logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Eziz Watanymyz Türkmenistan

Kitaphanalar

04.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Eziz Watanymyz Türkmenistan» ady bilen surat çekmek bäsleşigi geçirildi. Çärede ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin birnäçe işler durmuşa geçirilip, tomus paslynda hem çagalaryň dynç alýan pursatlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigi hakynda giňişleýin beýan etdiler. Çagalar surat çekmek bäsleşiginde gözel Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, ajaýyp tebigatymyzy, haýwanat dünýäsini wasp edýän suratlary çekip, eserlerinde ulanan reňkleri, many-mazmuny bilen tanyşdyrdylar. Şeýle geçirilýän çäreler ýaş nesilleriň pikirleniş, döredijilik ukybynyň ösmegine uly şertleri döredýändigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary esasynda gürrüňdeşlik

Kitaphanalar

04.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary esasynda» wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplary, türkmen halkynyň kitap baýlygynyň has-da baýlaşmagyna saldamly goşant goşup, türkmen halkynyň milli ruhy-medeni gymmatlyklaryny we ýörelgelerini gaýtadan dikeltmekde we ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýandygy şeýle-de bu gymmatly kitaplaryň diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem rus, iňlis we dünýäniň dürli dillerinde neşir edilmegi dünýä jemgyýetçiliginde, adamzadyň aňyýetinde uly gyzyklanma döredýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda ýaş nesilleriň şeýle ajaýyp mekanda dynç almaklary, wagtlaryny täsirli hem-de gyzykly geçirmekleri babatda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Nusga öwrülen ömür

Kitaphanalar

04.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda meşhur türkmen sazandasy Şükür bagşynyň doglan gününiň 195 ýyllygy mynasybetli «Nusga öwrülen ömür» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde türkmen halkynyň ruhy baýlygy-bagşyçylyk we söz sungatyna bolan söýgüsi tutanýerlilik, adalatlylyk, umuman nesilden-nesle geçip gelýän gylyk-häsiýetler, däp-dessurlar barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ady rowaýata öwrülen ussat Şükür bagşynyň taryhda uly yz galdyrandygy, eline bir ýarag alman öz dutary bilen agasyny tussaglykdan halas edişi dilden-dile geçip biziň günlerimize gelip ýetendigi hakynda beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda geçmişde yz goýan ussat halypalarymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Paryzdepe ýadygärligi

Kitaphanalar

04.08.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Miras teleýaýlymyň taýýarlamagynda “Paryzdepe ýadygärligi” barada gürrüňdeşlik geçirildi geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimizde medeni gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýulýar. Ýurdumyzda ýerleşýän medeni ýadygärliklerimiziň çäklerinde yzygiderli gazuw-agtaryş işleri alnyp barylýar. Şeýle işleriň netijesinde bolsa, gadymy türkmen topragynyň taryhyndan habar berýän birnäçe tapyndylaryň üsti açylýar. Türkmen halkymyzyň şöhratly taryhyndan habar berýän birnäçe ýadygärlikler ylmy esasda öwrenilýär. Şeýle gadymy ýadygärlikleriň biri hem Paryzdepe ýadygärligidir. Paryzdepe ýadygärliginiň biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllykda dörändigini hem-de giçki orta asyrlara çenli ösüşini taryhy çeşmelerden bilmek bolýar. Bar bolan maglumatlara göra, 2016-njy ýylda Paryzdepede ylmy-derňew işleri geçirilip başlandygy barada giňişleýin gürrüňler edildi. Bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan, adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik tutumlara badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik başlangyçlary hemişe rowaç alsyn.

No image
Akyl hazynasy

Kitaphanalar

03.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda «Akyl hazynasy» atly kitapdan sesli okaýyş geçirildi. Çärede halkymyzyň asyrlar boýy özüniň milli däp-dessurlaryny saklap gelip, şonuň netijesinde ýaş nesilleri terbiýelemekde hem şol millilikden ugur alyp, olaryň aňyna ornaşdyrmak üçin halk döredijiliginiň ýagny, ertekileriň, tapmaçalaryň, nakyllaryň, atalar sözleriniň, rowaýatlaryň aýratyn ähmiýetiniň bardygy hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de «Akyl hazynasy» atly kitapda türkmen halk döredijiliginiň şahyrana žanrlary bolan matallar, sanawaçlar, ýaňyltmaçlary öz içine alyp, nesil terbiýesine gönükdirilen söz sungatyň täji bolup durýandygy hakynda aýtdylar. Çäräniň ahyrynda halkymyza eşretli döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Kitap - adamzadyň köňül nagşydyr

Kitaphanalar

03.08.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan golaýda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 4-nji kitap dükanynda “Kitap - adamzadyň köňül nagşydyr” atly ýaşlarda kitap okamaga söýgi döretmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Körpe kitap söýüjilere diňe mekdep möwsüminde dal, eýsem, dynç alyş günlerinde hem kitapdan üzňe bolmazlyk, çagalaryň kitap bilen dostlaşmagyny gazanmak kitaphanaçylaryň esasy wezipesidir. Çagalaryň durmuşynda kitap dükanlaryna baryp görmek, kitaplar bilen tanyşmak olaryň diňe bir sowatlylygyna däl-de psihologiýasyna, şahsyýet hökmünde kemala gelmegine täsir edýär. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza kitaba sarpa goýýan jemgyýeti kemala getirmeklikde durmuşa geçirýän asylly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Halk Maslahaty: Aýdyň maksatlar, möhüm wezipeler

Kitaphanalar

03.08.2026

Golaýda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen Lebap welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda, ýurdumyzda uludan toýlanjak dabaralar mynasybetli, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde, “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti we öňde goýýan wezipeleri” atly maslahat geçirildi. Maslahatda edilen çykyşlarda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler uly buýsanç bilen bellenildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, il-günümizi bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzy gülledip ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Çagalary “Ekitap.gov.tm” saýtymyzyň sesli kitaplary bilen tanyşdyrmak

Kitaphanalar

31.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň “Kitaplary elektron görnüşine geçirmek” bölümi tarapyndan Aşgabat şäheriniň 45-nji çagalar bagynda “Çagalary “Ekitap.gov.tm” saýtymyzyň sesli kitaplary bilen tanyşdyrmak” atly söhbetdeşlik geçirildi. Kitaphanaçylar körpelere türkmen halk ertekileri we ertekileriň baş gahrymanlary bilen tanyşlyk geçirdiler we çagalara ertekileri sesli görnüşinde ykjam telefonuň üsti bilen diňletdiler. Sesli audio kitaplar heniz okap bilmeýän körpelerde dil baýlygyny ösdürýär, olaryň ünsüni jemleýär we ertekileri diňläp öwrenmegine ýardam edýär. Sesli eserleri diňlemek çagalaryň sözleýşini, akyl ýetiriş ukybyny we ruhy taýdan terbiýelenmegini gowulandyrýar. Göçme kitap sergisinde ýerleşdirilen çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler bolsa körpelerde okamaga we diňlemäge uly gyzyklanma döretdi. Bagtyýar nesillerimizi milli ruhda terbiýelemäge uly mümkinçilikler döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

No image
Paýhas hazynasy

Kitaphanalar

31.07.2026

Golaýda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda, Arkadag teleýaýlymynyň taýýarlamagynda «Paýhas hazynasy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly eseriniň ähmiýeti, ata-babalarymyzdan şu günümize gelip ýeten milli däp-dessurlarymyzyň gymmatyny nesillerimize ýetirmek, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň bagtyýar geljegi üçin edilýän işler barada giňişleýin söhbet edildi.

No image
Täsirli söhbetdeşlik

Kitaphanalar

31.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphana işgärleri «Altyn asyr:Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli alnyp barylýan taýýarlyk işleri hakynda teleýazgy etdiler. Hünärmenler çykyşlarynda: «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda her bir günümiziň täze ösüşlere, beýik ýeňişlere beslenip gelýändigini nygtamak bilen, ýurdumyzda uludan toýlanjak dabaralar mynasybetli geçiriljek çäreler, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän uly taýýarlyklar hakynda söhbet etdiler. Çykyş edenler söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we ähli türkmen halkymyzy şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy bilen gutladylar.