logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
BEHIŞDI AHALTEKE ATLARY

Kitaphanalar

02.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi täze gelen edebiýatlara kitaphana synyny geçirdi. Bu kitaphana synynda ýurdumyzda çap edilýän «Behişdi ahalteke atlary» atly žurnalyň 2025-nji ýylda çap edilen 1-nji sany barada geçirildi. Bu sanynda Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Atçylyk akademiýasy hem-de «At-myrat» okuw merkeziniň alyp barýan işleri dogrusynda, mundan başga-da at üstündäki milli oýunlar barada, şeýle hem ahalteke atlarynyň tohum aýratynlyklaryny has çuňňur öwrenmeklik dogrusynda gürrüň berildi. Bizi şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ZÄHMET SOŇY REHNET

Kitaphanalar

02.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi «Zähmet soňy rehnet» ady bilen kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, şeýle-de zähmetiň ähmiýeti, zähmeti goramak baradaky edebiýatlar ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar, özlerine gerek bolan maglumatlaryny tapyp bildiler. Mundan başga-da zähmet bilen bagly edebiýatlary öwrendiler. Bizi şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTAN SYÝAHATÇYLYGYŇ ÜLKESI

Kitaphanalar

02.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölümi Gökderedäki çagalar dynç alyş merkezinde ýerleşýän Çeşme atly sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Türkmenistan syýahatçylygyň ülkesi» atly söhbetdeşligi çagalar topary bilen gurnady. Häzirki döwürde Türkmenistanda syýahatçylyk pudagyny ösdürmeklige uly üns berilýändigini belläp geçdiler. Soňra bolsa çagalar bilen bilelikde sorag-jogap alşyldy. Kitaphana ulgamyny ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag , il-ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaç almagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
BAGTYÝAR ZAMANANYŇ – BAGTLY ÇAGALARY

Kitaphanalar

01.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Bagtyýar zamananyň – bagtly çagalary» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Çärede çykyş edenler Gökderäniň goýnunda bagtyýar körpeleriň oňat dynç almagy üçin birnäçe ak mermerli, owadan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýändigini, bu ýerde dynç alýan bagtyýar çagalar dag gözelliklerine gezelenç etmek, säheriň ajaýyp howasynda dürli hili oýunlary oýnamak we wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekilerinden birnäçe gyzykly ertekilerden okap berdiler. Çäräniň dowamynda körpeje nesilleriň ýerine ýetirmeklerinde birnäçe aýdym-sazlar, tanslar ýerine ýetirildi. Çäräniň ahyrynda her bir günümizi şatlyga bagtyýarlyga besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAPHANALAR RUHY KÄMILLIGIŇ MUKADDES OJAGYDYR

Kitaphanalar

01.07.2025

Geçen taryhy eýýamlarda-da, häzirki döwürde-de döwletler köp derejede ylymda-bilimde gazanan üstünlikleri, açyşlary bilen öňe saýlandy. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň ösüşleriniň binýadyny ylym-bilimi dünýä derejesine ýetirmek baradaky özgertmeler bilen esaslandyrandygy örän netijeli boldy. Biziň günlerimize çenli öz gymmatlygyny ýitirmän jemgyýetiň arasynda köpri bolup hyzmat eden kitabyň taryhy öz gözbaşyny iňňän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Pederlerimiz nesil terbiýesinde hem, köplenç kitaplara ýüzlenipdirler. Batyr, edermen , obany, ilini goraýan mert ýigitleri terbiýelemekde «Görogly» şadessanyna ýüzlenip, ýagşy gylyk häsiýetleri ündemekde Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerini mysal getiripdirler. Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan « Älem içre at gezer» , «Döwlet guşy » romanlary, «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Ömrümiň manysy», Ömrümiň manysynyň dowamaty» ýaly kitaplary ýaş nesli mertlik, watansöýüjilik ruhynda terbiýelemekde mekdep bolup hyzmat edýär. Biz kitaphanaçylar hem döwrümiziň belent ruhyny wasp etmekde, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp ýaşlary terbiýeläp, kitaphon edip ýetişdirmekde güýjimizi aýaman zähmet çekmeli, ata Watanymyzy gülledip ösdürjek, ýaşlaryň kitaby söýmekleri üçin öz mynasyp goşandymyzy goşmaly. Kitaphanalar ruhy kämilligiň mukaddes ojagydyr. Şonuň üçin mukaddes ýerde zähmet çekmegiň özüde bagtyýarlykdan nyşandyr. Şeýle bagta ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutýan her bir tutumly işleri rowaçly menzillere rowana bolsun!

No image
BIZIŇ KIÇIJEK DOSTLARYMYZ

Kitaphanalar

01.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän 92-nji çagalar bagynyň mekdebe taýýarlaýyş toparynda «Biziň kiçijek dostlarymyz» atly türkmen ýazyjylarynyň eserlerinden haýwanat dünýäsi boýunça söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda «Biziň kiçijek dostlarymyz» atly türkmen ýazyjylarynyň eserlerinden haýwanat dünýäsi boýunça çagalar ýazyjysy Maral Akyýewanyň «Syrly tebigata syýahat» ertekiler ýygyndysyndan «Garynja hem towşan», «Gezegen gurbaga», Akmyrat Abdyllaýewyň «Täsin erteki» kitabyndan «Alahekge», «Arylar» atly ertekilerinden çaga dilinde haýwanlar hakynda gürrüň berdi. Soňra körpe balalara olaryň bilýän haýwanlary hakynda sorag-jogap etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmen körpeleriň gowy görýän türkmen halk ertekisi «Jelulym Belulym» atly ertekini okap berdi. Körpeler erteki gahrymanlary suratlandyrmak, olary tanamak boýunça gürrüň etdi. Hünärmen söhbetdeşlikde ertekilerdäki ýagşy, erbet gylyk häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagalara durmuşda dostluk-doganlyk gatnaşykly bolmagy, her bir ýerde çagalar bagynda, mekdebe baranlarynda hem birek-birege kömek etmegini, hiç wagt ýalan sözlemezligi dogruçyl bolmagy düşündirdi. Şu çärede kitaphananyň hünärmenleri söhbetdeşligiň ady boýunça gyzykly erteki kitaplardan sergi gurnady. Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtly çagalaryň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwürýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
ARKADAGYŇ ESERLERI ÝAŞLARA GÖRELDE

Kitaphanalar

01.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanalara abonement bölümi Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin maksatnamasyndan ugur alyp Gökdere çagalar dynç alyş we sagaldyş zolagynda ýerleşýän «Muhammetmyrat Nyýazow» sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Arkadagyň eserleri ýaşlara görelde» atly göçme kitap sergisi we söhbetdeşlik gurnady. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz barada hemmetaraplaýyn alada döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr. Mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly bagtymyzdyr. Bagtyýar çagalaryň rahat dynç alyp, kitap okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerinde uly aladalar edilýär diýip, giňişleýin gürrüň etdiler. Göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe eserler ýerleşdirildi. Bu kitap sergisini görmäge gelen dynç alyş merkezindäki çagalar özlerine gerek maglumatlary tapyp uly gyzyklanma bilen tanyşdylar. Çäräniň ahyrynda çagalar bilen sorag - jogap alşyldy, aýterek -günterek oýunlar oýnaldy. Çagalarda uly täsir galdyrdy. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman bolmagyny, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ARKADAG ŞÄHERI ÖSÜŞIŇ WE ÖZGERIŞIŇ MEKANY

Kitaphanalar

30.06.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Arkadag şäheri ösüşiň we özgerişiň mekany» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň mysallarynyň biridir. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy esasynda kemala gelen täze şäherde bagtyýar durmuş gaýnap joşýar. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan edara we durmuş maksatly desgalar, örän oňaýly ýaşaýyş jaýlary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň şahamçalary we başga-da köp sanly möhüm binalar ýaşaýjylaryň hyzmatyna berildi. Şäher giň şaýollar, döwrebap yşyklandyryş, dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edildi. Şäheriň ilatyna we myhmanlaryna häzirki zaman ulaglary ýokary derejede hyzmat edýär. Arkadag şäheri döwrebap şähergurluşyk keşbi, innowasion mümkinçilikleri bilen dünýä jemgyýetçiliginde-de uly gyzyklanma döredýär. Ady äleme dolan bu ajaýyp Arkadag şäheri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň barha rowaçlanýandygyny äleme äşgär edýär. Bu ýerde halkara forumlaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň, bäsleşikleriň, iri medeni çäreleriň ençemesiniň geçirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýänligi barada giňişleýin söhbet edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar raýatlarymyzyň abadan, asuda, parahat durmuşda ýaşamaklary üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

No image
MILLI MEDENIÝETIŇ ÖSEN ZAMANY, ARZUWLARYŇ HASYL BOLDY PYRAGY

Kitaphanalar

30.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetiň ösen zamany, Arzuwlaryň hasyl boldy Pyragy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeligi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2023-nji ýyldan bäri Diýarymyzyň dürli sebitlerinde geçirilip, milli medeniýetiň köp öwüşginliligini aýdyň açyp görkezýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de medeniýet milletiň müňýyllyklarynyň dowamynda kemala gelen maddy, ruhy gymmatlyklarynyň we kadalarynyň toplumy bolup, geljekki nesilleriň ruhy-ahlak jähetden kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalaryň edilýändigi barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Çäräniň dowamynda talyplaryň ýerine ýetirmeklerinde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy, bu bolsa çäräniň täsirli bolmagyny has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
AK ŞÄHERIŇ NURANA ERTIRI

Kitaphanalar

28.06.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Ak şäheriň nurana ertiri» atly söhbetdeşlik geçirildi. Çaga geljegimiziň dowamaty. Ýüzlerimiziň ýylgyrşynyň sebäpkärleri. Olaryň sagdyn ösmegi, sowatly, hünärli, jemgyýete peýdaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Ynha bu gün hem biziň Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda biziň geljegimiziň dowamaty bolan çagajyklarymyz tomus möwsüminde boş wagtlary kitaphanamyzyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp özleriniň ukyp başarnyklaryny açyp görkezmäge gelýärler. Bu bolsa çagalarda okamaga, öwrenmäge döretmäge bolan isleginiň artmagyna kömek edýär. Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly – bilimli giň dünýä garaýyşly, Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ja¬nlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bäh¬bit¬li tut¬ýan tu¬tum¬ly iş¬le¬ri üs¬tün¬lik¬le¬re bes¬len¬sin!