logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
BEDEW BATLY, AT-MYRATLY DIÝARYM

Kitaphanalar

21.01.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli «Bedew batly, at-myratly Diýarym» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylynda türkmen bedewleri bilen baglanyşdyrylmagynyň özeninde halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän ýörelgelerine ygrarlylygyň jemlenendigi hakynda täsirli söhbet etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ýazan ahalteke bedewleri hakyndaky gymmatly kitaplary, türkmen bedewlerine döredilen atalar sözleriniň we nakyllarynyň many-mazmuny hakynda hem giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
GARAŞSYZLYK–HALKYMYZYŇ MILLI BUÝSANJY

Kitaphanalar

20.01.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Arkadag teleýaýlym şeýle–de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Garaşsyzlyk–halkymyzyň milli buýsanjy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň depginli ösüşlere beslenmegi baradaky päk arzuwlar bilen başlady şeýle-hem her ýyla mynasyp at bermek döwletimizde ajaýyp däbe öwrülýändigi, onuň ajaýyplygynyň ilkinji sebäbi: her ýyl şol at bilen hakydamyza siňýär, taryhda şol at bilen galýar, şol at hemişe ruhlandyryp durýar, halkymyz ähli güýjüni, başarnygyny hem serişde mümkinçiligini ýylyň adynda jemlenen esasy maksada gönükdirilýänligi dogrusynda, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylynyň adynyň at bilen baglanyşdyrylmagynyň özeninde çuňňur many bardygy dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.

No image
BAGTYMYZYŇ NURY-GARAŞSYZ WATAN

Kitaphanalar

20.01.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işler bölümi «Bagtymyzyň nury-Garaşsyz Watan» ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Dabarada çykyş edenler: “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany”ýylymyzyň bedew bady bilen başlanandygyny,türkmen halkymyzyň bedewi mydama özleriniň iň ýakyn syrdaşy hasaplandyklaryny nygtamak bilen türkmen bedewi barada Gahryman Arkadagymyzyň ýazan gymmatly kitaplary şeýle hem türkmen bedewleri barada döredilen atalar sözleriniň we nakyllaryň many- mazmuny barada giňişleýin söhbet etdiler. Türkmen bedewi eziz Watanymyzyň ajaýyp ösüşleriniň,ajaýyp ýeňişleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Öz bilşimiz ýaly, şu ýyl biziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy uly toýlara beslener. Bedew batly Diýarymyzyň ykdysadyýeti bilen birlikde biziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolan ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işi has hem döwrebap ösdüriler. Çykyş edenler bular barada hem öz söhbetlerinde aýdyp geçdiler. Dabaranyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan “Garaşsyzlyk ähli üstünliklerimiziň özeni “ady bilen giňişleýin kitap sergisi gurnaldy. Dabaraly maslahatyň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, umumyadamzat bähbitli beýik işleriniň mundan-buýana hem rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
MILLI MIRASYMYZ MERTEBÄMIZ

Kitaphanalar

20.01.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkezi hem-de Aşgabat şäher Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň Zenanlar bölüminiň bilelikde guramagynda «Milli mirasymyz mertebämiz» ady bilen “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkezinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen medeniýetimiz we sungatymyz gün-günden pajarlap, belent derejelere ýetýändigi, türkmen gelin–gyzlarynyň döreden nagyşlary dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna önjeýli goşant goşan kämil medeni gymmatlyklaryň hatarynda uly meşhurlyga eýe bolandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ata-babalarymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklary dünýä derejesinde sarpalanyp, olary il içinde wagyz edip, geljek nesillere miras galdyrmak işleriniň yzygiderli ýaýbaňlandyrylýandygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ASUDALYGYŇ SYNMAZ BINÝADY

Kitaphanalar

20.01.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýokary synp mekdep okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda «Asudalygyň synmaz binýady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Kitaphana hünärmenleri tarapyndan döredilen giňişleýin kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary ýerleşdirildi. Kitaplar ýaşlarymyz üçin gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim, edep-terbiýe babatda görelde mekdebidir. Watansöýüji nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde bu ajaýyp kitaplar bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynadyr, kämillige tarap barýan ýollarymyzda şamçyragdyr, ýol görkeziji nusgalyk taglymatdyr. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar ajaýyp döwrümizde okamana, öwrenmäne ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/765.jpg)

No image
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN–BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY ÝYLY MYNASYBETLI

Kitaphanalar

19.01.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet maliýe institutynyň bilelikde guramagynda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli wagyz–nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ösüş-özgerişleriň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her bir ýyly täze şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrülip, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de agzybir halkymyz täze taryhy döwrümiziň şöhratly sahypalaryny ýazjak ajaýyp ýyllaryň ýene birine–«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýilip atlandyrylmagy çuňňur many-mazmuna eýedigini, bu bolsa türkmen halkynyň baky bagtyýarlygy, ýeten arzyly sepgitleri, ýagty geljegi nazarlaýan mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen aýrylmaz baglydygy barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MILLI MIRASYMYZ–EGSILMEZ GUWANJYMYZ

Kitaphanalar

19.01.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda «Milli mirasymyz–egsilmez guwanjymyz» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň milli buýsanjy, gadymy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmek we ösdürmekde, medeni mirasymyza hormat goýmak, ýaşlaryň arasynda giňden ýaýbaňlandyrylýandygy, her bir halkyň medeni-mirasy, däp-dessurlary, nesilden-nesile geçip gelýän gymmatlyklary bolup, ol dünýä halklarynyň özboluşlylygyny şöhlelendirýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary şeýle hem gaýtalanmajak medeniýeti, sungaty dünýäniň medeni-ruhy hazynasynda mynasyp paýynyň bardygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýetimizi ösdürmek, dünýä ýaýmak, halkyň bagtyýar, milli medeni özboluşlylygyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirýän ägirt uly işleri buýsanjyňa buýsanç, guwanjyňa guwanç goşýandygy barada çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE ÝAŞ ŞAHYRLARYŇ DÖREDIJILIGI DOGRUSYNDA SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

19.01.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymynyň «Edebiýat dünýäsinde» gepleşiginde berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş şahyrlaryň döredijiligi hakynda söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň toý-baýramlaryndan, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin edýän atalyk aladalaryndan ruhlanyp, joşup ýazýan goşgularyndan okap berdiler we özlerine döredilip berilýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«ATALAR SÖZI» GEPLEŞIGI

Kitaphanalar

19.01.2026

«Atalar sözi» gepleşiginde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» kitabyndan ylym-bilim we halyçylyk sungatyna degişli birnäçe nakyllary hakynda ýazgy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilýän «Atalar sözi» gepleşiginde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda ýerleşdirilen ylym-bilim we halyçylyk sungatyna degişli birnäçe nakyllara giňişleýin düşündiriş berdiler. Söhbetleriniň ahyrynda asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde okamaga, işlemäge, milli mirasymyzy has çuňňur öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«ZEHINLI ÇAGALAR» ATLY GEPLEŞIK

Kitaphanalar

19.01.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Ýaşlyk» teleýaýlymy hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen bilelikde paýtagtymyzda ýerleşýän mekdeplerde bilim alýan kitapsöýüji çagalar bilen bäş tapgyrdan ybarat bolan «Zehinli çagalar» atly bäsleşik geçirýär. Gepleşigiň täze sanyna Aşgabat şäheriniň 31-nji orta mekdebiniň zehinlije okuwçylary gatnaşdy. Ýeňiji bolanlara sowgatlar gowşuryldy. Gepleşigiň ahyrynda ýaş nesilleriň ýagty geljegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.