitaraplyk syýasaty, Türkmenistanyň ähli döwletler bilen deňhukukly, özara hormat goýmak we içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyna mümkinçilik berýär. Bu ýörelgeler, halkara gatnaşyklarynda durnuklylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ýardam etmegi hakynda talyp ýaşlar öz çykyşlarynda aýdyp geçdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Garaşsyzlyk milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatçylyk mukamy bolup ýaňlanýandygyny, türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralandyrylýandygy barada, şeýle-de şanly Garaşsyzlyk ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji, Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmesi, bagtyýar geljeginiň buşlukçysydygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynda «Saba turup, Watan, seni çaglar men» diýen goşgusynda Watanyna, dogduk mekanyna bolan çuňňur söýgüsini, watansöýüjilige, ynsanperwerlige, parahatçylyga, dost-doganlyga çagyrýan çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Hut şu ýörelgeler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirip, türkmen diplomatiýasynyň dowamatlylygynyň çeşmesi bolup dowam etdirilýär diýip söhbetdeşligiň dowamynda agzalyp geçildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda talyp ýaşlar ýurdumyzda döredijilikli zähmet çekmäge ähli şertleriň döredilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Laçyn JÜMMIÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň ylym bölüminiň başlygy

No image
BALLADA SAZ ESERLERI

Edebiýat älemi

13.09.2025

Saz sungatynda duş gelýän ballada žanry türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň dürli döwürleriniň wekilleriniň ünsüni özüne çekipdir. Edebiýatda bu žanr taryhy, söýgi, maşgala we durmuşy mazmunly goşgy setirleriň üsti bilen bir zady gürrüň bermek ýaly özboluşlylyga eýedir. Kompozitorlaryň irginsiz gözlegleriniň netijesinde ballada žanry saz sungatynda hem mynasyp ornuny tapdy. Sazyň esasy iki — wokal we instrumental ugry boýunça ballada žanryna ýüzlenmeklik XIX asyrdan dowam edip gelýär. Türkmen kompozitorlary tarapyndan bu žanra ýüzlenip döredilen eserleriň ençemesi bar. Kompozitor Nury Halmämmedow bu žanra ussatlarça ýüzlenmegi başarypdyr. Şahyrlar G.Bäşiýewiň «Gahrymanlar hakynda ballada», G.Ezizowyň «Gyzyl otrýad hakynda ballada», H.Gurdowyň «Uruş we parahatçylyk hakynda ballada» ýaly goşgularyna döreden ajaýyp eserleri uly üstünlige eýedir. «Gahrymanlar hakynda ballada» eserini diňläniňde, onda Nury Halmämmedowyň ýiti zehini aýdyň duýulýar. Watan üçin başyny goýan şir ýürekli ýigitleriň edermenligini beýan edýän setirler kompozitoryň millilige ýugrulan saz dili bilen sazlaşykda ýaňlanýar. Güýçli basymlary aýdyň duýulýan 7/8 ölçeg, halk sazlarymyza mahsus kyrklar perdesi eseriň milli äheňini açyp görkezýär. Türkmen radiosynyň arhiwinde saklanýan Nury Halmämmedowyň bu meşhur eseri Saparmyrat Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky «Gökdepe mukamy» ady bilen belli bolan aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde täsirli ýaňlanýar. Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrowyň G.Ezizowyň sözlerine «Oýlanma», «Sag bol, ene mekan» ýaly romanslary Türkmenistanyň at gazanan artisti Sapar Mommadowyň ýerine ýetirmeginde il arasynda adygan eserlere öwrüldi. «Oýlanma» eserinde özüniň ýoklugynda aý-günleri yzyna tirkäp gelýän pasyllaryň öňküsi deý aýlanyp, tebigatyň öňküsi ýaly ýaşamagyny dowam etdirjekdigine garamazdan, söwer ýarynyň geçirjek kyn günlerine göz ýetiren ýigidiň oýlanmasy beýan edilýär. Halypa kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň ballada žanrynda şahyr Annaberdi Agabaýewiň goşgusyna döreden «Ene elleri hakynda balladasy», Mylly aga bagyşlap döreden balladasy wokal aýdymçylarymyzyň döredijiligini bezän eserlerdir. Şirin owazly eserlerde gudratly ene elleriniň, Mylly aganyň dutarynyň jadylaýjy owazynyň waspy belentden ýaňlanýar. Eserleriň meşhurlyga eýe bolmagynda olaryň ilkinji ýerine ýetirijileriniň biri Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanowyň mynasyp goşandy bardyr. Ballada žanry özbaşdak eser hökmünde türkmen kinofilmlerinde hem öz ornuny tapdy. «Aýgytly ädim» kinofilminde Aýnanyň balladasy muňa mysaldyr. Mähriban JUMAÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy «Edebiýat we sungat» gazeti