logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
«GALDYMY»

Edebiýat älemi

16.10.2025

«GALDYMY» Çarhyň maňa bermedik jebir-jepasy galdymy?! Hassa köňlüm çekmedik derdi-belasy galdymy?! ________________ Meni şeýle horlukda goýdy alan terbiýäm, Pany jahanyň indi özge islegi galdymy?! ________________ Jepadyr-jebri bilen meni ýykdy ol pelek, Indi turuzmak üçin mähri-wepasy galdymy?! ________________ Aşyk bolan gördüm ony özüme, eý dostum, Bu älemde köňlümiň özge horlugy galdymy?! ________________ Eý, köňül, kylma aýp, Babyr ol älemi islär, Taňry üçin-de bu älemiň sapasy galdymy?! ________________ «TAPYLMAZ» Sen dek maňa şeýle bir ýar jepakär tapylmaz, Men dek saňa şeýle bir ýar wepadar tapylmaz. ________________ Bu görküň-görmegiň bilen hut hüýr-u-peri sen, Ynsyň-jynsyň arasynda başga mukdar tapylmaz. ________________ Bigänäleň göz alnynda ol ýar ýokdugy aýan, Bu gamgyn köňül içre indi gamhor tapylmaz. ________________ Eý, gül, meni zar etmegil husnuň çemeninde, Gözi ýumup-açynça indi gülzar tapylmaz. ________________ Babyr saňa şoň üçin ýar diýdi, ýary bolgun, Bu älemde kişige ýok eýsem, ýar tapylmaz. ________________ Zahyreddin Muhammet Babyr (Terjime eden A.Rejepow)

No image
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «ÄNEW MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET» ATLY KITABYNDAN

Kitaphanalar

16.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň «Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy medeni mirasymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak babatda amala aşyrylýan beýik işleriň çeper waspy öz beýanyny tapýandygy, hormatly Prezidentimiziň «Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda ajaýyp pikir garaýyşlaryň taryhy ýazuw çeşmeleri, arheologiýa, etnografiýa, edebiýat, paleografiýa ýaly ylymlaryň maglumatlaryň halk hakydasynda orun alan rowaýatlardyr tymsallar bilen utgaşdyrylyp beýan edilmegi eseriň ähmiýetini has-da artdyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda şöhratly taryhymyzy öwrenmäge, ýaş nesillerimize wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «DAEWOO» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Täzelikler

16.10.2025

15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenabadyň himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, türkmen-koreý hyzmatdaşlygy özara hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Köp ýyllaryň dowamynda iri koreý kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň gerimli işleri alyp barýarlar. Bu bolsa ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, «Daewoo» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi. Işewür bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge hemişe ygrarlydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda himiýa senagatynyň ýurdumyzyň depginli ösýän pudaklarynyň biridigini belläp, ýerli çig maly ulanmak arkaly milli ykdysadyýetimiziň pudaklary, şeýle hem eksport ugurly önümleri öndürmegiň bu pudagy ösdürmegiň esasy strategiýasy bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny, döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde iri önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Işewür Türkmenistanda durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmaga goşant goşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belläp, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmagyna döredilýän amatly şertler üçin hoşallygyny beýan etdi. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işewüre hem-de «Daewoo» kompaniýasynyň ähli işgärlerine Türkmenabadyň himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň taslamasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi. ____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
HIMIÝA SENAGATY-MILLI YKDYSADYÝETIŇ MÖHÜM PUDAGY

Täzelikler

16.10.2025

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ÖNÜMÇILIK DESGASYNYŇ DÜÝBÜNI TUTMAK DABARASYNA GATNAŞDY 15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň himiýa senagaty okgunly ösdürilip, ol milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Diýarymyzyň ägirt uly tebigy baýlyklary pudagy çig mal bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Diňe çig mal eksporty bilen çäklenmän, ony çuňňur gaýtadan işlemegi ugur edinýän Türkmenistan döwrebap, ýokary tehnologiýaly hem-de bäsdeşlige ukyply himiýa senagatyny kemala getirýär. Dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýän ýurdumyz bu baýlygy netijeli ulanmaga gönükdirilen strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Tebigy gazdan dünýä bazarlarynda ýokary isleg bildirilýän önümleri öndürýän gazhimiýa senagaty bu strategiýada esasy orunlaryň birini eýeleýär. Şeýle-de, Türkmenistan iri mineral dökünleri öndüriji hökmünde halkara bazarlarda ornuny barha pugtalandyrýar. Marydaky, Tejendäki, Garabogazdaky öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap zawodlarda ýokary hilli ammiak hem-de karbamid öndürilýär. Munuň özi Türkmenistanyň oba hojalygynyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, bu önümleri daşary ýurtlara eksport etmäge hem mümkinçilik berýär. Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy milli nebitgaz we himiýa senagatynyň dünýäde iň belli kärhanalarynyň biridir. Toplum turba önümçiliginden başlap, ýeňil senagat we awtomobil gurluşygyna çenli köp pudaklar üçin esasy çig mal bolan polietilen hem-de polipropilen öndürýär. Ýokary hili halkara güwänamalar bilen tassyklanan bu önümler ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmäge, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Ahaldaky tebigy gazdan ekologik taýdan arassa benzin öndürýän zawod dünýäde iň innowasion taslamalaryň biri bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň senagaty diňe bir diwersifikasiýalaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ekologik taýdan arassa, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy maksat edinýändigini hem görkezýär. Türkmenistan ýodbromly ýerasty suwlaryň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Hazar, Balkanabat, Bereket zawodlary tehniki ýody öndürýän iri kärhanalardyr. Täze maýa goýum taslamalarynyň çäklerinde goşmaça kuwwatlyklaryň döredilmegi ýurdumyzyň bu ugurdaky eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmaga goşant goşar. Mundan başga-da, Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürýän “Garlyk” dag-magdan toplumy üstünlikli hereket edýär. Türkmenabatdaky himiýa zawodynda goşmaça täze toplumyň gurulmagy bolsa ýurdumyzyň oba hojalygyny mineral dökünleriň ähli görnüşleri bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berer. ________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMEN ALABAÝY–MILLI MIRASYMYZ WE BUÝSANJYMYZ

Täzelikler

15.10.2025

Mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen ýaşlarynyň milli ruhda terbiýelenmegine, pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler esasynda öz öňlerinde maksat goýmagyna, diňe dogry ýol–watansöýüjiligiň ýoly bilen öz arzuw-maksatlaryna ýetmegine şert döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýratyn üns-aladasy bilen türkmen ýaşlary diňe bir ýurduň geljegi däl, olar şu günüň hem esasy güýçlerine, döwrümiziň öňdebaryjylaryna öwrüldiler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň her güni toý, her güni baýram. 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzda ýaşlaryň arasynda birnäçe döredijilik bäsleşik sergileri yzygiderli geçirilýär. Şol sergileriň biri hem biziň sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda her ýylda yzygiderli geçirilmesi däp bolan «Türkmen alabaýy» atly döredijilik bäsleşik sergisidir. Bu sergi ýaşlaryň sungatda bolan döredijilik ukybyny açyp görkezmäge ullakan mümkinçilik bolup durýar. Sergide bilim ojagymyzda sungatyň ähli ugurlary boýunça ýokary hünär öwrenýän zehinli talyp ýaşlaryň hem-de bilim berýän ussat mugallymlaryň ujypsyz zehininden dörän ajaýyp eserleri görkezilýär. Türkmen alabaýynyň keşbini, gaýduwsyzlygyny, mertligini, ynsana dostlugyny we wepalydygyny wasp edýän sungat eserleri sergä baran tomaşyçylarda uly gyzyklanma döretdi. Döredijilik eserleriniň arasyndan Perman Annagylyjowyň «Watan goragynda», Ýazgeldi Ylýasowyň «Türkmeniň alabaýy», Şarapat Mahmudowanyň «Dostluk», Parahat Gapançaýewiň «Türkmen alabaýy», Toýlymyrat Jumamyradowyň «Türkmeniň milli buýsanjy», Laçyn Mydarowanyň «Goragçy», Ogulşirin Amangeldiýewanyň «Türkmen alabaýy», Ylham Aýnazarowyň «Edermen goragçy», Döwletýar Nuryýewiň «Sürüniň goragynda», Serdar Jumaýewiň «Edermen türkmen alabaýy» ýaly ajaýyp eserleri aýratyn tapawutlanýar. Alabaý köpasyrlyk taryhymyzyň dowamynda häzirki günlere çenli halkymyzyň wepaly hemrasyna öwrülen jandardyr. Bu ýakyn gatnaşyk türkmeniň dilinde-de öz beýanyny tapypdyr. Itiň häsiýetleri, eýesine wepalylygy barada nakyllaryň, durnukly söz düzümleriniň, ertekilerdir rowaýatlaryň, matallardyr tymsallaryň bir topary döredilipdir. Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda şeýle nakyllaryň altmyşdan gowragy ýerleşdirilipdir. Olardan «It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy», «Itiň agzy ala bolsa-da, möjek görende biriger» ýaly nakyllary mysal getirmek bolar. Bular dogrusynda ussat mugallymlarymyz we ýaş zehinli talyplarymyz özleriniň ýürek buýsançlaryny wagyz işlerinde hem beýan edýärler. ________________________ Oguljan ANNAMÄMEDOWA Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti» hünäriniň 3-nji ýyl talyby

No image
«KITAPHANA-ROWAÇLYKLARA BADALGA» ATLY GURNAK

Kitaphanalar

15.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitaphana-rowaçlyklara badalga» atly kitaphana gurnagy geçirildi. Gurnagymyzda Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň «Kitaphanaçylyk» fakultetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan «Kitaphana-rowaçlyklara badalga» atly kitaphana gurnagy geçirildi. Seýrek neşirler bölüminde saklanylýan iň gadymy kitaplary we döwürleýin irki neşirleriň bilen tanyşdyryldy. Bölümiň gaznasynda iň irki neşirleriň biride bölümde ilkinji hasaba alnan neşirlerimiziň biri hem (ХVI asyra) degişli bolan Gwicciardini Francisciniň «Italýanyň taryhy» 1567-nji ýylda çykan Basile şäherinde neşir edilen. (Latyn elipinde). kitaby agzap geçmek bolar. Seýle-de Seýrek neşirler bölüminiň esasy aýratynly hem awtorlaryň öz gollary bilen sowgat beren kitaplary kitaplar saklanylýar. Iň irki Türkmen kitaby bolsa Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy Berdi Kerbabaýew tarapyndan toplanyp çapa taýýarlanan Magtymgulynyň saýlanan goşgulary-atly kitaby. 1926 ýylda çykan. Kitap 46 bölümden ybarat bolup (Türkmen dilinde arap elipbinde)–atly kitabyny görkezmek bolar. Bölümiň iň irki gazetleriň biri 1895-nji ýylda neşir edilen «Закаспийское обозрение» gazetini görkezmek bolar. Gurnagymyzyň ahyrynda bolsa talyplaryň bilesigeljiligini artdyrmak maksady bilen sorag-jogap alşyldy. Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
«MAGTYMGULY-DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY KITABYNA SYN

Kitaphanalar

15.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly kitabyndan syn geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly kitabynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp şeýle hem türkmen halkynyň durmuşynda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýelän orny giňişleýin açylyp görkezilendigi barada syn alynyp baryldy. Çykyş edenler synymyzyň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ŞUGUNDYR–BÄHBITLI EKIN

Kitaphanalar

15.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi «Şugundyr–bähbitli ekin» ady bilen kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da şugundyry ösdürip ýetişdirmek bilen bagly edebiýatlar hem ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
MÜŇÝYLLYKLARYŇ ÝANY

Kitaphanalar

15.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan «Müňýyllyklaryň ýany» atly kitap sergi gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýylda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylýan ýylymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gymmatly edebi mirasyny öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär. Bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesillere taryhymyzy- edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölümiň okalga zalynda Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda «Müňýyllyklaryň ýany» atly kitap sergisi gurnaldy. Sergimizde Seýrek neşirler bölüminde bar bolan gadymy kitaplaryň sergisi gurnaldy. Sergimizde gatnaşan talyplarda uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döretdi. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
MAGTYMGULY PYRAGY-TÜRKMEN EDEBIÝATYNYŇ BEÝIK ŞAHYRY

Kitaphanalar

15.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Magtymguly Pyragy-türkmen edebiýatynyň beýik şahyry” atly söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda her ýylymyz mynasyp at bilen atlandyrylýar. 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrlan ýylymyzda Akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde we ony geljeki nesillere ýetirmekde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň gurnamagynda “Magtymguly Pyragy- türkmen edebiýatynyň beýik şahyry” atly tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligimizi Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Magtymguly-dünýäniň akyldary”- atly ajaýyp kitabyndan şeýle diýýär. Magtymguly Pyragy-beýik hormata mynasyp ussat. Ol öz eserlerinde tutuş dünýäni we durmuşy siňdirip, adamzada söýgini sygdyryp bilen akyldardyr- diýip belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabynda:–Magtymgulynyň şygyrlary ynsan saglygyna zerur bolan ähli gowy närseleri özünde jemleýän jana şypa beriji ruhy melhemdir–diýip, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly baha berilýär. Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döretdi. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden açyp görkezmekde hem uly ähmiýete eýe bolup durýar, Türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwlar edildi.