logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Dost – doganlyk gatnaşyklary dünýä dolýar

Kitaphanalar

20.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de Döwlet kitaphanasynyň hünärmenleriniň bilelikde gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwletine bolan iş saparynda gol çekilen birnäçe ähtnamalar boýunça söhbetdeşlik geçirildi. “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazga geçirilen söhbetdeşlikde çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwletine döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Gruziýanyň Ilýa Çawçawadze adyndaky Milli kitaphanasynyň arasynda kitaphana işi boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda ähtnama kabul edilendigi, şeýle-de kitaphana ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň möhümdigi dogrusynda, kitaphana işiniň täze, döwrebap iş ugurlaryny girizmekde, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak we ulanmak arkaly tejribe alyşmakda ikitaraplaýyn işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp baryljakdygy hakynda söhbet etdiler. Kitaphana işgärleri doganlyk döwletiň belli ýazyjy- şahyrlarynyň eserleriniň okyjylar tarapyndan söýlüp okalýandygyny buýsanç bilen bellediler. Çykyş eden medeniýet işgärleri Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwletine döwlet saparynyň çäklerinde Gruziýada Türkmenistanyň medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigi hakynda hem buýsançly söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler dost-doganlyk hyzmatdaşlygyny mundan beýläkde pugtalandyrmakda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Kitap adamyň ruhy hemrasy

Kitaphanalar

20.07.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 4-nji kitap dükanynda hemişelik okyjylarynyň arasynda “Kitap adamyň ruhy hemrasy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitap okamagyň ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz dynç alyş günlerinde kitap okamak, kitaphanalar bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak babatda höweslije çagalara ündew etdiler. Çagalar kitap dükanyndan isleg bildirýän kitaplarynyň ençemesini satyn aldylar. Ýene-de ençeme kitaplary kitaphanamyzyň okyjylar zalyna gelip okajakdyklaryny uly höwes bilen aýtdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň kitap bilen, kitaphanalar bilen dostlaşmagy, dynç alyş günlerini peýdaly zatlar öwrenmäge sarp etmegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
Horezmiň parlak ýyldyzy

Kitaphanalar

20.07.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda "Miras" teleýaýlymynyň "Dürler hazynasy" gepleşiginiň ýazgy etmekliginde gündogar dünýäsiniň beýik alymy we akyldary Nejmeddin Kubranyň doglan gününiň 885 ýyllygyna bagyşlap söhbetdeşlik geçirdi. Türkmen medeniýetinde hem-de taryhynda hakyky ady Ahmet ibn Omar bolan Nejmeddin Kubra ylymy§, batyrlygyň we Watana bolan wepalylygyň nusgawy danasy hökmünde kabul edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Köneürgenç taryhy-medeni goraghanasynda Nejmeddin Kubranyň aramgähi gümmezi ýerleşýär. Bu ýer dünýäniň çar künjünden gelýän syýahatçylaryň we zyýaratçylaryň in köp gelýän mukaddes ýerleriniň biri. Onuň taryhy we ruhy mirasy häzirki wagtda hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyk hökmünde goralyp saklanylýar. Söhbetdeşligiň dowamynda şular dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Taryhymyzy, edebiýatymyzy Özüniň ruhy we ahlak eserleri bilen baýlaşdyran şahsyýetleriň döredijilik ýoluny öwrenmeklige giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler alkyşlary beýan edildi.

No image
Garaşsyzlyk – bagtymyzyň gözbaşy

Kitaphanalar

20.07.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen bilelikde şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk – bagtymyzyň gözbaşy” atly maslahat geçirdi. Maslahatda çykyş edenler geçen 35 ýylyň ýylyň dowamynda ähli ugurlar boýunça ýetilen beýik sepgitler, gazanylan zähmet üstünlikleri barada buýsançly gürrüňler etdiler. Şeýle-de ýyndamlykda, owadanlykda dünýäni haýran galdyrýan ahalteke bedewlerimiziň gelip çykyşy, ösdürilip ýetişdirilişi, şöhratly taryhymyzda eýeleýän orny we häzirki wagtda bedewlere goýulýan hormat-sarpa barada täsirli gürrüňler edildi. Ganatly bedewlerimize bagyşlanan sergi aýratyn gyzyklanma döretdi. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri hem-de bedewlerimiziň şekili suratlandyrylan nakgaşlyk eserler ýerleşdirildi. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Kitaphanalar ylham ojagy

Kitaphanalar

20.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda «Kitaphanalar ylham ojagy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler kitaphana işinde döwrüň gazananlary bilen aýakdaş gitmek, jemgyýetde kitap okamaklyga bolan höwesi, söýgini has-da artdyrmak, okyjylara gerekli maglumatlary tapyp bermek kitaphana hünärmenleri üçin uly wezipe bolup durýandygyny belläp geçdiler. Şeýle-de ýurdumyzda kitaphana işini döwrebaplaşdyrmak, halkymyzyň ruhy we medeni aň-bilimini artdyrmakdan, giň okyjylar köpçüligine hyzmat etmekden ybaratdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphana ulgamyny has-da ösdürip, döwrebaplaşdyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik

Kitaphanalar

20.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde halkymyzyň şöhratly taryhy hem-de edebi mirasy jemlenen Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynda türkmen halkynyň döreden milli gymmatlyklary, baý taryhy babatda durmuşa geçirilen ylmy, filosofik, çeper mazmunly işler geljekki nesillerimiz üçin gymmatly hazyna öwrülendigi barada belläp geçdiler. Şeýle-de bu kitapda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligi giňden beýan edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Çagalary kitap okamaklyga çekmek

Kitaphanalar

20.07.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal jogap bölümi hem-de “Arkadag” teleýaýlymy bilen bilelikde “Çagalary kitap okamaklyga çekmek” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler halkymyzyň iň ezizlän gymmatlyklarynyň biri kitapdyr, sebäbi ol dünýädäki iň uly, iň ähmiýetli hazynany – söz baýlygyny özünde jemleýär. Geçmişiň beýanyny, taryhyň kyssasyny, şu günüň habaryny, geljegiň maksatlaryny kitap gatlaryndan tapyp bilýäris diýip, öz çykyşlarynda belläp geçdiler. Kitap ynsanyň kalbyny tämizläp, aňyny durlaýar. Adam köp okamak bilen durmuşyň manysyna, özüniň we töweregindäkileriň ruhy dünýäsine düşünýär/ Zehiniňi ýüze çykarmak üçin kitaby köp okamaly. Çeper ahlaky aňyýetli, ylymly, paýhasly, giň düşünjeli, täze garaýyşly nesliň kemala gelmeginde kitaphana ulgamy wajyp ähmiýete eýedir. Her bir kitap açylmadyk dünýädir, ajaýyp bir gymmatlykdyr. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşan okyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bize şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

No image
Kitap-paýhas çeşmesi

Kitaphanalar

17.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň guramagynda “Kitap-paýhas çeşmesi“ atly söhbetdeşlik geçirildi. “Aşgabat” teleýaýlymynda ýazgy edilen söhbetdeşligiň başynda Sungat bölüminiň bölümçe müdiri Altyn Bäşimowa, Gülaýym Saparmedowa, Enejan Aşyrgeldiýewa dagylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilýän üstünlikler, milli mirasymyzy, nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmaga, okyjylary kitap okamaga çekmek boýunça kitaphanalarda alnyp barylýan işler, döredilýän giň mümkinçilikler dogrysynda gürrüň berdiler. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, ata Watanmyzyň nurana geljegi bolan ýaş nesillerimize bilim-terbiýe bermek uly mertebe we bagtdyr. Kämillik ýolunda ynamly öňe barýan, dogumdan don geýen türkmen ýaşlary bu bagtyýarlygyň goýnunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan, ajaýyp eserlerini ýol ýörelge, şamçyrag edinýärler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde edýän tagallalary üçin, baý milli mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Kitaplar – bilimiň çeşmesidir

Kitaphanalar

17.07.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi hem-de “Arkadag” teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitaplar – bilimiň çeşmesidir” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler halkymyzyň iň ezizlän gymmatlyklarynyň biri kitapdyr, sebäbi ol dünýädäki iň uly, iň ähmiýetli hazynany – söz baýlygyny özünde jemleýär. Geçmişiň beýanyny, taryhyň kyssasyny, şu günüň habaryny, geljegiň maksatlaryny kitap gatlaryndan tapyp bolýar diýip, öz çykyşlarynda belläp geçdiler. Kitap ynsanyň kalbyny tämizläp, aňyny durlaýar. Adam köp okamak bilen durmuşyň manysyna, özüniň we töweregindäkileriň ruhy dünýäsine düşünýär. Zehiniňi ýüze çykarmak üçin kitaby köp okamaly. Çeper ahlaky aňyýetli, ylymly, paýhasly, giň düşünjeli, täze garaýyşly nesliň kemala gelmeginde kitaphana ulgamy wajyp ähmiýete eýedir. Her bir kitap açylmadyk dünýädir, ajaýyp bir gymmatlykdyr. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi hem-de “Arkadag” teleýaýlymy bilen bilelikde geçirilen “Kitaplar – bilimiň çeşmesidir” atly söhbetdeşlik oňa gatnaşan okyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bize şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

No image
El hünäri – kämil terbiýäniň özeni

Kitaphanalar

17.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda «El hünäri – kämil terbiýäniň özeni» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerimiz bolan milli baýlygymyz asyrlardan aşyp, biziň bagtyýar döwrümize gelip ýetip, milli sungatymyz has-da baýlaşdyrylyp, gelin-gyzlaryň kalbyna siňenligi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň pähim-paýhasyndan, çeper elli ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehin-yhlasyndan kemala gelen nepis halydyr, gülli keçeleri, sünnälenip nagyşlanan milli lybaslary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze öwüşgine eýe bolýandygy barada söhbet etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.