logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Garaşsyzlyk – guwanjym, dal bedewim – buýsanjym

Kitaphanalar

20.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli “Garaşsyzlyk – guwanjym, dal bedewim – buýsanjym” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz üstünliklere beslenýändigi, gazanylýan üstünlikleriň sakasynda Hormatly Prezidentimiz “Watan diňe halky bilen Watandyr, döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýen ajaýyp sözleri häzirki döwürde üstünlikli amala aşyrylýandygy hakynda buýsançly çykyş etdiler. Mundan başga-da asyrlaryň dowamynda halkymyzyň rowaçlygynyň, ýeňişleriniň ýarany bolan, ýyndamlykda, gözellikde taýy bolmadyk bedewlerimiz halkymyzyň guwanjyna öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Watanymyzy gülledip, halkymyzy ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik duşuşygy

Täzelikler

19.10.2026

2026-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» seýilgähinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda, «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmagynda «Altyn güýzüň waspy» atly şahyrana döredijilik duşuşygy geçirildi. Şypaly howaly güýz paslynyň dowam edýän günlerinde geçirilen döredijilik duşuşygyna, halypa şahyrlar Bazar Şalyýew, Ezizgeldi Helleňow, «Watan» gazetiniň bölüm redaktorlary Çemen Annaberdiýewa, Ogultäç Oraztaganowa, ýaş zehinli şahyrlar Garahanjar Baýhanow, «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň bölüm redaktory Gurbanjemal Annakowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň öwreniji-mugallymy Aýjemal Gaýlyýewa, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby, Nursoltan Derýaýewa dagy gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda ýazyjy-şahyrlar eziz Watanymyzyň bedew batly ajaýyp ösüşlerini, ak mermer binalara beslenen paýtagtymyz Aşgabadyň hem-de agraslygyň we kämilligiň pasly hasaplanýan altyn güýzüň waspyny şahyrana çykyşlary, şygyrlary bilen ýetirdiler. Ýazyjy-şahyrlar eden söhbetlerinde, okan şygyrlarynda ösüşlerimiz bilen birlikde altyn güýzüň tebigaty özboluşly gözellige, täsin görnüşlere besleýändigi, bu pasylda mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň, rysgal-berekediň baýramy bolan Hasyl toýunyň uludan toýlanylýandygyny, güýzüň kämil pikir-garaýyşlary seriňe dolduryp, kämil şygyrlaryň döremegine hem täsirini ýetirýändigini bellediler. Döredijilik duşuşygynyň täze şygyrlary döretmäge uly ýardam etjekdigini hem buýsanç bilen aýtdylar. Güýzde üzümdir narlaryň, gawundyr garpyzlaryň kemsiz bişip, güneşe baý ýurdumyzda ýetişen bu nygmatlaryň tagamynyň örän süýjüligi bilen tapawutlanýandygyny, mahlasy, altyn güýzüň rysgal-berekediň paslydygyny şahyrana dilde beýan etdiler. Şahyr Gurbanjemal Annakowanyň güýz hakynda okan şygrynda şeýle setirler bar. #### Güýzi bilmez güýzäp görmedik adam, #### Ýaprak deý bagryny bermedik ýere, #### Häzir baglaň keşbi üşedýär hasam, #### Ýyljajyk zat gözleýärsiň geýere. Döredijilik duşuşygynda çykyş eden ýazyjy-şahyrlar, ýurdumyzyň dünýä nusgalyk ösüşleriniň hem-de özgerişleriniň döredijilik ylham-joşgunlaryny has-da artdyryp işlemäge ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi, il-ýurt bähbitli beýik işleri arkaly Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli ugurlardaky döwrebap ösüşlerini has-da belende götermek ugrundaky giň gerimli işleri üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.

No image
Maslahat geçirildi

Kitaphanalar

19.10.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda, “Ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine” atly maslahat geçirildi. Maslahata Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň talyplary, bilim, medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary we kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine we “Açyk gapylar” ýörelgesine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň gazanýan üstünliklerinden ugur alyp, 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 7-9-njy oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, “Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahatyň we “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly Halkara zenanlar dialogynyň geçirilendigi barada giňişleýin çykyşlar edildi.

No image
Diýarymyzyň ösüşleri – röwşen geljegimiziň kepili

Kitaphanalar

19.10.2026

Lebap welaýat kitaphanasynda welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran sapary ýurdumyzyň halkara giňişligindäki belent abraýyň nobatdaky subutnamasydygy, türkmen wekiliýetiniň bu ýokary derejeli foruma gatnaşmagy sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda ýurdumyzyň köptaraply dialog ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygy barada çykyşlarda aýratyn bellediler.

No image
Hormatly Prezidentimiziň watançylyk sargydy ýaşlar üçin nusgalyk ýörelgedir

Muzeýler

19.10.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän eserleri, taryhy çykyşlarynda berýän öwüt-ündewleri ösüp gelýän ýaş nesiller üçin milli terbiýäniň kämil ahlaklylygyň we egsilmez watansöýüjiligiň beýik durmuş mekdebidir. Hormatly Prezidentimiziň gymmatly sargytlary pederlerimiziň köpasyrlyk durmuş tejribesine, edep-terbiýe ýörelgelerine esaslanýar. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşlary hem-de geçirýän umumy okuw sapaklary ýaşlaryň geljekki durmuş ýollaryna şugla saçýan şamçyragdyr. Bu günki gün täze taryhy eýýamda ýaş nesliň ylym-bilim almagy, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ýurdymyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Şu şanly ýylymyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň geçiren umumy okuw sapagynda eden taryhy çykyşynda hem-de halkymyza peşgeş beren ,,Watançylyk taglymaty” atly kämil eserinde belleýşi ýaly, ,,Türkmeniň milli mirasyny söýüň! Milli mirasymyza pederleriň ruhy siňendir. Milli miras –bu halallyk, ýere topraga yhlas etmek, ahlak arassalygy, beden tämizligi, gaýduwsyzlyk ýaly paýhas eleginden geçirilen öwüt-ündewleridir” diýip belleýär. Şu günler ýurdymyzyň dürli künjeklerinde wagyz nesihat duşuşyklary, maslahatlar we söhbetdeşlikler yzygiderli geçirilýär. Şeýle dabaraly maslahatlaryň biri Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda “Hormatly Prezidentimiziň watançylyk sargydy ýaşlar üçin nusgalyk ýörelgedir” ady bilen geçirildi. Oňa welaýatyň il sylagly ýaşululary, kümüş saçly eneler, bilim işgärleri, orta we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Maslahatda Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýarlygy, eşretli zamanada ýaşamaklary döredijilikli zähmet çekmekleri üçin döredip berýän şertdir mümkinçilikleri dogrusynda şeýle-de ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň barha rowaçlanýandygy,ösüp gelýän ýaş nesilleri millilik ruhunda terbiýelenmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda buýsançly söhbetler edildi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda ylymly-bilimli ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän ýaşlaryň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyza peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden alkyşlaryny beýan etdiler. Gülälek Batyrowa Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

No image
Öňe barýar bedew batly, Garaşsyz Bitarap eziz Watanym

Kitaphanalar

19.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 133-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda “Öňe barýar bedew batly, Garaşsyz Bitarap eziz Watanym” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmäge tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýandygy hakynda buýsançly çykyş etdiler. Ata Watanymyzyň gülläp ösmegine,ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly taslamalaryň, taryhy maksatnamalaryň ähmiýetini, umumyadamzat bähbitli halkara başlangyçlary giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, raýatlarymyzyň Watançylyk ruhuny belende götermek, ýaş nesli ýurdumyza buýsanç, çäksiz söýgi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemek biz kitaphanaçylaryň mukaddes borjy bolup durýar diýip giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat

Muzeýler

16.10.2026

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky, Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzalary, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň, Arkadag şäheriniň Bagt köşgi toý-dabaralary merkeziniň hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Nurmyrat Annaçaryýew, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzalary Nepes Rozyýew, Ziba Nepesowa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy Meňli Diwanowa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bölüm müdiri Mekan Ataýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň bölüm müdiri Umida Kakaýewa, Arkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň uly ylmy işgäri Ýazmuhammet Ataýew çykyş etdiler. Milli miras diňe bir geçmişiň ýadygärligi bolman, eýsem halkyň ruhy dünýäsini we taryhy ýoluny kesgitleýän guraldyr. Berkarar döwletimizde milli mirasa bolan sarpa yzygiderli artýar. Medeni gymmatlyklary geljekki nesillere ýetirmekde muzeýler esasy ylmy hem-de medeni aň-bilim merkezleri hökmünde çykyş edýär. Muzeýler - geçmiş bilen geljegi birleşdirýän ruhy köprüdir. Muzeýleriň işini yzygiderli kämilleşdirmekde ylmy-barlaglary döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşdyrmak medeni mirasy gorap saklamagyň we halkara derejede dabaralandyrmagyň iň netijeli ýoludyr. Häzirki wagtda milli mirasy wagyz etmekde innowasion tehnologiýalaryň orny uludyr. Sanly ulgam milli medeniýetimizi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem halkara giňişliginde hem giňden tanatmaga mümkinçilik berýär. Taryhy mirasy öwrenmek bilen bir hatarda, ony halka we dünýä köpçüligine dogry, täsirli ýetirmek möhümdir. Häzirki döwürde muzeýler wagyz işinde aşakdaky netijeli ugurlary ulanýarlar. Tematiki sergiler, ylmy maslahatlar, mekdep okuwçylary we talyplar üçin geçirilýän amaly sapaklar milli mirasyň wagyzçysy hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň daşary ýurtlarda sergilenmegi döwletimiziň baý medeniýetini dünýä tanatmaga mümkinçilik berýär. Milli mirasy ylmy taýdan çuňňur öwrenmek, gaznalary döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün etmek we wagyz işinde täzeçe çemeleşmeleri ulanmak muzeýleriň jemgyýetdäki eýeleýän ornuny has-da berkidýär. Maslahata gatnaşanlar Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasynda saklanýan şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserlerinden, şeýle hem sowgatlyklardan gurnalan sergini synladylar. Sergi türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we umumadamzat ruhy gymmatlyklaryna goşýan goşandyny şöhlelendirdi. Käkilik Öwezberdiýewa, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary.

No image
Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy

Kitaphanalar

16.10.2026

Lebap welaýat kitaphanasynda welaýat häkimliginiň gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda “Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy” atly brifing geçirildi. Bu çärä Türkmenabat şäheriniň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Çykyşlarda ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň kitap okamak endiklerini ösdürmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga höweslendirmek, maşgala mukaddesligini hem-de edep-terbiýe kadalaryny wagyz-nesihat etmek barada giňişleýin beýan edildi. Çärä gatnaşyjylar “Kitaplar ruhy dünýämiz” atly kitap sergisini hem synladylar. Çäräniň dowamynda ýaşlara okamaga, öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Çaga terbiýesinde ertekileriň orny

Kitaphanalar

16.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda, 148-nji çagalar bakja-bagynda “Çaga terbiýesinde ertekileriň orny” atly sesli okaýyş çäresi geçirildi. Geçirilen sesli okaýyşda ertekileriň çaga terbiýesinde örän uly orun eýeleýändigi we olaryň söz baýlygyny artdyryp, pikirleniş ukybyny ösdürýändigi, gözýetimini giňeldýändigi hakynda gürrüň berdiler. Şeýle hem, türkmen halk ertekileriniň birnäçe görnüşlerinden sesli okap berdiler. Ertekilerdäki gahrymanlaryň çagalarda galdyran täsirleri barada sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda körpeler barada uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
“Zehinli çagalar” atly bäsleşikli gepleşik

Kitaphanalar

16.10.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň, “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda, paýtagtymyzda ýerleşýän mekdeplerde bilim alýan kitapsöýüji çagalar bilen bäş tapgyrdan ybarat bolan “Zehinli çagalar” atly bäsleşikli gepleşigi ýazgy edildi. Gepleşigiň täze sanyna Aşgabat şäheriniň 4-nji orta mekdebiniň zehinli okuwçylary gatnaşdylar. Ýeňiji bolanlara sowgatlar gowşuryldy. Gepleşigiň ahyrynda ýaş nesilleriň bagtly geljegi üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.