logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

21.10.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Nesil terbiýesi” atly söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin uly işler amala aşyrylýar. Her bir halkyň geljegi onuň ýaş nesillerine baglydyr. Nesil ata-babalaryň ýoluny dowam etdiriji, ýurduň döredijilik güýji we döwletimiziň daýanjydyr. Şonuň üçin ýaşlary dogry terbiýelemek jemgyýetiň öňünde duran iň möhüm wezipe bolup durýar. Terbiýe diňe maşgalada däl, eýsem, jemgyýetde, mekdeplerde, jemgyýetçilik guramalarynda hem dowam edýär. Çaganyň ilkinji mekdebi onuň öýidir. Ene-atanyň sözleri, hereketleri, ýaşaýyş ýörelgesi çaganyň kalbynda yz galdyrýar. Nesil terbiýesinde milli mirasymyza, ahlaklylyk ýörelgelerine, zähmetsöýerlige, ynsanperwerlige aýratyn orun berilýär. Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanada ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Täzelikler

20.10.2026

Düýn Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti guraldy. Konsert maksatnamasynyň dowamynda türkmen we azerbaýjan sazlary, şol sanda kinofilmler hem-de multfilmler üçin döredilen sazlar ýaňlandy. Bu ýerde “Disney” kompaniýasynyň döreden meşhur multfilmlerine ýazylan saz eserleri ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan medeni syýasaty bu ulgamda halkymyzyň milli mirasyny we aýdym-saz sungatyny giňden ýaýmak bilen birlikde, dünýäniň ösen ýurtlarynyň medeniýeti we sungaty bilen tanyşmaga, şeýle hem halkara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Döwlet simfoniki orkestriniň bu konsertini hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Konsert türkmen-azerbaýjan medeni gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň giňeldilýändigine, netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Konsert maksatnamasyna girizilen çykyşlaryň arasynda halk äheňlerinden nusgawy sazlaryň hem bolmagy tomaşaçylarda örän uly täsirleri galdyrdy.

No image
Ynsanyň wepaly dosty – türkmen alabaýy

Muzeýler

20.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde alabaýlaryň taryhyna, halkymyzyň durmuşyndaky ornuna bagyşlanýan tematik sergileriň geçirilmegi, arheologik tapyndylaryň we etnografik maglumatlaryň köpçülige ýetirilmegi, alabaýlary ylmy taýdan öwrenmekde hem-de wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir. 2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralan «Ynsanyň wepaly dosty – türkmen alabaýy» atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Sergide Döwlet muzeýiniň gaznalarynda aýawly saklanylýan türkmen alabaýynyň keşbi bar bolan gymmatlyklara aýratyn orun berildi. Sergä gatnaşyjylar ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda beýik işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.

No image
Belentdir jahanda mertebäň Watan!

Kitaphanalar

20.10.2026

Golaýda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitlere bagyşlanyp, Lebap welaýat kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda “Belentdir jahanda mertebäň Watan!” atly mowzuk agşamy geçirildi. Bu çärä dürli pudakda zähmet çekýän jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, welaýatyň saglyk, bilim işgärleri we kitaphana hünärmenleri gatnaşdylar. Çykyşlarda Diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten sepgitleri, gazanylan üstünlikler barada buýsançly gürrüňler edildi. Çärä gatnaşyjylar ”Türkmenistan dost-doganlyk mekany” atly kitap sergisini synladylar.

No image
Türkmen alabaýlary-milli gymmatlygymyz we buýsanjymyz

Muzeýler

20.10.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baý taryhynyň, milli mirasynyň, döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň çuňňur öwrenilmegine uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda: “Alabaý–biziň buýsanjymyz. Alabaý-biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplyklary bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz” diýip, parasatlylyk bilen bellemegi nesilden-nesle geçip gelýän milli mirasymyza hormat-sarpanyň has-da ýokarydygyny görkezýär. Taryhyň dowamynda türkmen alabaýlary wepadarlygyň, edermenligiň nusgasyny görkezip, halkymyzyň durmuşynda, ruhy dünýäsinde uly orny eýeländigine göz ýetirmek bolýar. Türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň ruhy dünýäsinde aýratyn ýer alandygyna dürli ýyllarda arheologik ýadygärliklerden tapylan tapyndylar şaýatlyk edýär. Ýakynda Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ,,Türkmen alabaýy wepadarlygyň nyşany” atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň hem-de Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen baýramçylyk sergisi täsirliligi bilen tapawutlandy. Sergä welaýatyň bilim, medeniýet işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Sergide muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň döreden eserleri hem-de dürli ýyllarda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan alabaýlaryň heýkeljikleri görkezildi. Gülälek Batyrowa, Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.

No image
Ylymly-bilimli we terbiýeli nesil-ýurduň daýanjy

Kitaphanalar

20.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Täze zaman, Garadaşaýak medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda “Ylymly-bilimli we terbiýeli nesil-ýurduň daýanjy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar hakynda alnyp barylýan toplumlaýyn işler barha rowaçlanýandygy, döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesillere okamaga, işlemäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigi we olaryň belent maksatlarynyň rowaçlanýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi we aýdyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýandyklary, hem-de bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýandyklary barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde, Watana wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan

Kitaphanalar

20.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen 66-njy orta mekdebiniň bilelikde guramagynda “Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede şanly Garaşsyzlygymyz, berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýady, milli buýsanjy bolup döwletimiziň taryhyna altyn sahypalar bilen ýazylandygy barada çykyş etdiler. Şeýle-de köp asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwaty, ýyndamlygy, gözelligi we akyllylygy bilen tapawutlanýan ahalteke bedewi bu gün Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşiniň nyşanydygy hakynda belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Kitap meniň dostum

Kitaphanalar

20.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 84-nji çagalar bagynda “Kitap meniň dostum” ady bilen gürrüň geçirildi. Ýaş nesilleri milli ruhda ýetişdirmek, olaryň aň-düşünjelerini ösdürmekde kitaplaryň orny örän uly bolup durýar. Aýratynam çagalar ertekileri diňlemegi has gyzykly hasaplaýarlar. Ertekileriň üsti bilen ondaky gahrymanlaryň häsiýetleri, bolup geçen wakalar pikirlenmäge has täsir edýär. Çünki körpeleriň irki ösüş döwründe berlen terbiýe olaryň aňyna berk ornaşýar. Çeper sözlülik, ýatkeşlik, pikirlenmeklik we ýene-de birnäçe häsiýetleri ertekilerden tapyp bolýar. Ertekiler göniden-göni aňa täsir edýär. Şu jähtden ugur alan ata-babalarymyz hut ertekileriň üsti bilen çagalary, perzentleri belent ruhda we ahlakda terbiýeläpdirler.

No image
Söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

20.10.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Alabaýlar köp asyrlyk taryhymyz” atly söhbetdeşlik geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň müdimilik buýsanjyny doly derejede dünýä ýaýmak, olaryň iň gymmatly taraplaryny açyp görkezmek baradaky aladalary Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly ajaýyp eserinde onda örän çeper we sada dilde wakalar beýan edilen, ajaýyp suratlar bilen bezelen. “At myrat”, “It geldi, gut geldi”, “Itim-gutum” diýen myrat we bagt bilen baglanşykly pähimler türkmenleriň bedewlerinde myradyny, alabaý itlerinde bolsa bagtyny görendigini subut edýär. Çünki wepaly dosty we ynamdar syrdaşy hasaplap gelen bu ajaýyplygynyň gadymlygy, batyrlygy, duýgurlygy, edermenligi, akyllylygy bilen bir hatarda olaryň örän wepalydygyny, ynamdarlygyny subut edýän köp taryhy maglumatlar kitapda öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýeňişleriniň nyşany bolan türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar. Türkmen halkyny baky bagtyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

No image
Garaşsyzlyk – guwanjym, dal bedewim – buýsanjym

Kitaphanalar

20.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli “Garaşsyzlyk – guwanjym, dal bedewim – buýsanjym” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz üstünliklere beslenýändigi, gazanylýan üstünlikleriň sakasynda Hormatly Prezidentimiz “Watan diňe halky bilen Watandyr, döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýen ajaýyp sözleri häzirki döwürde üstünlikli amala aşyrylýandygy hakynda buýsançly çykyş etdiler. Mundan başga-da asyrlaryň dowamynda halkymyzyň rowaçlygynyň, ýeňişleriniň ýarany bolan, ýyndamlykda, gözellikde taýy bolmadyk bedewlerimiz halkymyzyň guwanjyna öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Watanymyzy gülledip, halkymyzy ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.