logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
AGZYBIRLIK BAGTYÝARLYGYŇ ÖZENI

Kitaphanalar

17.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Aşgabat» seýilgähinde «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Agzybirlik bagtyýarlygyň özeni» atly söhbetdeşlik geçirdi. Häzirki wagtda halkymyzyň ruhy ýörelgelerinden ugur alynyp geçirilýän Türkmenistanyň halk Maslahaty asyrlaryň dowamynda asylly ýörelgeleri, pähim-paýhasy bilen halkymyzyň görelde mekdebi bolup gelýän halkyň ygtybarly wekillerine sarpa goýmagyň, agzybirligiň we jebisligiň subutnamasydyr. Döwletli maslahatda ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna degişli meselelere garalýar. Ýurdumyzyň ösüşi ugryndaky esasy wezipeler bilen halkymyz giňden tanyşdyrlyp, olary ýerine ýetirmegiň anyk ýollary kesgitlenilýär. Şeýle edilmegi bilen, bu gün türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda agzybirlikde, maslahatly kabul edilýän çözgütler bilen abadan durmuşuň berkararlygyny, täze ösüşleriň binýadyny goýýan. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda buýsançly gürrüňler edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz Watanymyzy bir supranyň başynda jem edip parasatly başlangyçlary öňe sürýär Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.

No image
MUKADDES GARAŞSYZLYK–BAKY BAGTYŇ BAÝRAMY

Kitaphanalar

16.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgi hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Mukaddes Garaşsyzlyk–baky bagtyň baýramy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler şanly Garaşsyzlygymyz biziň milli buýsanjymyzdygyny, berkarar döwletimiziň mizemezliginiň il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýady bolup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miweleri döwletimiziň taryhyna altyn sahypalar bilen ýazylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyz Garaşsyzlyga, hemişelik Bitaraplyga bagtyýarlygyň, berkararlygyň gözbaşy höküminde aýratyn sarpa goýýandygy barada beýan etdiler. Çäräniň dowamynda 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeklerinde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy. Bu bolsa çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Berkarar Diýarymyzy gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Kitaphanalar

16.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän 132-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda döwlet derejesindäki umumy çäre hökmünde giň gerim bilen geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz köçelerde ulaglaryň şeýle-de pyýadalaryň berjaý etmeli düzgünleri, ýerine ýetirmeli hereketleri barada bilesigeliji çagalara täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de ýol yşygy we dürli ýol belgileri, olaryň aňladýan manylary barada düşündirdiler. Çagalar bilen ýol hereketiniň düzgünleri esasynda sorag-jogap alşyldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar baky bagtyýar diýarymyzda ýollaryň asudalygy, illeriň bagtyýarlygy üçin beýik işleri amal edýän Hormatly Prezidentimizde alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
BERKDEN TUTUP GARAŞSYZLYK BINÝADYN, WATAN ÖŇE BARÝAR GOWŞATMAN BADYN

Kitaphanalar

16.09.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti we welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna bagyşlap «Berkden tutup Garaşsyzlyk binýadyn, Watan öňe barýar gowşatman badyn» atly maslahat agşamy geçirildi. Maslahat-da çykyş edenler Garaşsyzlyk baýramy-özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi, öz ýurduň hakyky eýesi bolmak, parahatçylyk we asuda durmuş hakynda edilen arzuwlaryň amala aşandygyny, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny alamatlandyrýardyklary barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar «Garaşsyzlyk mukamy» atly kitap sergisine tomaşa etdiler. Bitaraplyk ýörelgesini baýdak edinip, Garaşsyzlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Merdana halkyna işlemäne, ýaşamana ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/f22.jpg)

No image
GARAŞSYZLYK-KÖŇÜLLERIŇ GUWANJY

Kitaphanalar

15.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk-köňülleriň guwanjy» ady bilen «Baýramhan» seýilgähinde göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýdyň ösüşli menzillere tarap ynamly öňe barýan Watanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şanly Garaşsyzlygyň 34 ýyllygynyň giňden bellenilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu şanly sene eziz Watanymyzyň dünýä derejesindäki abraýyny has-da pugtalandyrýan, gadymy dostluk ýörelgelerimizi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýan aýratyn ähmiýetli baýramdygy barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyryldy bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň asuda parahat ýaşamagy ugrunda birnäçe taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
BILIM–BAGTYŇ ÇYRAGY

Kitaphanalar

15.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň gelmeginde «Bilim–bagtyň çyragy» atly gezelenç geçirildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda Medeniýet ulgamynyň bir bölegi bolan kitaphanalar ulgamyna aýratyn üns berildi. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda birnäçe döwrebap kitaphanalar gurulyp ulanylmaga berildi. Bu bolsa ýaşlaryň bilim almaga bolan yhlasyny höweslendirýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gurlup ulanylmaga berlen kitaphanalaryň ýene-de bir häsiýetli aýratynlyklarynyň biri hem onda asman giňişligine gözegçilik etmäge we öwrenmäge mümkinçilik döredilen. Şeýle döwrebap kitaphanalaryň biri bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy häzirki zaman ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilip, dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertlerde öz okyjylaryna hyzmat edýär. Häzirki wagtda elektron kitaplar, okyjylar köpçüligi tarapynda giňden peýdalanylýar. Gezelenjiň ahyrynda ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
DÖWLET KITAPHANANYŇ DÖREDILMEGINIŇ 130 ÝYLLYGY

Kitaphanalar

15.09.2025

Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň döredilmeginiň 130 ýyllygyna bagyşlanyp baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda halypa kitaphanaçylar bilen medeniýet sungat işgärleri Döwlet kitaphananyň geçen ýoly, taryhy barada seýle-de ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasy bolan kitaphanalar barada gyzykly gürrüňler etdiler. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar dabaranyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza kitaphana işini kämilleşdirmek döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin öz alkyşlaryny aýtdylar.

No image
GARAŞSYZLYK-GÖZLERIMIZIŇ GUWANJY, ŞONUŇ BILEN BERKDIR WATAN DAÝANJY

Kitaphanalar

15.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk-gözlerimiziň guwanjy, şonuň bilen berkdir Watan daýanjy» ady bilen “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygy” seýilgähinde göçme kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ak arzuwlar, belent maksatlar bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk, toýunyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýlarynyň uly ruhybelentlik bilen bellenilip geçilýändigi, ýurdumyz Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplygyna eýe bolanyndan soň mähriban Diýarymyzda dabaraly toý tutulyp, baýram edilip bellenilýän şanly seneler halkymyzyň her biriniň ýürek buýsanjyna, milli mertebesine, guwanjyna çäksiz söýgüsine öwrülendigi barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary Watanymyzy, şanly Garaşsyzlygymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň milli ýörelgesini kemala getiren, pederlerimiziň ýörelgelerine we göreldelerine eýerip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni ösüşlerden ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MUKADDES GARAŞSYZLYK–BAKY BAGTYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

15.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Mukaddes Garaşsyzlyk–baky bagtyň gözbaşy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatçylyk mukamy bolup ýaňlanýandygyny, türkmen ruhynyň we mertebesiniň täzeden dabaralandyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şanly Garaşsyzlyk ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji, Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmesi, bagtyýar geljeginiň buşlukçysydygy barada belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Watanmyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr-sazlary ýerine ýetirdiler, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Berkarar diýarymyzy, beýik ösüşlere, ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÝAZYJY, ŞAHYR, DRAMATURG HEMRA ŞIROWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 75 ÝYLLYGY

Kitaphanalar

13.09.2025

Ýaňy-ýakynda «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki 132-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde «Çagalary söýýän şahyr» atly ýazyjy, şahyr, dramaturg Hemra Şirowyň doglan gününiň 75 ýyllygy mynasybetli edebi duşuşyk geçirildi. Duşuşykda halypa şahyr Hemra Şirow okuwçylara edebiýat sapagy bilen bagly ýaňlytmaç goşgularyny, matematika sapagy bilen bagly hasap goşgularyny okap berip, çagalar bilen sorag-jogap görnüşli şowhunly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň «Aşgabat», «Türkmenistan» teleýaýlymy gatnaşyp geçirilen duşuşygy teleýaýlymda şöhlelendirdi. Duşuşygyň dowamynda mekdep okuwçylary çagalar şahyry Hemra Şirowyň goşgularyndan goşgy bentlerini labyzly edip aýdyp berdiler. Edebi duşuşygyň ahyrynda halypa şahyr Hemra Şirowy gül çemeni bilen gutladylar. Şahyr okuwçylara okuw ýylynda üstünlik, olara bäşlik bahalar bilen okamagy arzuw etdi. Çäräniň dowamynda «Çagalaryň ýakyn dosty» atly şahyr, ýazyjy Hemra Şirowyň kitaplaryndan sergi gurnaldy. Çäräniň soňunda taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegi we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/w3ed%C3%A4ef.jpg)