logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNDA GEÇIRILEN SIMPOZIUM

Täzelikler

16.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz oňyn özgertmelere tarap ýola batly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylyk etmeginde dürli ýurtlar bilen medeni gatnaşyklary barha giňeltmekde we güýçlendirmekde uly işler alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyñ 15-16-na Täjigistan Respublikasynyň prezidentiniň yglan eden “Täjigistan respublikasynda 2024-2028-nji ýyllar üçin Şaşmakom, Falak sungaty we “halypa-şägirt” däbini ösdürmek boýunça maksatnamasynyñ” çäginde gurnalan “Falak we döwlet garaşsyzlygy: galkynyşdan dünýä ykrar edilişe çenli” atly bäşinji halkara simpoziumy geçirildi. Halkara “Falak” simpoziumy Täjigistan Respublikasynyň 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda çykaran karary bilen geçirilip gelinýär. Onuň esasy maksady ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen “Falagyñ” ýerine ýetiriliş sungatyny kämilleşdirmek we ony ylmy tarapdan öwrenmekdir. 2012-nji ýylda Duşanbe şäherinde geçirilip, onda Täjigistan Respublikasynyň dürli regionlaryndan, Merkezi Aziýa döwletlerinde, Hytaý we Russiýa Federasiýasyndan ýerine ýetirijiler çykyş etdiler. Bu ýyl hem Simpoziuma Özbegistan, Azerbeýjan, Türkmenistan döwletlerinden myhmanlar gatnaşdylar. Biziň döwletimizden Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynynyň “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Şemşat Annagylyjowa “Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde gündogar we türkmen saz däpleriniň arabaglanyşygy”, “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Zulfiýa Jumagulyýewa “Türkmen halk sazynda mukam žanry” atly temalary bilen onlaýn efir arkaly çykyş etdiler. Konserwatoriýanyñ mugallymlary öz çykyşlarynda türkmen saz sungatynyñ Gundogar medeniýeti bilen bolan ýakyn arabaglanyşyklar barada aýratyn nygtap geçdiler. Çykyşlar diñleýjilerde uly gyzyklanma döredip, türkmen medeniýetiniñ özboluşly aýratynlyklaryna ýokary baha berildi. Şeýle halkara festiwallar, simpoziumlar medeni gatnaşyklaryň berkemeginde we ösüp gelýän ýaş nesillere saz mirasymyzy birkemsiz öwretmekde uly mümkinçilikleri döredýär. _____________________ Ogulnur NAZAROWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmenmilli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň 4-nji ýyl talyby

No image
ZENAN GÖZELLIGI EDEBINDE

Täzelikler

16.10.2025

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ýurt bähbitli, halk ähmiýetli içeri we daşary syýasatyny eziz Diýarymyzyň belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzy ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyp gyzlaryň we zähmet çekýän zenanlaryň şeýle hem bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda wagyz etmek, olaryň Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň çäklerinde gender deňligi barada düşünjesini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Zenan gözelligi edebinde» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

No image
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY WE TÜRKMENISTAN: HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY SÜTÜNIDIR

Täzelikler

16.10.2025

Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynda «Birleşen Milletler Guramasy we Türkmenistan: halkara hyzmatdaşlygyň esasy sütünidir» atly wagyz-nesihat maslahaty we kitap sergisi gurnaldy. Bu wagyz-nesihat maslahatynda Bitarap Döwlet hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdürilen daşary syýasaty durmuşa geçirýän ýurdumyzyň tutuş adamzat ähmiýetli işleri, tagallalary baradaky çykyşlara giň orun berildi. Çäräniň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwürde ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şeýle-de abraýly halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklaryny, parahatçylyk söýüjilige, ynanyşmaga, birek-birege hormat goýmaga, özara bähbitlilige, deňhukuklylyga esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini yzygiderli bellediler. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Amerikanyň Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrmagy we onuň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş etmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy giňden dabaralanýan ýylynyň taryhy wakalarynyň biri boldy. Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasydaky çykyşynda Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ekologiýa we howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça işleri dowam etdiriljekdigini, bu meselelerde howpsyzlygy üpjün etmegiň, howa ekologiýa we tehnogen hadysalara gözegçilik etmegiň köptaraplaýyn gurallaryny döretmek boýunça binýatlaýyn çemeleşme hökmünde yzygiderli esasda garalmagyny maksat edinýändigini bellemegi we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek barada Türkmenistanyň başlangyjyny öňe sürmegi aýratyn bellemäge mynasypdyr. Soňky ýyllarda Türkmenistan döwletimiz milli derejede ekologiýa babatda zerur işleri alyp barýar we bar bolan meseleleriň çözgüdine, Hazar deňzinde ekologik taýdan ýaramaz täsirleriň öňüniň alynmagyna goňşy ýurtlar, hyzmatdaşlar hem-de halkara guramalar, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen ýygjam gatnaşykda täzeçil çemeleşmeleri öňe sürýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Aralýaka sebitiniň ekologik ýagdaýynyň sagdynlaşmagy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär.Ýurdumyzda her ýyl Hazar deňziniň güni bellenilip, onuň çäklerinde maslahatlar, gepleşikler we beýleki çäreler guralýar. Döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen esasy wezipeleriň hatarynda “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek ileri tutylýan ugur bolup durýar. Berkarar döwletimizde tebigatyň serişdelerinden rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawa zyýan ýetirmezlige yzygiderli üns berilýär. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasy tarapyndan gurnalan kitap sergi bilen tanyş boldular. Bu gurnalan kitap sergisi oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar. ________________ Maral NURYÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri

No image
TÜRKMEN ALABAÝY WEPALY SYRDAŞ

Kitaphanalar

16.10.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýy wepaly syrdaş» atly sergi geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň ähli ugurlarda bedew bady bilen öňe barýar. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenilýär. Aslyýetinde türkmen halky ahalteke aty, alabaý iti, arwana düýesi, saryja goýuny, türkmen halysy, dutary bilen dünýä özüni tanatdy. Ýurdumyzyň milli baýlygy bolan türkmen alabaýlary biziň buýsanjymyzdyr. Serginiň dowamynda «Türkmen alabaýy-halkymyzyň milli gymmatlygy» atly geçirilen sergi kitaphanamyza gelýän okyjylarymyz Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli gurnalan sergisi bilen tanyşdylar. Olary has-da belende galdyrmakda we dünýä ýaýmakda, milli itçynaslyk düzümini kämilleşdirmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlary aýdýarys.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERI GÖWNÜMIZIŇ GANATY

Kitaphanalar

16.10.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher geňeşiniň, gurnamagynda «Gahryman Arkadagymyzyň eserleri göwnümiziň ganaty» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşligiň başynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän döwlet başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanylýar. Ýaňy ýakynda hem Alym Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVII jildiniň şeýle hem «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly ajaýyp kitaplarynyň çapdan çykanlygy uly buýsanç bilen beýan edildi. Çykyşlaryň dowamynda bu kitabyň ähmiýeti dogrusynda şeýle hem bu kitabyň dürli dillerde terjime edilip dünýä döwletleri üçin hem gollanma mekdebi boljakdygy hakynda giňişleýin gürrüňler edildi. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň ujynyň ýiti bolmagyny, Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli ugurlarda okamana, döretmäge, işlemäne, döredip beren giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözleri aýdyldy.

No image
TÜRKMEN ALABAÝY–MILLI MIRASYMYZ WE BUÝSANJYMYZ

Kitaphanalar

16.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi «Türkmen alabaýy–milli mirasymyz we buýsanjymyz» ady bilen söhbetdeşlik gurnady. Bu söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri barada, ýagny «Türkmen alabaýy» eseri barada söhbet açyldy. Mundan başga-da, türkmen alabaýy milli gymmatlyklarymyzyň biri bolmagy bilen, ýurdumyzda her ýyl oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde «Türkmen alabaýynyň baýramynyň» giňden ýokary derejede bellenmegi hem-de «Türkmen edermen alabaýy» bäsleşikleriniň geçirilmegi babatynda giňişleýin gürrüň edildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
KITAP–DÜNÝÄNIŇ AÇARY

Kitaphanalar

16.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Altyn asyr» teleýaýlymy «Kitap–dünýäniň açary» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler: Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýurdumyzda ýaşlar döwlet syýasatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat etmekde we ony üstünlikli durmuşa geçirmekde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary, gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim, edep-terbiýe, babatda görelde mekdebidir» diýen, parasatly jümlelerinden ugur alyp, kitaphon jemgyýeti döretmek şeýle-de ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini we gyzyklanmalaryny has-da artdyrmak esasy maksadymyz bolup durýar diýip çykyş edenler ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
OKAMAK-BEREKET,ÝAZMAK-KUWWAT,DÖRETMEK DÖWLETDIR

Kitaphanalar

16.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde «Okamak-bereket,ýazmak-kuwwat, döretmek döwletdir» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Watanmyzyň geljegi hasaplanylýan ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak,ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak babatda uly işler ýerine ýetirilýär. Milli bilim-terbiýe ulgamy çuňňur pähim–paýhasy kemala getirmegiň esasynda jemgyýeti jebisleşdirmegi,şonuň netijesinde-de onuň ähli döredijilik kuwwatyny ösüşe,abadançylyga gönükdirmegi maksat edinýär. Halkyň bilim-terbiýe däplerinde ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk, halallyk,sagdyn ýörelgelere eýermek,birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri öz beýanyny tapýar diýip, giňişleýin nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan-buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!

No image
YLYM RÖWŞEN GELJEGIMIZIŇ BINÝADY

Kitaphanalar

16.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebinde «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Ylym röwşen geljegimiziň binýady» atly duşuşyk geçirdi. Türkmen halky ähli döwürde ylym-bilime aýratyn hormat goýup gelipdir. Nusaý, Dehistan, Şähryslam, Amul, Köneürgenç, Merw ýaly şäherlerde dünýä meşhur ylmy merkezleriňdir, kitaphanalaryň köp sanlysy bolupdyr. Bu medeni ojaklarda diňe bir türkmen alymlary däl, eýsem dünýäniň çar künjeginden gelen alymlar hem ylmyň dürli ugurlary boýunça işläpdirler. Olar özleriniň ylmy açyşlary, pelsepewi pikirleri bilen umumyadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşupdyrlar. Ine bular dogrusynda kitaphana hünärmenleriniň talyp ýaşlara beren gürrüňleri uly gyzyklanma bilen diňlenildi. Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy ylmy esasda ählitaraplaýyn ösdürmegiň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlary beýan etdiler.

No image
MEDENI DIPLOMATIÝA STRATEGIÝASY-HALKLARYŇ DOSTLUK-JEBISLIK KÖPRÜSI

Teatr we kino dünýäsi

16.10.2025

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet durmuşynyň her bir ulgamynda oňyn özgerişler, asyrlara ýaň saljak beýik zähmet ýeňişleri gazanylýar. Kämil mazmunly döwlet maksatnamalarynyň, strategiýalaryň, kanunçylyk namalarynyň yzygiderli kabul edilmegi durmuş ulgamlarynyň geljekki uzak ýyllardaky ösişini nazarlaýar. Şanly ýylymyzyň 8-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi hem munuň aýdyň subutnamadyr. Şunuň bilen bagtlylykda Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli medeni mirasynyň, gadymy däp-dessurlarymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigini, bu gymmatlyklarymyzyň halkara derejede giňden ykrar edilýändigini bellemek bilen bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da işjeňleşdirmegi degişli wise-premýere tabşyrdy. Mälim bolşy ýaly, türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň häzirki taryhy pursatlarda medeni diplomatiýanyň dünýäde parahatçylygy hem-de halkara dialogy berkitmekdäki hyzmaty hasam ýokarlandy. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisiniň ilkinji gününde beýik münberde eden taryhy çykyşynda şeýle diýdi: «Häzirki wagtda giň ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin BMG-niň ornuny pugtalandyrmagyň, halklary ýakynlaşdyrmaga we olaryň arasynda özara düşünişmegi berkitmäge, ruhy-medeni gymmatlyklaryň tapawutlylygyndan gelip çykýan päsgelçilikleri aradan aýyrmaga, medeni diplomatiýanyň netijeli ýollaryny herekete getirmäge ýardam etmegiň möhümdigine ynanýarys». Hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmakda medeni dialogyň özboluşly ruhy köpri bolup durýandygy, şoňa görä-de, halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmek baradaky öňe süren taglymatlary ýakynda kabul edilen Medeni diplomatiýa strategiýasynyň mazmunynyň özenini düzdi. Şoňa görä-de ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň geljekki on ýyllyklaryna ýol görkezijisi bolup hyzmat etjek bu ösüş strategiýasynyň nazary medeni diplomatiýanyň ornuny pugtalandyrmaga, milletiň ruhy-ahlak kuwwatyny artdyrmaga, halklary jebisleşdirmäge we dostlaşdyrmaga gönükdirilendir. Strategiýada bellenilişi ýaly, medeniýeti ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri we durnukly durmuş-ykdysady ösüşe goşant goşmagyň netijeli guraly bolup durýar. Medeniýet ulgamynda gazanylýan her bir üstünlik milletiň ruhy-ahlak kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz taryhy-durmuş tejribesini hem-de milli medeni mirasy Diýarymyzyň häzirki ösüşiniň wezipeleri bilen döredijilik taýdan sazlaşdyrýan täze durmuş filosofiýasyny kemala getirmegi medeni syýasatyň ileri tutulýan maksady hökmünde kesgitledi. Mundan başga-da, ynsanperwer ulgam halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýär, hyzmatdaşlygyň çägini giňeldýär. Munuň özi hut şeýle kämil derejedäki uzakmöhletleýin Strategiýanyň «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlaryň iş ýüzünde doly amala aşyrylmagyny şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabyndaky «Medeniýet milletiň mertebesidir. Eger bakylygyň göwher gaşyny, müňýyllyklara barýan ýoly sorasalar, men onuň MEDENIÝETDIGINI hiç hili oýlanman aýdardym. Diňe medeniýetiň emri bilen daş-düre, ruh-bakylyga öwrülýändir!»-diýen beýik pelsepewi jümleleri şu günki täze zamanynyň medeniýetiniň ösüşiniň nazary hamyrmaýasydyr. Dogrusy, ýurt garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejämiz ýaly milli medeniýetimiz hem halkymyz tarapyndan mukaddeslik saýylýar. Gahryman Arkadagymyzy jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserlerinde ündeýşi ýaly biz milli medeniýetimize hemişe guwanmaly, hemişe aňymyzda ýaş nesli atalarymyzyň ruhy-ahlak mirasyna ygrarly edip terbiýelemek höwesi möwç urmaly. Sebäbi biziň keramatly topragymyz adamzat nesillerine nusgalyk bolup gelýän medeni ösüşleriň, siwilizasiýalaryň dörän we kämilleşip dünýä ýaýran sallançak ojagydyr. Biziň dünýä medeniýetindäki özbaşdak ýurt, öz milliligine aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmekde uly üstünlikleri ýeňişleri gazanýan halk hökmünde ykrar edilmegimiziň gözbaşynda edil, mukaddes Garaşlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz ýaly milli medeniýetimiz durandyr. Strategiýa ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda uzakmöhletleýin döwürde durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulan çäreleriň onlarçasyny özünde jemleýär. Olaryň arasynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ), Bütindünýä Syýahatçylyk guramasy (BSG), Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) we beýleki guramalar bilen medeniýet, syýahatçylyk ugurly hyzmatdaşlygy onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, şol sanda UNESCO-nyň arasynda ygtybarly hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmek halkara medeni gatnaşyklarda öňe sürülýän ugurlar hökmünde kesgitlenýär. Şunuň bilen baglylykda, Häzirki döwürde Türkmenistan bilen UNESCO-nyň halkara medeni hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyrylmagyna biz uly ähmiýet bermegi netijesinde maddy däl mirasymyzyň ençeme naýbaşy nusgalary Adamzadyň Bütindünýä abraýly sanawynyň törüni bezedi. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan türki dilli döwletlerde geçirilýän halkara çäreleri biziň halklarymyzyň arasynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ýardam berip, ýurdumyzyň döredijilik toparlary geçirilýän halkara festiwallarynda, bäsleşiklerinde ýokary baýraga mynasyp boldular. Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şanly 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilip geçilen 2024-nji ýylda Aşgabatda «TÜRKSOÝ» atly II halkara teatr festiwalynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň beýik söz ussadynyň döredijiligine bagyşlanan «Pursat» atly sahna oýny baş baýraga, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda bolsa Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň «Baýram han Türkmen» atly spektakly «TÜRKSOÝ» atly III halkara teatr festiwalynda iň ýokary «Milli medeniýeti iň gowy dabaralandyrandygy üçin» baýragyna mynasyp bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» 2025-nji ýylyň 17-26-njy ýanwary aralygynda Monako şalygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilýän 47-nji halkara sirk festiwalyna «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Altyn kuboga mynasyp bolmagy biziň ýurdumyzda sirk sungatynyň hem-de Ahalteke bedewleriniň dünýäde şöhratlanmagyny şertlendirdi. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda eden taryhy çykyşynda dünýä jemgyýetçiliginde «Medeni diplomatiýa» diýen düşünjäni esaslandyryp, şol bir wagtda özbaşdak döwletleriň içeri we daşary syýasy gatnaşyklarynda möhüm orna eýe bolan bu özboluşly garaýyş halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny alyp barmakda, halklaryň birek-birek bilen jebisleşmeginde we dostlukly gatnaşyklaryny berkitmeginde uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny wagyz-ündew etdi. Malim bolşy ýaly, Türkmenistanyň teklibi bilen BMG tarapyndan 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi. Munuň özi adamzadyň aňyýet ösüşinde «Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti» diýen taglymaty döremeginiň hamyrmaýasyna öwrüldi. Medeniýetiň göwünleri galkyndyryjy, dost-doganlygy berkidiji güýji egsilmezdir. Biz muňa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň III maslahatyň çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýa sebitleriniň Milli günleriniň mazmunynda hem aýdyň göz ýetirdik. 30-dan gowrak döwletiň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçirilen bu iri halkara çäresinde dünýä medeniýetinde ilkinji gezek Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň Milli günleri geçirilip, bu halkara çäresiniň geljekde asylly däbe öwrüljekdigine ynanýarys. Şu ýerde Milli günleriň konsepsiýasyna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe süren Halkara parahatçylyk we ynanyşmak medeni taglymatynyň berk ornaşdyrylandygyny aýratyn bellemegimiz gerek. Konsepsiýada syýahatçylyk pudagynda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek, milli syýahatçylyk mümkinçiliklerini daşary ýurtlarda öňe sürmek boýunça daşary ýurt kompaniýalary we agentlikleri bilen hyzmatdaşlyk etmek, ýurdumyzyň çäginde ýokary syýahatçylyk mümkinçiligi bolan ýerlere ýurdumyzyň we daşary ýurt döwletleriniň syýahatçylaryny çekmek boýunça netijeli işleri alyp barmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, syýahatçylygy toplumlaýyn ösdürmek işi ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini, täsin tebigy künjeklerini ylmy taýdan öwrenmek bilen utgaşyklykda, hormatly Prezidentimiziň tassyklap beren «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýar. Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny dünýäde wagyz etmek maksadyny nazarlaýan yzygiderli alnyp barylýan bu işleriň netijesinde 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlenen «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan–Ga¬ragum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürna-masynyň uly goldawa eýe bolup, kabul edilmegi sebitiň ekoulgamyny goramakda, taryhy hem halkara syýasy-jemgyýetçilik ösüşi has-da berkitmekde örän uly ähmiýete eýedir. Taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak üçin netijeli işleri dowam etdirip, bu ugurda daşary ýurt döwletleriniň medeni mirasy öwrenmek we gorap saklamak babatda iş alyp barýan ylmy edaralary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalarynyň ugrunda ýerleşýän ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etdirmek bu strategiýanyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bellenilmegi aýratyn buýsançlydyr. Türkmenistanyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny öwrenmäge hem-de häzirki döwürde milli medeniýetimizi ösdürmäge uly goşant goşýan işleri, ylmy barlaglary, terjimeleri üçin, şeýle hem türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň çuň pelsepä ýugrulan döredijilik mirasyny öwrenmekde we ony Ýer ýüzüne giňden wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin, daşary ýurt raýatlaryny Magtymguly adyndaky halkara baýragyna hödürlemek boýunça işleri dowam etdirmegiň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet syýasatynyň özenini düzýär. Şundan ugur alyp, täze kabul edilen strategiýada türkmen halkynyň öz baý edebi we medeni mirasy, asyrlardan aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten çeper, ylmy edebiýaty, sungaty bilen dünýä medeniýetine uly goşant goşan halkdygyny nazarda tutup, baý medeni mirasymyzy täze gazanylanlar bilen has-da baýlaşdyrmak we Ýer ýüzünde giňden wagyz etmek bellenilýär. Merdana halkymyzyň beýik gahrymançylygyny we watanperwerligini, parahatsöýüjiligini, bagtyýarlygyny, üýtgewsiz ruhy gymmatlyklar bolan ýokary ahlaklylygy, adamkärçiligi, hoşniýetliligi, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda gazanylan zähmet üstünliklerini, mukaddes Garaşsyzlygymyzy we hemişelik Bitaraplygymyzy, türkmen tebigatynyň ajaýyp gözelliklerini belentden wasp edýän ilhalar aýdym-saz eserlerini ýokary ussatlykly ýerine ýetirmek boýunça estrada aýdymçylarynyň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäginde geçirilýän «Ýaňlan Diýarym», «Ýylyň parlak ýyldyzy», «Merjen däneleri» atly bäsleşikleriň aýratyn orny bar. Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň, Kino günleriniň we hepdelikleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň dostlukly döwletlerdäki Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilmegini dowam etdirmek we bu çäreleriň many-mazmun taýdan has-da netijeli bolmagyny, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, halklaryň arasynda agzybirligi hem-de dost-doganlygy kemala getirmek maksady bilen, Türkmenistanda halkara derejesindäki konsertleri, sergileri, maslahatlary, suratkeşleriň döredijilik duşuşyklaryny, surat sergilerini, edebi ýygnanyşyklary, opera, teatr, saz, tans festiwallaryny, kino günlerini we beýleki forumlary yzygiderli geçirmek bilen, medeniýet, sungat işgärleriniň arasynda özara tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança döretmek babatda hem geljekde yzygiderli işleri alyp barmak medeniýetiň geljekki özüş strategiýanyň mazmunynda aýratyn orun alýar. Türkmenistan baradaky täzelikleriň we geçirilýän çäreleriň daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen, daşary ýurtlardaky bolup geçýän umumadamzat medeniýeti ähmiýetli çäreleri milli habar beriş ulgamlarynda dessin hem-de ýokary hilde ýaýradylmagyny yzygiderli kämilleşdirmek döwrümiziň iň wajyp ugurlarynyň biridir. Şundan ugur alnyp, konsepsiýada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan döwrebap we many-mazmunly filmleriň surata düşürilýän sanyny artdyryp, olaryň halkara kinofestiwallaryna gatnaşmaklaryny gazanmak üçin zerur işleri geçirmek, Halkara habarlar giňişliginiň çäklerinde daşary ýurt teleradioýaýlymlary we teleradiokompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşyklaryň sanyny artdyrmak, Türkmenistan baradaky täzelikleriň we geçirilýän çäreleriň daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ýaýradylmagyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça uzakmöhletli çäreleri geçirmek bellenilýär. Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli medeniýetini we sungatyny, şeýle hem görnükli döredijilik işgärleriniň, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleriniň, milli däp-dessurlar we senetçilik bilen meşgullanan şahsyýetleriň ömri, döredijiligi we alyp baran ajaýyp işleri baradaky maglumatlary halkara giňişliginde giňden wagyz etmek halkara derejesinde giňden wagyz etmekde muzeýleriň, kitaphanalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag işleriniň netijeliligini artdyrmak, ylmy taslamalary, seýrek tapyndylar baradaky ylmy habarlary halkara jemgyýetçiligine wagyz etmegi, daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň çägini giňeltmegi, daşary ýurt döwletleriniň medeniýet we sungat ugurly bilim edaralary bilen talyplaryň we mugallymlaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ussatlyk sapaklaryny we beýleki bilelikdäki çäreleri geçirmek bu konsepsiýanyň esasy çäreleriniň hataryny düzýär. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny geljekki ösüşlerini nazarlaýan Medeni diplomatiýa strategiýasy ýurdumyzda döwlet we halkara deresindäki medeniýetiň dürli ugurlaryndaky çäreleri döwrebap görnüşe getirmek, olarda innowasiýanyň gazananlaryny işjeň peýdalanmak, many-mazmun taýdan baýlaşdyrmak, hil taýdan kämilleşdirmek, guramaçylyk taýdan ýokarlandyrmak babatda täzelikler, döwrebaplylyk şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirilýär, bu ugurlarda dünýä ýurtlarynyň tejribeleri öwrenilýär we olaryň kämil, nusga alarlyk usullary tejribede giňden ornaşdyrylýar. Şundan görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» milli medeniýet ulgamyny köptaraply giňden ösdürmekde, halkara gatnaşyklarynda medeniýetleriň arasyndaky dialogy täze derejelere götermek, medeni diplomatiýany ösdürmek baradaky öňe süren başlangyçlary medeniýet we sungat işgärleriniň öňünde belent maksatlary goýýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmek, döwrebap, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak ugrunda ähli şertler döredip berýän, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da ösdürilmegi babatda taýsyz tagallalary üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza soňsuz alkyşlar aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent maksatlary hemişe rowaç bolsun! ________________________ Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty.