logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
MUKADDES GARAŞSYZLYK – BAKY BAGTYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

12.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Mukaddes Garaşsyzlyk – baky bagtyň gözbaşy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatçylyk mukamy bolup ýaňlanýandygyny, türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralandyrylýadygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şanly Garaşsyzlyk ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji, Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmesi, bagtyýar geljeginiň buşlukçysydygy barada belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Watanymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr-sazlary ýerine ýetirdiler, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Berkarar diýarymyzy, beýik ösüşlere, ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Kitaphanalar

12.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň polisiýa müdirliginiň, Arkadag şäheriniň 7-nji çagalar bakja bagynyň bilelikde guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly çäre geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza, şeýle hem dünýä tejribesine laýyklykda halkymyzyň ýaşaýyş derejesini hasda gowulandyrmakda, ýurdumyzy gülletmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak giň gerimli çäreler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýär. Şeýle çäre Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda çagalaryň gatnaşmagynda hem geçirildi. Bu çäre geljegimiz bolan ýaş nesilleriň ýol hereketiniň kadalaryny dogry we doly berjaý etmeklerini gazanmak üçin aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Çäräniň ahyrynda asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde bagtyýarlykda ýaşadýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin diýip ýagşy arzuw aýtdylar.

No image
KITAP-RUHY HAZYNA

Kitaphanalar

12.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň gelmeginde «Kitap-ruhy hazyna» atly gezelenç geçirildi. Halkymyzyň owal-ahyrda iň ezizlän ruhy gymmatlyklarynyň biri kitap bolupdyr. Geçmişiň beýanyny, taryhyny, şu günüň habaryny, geljegiň bolsa umytlaryny we maksatlaryny kitap gatlaryndan tapyp bilýäris. Çünki paýhasly jümleler, ylmy garaýyşlar diňe kitaplaryň sahypasynda jemlenendir. Kitap asyrlardan asyrlara, nesillere bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmaýan baýlygy ýetirýän gymmatlykdyr. Kitap döwürleriň synagyndan geçen, hiç haçan könelmeýän gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň terbiýesinde kitabyň uly orny bar. Çünki paýhasly jümleler, ylmy garaýyşlar diňe kitaplaryň sahypasynda jemlenendir. Gezelenjiň ahyrynda ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNYŇ 130 ÝYLLYGY

Kitaphanalar

11.09.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Kitaphananyň döredilmeginiň 130 ýyllygyna bagyşlanyp baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda çykyş eden halypa kitaphanaçylar we medeniýet sungat işgärleri Döwlet kitaphanasynyň Şöhratly ýoly geçen, taryhy hakynda, şeýle hem ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasynyň ojagy bolan kitaphanalaryň, şu günlerde döwrebap ösdürilişi barada söhbet etdiler. Şeýle hem kitabyň ynsan durmuşynyň iň ýakyn hemrasydygyny, türkmen halkymyzyň mydama kitaby çörek ýaly mukaddes saýýandyklaryny nygtamak bilen, türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitap hakynda, okamaklyk hakynda aýdan pähim-paýhaslaryny öz çykyşlarynda beýan etdiler. Dabara gatnaşyjylar häzirki wagtda, biziň ýaş nesillerimiziň, talyplarymyzyň okamaklary, ylym-bilim alkamlary üçin kitaphanalarda ähli şertleriň döredilendigini öz çykyşlarynda nygtadylar. Soňra bu toý dabarasyna gatnaşyjylar dabaranyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz alkyşlaryny aýtdylar.

No image
BERKARARLYK MUKAMY – GARAŞSYZLYK AÝDYMY

Kitaphanalar

11.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda «Berkararlyk mukamy – Garaşsyzlyk aýdymy» ady bilen Türkmen halysynyň milli muzeýinde aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän günlerinde, şanly Garaşsyzlygymyz–bagtyýarlygymyzyň gözbaşy, ruhy dünýämiziň goşa ganaty, bu günki gün Garaşsyzlygyň beren eşretine guwanyp, buýsanyp, bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyz üçin mukaddes Watanymyzyň, eziz Arkadagymyzyň ady dillerde sena bolup ýaňlanýandygy barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle-de Garaşsyzlyk halkymyza asuda asmany, parahat durmuşy we bagtyýar geljegi peşgeş berendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Aşgabat döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde şanly Garaşsyzlygymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-DURMUŞYŇ RAHATLYGY

Kitaphanalar

11.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri we Aşgabat şäheriniň 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-durmuşyň rahatlygy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz köçelerde ulaglaryň şeýle-de pyýadalaryň berjaý etmeli düzgünleri, ýerine ýetirmeli hereketleri barada bilesigeliji çagalara täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de ýol yşygy we dürli ýol belgileri, olaryň aňladýan manylary barada düşündirdiler. Çagalar bilen ýol hereketiniň düzgünleri esasynda sorag-jogap alşyldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda asuda, parahat, abadan ýurdumyzda raýatlaryň rahatlygy we howpsuzlygy ugrunda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
KITAPHANALAR PÄHIM–PAÝHASYŇ ÇEŞMESIDIR

Kitaphanalar

10.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitaphanalar pähim–paýhasyň çeşmesidir» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda kitaphanalar ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylýandygyny, hormatly Prezidentimiziň saýasynda kitaphana işiniň has-da kämilleşdirilip, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze kitaphanalaryň gurulmagy, olarda bitewi elektron kitaplar bilen üpjün edilendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de kitaphana işi, halkymyzyň ruhy we medeni aň-bilimini artdyrmakdan, giň okyjylar köpçüligine döwrebap hyzmat etmekden ybaratdygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda eziz Watanymyzy ösüşiň belent sepgitlerine ýetirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÝOL HEREKETIŇ HOWPSUZLYGY–ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Kitaphanalar

10.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda döwlet derejesindäki umumy çäre hökmünde giň gerim bilen geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy» atly duşuşyk geçirdi. Ýaşlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyna jogapkärli garamaklaryny we howpsuz hereket etmeklerini gazanmak, köçelerde, şaýollarda, jemgyýetçilik ulaglarynda çagalaryň özlerini howpsuz, medeniýetli alyp barmak endiklerini terbiýelemek häzirki döwrüň möhüm talabydyr. Çagalar bilen bagly ýol hadysalarynyň öňüni almak, mekdep okuwçylaryna ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpçin etmek babatda kanunçylygyň talaplaryny hormatlamagy we berjaý etmegi öwretmek bilen bagly kitaphana hünärmenleriniň döwletimizde çap bolup çykan degişli kitaplardan geçiren wagyz-nesihat işleri okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Duşuşygymyzyň ahyrynda oňa gatnaşanlar baky bagtyýar diýarymyzda ýollaryň asudalygy, illeriň bagtyýarlygy üçin beýik işleri amal edýän Hormatly Prezidentimizde alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
BITARAPLYK-BAKY BAGTYŇ YKRARY

Kitaphanalar

09.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Bitaraplyk-baky bagtyň ykrary» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde hemişelik Bitaraplygyň gadyr-gymmaty bahasyzdyr, ol-ýyllar geçse-de ähmiýeti peselmeýän, hümmeti egsilmeýän gymmatlyk. Gaýta ýyl geçdigiçe, ýurduň ykbalyna nur bolup çaýylýan, ynsan kalbyny ýyladýan hemişelik Bitaraplygymyz aýdyň ertirlerimiziň, ýagty geljegimiziň çelgisine öwrüldi. Türkmeniň goşa ganatyna deňelýän hemişelik Bitaraplygyň 30 ýylynyň dowamynda ata Watanymyzyň ykbalyna ýetiren täsirleri, ösüşleri sanardan kän. Bu ýyllaryň içinde ýurdumyz parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlygyň mekany hökmünde dünýä ýüzüne tanaldy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda we dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýan parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri bu gün hemmeleri haýrana goýýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäde parahatçylyk taglymatyny belentden dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de türkmen diplomatiýasyny ýeňişli menzillerde öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
ÝAŞLAR WATANYŇ GELJEGI

Kitaphanalar

09.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ýaşlar Watanyň geljegi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleri ylymly-bilimli, berk bedenli, halkyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny hem-de milli ýörelgelere eýerýän ýaş nesillerimizi kemala getirmek bilen bagly möhüm wezipeler amala aşyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaşlarda watansöýüjilik duýgusyny we milli buýsanjy terbiýelemekde, hünär saýlamaga ugrukdyrmak işlerini has-da döwrebap guramak ugrynda uly işleriň alnyp barylýandygy barada çykyş etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň berkararlygy, il-günümiziň bagtyýarlygy ugrynda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.