logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
PARAHATÇYLYK MEKANY, DOST-DOGANLYK MUKAMY

Kitaphanalar

14.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamagynda «Parahatçylyk mekany, dost-doganlyk mukamy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler eziz Watanymyzda parahatçylyk söýüjilikli ýaşaýşy berkarar etmek ugrunda uly işler alnyp barylýandygy şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň mekany hökmünde tanalýandygy barada belläp geçdiler. Ýurdumyzyň parahatçylyk mukamy dünýäniň dürli künjeklerinde dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk sazlaşygyny döredýändigi, hem-de ýurdumyzda ýaňlanýan parahatçylyk mukamy diňe bir türkmen halkynyň däl eýsem, bütin adamzadyň arzuwlarynyň beýanydygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda asuda asmanyň astynda, bagtyýar döwrüň gujagynda döredilip berilýän ajaýyp şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
TÜRKMEN OJAGYNYŇ WEPALY SAKÇYSY

Kitaphanalar

14.10.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen ojagynyň wepaly sakçysy» atly maslahat geçirildi. Çykyşlarda ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak, şan-şöhradyny dünýä ýaýmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýändigi, türkmen alabaýlaryny goramak we köpeltmek, tohum arassalygyny saklamak hem-de ösüp gelýän ýaş nesillere pederlerimizden miras galan itşynaslyk sungatyny öwretmek şeýle il bähbitli işleriň sanawuny artdyrýandygy, asyrlardan aşyp gelýän ýol-ýörelgeler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam etdirilýändigi barada gyzykly çykyşlar boldy. Çäräniň dowamynda kitaphana işgärleri tarapyndan guralan «Dünýä meşhur alabaý» atly kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan Türkmen alabaýy atly kitabynyň üç dilde ýerleşdirilmegi gatnaşyjylarda uly tasir galdyrdy.

No image
WAGYZ-NESIHAT IŞLERI

Kitaphanalar

14.10.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda, ýurdumyzyň ykdysady durmuş taýdan ösüşleri barada alnyp barylýan uly işler we ýetilen sepgitler boýunça talyp ýaşlaryň arasynda wagyz nesihat işleri geçirildi. Çäräniň soňunda talyp ýaşlar öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Bize şeýle eşretli zamanany döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsuny aýdýarys. Goý olaryň janlary sag başlary dik bolsun, alyp barýan il bähbitli ýurt ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERINIŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI

Kitaphanalar

13.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri şu günki günümiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň bilimini artdyrmakda, dünýägaraýşyny baýlaşdyrmakda, zähmetsöýerlik, Watana, halka wepalylyk, geçmişimize, şu günümize buýsanç ruhunda terbiýelemekde ähmiýetiniň örän ulydygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda bize şeýle ajaýyp eserleri peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMEN BITARAPLYGY-DÜNÝÄ NUSGALYK ÝÖRELGE

Kitaphanalar

13.10.2025

Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher geňeşiniň gurnamagynda, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gatnaşmagynda «Türkmen Bitaraplygy-dünýä nusgalyk ýörelge» atly söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Bitaraplyk-türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik, türkmen üçin ömrüniň aýdymyna, bagtly gelejege gönezlik boljak her bir günleriň öýdümine deňelýän gymmatlyk, türkmeniň Watan içre Watany hasaplaýan, halkymyzy müdimilik juwan eýlän baýlyk, agzybirligiň nyşanydygy şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty, halkara derejesinde ykrar edilip, dünýä ýurtlary bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigi barada bu syýasat, sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmekde möhüm goşant goşýandygy hakynda giňişleýin gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň gujagynda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

No image
ASYLLYLYK-TÜRKMEN ZENANLARYNYŇ ZYNATY

Kitaphanalar

13.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasy, Merkeziň ilkinji zenanlar guramasy bilen bilelikde «Asyllylyk-türkmen zenanlarynyň zynaty» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasy, Merkeziň ilkinji zenanlar guramasy şeýle hem Döwlet kitaphanasynyň işgärleri «Asyllylyk-türkmen zenanlarynyň zynaty» atly wagyz-nesihat çäresinde çykyş etmek bilen, türkmen gelin-gyzlarymyzyň ene-mamalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlarynyň,biziň durmuşymyzda uly terbiýe mekdebi bolup gelýändigini nygtadylar.Türkmen zenanlary öz asylly häsiýetlerini maşgalada öz gyzlarynyň-gelinleriniň aňyna guýýarlar. Ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak,köpçülik ýerlerinde özüni asylly alyp barmak, biziň ýaşajyk gyzjagazlarymyzyň çagalykdan aňyna guýulýar. Sebäbi her bir maşgala biziň jemgyýetimiziň bir bölegi bolup durýar. Gelin-gyzlarymyzyň eliniň çeperligi,diliniň süýjüligi,her bir işde öň hatardalygy bizi begendirýär we buýsandyrýar diýip, çykyş edenler öz söhbetlerinde nygtamak bilen bize bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza,Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşlaryny aýtdylar.

No image
KITAP OKAMAÝAN GÖRÝÄNINI GÖRER, KITAP OKAÝAN DÜNÝÄNI GÖRER

Kitaphanalar

13.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri paýtagtymyzyň dürli künjegindäki orta mekdeplerde täsirli söhbetdeşlikleri, wagyz-nesihat işlerini, baýramçylyk dabaralaryny yzygiderli geçirýärler. Geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelerde kitap söýüji ýaşlar bilen has ýakyn aragatnaşyk saklap, olaryň kitaphanamyza yzygiderli gelmegi üçin uly höwes hem-de gyzyklanma döredýärler. Ýaňy-ýakynda hünärmenlerimiz paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň kitaphanasynda kitap söýüji ýaşlar bilen okamagyň, öwrenmegiň ähmiýeti barada «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitabyň gadyr-gymmaty barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphanaçylarymyz höwesjeň we isleg bildirýän okuwçylary kitaphanamyzyň täze okyjylary hökmünde kabul edip, olara okyjy biletlerini gowşurdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň ýagty geljegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
DÜNÝÄ GÖZELLIKLERINI ZENANLAR WASP EDENDE

Kitaphanalar

13.10.2025

Arkadag şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Dünýä gözelliklerini zenanlar wasp edende» ady bilen keramikaçy gelin-gyzlaryň döredijiliginiň sergisi açyldy. Bu sergi Gülnara Babaýewa we şägirtleriniň sergisi. Halkyny şeýle eşretli, abadan durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

No image
SAGDYNLYK RUHYBELENTLIGIŇ AÝDYŇ ÝOLY

Kitaphanalar

11.10.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy we Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynyň bilelikde gurnamaklarynda Saglyk güni mynasybetli «Sagdynlyk Ruhybelentligiň aýdyň ýoly» ady bilen kitap sergi gurnaldy. Gahryman Arkadagymyzyň, saýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkyň saglygy baradaky alada döwlet derejesine çykaryldy. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Jemgyýetiň esasy baýlygy hökmünde adamlaryň saglygyny goramak baradaky alnyp barylýan işler ýurdumyzda buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Serginiň dowamynda ýaş nesillerimiziň bagtyýarlygy, sagdynlygy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA KATAR DÖWLETINIŇ MILLI KITAPHANASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY TAN HUISM ŞEÝLE HEM KATAR DÖWLETINIŇ MILLI KITAPHANASYNYŇ HÜNÄRMENI HUSEÝIN ŞEN MYHMANÇYLYKDA BOLDYLAR

Kitaphanalar

11.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Katar döwletiniň Milli kitaphanasynyň ýerine ýetiriji direktory Tan Huism şeýle hem Katar döwletiniň Milli kitaphanasynyň hünärmeni Huseýin Şen myhmançylykda boldylar. Myhmanlar Döwlet kitaphanasynda gezelençde bolmak bilen, kitaphananyň bölümleriniň işleri, şeýle hem okyjylara edilýän döwrebap hyzmat, kitaphanada guralan dürli kitap sergileri bilen giňişleýin tanyş boldylar. Olar gezelenjiň çäklerinde Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň işi bilen tanyşyp, soňra myhmanlar türkmen halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan sergini baryp gördiler. Myhmanlar Döwlet kitaphanasynda guralan döwrebap işler, şeýle hem kitaplary tehniki gözegçilik bölüminiň gigiýena bölümçesiniň kitaplary arassalamakda alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyş boldylar. Soňra myhmanlar Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi bilen hem tanyşdylar. Soňra Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümindäki açyk gaznada duran birnäçe dillerdäki kitaplar bilen gyzyklandylar. Gezelenjiň çäginde Seýrek neşirler bölüminde gezelençde bolmak bilen, türkmen halkymyzyň şöhratly taryhyna degişli iň gadymy golýazmalar şeýle hem arap-pars we beýleki Ýewropa dillerindäki iň gadymy edebiýatlar bilen tanyş boldylar.Soňra olar Döwlet kitaphanasynda kompýuter elektron ulgamy arkaly gaznadaky bar bolan neşirler bilen tanyşdylar.