logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
HALYNYŇ ERŞI – DUTARYŇ KIRŞI

Kitaphanalar

27.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda «Halynyň erşi – dutaryň kirşi» ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigatyň ajaýyp reňklerini özünde jemleýän haly gelin-gyzlarymyzyň on barmagyndan çykan mukaddeslikdir. Gadym döwürlerden bäri ene-mamalarymyz bu mukaddeslige aýratyn hormat goýup ony nesilden-nesile geçip gelýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň abraý-mertebesi, dünýä ýaýylan şöhrat-şany, mukaddeslik aýdymy bolup bu gün bagtyýar günlerimizde, öwüşginli halylarymyz erkin hem eşretli durmuşymyzyň göllerdäki waspy bolup durýandygy barada giňişleýin beýan etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda ajaýyp türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmekde beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MEDENIÝET - HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

Kitaphanalar

27.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-yndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet - halkyň ruhy şamçyragy» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler her güni şatlyk-şowhuna, täsin wakalara beslenýän günlerde Medeniýet hepdeligi türkmen halkynyň agzybirligini, ruhybelentligini milli medeniýetine bolan buýsanjyny açyp görkezýän baýramçylykdygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Medeniýet hepdeligi halkymyzyň döredijilik ruhyny ösdürýän, täze zehinleri ýüze çykarýan, olara giň ýol açýan, milli gymmatlyklarymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýan, halkymyzyň kalbynda watançylyk duýgusyny döredýändigi we ösdürýändigi barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MEDENIÝETIŇ SUNGATYŇ BAÝRAMY

Kitaphanalar

27.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýetiň sungatyň baýramy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Medeniýet her bir halkyň ýaşaýyş durmuş, medeni derejesini kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedigi barada belläp, her ýyl ýurdumyzda dabaraly geçirilýän Medeniýet hepdeligi halkymyzyň baý medeni mirasyny öwrenmekde, medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde hem-de ýeten belent derejesini wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedigi barada giňden beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmen medeniýetiniň halkara derejesini belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAP – ÇUŇ PAÝHASDYR, TÄSIN SÖHBETDIR, KITAPHANALY ÝURT GENÇLI DÖWLETDIR

Kitaphanalar

27.06.2025

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda milli medeniýetimizi, şol sanda ýurdumyzyň kitaphana ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler alynyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hakyndaky Karara gol çekmegi muňa aýdyň subutnamadyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan milli neşir önümleriniň, kitaplaryň häzirkizaman şertlerinde goralyp saklanylmagyny üpjün etmekde, halkymyzyň kitaba, okamaga bolan höwesini artdyrmakda, ýurdumyzda kitaphana işini has-da kämilleşdirmekde möhüm ähmiýetli işler alynyp barylýar, bu bolsa kitaphana işiniň dünýä ylmynyň gazananlaryna, ylmy-tehniki ösüşe, milli ýörelgelerimize laýyklykda düýpli kämilleşmeginde uly ähmiýet berýär. Häzirki döwürde kitaphanalaryň gaznasynda saklanylýan neşir önümleriniň, şol sanda seýrek duş gelýän, köp okalýan kitaplaryň, ylmy edebiýatlaryň, çeper eserleriň, ensiklopediýalaryň, sözlükleriň skaner edilmegi, kitaphana hyzmatyny ýokary derejede guramaga, many-mazmuny has-da baýlaşdyrmaga, ilatyň ylym öwrenmek, bilim almak, dünýä edebiýatyna aralaşmak mümkinçiliklerini artdyrmaga şert döredýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/tdyjtyn.jpg) Bilşimiz ýaly, döwletimiz tarapyndan bu ulgamyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly aladalar edilýär. Muňa Lebap welaýatymyzda gurlup, ulanylmaga berlen kaşaň, ähli amatlyklary bolan häzirkizaman kitaphananyň, bu ýerlerde işlemek üçin döredilip berlen giň şertleriň, kitaphana işine yzygiderli innowasion ösüşleriň ornaşdyrylmagy, merkezi kitaphanalarda döredilen bitewi elektron kitaphana ulgamyny mysal getirip bileris. Bu ugur boýunça dünýäniň iň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylan, okyjylara hyzmat etmek boýunça giň şertler döredilen, kitaphanalaryň gaznasyndaky kitaplary elektron görnüşe geçirmek boýunça netijeli, yzygiderli işler alnyp barylýar. Şu ýerde buýsanç bilen bellemek gerek, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr - sahabat gaznasynyň hasabyna Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygy, şeýle-de kitaphanada teleskop arkaly asman giňişligini synlamaga, bu ýerde obserwatoriýa otagynyň gurnaljakdygy, döwrebap sanly tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün ediljekdigi, ýaş nesillerimiz üçin okuw sapaklaryny geçirer ýaly şertleriň boljakdygy, bu bolsa çagalaryň bilimlerini artdyrmak bilen bir hatarda, ylmy açyşlaryň möhüm ähmiýetine göz ýetirmäge mümkinçilikleri berer.

No image
MILLI MEDENIÝETIMIZIŇ BELENT WASPY

Kitaphanalar

26.06.2025

Ahal welaýatynyň «Türkmeniň ak öýi» binasynda medeniýet hepdeligi we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Miras»,«Aşgabat » teleýaýlymlary bilen bilelikde «Milli medeniýetimiziň belent waspy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaraly bellenilmegi halkymyzyň toýunyň toýlara ulaşýandygyny,toý -baýramlarymyzyň goşa-goşadan toýlanýandygyny uly buýsanç bilen nygtadylar. Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
MEDENIÝET – YNSAN KALBYNYŇ NURY

Kitaphanalar

26.06.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlap «Medeniýet – ynsan kalbynyň nury» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga welaýatymyzyň medeniýet ulgamynda köp ýyllardan bäri tapawutlanyp zähmet çekýän medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar medeniýet we sungat äleminde ýetilen belent sepgitler barada gyzykly gürrüňler berdiler. Çäräniň dowamynda «Medeniýet halkyň ruhy baýlygy» ady bilen guralan kitap sergisine syn etdiler we ajaýyp pursatlarda medeniýet ulgamynda döredijilikli zähmet çekmäne giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
MEDENIÝET HALKYŇ RUHY BAÝLYGY

Kitaphanalar

26.06.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Arkadag şäher geňeşi bilen bilelikde guramagynda «Medeniýet halkyň ruhy baýlygy» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet ulgamynda alyp barýan uly işleri barada şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň güni we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän we geçiriljek dabaraly çäreler dogrusynda bellenilip geçildi. Çäräniň ahyrynda ylym-bilim öwrenmekde, medeniýetimizi, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

No image
TÜRKMENISTANYŇ KITAPHANA ULGAMYNY ÖSDÜRMEGIŇ 2025-2029-NJY ÝYLLAR ÜÇIN DÖWLET MAKSATNAMASYNDA BELLENILEN WEZIPELERI ÝERINE ÝETIRMEKDE KITAPHANA IŞINDE ILERI TUTULÝAN UGURLAR

Kitaphanalar

26.06.2025

Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmekde kitaphana işinde ileri tutulýan ugurlar» atly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Ahal welaýatynyň çäginde geçirilýän medeniýet hepdeliginiň dabarasy uly toý baýramçylyk şatlyga beslenip, geçirilýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde geçirilmeginde uly ähmiýete eýedir. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Medeniýet merkezinde ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen usulyýet maslahaty bilen uly badalga aldy. «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenilen wezipeler maslahatda ara alynyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. Maslahata gatnaşyjylar kitaphana işinde öňde baryjy usullar, häzirki zaman gaznalaryny döretmek, medeni, aň-bilim ýaýradyş çärelerini guramak we okyjylaryň işjeňligini ýokarlandyrmak ýaly mowzuklara bagyşlanan çykyşlara giň gerim berildi .Şeýle hem kitaphana işini sanly ulgama geçirmek we bitewi maglumat gurşawyny kemala getirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi hem-de şular dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuň manyly eserleri bu çärede giňişleýin sergilendi. Milli medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak, mundan beýläkde baýlaşdyrmak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun.

No image
MILLI MEDENIÝETIMIZIŇ WE SUNGATYMYZYŇ WASPY

Kitaphanalar

26.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň waspy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede dost-doganlygyň ýurdy hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilen ata Watanymyz Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýet ulgamyna aýratyn üns berilýändigi, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagy ugrunda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy, her ýylyň 27-nji iýunynda «Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet» güni uly dabaralara beslenip geçilýändigi, elbetde bu goşa baýramçylygyň utgaşykly bellenilmeginiň uly manysynyň bardygy, ýagny akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri ajaýyp döwrümizde hasyl bolmagy, şahyryň özbaşdak döwlet baradaky gymmatly ündewleri, ýörelgeleri bolsa biziň bagtyýar döwrümiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň talyplary Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
GÜLLE MEDENIÝETIM, GÜLLE SUNGATYM

Kitaphanalar

26.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Baýram han» seýilgähinde «Gülle medeniýetim, gülle sungatym» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýet we sungat işgärleriniň işlerine uly üns berilýändigi, Milli medeniýetimizi açyp görkezmekde, dünýä ýaýmakda birnäçe tagallalar amala aşyrylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň öndümli işlemegi üçin ähli şertler döredilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdymyzda giňden bellenilip, elbetde, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hem medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen bilelikde bellenilmeginiň aňyrsynda uly sazlaşyk many bardyr diýip, çykyşlarynda beýan etdiler. Çäräniň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdymdyr-sazlary çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň hemme taraplaýyn gülläp ösmegi ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.