logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
OBA HOJALYK ÖZGERTMELERI

Kitaphanalar

06.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi «Oba hojalyk özgertmeleri» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda ,oba hojalygy ylmy esasynda ösdürilýändigi,Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi hakynda giňişleýin nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler bize şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ERKINLIKDIR SENIŇ ARZYLY BAGTYŇ, OKA SEN ERTEKI BOŞ BOLAN WAGTYŇ

Kitaphanalar

06.08.2025

«Bagtyýarlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş» merkezinde Lebap welaýat çagalar kitaphanasy dynç alýan çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmegini gazanmak maksady bilen meýilnama esasynda birnäçe köpçülikleýin çäreleri geçirýärler. Çagalar bilen geçirilýän sorag-jogap agşamlary olaryň sagdyn, belent ruhly ösüp kemala gelmeklerine, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegine öz täsirini ýetirýär. Bu ýerde «Erkinlikdir seniň arzyly bagtyň, oka sen erteki boş bolan wagtyň» diýen at bilen kitap sergisi hem gurnaldy. Çagalar sergi arkaly dürli ýyllarda çap edilen ertekiler bilen tanyşdylar. Dynç alyş merkeziň körpeleri özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini beýan edýärler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

06.08.2025

4-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary bilen geçýän bu maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbidine 2024-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen Hereketleriň täze maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýene-de Türkmenistanda bolýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Myhman türkmen tarapynyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge we uzak möhletleýinlik, özara hormat goýmak esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga işjeň çemeleşýändigine ýokary baha berip, parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplan Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde BMG-niň möhüm we strategik hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini nygtady. Şeýle hem belent mertebeli myhman ýurdumyzda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin döredilen mümkinçiliklere hem-de bu ugurda Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdi we munuň üçin döwlet Baştutanymyza BMG-niň ähli wekilleriniň adyndan hoşallyk bildirdi.

No image
KITAP–KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

05.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde guramagynda «Kitap– kämilligiň gözbaşy» ady bilen göçme kitap sergi gurnaldy we aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ýurdumyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Gökdere jülgesinde «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýörite çagalar üçin niýetlenip çap edilen kitaplar esasynda göçme kitap sergisi guralyp bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri we Türkmen halk ertekileri ýerleşdirilip, bu ýerde çagalar bilen sorag-jogaplar alyşdylar, bu bolsa halk döredijiliginiň iň meşhur ýörgünli görnüşi bolan ertekilerden bölekleri okap berdiler we Ata-babalarymyzyň paýhasy siňen, asyrlaryň dowamynda kämilleşip, nesilleriň edep mekdebine öwrülen ertekiler ýaşlary milli ruhy gymmatlyklar esasynda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedi barada belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalaryna, pederlerimiziň wesýetlerine wepaly bolmak bilen, köp okamaklygy endik edinmelidigini nygtap geçdiler we bagtyýar çagalar bu biziň ertirki güne ynamymyz, biziň geljege bolan bagtyýar garaýşymyzdygy we buýsanjymyzdygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda halkymyzy belent sepgitlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BIZ HAÝSY ERTEKILERDEN

Kitaphanalar

05.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Biz haýsy ertekilerden» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we sorag-jogap bäsleşigi geçirildi. Çärede çykyş edenler tomusky dynç alyşa çykan çagalaryň wagtlaryny şatlykly-şagalaňly geçirmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalary bilen ýurdumyzyň ýagty geljegi bolan çagalaryň her bir gününiň, aýratyn hem tomusky dynç alyş möwsüminiň ýokary derejede geçmegini üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigi barada beýan etdiler. Şeýle-de bagtyýar çagalaryň göwünlerini galkyndyryjy şirin aýdym-sazlar we başga-da birnäçe medeni gurnaklar guralmagy, dynç alýan çagalarda ýakymly täsir galdyrandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileriniň üsti bilen dogruçyllygyň, paýhasyň hem edermenligiň dabaralanmasy, halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne daýanmak ýaly asylly sypatlaryň beýan edilýändigini çagalara gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda asuda, parahat durmuşyň goýnunda erkana ýaşaýan körpelerimiz üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

No image
SPORT–SAGDYNLYGYŇ GIREWI

Kitaphanalar

05.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Sport–sagdynlygyň girewi» ady bilen sport bäsleşigi geçirildi. Çärede çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sport, aýdym-saz, çeper okaýyş ugurlary boýunça bäsleşikleriň yzygiderli guralmagynyň aýratyn ähmiýetiniň bardygy, şeýle çärelere işjeň gatnaşýan çagalary höweslendirilip durulmagy bolsa olarda özboluşly ruhybelentlik döredýändigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda sport bäsleşikleri çagalaryň dürli ýerlerde zehinini açyp görkezmek, ugur tapmak, çakgan bolmak, güýjiňi we çalasynlygyňy artdyrmak, maksady bilen öz ukyp başarnyklaryny kemala getirmäge gönükdirilendigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda sporty ösdürip, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«AWAZA» MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA BMG-niň DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLER BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MASLAHATYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY

Halkara gatnaşyklary

05.08.2025

2025-nji ýylyň awgust aýynyň 5-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa foruma gatnaşýan döwletleriň Baştutanlary, hökümet ýolbaşçylary, abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri, ýokary derejeli wekiliýetleriň agzalary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda bu forumyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekildi. Daşary ýurtly myhmanlar öz çykyşlarynda halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini nygtadylar.

No image
ÝAŞLAR DURNUKLY GELJEGI GURÝARLAR

Täzelikler

05.08.2025

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilýän Ýaşlar forumynyň barşynda «Landlinked» sergisiniň açylyşy we «Landlinked Fellowship» maksatnamasynyň agzalaryna baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Sergide ýaşlaryň arasynda sanly telekeçiligi goldamaga gönükdirilen innowasion çözgütler görkezilýär. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýaş işewürler öz ýurtlarynda duş gelýän möhüm meseleleri çözmäge ýardam berýän taslamalary bilen tanyşdyrýarlar. «Landlinked Fellowship» maksatnamasynyň agzalary taýýarlan işlerinde sanly tehnologiýalaryň işewürligi ösdürmek hem-de täze iş orunlaryny döretmek üçin netijeli gural bolup durýandygyna ünsi çekýärler. Ýaş startapçylar interneti we sanly platformalary ulanmak arkaly, geografik hem-de ykdysady päsgelçiliklere garamazdan, halkara bazarlara çykmagyň ýollary barada gyzykly wideoşekilleri taýýarlapdyrlar. Ýaş telekeçileriň seljerme çykyşlarynda inklýuziw ösüşi gazanmaga we DÇBÖBD-niň dünýä ykdysadyýetinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk pikirler beýan edilýär. Bu çäre röwşen geljegi gurmakda ýaşlaryň eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekip, olaryň pikirlerine we başlangyçlaryna maýa goýmagyň tutuş halklaryň gülläp ösüşine ýardam berýändigini görkezýär.

No image
ARZUWLARYM HASYL BOLDY

Täzelikler

05.08.2025

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni ýaşlaryň durmuşynda täze ylmy, döredijilik we zähmet üstünliklerine ruhlandyrýan wakalara beslenýär. Şu ýyl sungat ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň stanok nakgaşçylygy hünäriniň talyby bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. «Adam arzuwsyz bolmaz, guş–ganatsyz» diýişleri ýaly, meniň kiçilikden şekillendiriş sungaty sapagyna bolan höwesim örän uludy. Nakgaşlygyň içgin syrlaryny öwrenmek we bu ugurdan ýokary bilim almak meniň iň uly arzuwymdy. Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebinde şekillendiriş sungaty bölüminiň nakgaşçylyk hünäri boýunça Altyn Akmyradowanyň we sungatyň taryhy dersi boýunça Döwletmyrat Durdyýewiň halypaçylygynda okadym. 2021–2025-nji ýyllarda Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde nakgaş hünäri boýunça Merjen Amangylyjowanyň we Toýly Çopanowyň ýolbaşçylygynda ukyp-başarnyklaryny artdyrdym. Çagalyk ýyllaryndan bäri Türkmenistanyň halk suratkeşi Çary Amangeldiýewiň döredijiliginde türkmen halkynyň taryhyna bagyşlanan nakgaş eserlerini içgin öwrenýärdim. Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde okan döwrümde hem mugallym Toýly Çopanowyň maslahaty esasynda diplom işimi görnükli türkmen ýazyjy Osman Ödäýewiň «Altynjan hatyn» atly romanyna esaslanyp döretdim. Türkmen sungatyny, medeniýetini, baý taryhyny wasp edýän ajaýyp eserleri döretmek, Watanymyzyň şan-şöhradyny has hem belende galdyrmaklygy maksat edinýärin. Biz–ýaşlara bilim almaga, döredijilik zehinimizi açyp görkezmäge, ýüregimizde besleýän hünärlerimiziň eýesi bolmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, eziz Diýarymyzy ýeneki ösüşlere alyp barmakda üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris! Ogulşirin AMANGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby

No image
ARKADAGYŇ YLHAMY–KALBYŇ MELHEMI

Muzeýler

05.08.2025

Milli medeniýet ulgamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ägirt uly üstünlikler, toplumlaýyn ösüş üçin berk maddy binýat we uly kuwwat bilen gadam basýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Arkadagyň ylhamy–kalbyň melhemi» atly söhbetdeşlik guraldy. Söhbetdeşlikde direktoryň ylmy işler boýunça orunbasary Şirin Rustamowa, muzeýiň hünärmenleri Aýjemal Gatyýewa, Altynaý Esenowa dagylar çykyş etdiler. Bu «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligi «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, şol teleýaýlymyň alypbaryjysy Annasoltan Nunnakowa alyp bardy. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» kitaby dogrusynda täsirli çykyş edilip, halkymyzy eşretli, bolelin, parahat zamanada ýaşadýan, ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.