logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
HALK MASLAHATY–TÜRKMENISTANDA HALK HÄKIMÝETINIŇ YGTYBARLY SÜTÜNI

Kitaphanalar

05.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Halk Maslahaty–Türkmenistanda halk häkimýetiniň ygtybarly sütüni» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýetiň we döwletiň ösüşine, mähriban halkymyzyň aýdyň geljegine we her bir raýatyň ajaýyp durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işleriň durmuşa geçirilmeginde aýratyn ornunyň bardygyny gürrüň berdiler. Şeýle-de hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz günsaýyn özgerýändigini, halkymyz Garaşsyz döwlet barada köp asyrlaryň dowamynda eden arzuwlarynyň hasyl bolanyna ýene sanlyja günlerden 34 ýyl dolýandygyny, bu bolsa Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ýerlerinde baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýandygy barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda şu günki bagtyýar durmuşymyzyň, nurana geljegimiziň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
ÝOL HEREKETINI HÖKMAN BERJAÝ EDELIŇ

Kitaphanalar

05.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri we Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 21-nji terbiýeçilik orta mekdebinde ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen «Ýol hereketini hökman berjaý edeliň» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz çagalar bilen ýoly geçmek üçin ýol yşygyna seretmegiň, şäheriň köçelerindäki geçelgelerden ýol hereketiniň kadalary boýunça geçmegiň, ýanýodalardan ýöremegiň hem-de ýerasty geçelgelerden geçmegiň düzgünleri boýunça sorag-jogap alyşdylar köçelerde ulaglaryň şeýle-de pyýadalaryň berjaý etmeli düzgünleri, ýerine ýetirmeli hereketleri barada bilesigeliji çagalara täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de ýol yşygy we dürli ýol belgileri, olaryň aňladýan manylary barada düşündirdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda asuda, parahat, abadan ýurdumyzda raýatlaryň rahatlygy we howpsuzlygy ugrunda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
«GÖROGLY» EPOSY «USSAT DESSANÇYLARYŇ AÝDYM-SAZ HAZYNASYNDA» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT WE KONSERT GEÇIRILDI

Medeni miras

05.09.2025

«Görogly» eposy edebi-çeper gymmatlyklarymyzyň naýbaşy nusgalarynyň biridir. Türkmen halkynyň taryhyny, watansöýüjilik we ynsanperwerlik häsiýetlerini özünde jemleýän bu eseriň biziň günlerimize gelip ýetmeginde dessançy bagşylara uly orun degişli. Bagşylaryň dessan aýtmak däbini nesilden-nesle geçirip gelen Daşoguz welaýatynyň bagşylarynyň bu ugurda bitiren hyzmatlary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Dessançylyk sungatynyň ajaýyp nusgasy bolan bu epos bagşylaryň dilinde dessan bolup dünýäni aýlanýar. Çünki, agzybirligi, adalatlylygy, dost-doganlygy ündeýän bu uly göwrümli eser umumadamzat gymmatlygy hem-de özboluşly terbiýeçilik mekdebidir. Bagşydan sesiniň, ýatkeşliginiň we ýerine ýetirijilik ussatlygynyň ýokary derejesini talap edýän dessançylyk sungaty köpasyrlyk taryha eýe bolan sungatdyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkyň ömürlik hemrasyna öwrülen bu ajaýyp sungatymyzy dünýä ýaýmakda, özboluşly ussatlygy bilen tanalýan dessançy bagşylarymyzyň döredijiligini öwrenmekde we olaryň esasyny goýan halypa-şägirtlik mekdebini döwrebap ýollar bilen ösdürmekde ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/27412.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/27413.jpg) Şol maksatdan ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda, Daşoguz welaýatynyň Bagtyýar zaman oba medeniýet öýünde Pälwan bagşynyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Palta Garaýewiň, Sülgün Meretgeldiýewanyň ömri-döredijiligine bagyşlanan «Görogly» eposy ussat dessançylaryň aýdym-saz hazynasynda» atly ylmy-amaly maslahat we konsert geçirildi. Maslahatda dillerde dessan bolan «Görogly» eposy, onuň türkmen milli dessançylyk sungatynda tutýan orny, ussat dessançylar Pälwan bagşynyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Palta Garaýewiň, Sülgün Meretgeldiýewanyň durmuş ýoly we nesillere galdyran aýdym-saz mirasy barada täsirli çykyşlar edildi. Maslahat welaýatyň dessançy bagşylarynyň konserti bilen utgaşdy. Konserte dessançy bagşylar gatnaşyp, meşhur «Görogly» eposynyň şahalaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu ýerde bagşyçylyk sungatyna bagyşlanan sergi hem gurnaldy. «Görogly» eposy ussat dessançylaryň aýdym-saz hazynasynda» atly ylmy-amaly maslahatyna we konsertine gatnaşan medeniýet we sungat işgärleri türkmen milli aýdym-saz sungatynyň taryhynda ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tanalýan halypa bagşy-sazandalaryň sarpasyny belende galdyran, bu gadymy sungatyň dünýä derejesinde dabaralanmagynyň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler. Ogultäç HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY TAMAMLANDY

Täzelikler

05.09.2025

3-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy. Pekiniň Týananmen meýdançasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde dabaraly harby ýöriş geçirildi. Bu dabaraly ýöriş Hytaýyň parahatçylyga, milli gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamaga ygrarlydygynyň beýany boldy. Häzirki wagtda hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara giňişlikde parahatçylyk döredijilikli ornuny üpjün edýän daşary syýasatynyň binýadyna öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen bu hukuk ýagdaýy ýurdumyza sebit we ählumumy meseleleri kadalaşdyrmakda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge ýardam berýär. Hemişelik Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň esasy sütünleri bolup durýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär, öňüni alyş diplomatiýasy bolsa bu syýasatyň logiki dowamy bolup, ýurdumyzyň gapma-garşylyklaryň öňüni almaga gönükdirilen işjeň strategiýasydyr. Bu iki ýörelge özara berk baglanyşyklydyr. Bitaraplyk ynanyşmak üçin binýady döretse, öňüni alyş diplomatiýasy ony durmuşa geçirmegiň guraly bolup durýar. Türkmenistan gepleşikler üçin bitarap meýdança hökmünde çykyş edip, dialog üçin şertleri döretmäge çalyşýar.

No image
BITARAPLYK-BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

04.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Bitaraplyk- bagtymyzyň gözbaşy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Garaşşyz hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň, abadançylygyň mekanydygy, asuda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler bolsa, halkyň abadan durmuşy, bagtyýarlygy bilen gönüden–göni baglanyşyklydygy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, umumadamzat bähbitli ýörelgeleri dünýä içre giň goldawa eýe bolýandygy barada hykynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň belende göterilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň aýdyň netijesidigi, munuň özi ýurdumyzyň geljeginiň aýdyňlygy, parahatçylygyň, abadançylygyň nyşanydygy barada beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda baky Bitaraplyk hukuk derejämizi, parahatçylyk ýoluny mynasyp dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAP–BILIMLER UMMANY

Kitaphanalar

04.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby esgerleriniň gatnaşmagynda «Kitap–bilimler ummany» ady bilen kitaphana gezelenji gurnaldy. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bilime, ylyma giň ýol açylandygy, kitap-adamzat nesliniň irki taryhy çeşmelerinden başlap häzirki döwrüň maglumatlaryny özünde jemleýän düýpsüz bir hazynadygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halky kitaba, söze, paýhasa uly sarpa goýýandygy, okamak ynsanyň kämilleşmegine, öz-özüne akyl ýetirmegine, dünýä düşünmegine ýardam edýändigi barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda parahatçylygyň we abadançylygyň gymmatlygyna, döwrüň öňegidişliklerine akyl ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
SUWY TYGŞYTLAMAK-TEBIGATY GORAMAK

Muzeýler

04.09.2025

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň guramagynda «Merkezi Aziýada howanyň täsirini nazara almak bilen suw serişdelerini dolandyrmak» atly maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bäsleşigiň jemi jemlendi. Bu bäsleşikde Amyderýa derýasyna bagyşlanan suratlar, fotosuratlar, gaýtadan işlenilen materiallardan hem-de toýundan ýasalan şekiller sergimizde uly orun aldy. Serginiň ahyrynda bäsleşigiň ýeňijileri dabaraly ýagdaýda sylaglandy. Tebigaty goramak ugrunda alyp barýan işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeli menzilleri rowaçlyklara beslensin! ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/22.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/33.jpg)

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY TAMAMLANDY

Täzelikler

04.09.2025

3-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy. Pekiniň Týananmen meýdançasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde dabaraly harby ýöriş geçirildi. Bu dabaraly ýöriş Hytaýyň parahatçylyga, milli gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamaga ygrarlydygynyň beýany boldy. Häzirki wagtda hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara giňişlikde parahatçylyk döredijilikli ornuny üpjün edýän daşary syýasatynyň binýadyna öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen bu hukuk ýagdaýy ýurdumyza sebit we ählumumy meseleleri kadalaşdyrmakda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge ýardam berýär. Hemişelik Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň esasy sütünleri bolup durýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär, öňüni alyş diplomatiýasy bolsa bu syýasatyň logiki dowamy bolup, ýurdumyzyň gapma-garşylyklaryň öňüni almaga gönükdirilen işjeň strategiýasydyr. Bu iki ýörelge özara berk baglanyşyklydyr. Bitaraplyk ynanyşmak üçin binýady döretse, öňüni alyş diplomatiýasy ony durmuşa geçirmegiň guraly bolup durýar. Türkmenistan gepleşikler üçin bitarap meýdança hökmünde çykyş edip, dialog üçin şertleri döretmäge çalyşýar. Ýurdumyz halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG, sebit we halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Türkmenistan öz parahatçylyk döredijilikli syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählumumy howpsuzlyga, durnukly ösüşe goşant goşýar. Şeýle çemeleşme diňe sebit gün tertibi bilen çäklenmän, eýsem, has giňişleýin halkara başlangyçlarda hem öz beýanyny tapýar. Döwletimiz ählumumy ähmiýeti bolan birnäçe esasy ugurlar boýunça teklipler bilen çykyş edýär. Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli işi diňe bir syýasy we diplomatik başlangyçlar bilen çäklenmeýär. Bu ugurda ykdysady diplomatiýa hem möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi energetika howpsuzlygy bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly taslamalar ykdysady başlangyçlaryň parahatçylyk döredijilikli maksatlara hyzmat etmeginiň aýdyň mysalydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň ykdysadyýetiniň ösmegine, ýurtdaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga şert döreder. Türkmenistan Merkezi Aziýany Kawkazyň üsti bilen Ýewropa bilen birleşdirýän «Lapis Lazuli» üstaşyr ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamalara işjeň gatnaşýar. Munuň özi sebit söwdasyny we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.

No image
2025-nji ýylyň 5-7-nji sentýabry aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi

Teatr we kino dünýäsi

03.09.2025

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 07.09.2025ý. «Giýewleriň bäsleşigi» sagat 19:00 TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 06.09.2025ý. «Gurbannazar Ezizow» sagat 19:00 07.09.2025ý. «Gurbannazar Ezizow» sagat 19:00 TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 06.09.2025ý. «Yşk mekany Hindistan» sagat 19:00 07.09.2025ý. «Magnitafon» sagat 19:00 A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 05.09.2025ý. «Пришел мужчина к женщине» sagat 19:00 06.09.2025ý. «Колобок» sagat 12:00 06.09.2025ý. «Одна испанская ночь» sagat 19:00 07.09.2025ý. «Али-Баба» sagat 11:00 07.09.2025ý. «Али-Баба» sagat 13:00 07.09.2025ý. «Сестры» sagat 19:00 TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 06.09.2025ý. «Arşyn mal alan» sagat 19:00 07.09.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 06.09.2025ý. «Saňa ýalan maňa çyn» sagat 18:00 07.09.2025ý. «Zor aýakdan tebip bolan» sagat 18:00 TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 06.09.2025ý. «Alýaňak» sagat 17:00 06.09.2025ý. «Çagaly öý bazar» sagat 19:00 07.09.2025ý. «Balykçy we balyjak» sagat 12:00 07.09.2025ý. «Balykçy we balyjak» sagat 17:00 07.09.2025ý. «Jüýteniň toýy» sagat 19:00 BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 05.09.2025ý. «Bir aždarha bar eken» sagat 17:00 06.09.2025ý. «Gülki sowgady» sagat 19:00 07.09.2025ý. «Kämillik ýoly» sagat 19:00 DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 06.09.2025ý. «Saňa ýalan maňa çyn» sagat 18:00 07.09.2025ý. «Ýylgyran ýüze ýygyrt düşmez» sagat 18:00 LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 06.09.2025ý. «Gaýyn ene» sagat 19:00 07.09.2025ý. «Gaýyn ene» sagat 19:00 MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 06.09.2025ý. «Ynsanlygyň göwher gaşy» sagat 19:00 07.09.2025ý. «Müneçjim» sagat 19:00

No image
PARAHATÇYLYGYŇ AÝDYŇ ÝOLY

Täzelikler

03.09.2025

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda mugallymlaryň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetine hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň şäherlerimizi we obalarymyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan nusgalyk işlerine bagyşlanyp «Türkmenistanyň Halk Maslahaty–milli döwletliligiň dabaralanmasy» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.