logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Kitap - meniň dostum

Kitaphanalar

23.07.2026

Ýakynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda, Aşgabat şäherindäki “Gujurly bilim merkeziniň” dil öwrenýän zehinli ýaş okyjylarynyň gatnaşmagynda “Kitap - meniň dostum” atly meýilnama esasynda, halypa ýazyjy Hemra Şirow bilen duşuşyk söhbetdeşligi geçirildi. Halypa ýazyjy Hemra Şirow çagalar bilen duşuşýandygyna örän begenýändigini, şeýle döredijilik duşuşyklaryna uly höwes bilen gatnaşýandygyny buýsanç bilen gürrüň berdi. Ýazyjynyň eserleriniň aglabasy çagalara bagyşlanýar. Şahyr çaganyň aň-bilime bolan höwesini oýarjak, tebigaty söýmeklige we töweregindäki adamlara düşünmeklige eltjek ýagşylyga çagyrýan çagalar üçin kitaplardygyny aýdyp, öz kitapçalary bilen tanyşdyrdy. Kitaplardaky şygyrlar özboluşly täsinlige eýe bolup, gyzykly çagalar dünýäsi bilen bagly düzülipdir. Şahyr duşuşykda çagalaryň aň-düşünjesini barlamak üçin düzen matematika dersi boýunça tapmaça goşgulary, edebi dilde arassa ýalňyşsyz gürläp bilmegi üçin, edebiýat sapagy bilen bagly ýaňlytmaç görnüşli goşgulary okap çagalar bilen sowal-jogap alyşdy. Çagalar öz gezeginde begenip tapmaça goşgularyň jogaplaryny berdiler. Halypa şahyr kitaplary köp okamagy, kitap bilen dostlaşsaň köp zady öwrenip bolýandygyny, wagtyňy bisarpa tutmazlygy çagalara öwüt-nesihat etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri bölümlere gezelençde çagalary kitaplar bilen tanyşdyryp, olaryň özlerinden ulular bilen islendik wagtda gelip, gerekli kitaplaryny alyp bilýändigini aýtdylar. Çäräniň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar ýurdumyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwren, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
Halkara kitaphana gatnaşyklarynyň ösüşi

Kitaphanalar

23.07.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Güneş” žurnaly hem-de “Edebiýat we sungat” gazeti bilen bilelikde “Miras” teleýaýlymynyň ýazgy etmekliginde Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa Döwletine amala aşyran döwlet saparynyň cäklerinde iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça uly resminamalar toplumyna gol çekilmegi aýratyn-da “Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Gruziýanyň Ilýa Çawçawadze adyndaky Milli kitaphanasynyň arasynda kitaphana işi çygrynda Özara Ähtnama” baglaşylmagy mynasybetli söhbetdeşlik geçirdi. Kitaphana işini sanlylaşdyrmak, seýrek duş gelýän golýazmalary sanly görnüşe geçirmek hem-de elektron maglumat binýatlarynda özara elýeterliligi üpjün etmek boýunça tejribe alyşmaklyga ýardam berjek bu ähtnamanyň kitap we kitaphana işinde ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Bu ähtnama giň okyjylar köpçüligine türkmen we gruzin alymlarynyň, baý edebiýaty bilen has ýakyndan tanyşmaklyga giň mümkinçilikleri açar. Ine şular dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oña gatnaşanlar kitap we kitaphana işini halkara kitaphana ulgamy bilen tejribelerini baýlaşdyrmaklykda döwletara kararlardyr, resminamalary kabul edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.

No image
Şanly Garaşsyzlyk ösüşleriň binýady

Kitaphanalar

22.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli «Şanly Garaşsyzlyk ösüşleriň binýady» ady bilen “Aşgabat” seýilgähinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurt Garaşsyzlygyny, ruhy mirasymyzy baýlaşdyrmaga, müňýyllyklardan gözbaş alyp, nesilden-nesile geçip gelýän parahatçylyk, dostluk we belent ynsanperwerlik däplerimizi ýer ýüzünde giňden dabaralandyrmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de gazanylýan üstünlikler geljekki beýik işleriň binýadyna öwrülüp, bu gün Türkmenistan öz güýjüne ynanýan, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary giňeldýän, hemişe ösüşe ymtylýan ýurt hökmünde tanalyp, halkymyzyň jebisligine, agzybirligine, döredijilik we işewürlik başlangyçlaryna, ýurdumyzyň kuwwatly mümkinçiliklerine daýanyp, berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, her bir raýatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Dost-doganlyk gatnaşygy – ösüş-özgerişleriň gözbaşy

Kitaphanalar

22.07.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ynamly ösüşleriň täze belentliklerine sary öňe barýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi hem Watanymyzyň her bir gününiň taryhy wakalara beslenýän günlerinde “Dost-doganlyk gatnaşygy – ösüş-özgerişleriň gözbaşy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we “Açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanyp, daşary syýasy strategiýasynyň durmuşa geçirilýändigi, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Gruziýa bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýändigi dogrusynda söhbet etdiler. Şeýle-de, bu iki döwletiň arasynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny has-da berkidip, oňyn gatnaşyklar üçin täze sahypany açýandygy barada söhbetdeşligiň dowamynda nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda hünärmenler zähmet çekýän pudaklarynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny ýokary derejede bellemäge giňden taýýarlyk görülýändigi hakynda bellemek bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

No image
“Türkmen edebiýaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly döredijilik duşuşygy

Kitaphanalar

22.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda, “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Türkmen edebiýaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler, Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen edebiýatynda yz goýan ussat ýazyjy-şahyrlarymyza uly sarpa goýulýandygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesliň kitaphanalarda edebiýatymyzy, milli mirasymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy açyp görkezýän kitaplary yzygiderli okaýandyklaryny, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerini özleriniň ýan kitabyna öwrendikleri, ýurdumyzda giňden bellenýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli geçiriljek çäreler, maslahatlar hakynda täsirli söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphana we döredijilik işgärleri, ýurdumyzy ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Garaşsyzlyk–Watanymyzyň şöhraty

Kitaphanalar

22.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň guramagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli “Garaşsyzlyk – Watanymyzyň şöhraty ” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler merdana ata-babalarymyzyň döwletlilik däplerine eýerip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda beýik ösüşleriň täze tapgyrlary, ýetilen sepgitler, durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylan we gazanylýan üstünlikler barada beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan kuwwatly ösmegine, ýurdumyzy hemme taraplaýyn ösen döwlete öwürmek, her bir ildeşimiziň bagtly durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikleri açandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda çykyş edenler döwletimiziň halkara abraýyny ösdürmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alyp barýan beýik işlerinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza rowaçlyklary arzuw etdiler.

No image
Ylmyň özeni kitap

Kitaphanalar

22.07.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda döwletimiziň halkara abraýy has-da ýokarlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gruziýa döwlet sapary gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny aýdyň görkezdi. Prezident Mihail Kawelaşwili, Premýer-ministr Irakliý Kobahidze bilen geçirilen ýokary derejeli duşuşyklar, Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty, ýurdumyzyň önümleriniň sergisi, Türkmenistanyň Gruziýadaky ilkinji Medeniýet günleri — bularyň ählisi biri-biriniň üstüni ýetirip, döwlet saparyna baý mazmun berdi, hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açdy. Saparyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň 20-den gowragyna gol çekilip, olar daşary işler, ykdysadyýet, maliýe gözegçiligi, saglygy goraýyş, bilim, senagat, deňiz we demir ýol ulaglary, medeniýet, teatr, muzeý, kitaphana, konserwatoriýa ýaly ugurlara degişlidir. Munuň özi hyzmatdaşlygyň uzak geljegi nazarlaýandygynyň güwäsidir. Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Gruziýanyň Ilýa Çarçawadze adyndaky Milli kitaphanasynyň arasynda kitaphana işi çygrynda Özara ähtnama hem kabul edildi. Bu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy usuly we Bibliografik bölüminiň bilelikde guramaklarynda kitaphanaçylaryň arasynda “Ylmyň özeni kitap” atly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler kitaphanalaryň ýakyn aragatnaşykda bolmagy, okyjylara hyzmat etmegiň usullaryny kämilleşdirmek, sergileri guramak, iki ýurduň ýazyjy-şahyrlarynyň döreden eserlerini okyjylara ýetirmek barada, şeýle hem, 2027-nji ýylda dünýä edebiýatynyň baýlaşmagyna goşant goşan gruzin ýazyjysy Ilýa Çarçawadzäniň hem-de beýleki ýazyjy-şahyrlaryň bibliografiýa görkezijilerini taýýarlamagy maksat edinip, bu işleriň iki döwletiň kitaphanalarynyň dostlukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam etjekdigi hakynda nygtadylar.

No image
Kim köp erteki bilýär

Kitaphanalar

22.07.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki 182-nji çagalar bagynda “Kim köp erteki bilýär” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanyň hünärmeni çagalara türkmen halk ertekilerden “Şadyýan horaz”, “Akylly Ahmet”, “Aldanan möjek”, “Öwez öýkelän”, “Ady barda özi ýok”, “Gorkana goşa görüner” ertekileri okap berdi. Çagalar ertekileri uly höwes bilen diňlediler. Soňra hünärmenimiz bilen çagalaryň arasynda gyzykly söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlik çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň soňunda ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Geliň, erteki okalyň

Kitaphanalar

22.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda 148-nji çagalar bagynda «Geliň, erteki okalyň» ady bilen çeper okaýyş geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn goramak, üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi, olaryň sagdyn we ruhubelent ýaş nesiller bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladalar bilen gurşalýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaş nesillerde kitap okamaga bolan höwesi artdyrmak, olarda päklik, ahlaklylyk, edermenlik duýgularyny oýarmakda birnäçe kitaplaryň ähmiýetiniň aýratynam ertekileriň gahrymanlarynyň häsiýetleriniň çaga terbiýesine uly täsir edýändigi barada aýtdylar we türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler. Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Geňeşli don gysga bolmaz

Kitaphanalar

22.07.2026

Welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde beren tabşyryklaryndan ugur alyp “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda geçiriljek şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – aýdyň maksatlar, möhüm wezipeler” brifing geçirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlyklarynda bu gün beýik taryhy döwre gadam basýar. Çärä gatnaşyjylar gyzykly we täsirli çykyşlar etdiler. Şeýle bagta ýetiren Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan her bir tutumly işleriniň rowaçly menzillere rowana bolmagyny arzuw etdiler!