logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
GETIRÝÄR ÄHLI ÝOLLAR, BU GÜN TÜRKMENISTANA

Kitaphanalar

31.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Getirýär ähli ýollar, bu gün Türkmenistana» atly gepleşigi ýazgy etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň biziň ýurdumyzda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi halkymyzyň dünýädäki abraýyny belende göterýänligi barada buýsançly gürrüňler diňlenildi. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bu babatdaky meselelerini oňyn çözmekde ýurdumyzyň geografik, geosyýasy we geoykdysady ýerleşişiniň iňňän amatly şertleri döredýändigini, aýratyn hem berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň dünýäniň dürli sebitlerinde ýerleşýän deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň kiçi ada döwletleriň hem-de az ösen ýurtlaryň dünýäniň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklaryny sazlaşykly ýola goýmakda uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn bellenildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan döwletimizi parahatçylygyň we ynanyşmagyň watanyna öwrüp dünýä halkaryny bir supranyň başynda jem edip beýik döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan edidi.

No image
HALYPALARYŇ NUSGALYK ESERLERI

Kitaphanalar

31.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi tarapyndan «Halypalaryň nusgalyk eserleri» ady bilen «Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şaguluýewa (Doglan gününiň 85 ýyllygyna)», «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Tuwakgül Gylyjowa (Doglan gününiň 70 ýyllygyna)», «Taryh ylymlarynyň kandidaty Agamyrat Baltaýew: geçmişden şu güne–taryhy ýazgylar» atly ýazylan bibliografiýa görkezijilerine syn geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ata Watanymyza uly ösüşleriň we özgerişleriň buşlugyny getiren «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda täze eýýamyň Galkynyşy döwri özüniň ajaýyp pursatlaryny bolluk bilen eçilýär. Her bir ulgamda bolşy ýaly, medeniýet-sungat ugurlarynda hem, täze badalgalar amala aşyrylýar. Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi hem şöhratly, bagtyýar ýyllarymyzda ýurdumyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekip, taryhda yz goýan şahsyýetleriň, ýazyjy-şahyrlaryň bibliografiýa görkezijilerini taýynlap okyjylara ýetirilýändigi hakynda aýdyldy. Çykyşyň dowamynda ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligini giňden öwrenmäge hem-de beýik şahsyýetleri dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini kitaphana synyna gatnaşan işgärler arzuw etdiler.

No image
EDEBI MIRAS-EBEDI MIRAS

Kitaphanalar

31.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde, Döwlet kitaphanasy, «Mir 24» teleýaýlymy bilen bilelikde «Edebi miras-ebedi miras» ady bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär, halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Şeýle ajaýyp günlerde «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalmaýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibini tassyklamak hakynda» Karara gol çekilmegi halkymyzyň baý taryhyna, milli mirasyna, nepis sungatyna bolan söýgümizi artdyrdy diýip, nygtap geçdiler. Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda gadymy medeni mirasymyzy gorap saklamaga öwrenmäge we ony dünýäde wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak bolmagyny,alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ROWAÝATLAR UMMANY AÇAR SYRLY DÜNÝÄNI

Kitaphanalar

31.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi, Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi bilen bilelikde «Nebitçi» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Rowaýatlar ummany açar syrly dünýäni» atly göçme sergi gurady. Gökdere jülgesinde guralan sergidäki kitaplar, rowaýatlar we ertekiler-sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalarda uly täsir galdyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda nesilleriň uçar ganaty bolan kitabyň gadyry beýik tutulýar. Hormatly Prezidentimiz «Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär» diýip belleýär. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli bolmaklary, döwrebap dynç almaklary üçin şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren we ony parasatly dolandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
AJAP DÖWRÜŇ BAGTYÝAR NESILLERI

Kitaphanalar

30.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda «Ajap döwrüň bagtyýar nesilleri» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan umumybilim berýän orta mekdeplerde döwrebap bilim-terbiýe almagy, sport bilen meşgullanmagy, göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreler, dürli görnüşli ýaryşlar, döredijilik we zehin bäsleşikleri, sport ýaryşlarynyň, gezelençleriň yzygiderli gurnalýandygy barada hem belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalaryň gülki sesleriniň belentden ýaňlanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR

Kitaphanalar

30.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ady bilen tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, watansöýüji bolup kemala gelmeklerinde giň şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly gymmatly kitabyň many-mazmuny hakynda giňişleýin gürrüň etmek bilen, geljegimiz bolan ýaş nesilleri lebzi halal ruhda terbiýelemek,olaryň gursagyna watançylyk söýgüsini guýmak asylly ýörelgeleriň biridigini,perzendiň asylly, edep-ekramly bolmagy üçin ilkinji nobatda, ene-ata görelde bolmalydyr diýip, nygtap geçdiler. Çykyş edenler çykyşlarynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
KITAP BILIMIŇ AÇARY

Kitaphanalar

30.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi, Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän «Altyn damja» sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Kitap bilimiň açary» atly kitap sergisini çagalar topary bilen geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalara kitabyň adamzadyň ýol görkezijisidigini , durmuş synaglarynyň çözgütleriniň açarydygyny, ynsanyýetiň iň ýakyn syrdaşydygyny, kitap bilen durmuşa düşünilýändigini giňişleýin gürrüň berildi. Çagalara kitap okamagyň adamyň aň-düşünjesine, ýatkeşligine we üns jemleýiş ukybyna oňyn täsir edýändigini, şonuň üçin her bir adam kitap okamak endigini ösdürmelidigini maslahat berildi. Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe eserler ýerleşdirildi. Çäräniň ahyrynda çagalar bilen sorag-jogap alşyldy. Kitap sergisine gatnaşanlar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Kitaphanalar

30.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işler bölümi, Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän «Bagtyýar nesiller» sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen göçme kitap sergisini gurnady. Bu göçme kitap sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň eserleri şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan türkmen halk ertekileri hem-de daşary ýurt dillerindäki ertekileriň türkmen dilinde terjime edilen kitaplary sergide goýuldy. Şeýle hem çagalara kitaphanalara gelip bilimlerini artdyryp kitap okamagyny maslahat berildi. Serginiň dowamynda çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy. Soňra bolsa sergä gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Kitaphanalar

30.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi, Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän «Bagtyýar nesiller» sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş eden kitaphana işgärleri Döwlet kitaphanamyzyň gaznasyny baýlaşdyran Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen ertekiler ýygyndysynda türkmen halk ertekileri bolan «Akpamyk», «Ejekejan», «Ýartygulak», «Ýüz teňňe», «Tilkiniň mekirligi» atly ertekileriň many-mazmuny hakynda gürrüň etmek bilen ,ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitaba bolan islegleriniň has-da artmagyna uly täsir etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalar bilen gyzykly sorag-jogap alşyldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler ýaş nesliň bagtyýar durmuşy barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
TÜRKMENISTAN BAGTYÝAR ÇAGALARYŇ MEKANY

Kitaphanalar

29.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy hem-de Gypjak, Ýasmansalyk medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Çeşme» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda «Türkmenistan bagtyýar çagalaryň mekany» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň abadan, parahat, asuda bolelin durmuşda ýaşamaklary, her bir çaganyň döwletiň hemmetaraplaýyn goldawyndan we goragyndan peýdalanmagy, bilim-terbiýe almaklary üçin uly işler amala aşyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de tomus paslynyň dowam edýän günlerinde çagalara ýatdan çykmajak pursatlar, dürli görnüşli oýunlar, gezelençler gurnalýandygy barada çykyş etdi. Çäräniň ahyrynda Watanymyzda körpeje nesillerimiziň şadyýan gülküleriniň ýaňlanyp durmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.