logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
KITAP PAÝHAS ÇEŞMESI

Kitaphanalar

17.06.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde guramagynda «Kitap paýhas çeşmesi» atly kitap sergisi we talyplaryň arasynda gürrüňdeşlik geçirildi. Kitap sergimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary şeýle hem Magtymguly Pyragynyň eserleri we birnäçe çeper eserler bilen kitap sergimizi gurnadyk. Sergide kitaplardan başga-da dürli ýyllarda «Medeniýet», «Miras», «Diýar», «Garagum», «Türkmen sporty» we beýleki žurnallarda türkmen hem rus dillerinde neşir edilen başga-da köp gyzykly maglumatlar görkezildi. Çäräniň ahyrynda ylym-bilim öwrenmekde, medeniýetimizi, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

No image
YLYM-BILIM ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Kitaphanalar

17.06.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda hormatly Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplaryndan wagyz nesihat işleri geçirildi. Ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar talyp ýaşlary özlerinde ýatdan çykmajak täsir galdyranlygyny beýan etdiler we Türkmen halkyny baky bagtyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

No image
ÇAGALARYŇ SÖÝGÜLI TOMUS PASLY

Kitaphanalar

17.06.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Altyn ýyldyz» sagaldyş dynç alyş merkezinde «Çagalaryň söýgüli tomus pasly» atly duşuşyk, gürrüňdeşligi geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz barada edilýän giň gerimli aladalaryň çuňňur many-mazmuny bardyr. Diýarymyzda döredilýän ýaşaýyş-durmuş şertleri, ilki bilen, biziñ geljegimiz bolan çagalaryñ, ýaş nesliñ bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz tagallasy netijesinde biziñ ýurdumyz bagtly çagalygyñ mekanyna öwrüldi. Şeýle mümkinçilikleriň biri hem tomus möwsüminde çagalaryň dynç alyş wagtlaryny gyzykly hem täsirli geçirmek maksady bilen ýurdumyzda birnäçe çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri döredildi. Bu günki gün hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir kitaphanaçylary hem «Altyn ýyldyz» sagaldyş dynç alyş merkezinde wagtlaryny şadyýan geçirýän bagtyýar çagalaryň arasynda göçme kitap sergileri bilen duşuşyklary, gürrüňdeşlikleri geçirdiler. Bu ýerde kitaphanaçylar çagalara çuň manyly eserleri okap berdiler. Şeýle-de bu ýerde gurnalan kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

No image
ÇAGALARYŇ TOMUSKY DYNÇ ALYŞY

Kitaphanalar

17.06.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Gökdere jülgesinde ýerleşýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde «Çagalaryň tomusky dynç alyşy» atly duşuşyk, gürrüňdeşligi geçirildi. Tomus pasly-çagalar üçin her ýylyň iň şadyýan döwri. Bu pasyl çagalaryň söýgüli pasyllarynyň biridir. Häzirki wagtda mekdep okuwçylary üçin tomusky dynç alyş möwsümi başlandy. Bagtyýar çagalar bu möwsümi manyly geçirmegi arzuw edýär. Olar ata-eneleriniň we mekdep mugallymlarynyň goldawy, kömegi we maslahaty bilen bu tomusda dynç alyp, öz başarnyklaryna görä hünär öwrenmegi, kitap okamagy maksat edinýärler. Çünki tomsuň gelmegi bilen, çagalar dynç alyş möwsümine gadam basýar. Gökdere çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýaş nesilleriň müňlerçesi wagtlaryny şatlykly geçirýärler hem-de çagalarymyzyň bagtyýar mekanyna öwrülýär. Tomusda ýurdumyzyň haýsy künjegine barsaň, gapylaryny giňden açýan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde eziz balalarymyzyň şadyýan sesleriniň we gülküleriniň belentde ýaňlanýandygynyň, şol sapaly ýerlerde olaryň wagtlarynyň hoş geçýändiginiň şaýady bolýarsyň. Tomus paslynyň çagalar üçin ýatdan çykmajak şadyýan pursatlara baý bolmagyny gazanmak maksady bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir kitaphanaçylary hem dürli pudaklar degişli kitaplary bilen çagajyklary tanyşdyryp geçýärler, hem-de kitabyň adam üçin howanyň gerekli bolşy ýaly kitabyň hem adama uly ähmiýetiniň barlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda ýaş nesillerimiziň ruhy taýdan kämil berk bedenli bolup ýetişmekleri ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

No image
DÜNÝÄ DOLSUN ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI

Kitaphanalar

16.06.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň döwrebap derejede bilim almaklary we dynç almaklary üçin örän uly mümkinçilikler we şertler döredilip berilýär. Bu günki günlerde hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hünärmenleri tarapyndan çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde göçme kitap sergileri we söhbetdeşlikleri yzygiderli gurnalýar. Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň hem-de Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminiň ýaş hünärmenleri tarapyndan «Çeşme» atly dynç alyş we sagaldyş merkezinde göçme kitap sergisi gurnaldy hem-de çagalar bilen sorag-jogap alyşyldy. Bu göçme kitap sergisinde türkmen halk döredijiligine degişli birnäçe kitaplar hem-de daşary ýurt dillerindäki ertekiler giňden sergilendi. Bu göçme kitap sergisinde giňden sergilenen kitaplar çagalarda örän uly gyzyklanma we täsir galdyrdy. Bu söhbetdeşligiň ahyrynda çagalar özlerine döredilip berilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar.

No image
BAGTYÝAR BALALAR WATAN BUÝSANJY.

Kitaphanalar

16.06.2025

Türkmenabat şäheriniň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar Lebap welaýat kitaphanasynda gezelençde boldylar. Ýaş nesillerde kitaba bolan söýgüni döretmek maksady bilen kitaphananyň hünärmenleri ýörite kitap sergilerini gurnadylar Kitaphana işgärleri döwrebap tekjelerde ýerleşdirilen halk ertekileriň gahrymanlary barada giňişleýin gürrüňleri berdiler. Körpeler gezelenjiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan eserleriniň sergisine syn etdiler.

No image
MILLI MEDENIÝETIMIZIŇ WE SUNGATYMYZYŇ WASPY

Kitaphanalar

16.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň waspy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede dost-doganlygyň ýurdy hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilen ata Watanymyz Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýet ulgamyna aýratyn üns berilýändigi, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagy ugrunda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy, her ýylyň 27-nji iýunynda «Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet» güni uly dabaralara beslenip geçilýändigi, elbetde bu goşa baýramçylygyň utgaşykly bellenilmeginiň uly manysynyň bardygy, ýagny akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri ajaýyp döwrümizde hasyl bolmagy, şahyryň özbaşdak döwlet baradaky gymmatly ündewleri, ýörelgeleri bolsa biziň bagtyýar döwrümiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň talyplary Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
PARAHATLYK DOST – DOGANLYK MEKANY, MILLI MEDENIÝETIŇ ÖSEN ZAMANY

Kitaphanalar

16.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň bilelikde guramagynda «Ylham» seýilgähinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Parahatlyk dost-doganlyk mekany, milli medeniýetiň ösen zamany» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklara beslenýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzda eziz Diýarymyzyň toý-baýramlara ulaşýandygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek barada uly aladalar edýändikleri, medeniýet ulgamynda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak, olary döredijilik dünýäsiniň ilkinji ädimlerine höweslendirmek boýunça bäsleşikleriň geçirilýändigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Çäräniň ahyrynda şeýle beýik işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
HEMIŞELIK BITARAPLYK BUÝSANJYMYZDYR

Kitaphanalar

16.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli «Hemişelik Bitaraplyk buýsanjymyzdyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirdi. Çärede Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň, abadançylygyň mekanydygy, asuda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler bolsa, halkyň abadan durmuşy, bagtyýarlygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydygy, şonuň üçin hem gazanylýan üstünlikler, ösüşler bagtyýarlyk döwrümizi has-da dabaralandyrýandygy barada gürrüň berdiler. Goý, dünýä nusgalyk işleri bitirýän, baky Bitaraplyk hukuk derejämizi, parahatçylyk ýoluny mynasyp dabaralandyrýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTAN– ÇAGALARYŇ IŇ ARZYLY ISLEG-ARZUWLARYNYŇ HASYL BOLÝAN MEKANY

Kitaphanalar

13.06.2025

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri tomusky dynç alyş möwsüminiň ilkinji günlerinde «Aşgabat» seýilgähinde «Türkmenistan – çagalaryň iň arzyly isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan mekany» atly göçme kitap sergisini gurnady. Sergini synlamaga kitaphanamyzyň hemişelik okyjylary hem geldiler. Ýaşajyk kitap söýüjiler ata Watanymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen labyzly aýdyp berdiler. Seýilgähe gezelenç etdiler. Göçme sergide ýerleşdirilen türkmen halk ertekilerini uly höwes bilen okadylar. Göçme sergä gatnaşanlaryň ählisi ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.