logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
YLYM-BILIM ÝOLUMYZYŇ ÇYRAGY

Kitaphanalar

01.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Ylym-bilim ýolumyzyň çyragy” ady bilen kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da ylym-bilim bilen bagly edebiýatlar, okuw gollanmalary ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
USSAT HALYÇY OGULGEREK HALYPAMYZ GÖRELDE MEKDEBIMIZDIR

Kitaphanalar

01.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýinde “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” «Ussat halyçy Ogulgerek halypamyz görelde mekdebimizdir» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmäge, kämilleşdirmäge, ony geljekki nesillere ýetirmäge, Watanyň şan-şöhratyny ösüşlerini, çeper elleriniň, uz barmaklarynyň döredýän haly gölleridir, nagyşlarynyň üsti bilen dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşan ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň uzak ýyllaryň dowamynda Ahal welaýatynyň Gökdepe şäheriniň haly kärhanasynda birkemsiz zähmet çekip, halyçylyk sungatynyň inçe tilsimlerini iş tejribesinde ulanyp, nusgawy gölli we suratly halylary dokamakda ussatlygyny görkezendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Ogulgerek Berdimuhamedowanyň eliniň çeperligi, zähmetsöýerligi bilen ýaşlara görüm-görelde görkezýän ussat halyçy höküminde uly abraýa eýe bolandygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda, ösüp gelýän ýaş nesillerimize ýetirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
DÖREDIJILIK SERGISI

Täzelikler

01.04.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Oraz Agabaýewiň şahsy döredijilik sergisi açyldy. Suratkeşiň «Daragtyň miwesi» toplumy, «Ýolagçylar», «Ýol işçiler», «Duşuşyga», «Maşgala», «Gowagyň syry», «Dünýäler», «Geň myhman», «Täsin guş» ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr. Taryhyň dürli döwürlerinde grafika sungatynda dörän eserler halkyň ruhuny galkyndyrmakda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Suratkeş Oraz Agabaýew grafika sungatynyň mirasyny baýlaşdyrjak ajaýyp eserler toplumlaryny döretdi. Halypa suratkeş ýurdumyzda geçirilýän sergilere hem-de halkara sergilerine yzygiderli gatnaşýar. Ol Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň daşary ýurtlarda gurnaýan sergilerine hem gatnaşyp, sungat muşdaklarynyň aýratyn söýgüsini gazanýar. Oraz Agabaýewiň döredijilik işlerine Moskwa şäherinde geçirilen döwletara sergisinde uly orun berildi. Suratkeş Oraz Agabaýewiň şahsy döredijilik sergisi 10 gün dowam eder.

No image
WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Kitaphanalar

01.04.2026

Ýakynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri bilen bilelikde guramagynda tertip-düzgüni berjaý etmek, maşgala mukaddesligi, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda halkymyzyň saglygy hakynda edilýän aladalar bimöçberdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglyk merkezleri, ylmy-kliniki hassahanalary, saglyk öýleri, şypahanalary döwletimizde adam saglygy hakyndaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyny alamatlandyryp, halkymyza ýokary derejeli hyzmatlaryň giň toplumynyň hödürlenýändigini, döwletimizde aýal-gyzlara goýulýan hormat-sarpanyň belentdigi barada çykyş edenler ýene bir gezek belläp geçdiler. Duşuşyga gatnaşanlaryň her biri halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMEN HALK ERTEKILERINE GEZELENÇ

Kitaphanalar

01.04.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň 15-nji çagalar bagynda «Türkmen halk ertekilerine gezelenç» atly çeper okaýyşy geçirdi. Kitaphanaň hünärmeni türkmen halk ertekilerinden çagalara gyzykly gürrüňleri we ertekili kitaplary okap berdi. Çagalar ertekileri uly gyzyklanma bilen diňläp, kitaphanaň hünärmeni bilen sorag - jogap alyşdylar. Hünärmen söhbetdeşlikde ertekilerdäki ýagşy hem-de ýaramaz gylyk-häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda, çagalara durmuşda dost-doganlyk gatnaşykly bolmagy, hemme ýerde çagalar bagynda, mekdebe baranlarynda hem bir-birege kömek etmegi, hiç wagt ýalan sözlemezligi, dogruçyl bolmagy düşündirdi. Tema boýunça ertekili kitaplaryň sergisi hem gurnaldy.

No image
UÇURYM TALYPLARYŇ KONSERTLERI DOWAM EDÝÄR

Täzelikler

01.04.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” atly ýylda ýurdumyzda aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde birnäçe çäreler, bäsleşikler we festiwallar alnyp barylýar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda uçurym talyplaryň ýerine ýetirmegindäki ýekelikdäki konsertleri dowam edýär. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uçurym talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Güljemal Taýlyýewanyň ýerine ýetirmeginde Nury Halmämmedow “Dutaryň owazy”, A.Wiwaldi, “Ýyl pasyllary” Tomus II-III bölümler, H.Rizaýew “Çargah rapsodiýasy”, Ý.Klepanow “Ispan tansy”, Ý.Şabalin Improwizasiýa na temu L.Ýanga “Na sypoçkah” eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi we tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Biz ýaşlara okamaga, döretmäge, Watanymyza gerekli ýaşlar bolup ýetişmegimiz üçin gerekli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun. Gülkamar DÖWLETOWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň 4-nji ýyl talyby

No image
TÜRKMENISTAN — BMG: HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRMAK UGRUNDA

Täzelikler

01.04.2026

31-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda alyp barýan daşary syýasatynyň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýolunda möhüm çäredir. Mejlise Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar. Mejlisde bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda işleri üstünlikli alyp barmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi. Geňeşiň çäklerinde ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysadyýet, durnukly ösüş, bilim, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer syýasat babatda hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Häzirki wagta çenli onuň dört mejlisi geçirildi. Ýakynda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, bu geňeşiň mejlisini ýokary derejede geçirmek barada tabşyryk bermegi onuň möhüm ähmiýetini aýdyň ýüze çykarýar. «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK BOÝUNÇA MERKEZI TOPARYŇ MEJLISI

Täzelikler

01.04.2026

31-nji martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň gutarnykly netijeleri jemlenildi, tassyklanyldy we yglan edildi. Oňa merkezi saýlaw toparynyň agzalary, degişli iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde bellenilişi ýaly, saýlawlar giň bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýörelgeleri esasynda geçirildi. Bu bolsa Türkmenistanyň demokratik ösüş ýoluna, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasy ugra ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady. Bu strategiýa döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary öz wagtynda, milli saýlaw kanunçylygynyň talaplaryna, umumy ykrar edilen halkara standartlara laýyklykda guraldy. Möwsümiň dowamynda we saýlawlaryň geçirilen gününde saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezmegi şu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň häsiýetli aýratynlygy boldy. «Türkmenistan» gazeti

No image
KITAPHANA BIZE GARAŞÝAR

Kitaphanalar

30.03.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyna ýakynda A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta umumy bilim berýän mekdebiniň okuwçylary ekskursiýa geldiler. Kitaphana hünärmenleri ýaşajyk okyjylaryny güler ýüz bilen garşy alyp kitaphanamyzyň gurluş aýratynlyklary hem-de kitaphanada alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Adyndan belli bolşy ýaly, biziň kitaphanamyz çagalar kitaphanasy bolmak bilen okyjylarymyzyň esasy düzüm bölegini körpeje okyjylar düzýär. Şeýlelik bilen kitaphanamyzyň baý kitap gaznasynyň aglaba bölegini çagalar ýazyjylarynyň eserleri tutýar. Ekskursiýa gelen körpeje kitapsöýüjilerimiz hem kitaphanamyzyň “Mekdebe çenli çagalara we 1-3-nji synp okuwçylara hyzmat ediş” bölüminde wagtlaryny hoş geçirdiler. Ol ýerdäki ýaş okyjylarymyzyň öz elleri bilen çeken erteki gahrymanlarynyň suratlary hem-de ýasan şekilleri, ertekileriň gahrymanlaryny suratlandyryp döreden gurjaklaryny gyzyklanma bilen synladylar. Özleriniň söýgüli rus ýazyjylary bolan N.A.Nekrasow, A.S.Puşkin, M.Gorki ýaly birnäçe ýazyjydyr, şahyrlaryň kitaplaryny ellerine alyp okap görmekleri ýaş nesillerde kitap okamaklyga höwes döretdi. Mekdebiň mugallymlary hem-de okuwçylary özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen kitaphana hünärmenleri bilen sorag-jogap alyşdylar. Duşuşyga gelen ýaş nesillerimiz ýokary çeperçilik taýdan aýratynlygy, many-mazmun taýdan baýlygy bilen tapawutlanýan kitaplary neşir edip okamaklyga, öwrenmeklige ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan minnetdarlyklaryny beýan etdiler.

No image
«Halkyň saglygy-döwletiň baýlygy» atly sergi

Muzeýler

30.03.2026

2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Halkyň saglygy-döwletiň baýlygy» ady bilen geçiriljek sergimize tomaşa etmäge çagyrýarys. Sergimiz sagat 11:00-da açylýar. Biziň salgymyz: Aşgabat ş. (A.Nowaýy) 2022. köçesiniň 88-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 92-71-69