logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÄZE GELEN KITAPLARA KITAPHANA SYNY

Kitaphanalar

07.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan Täze gelen kitaplara kitaphana syny geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň kitaba goýýan hormatynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny, ata-babalarymyzyň geçmişde öz nesillerini kitaplarda öňe sürülýän gymmatlyklaryň üsti bilen terbiýeländigine taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölüme täze gelen we awtoryň öz gollary bilen sowgat berlen kitaplary okyjy köpçüligine tanyşdyrmak maksady bilen kitaphana syny geçirildi we bölümiň okalga zalynda kitap sergi hem gurnaldy. Seýrek neşirler bölümine täze gelen ajaýyp kitaplar gaznamyzy has –da baýlaşdyrdy. Kitaphana synynda täze gelen kitaplaryň her biri bilen aýratyn tanyşdyryp okyjy köpçüligine ýetirildi. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
HAZARYŇ TÜRKMEN KENARY: MÖHÜM WAKALARYŇ ŞAÝADY

Kitaphanalar

06.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Hazaryň türkmen kenary: möhüm wakalaryň şaýady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlik çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Hazaryň kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny geçirmek we onuň çäklerinde beýleki medeni-ynsanperwer çäreleri ýaýbaňlandyrmak arkaly Türkmenistanyň dünýä ýurtlarynyň arasynda dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkider» diýip belleýşi ýaly, dostluk mekany Awazada üstünlikli geçiriljek halkara forumda gazanyljak ylalaşyklar, kabul ediljek çözgütler Bitarap döwletimiziň döwrebap ulag-logistika ulgamynyň sebit we yklym ähmiýetli ýollaryň ösmegindäki ähmiýetini has-da artdyryp, dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, durnukly ösüşiň rowaçlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolar diýip belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler, ýurdumyzyň at-abraýyny dünýä derejesinde has-da ösdürmekde, halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KIM KITAP OKADY

Kitaphanalar

06.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda «Kim kitap okady» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we sorag-jogap bäsleşigi geçirildi. Çärede çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni uly üstünliklere beslenip, ýaş nesilleriň bagtyýarlygy, iň oňat şertlerde okamaklary dynç almaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gökdere jülgesindäki «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde şu günler tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny manyly geçirmekleri üçin birnäçe kompýuter otaglary şeýle-de kitaphana bolup, olar özleriniň halaýan ertekili kitaplaryndan birnäçesini okap sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda ýaşlaryň bagtyýarlygyny Watanymyzyň güýç-kuwwatyna, abraý-mertebesine, beýik geljegine deňeýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
AWAZA-PARAHATÇYLYGYŇ WE HYZMATDAŞLYGYŇ MERKEZI

Kitaphanalar

06.08.2025

Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-nyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatyna bagyşlanyp «Awaza-parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň merkezi» ady bilen maslahat geçirildi. Maslahatda ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli ösdürýär. Bu syýasat parahat söýüjilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýar. Şeýle ýörelgeler bilen çykyş edýän dünýä bileleşiginiň möhüm wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşyp, halkara guramalar bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. BMG-nyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyny görkezýär. Bu başlangyç dine ykdysady taýdan däl, eýsem syýasy we medeni taýdan hem ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdir diýip çykyş etdiler. Şeýle-de maslahatyň dowamynda ýaşamak, işlemek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MAGTYMGULY PYRAGY–EDEP TERBIÝE MEKDEBI

Kitaphanalar

06.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi, Kitaphanaara abonement bölümi bilen bilelikde Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän «Bagtyýar nesiller» sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Magtymguly Pyragy–edep terbiýe mekdebi» atly göçme kitap sergisini çagalar topary bilen geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalara adamzadyň döreden gymmatlyklarynyň altyn hazynasyna ägirt uly goşant goşan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýeti ýaş nesli watançylyk, dostluk, zähmetsöýerlik, tutanýerlilik, päk ýüreklilik we adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde hem-de olaryň gözellik duýgularyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolup, onuň pendi nesihatlary, öwüt-ündewleri ýaşlarymyz üçin ruhubelentligiň hem ynsanperwerligiň gymmatly edep-terbiýe mekdebidigini beýan etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly kitabynda Pyragynyň edebi älemi çeper diliň, filosofik oý-garaýyşlaryň, taryhy maglumatlaryň üsti bilen has giňişleýin suratlandyrylýandygyny uly buýsanç bilen nygtadylar. Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe eserler ýerleşdirildi. Bu eserler halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür merjeni bolmak bilen, nesilleriň ylham çeşmesi bolup hyzmat etjekdigini, halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan, ýaş nesilleri watançylyk, ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadygyny buýsanç bilen beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda çagalar bilen sorag-jogap alşyldy. Kitap sergisine gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
GÜL ÇAGALAR WATANYMYZYŇ GELJEGI

Kitaphanalar

06.08.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Gökderedäki «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Gül çagalar Watanymyzyň geljegi» atly gürrüňdeşlik geçirildi. Çagalaryň arzuw bilen garaşýan şadyýan tomsy gyzgalaňly dowam edýär. Sapaly tomsuň hözirini görýän bagtyýar çagalaryň şatlyklaryna şaýat bolmak üçin Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir işgärleri Gökderedäki «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezine çagalara birnäçe ertekili kitaplarymyz bilen myhmançylyga geldik. Bu ýerde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny şadyýan hem gyzykly geçirýändiklerine şaýat bolduk. Olara türkmen halk ertekili kitaplaryny okap berdik bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy. Şeýle hem bu ýerde çagalaryň öz okan kitaplaryndan goşgudyr hekaýalaryny diňledik. Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn medeniýetli dynç almaklary üçin şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

No image
OBA HOJALYK ÖZGERTMELERI

Kitaphanalar

06.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi «Oba hojalyk özgertmeleri» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda ,oba hojalygy ylmy esasynda ösdürilýändigi,Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi hakynda giňişleýin nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler bize şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ERKINLIKDIR SENIŇ ARZYLY BAGTYŇ, OKA SEN ERTEKI BOŞ BOLAN WAGTYŇ

Kitaphanalar

06.08.2025

«Bagtyýarlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş» merkezinde Lebap welaýat çagalar kitaphanasy dynç alýan çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmegini gazanmak maksady bilen meýilnama esasynda birnäçe köpçülikleýin çäreleri geçirýärler. Çagalar bilen geçirilýän sorag-jogap agşamlary olaryň sagdyn, belent ruhly ösüp kemala gelmeklerine, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegine öz täsirini ýetirýär. Bu ýerde «Erkinlikdir seniň arzyly bagtyň, oka sen erteki boş bolan wagtyň» diýen at bilen kitap sergisi hem gurnaldy. Çagalar sergi arkaly dürli ýyllarda çap edilen ertekiler bilen tanyşdylar. Dynç alyş merkeziň körpeleri özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini beýan edýärler.

No image
KITAP–KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

05.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde guramagynda «Kitap– kämilligiň gözbaşy» ady bilen göçme kitap sergi gurnaldy we aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ýurdumyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Gökdere jülgesinde «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýörite çagalar üçin niýetlenip çap edilen kitaplar esasynda göçme kitap sergisi guralyp bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri we Türkmen halk ertekileri ýerleşdirilip, bu ýerde çagalar bilen sorag-jogaplar alyşdylar, bu bolsa halk döredijiliginiň iň meşhur ýörgünli görnüşi bolan ertekilerden bölekleri okap berdiler we Ata-babalarymyzyň paýhasy siňen, asyrlaryň dowamynda kämilleşip, nesilleriň edep mekdebine öwrülen ertekiler ýaşlary milli ruhy gymmatlyklar esasynda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedi barada belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalaryna, pederlerimiziň wesýetlerine wepaly bolmak bilen, köp okamaklygy endik edinmelidigini nygtap geçdiler we bagtyýar çagalar bu biziň ertirki güne ynamymyz, biziň geljege bolan bagtyýar garaýşymyzdygy we buýsanjymyzdygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda halkymyzy belent sepgitlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BIZ HAÝSY ERTEKILERDEN

Kitaphanalar

05.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Biz haýsy ertekilerden» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we sorag-jogap bäsleşigi geçirildi. Çärede çykyş edenler tomusky dynç alyşa çykan çagalaryň wagtlaryny şatlykly-şagalaňly geçirmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalary bilen ýurdumyzyň ýagty geljegi bolan çagalaryň her bir gününiň, aýratyn hem tomusky dynç alyş möwsüminiň ýokary derejede geçmegini üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigi barada beýan etdiler. Şeýle-de bagtyýar çagalaryň göwünlerini galkyndyryjy şirin aýdym-sazlar we başga-da birnäçe medeni gurnaklar guralmagy, dynç alýan çagalarda ýakymly täsir galdyrandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileriniň üsti bilen dogruçyllygyň, paýhasyň hem edermenligiň dabaralanmasy, halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne daýanmak ýaly asylly sypatlaryň beýan edilýändigini çagalara gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda asuda, parahat durmuşyň goýnunda erkana ýaşaýan körpelerimiz üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.