logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Türkmeniň wepaly Alabaýy

Kitaphanalar

21.10.2026

Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Türkmeniň wepaly Alabaýy” ady bilen türkmen halkynyň milli we ruhy gymmatlygy hasaplanýan Alabaýlarymyza bagyşlanan kitap sergisi gurnaldy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurt dillerinde neşir edilen Alabaýlarymyz baradaky kitaplary ýerleşdirildi. Mälim bolşy ýaly, köpsanly rowaýatlarda we kyssalarda wepalylygy hakynda gürrüň berilýän Alabaýlarymyz taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Ady rowaýata öwrülen türkmeniň Alabaýlary häzir hem türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy we ylham joşguny, onuň milli baýlygy bolmagyna galýar. Sergimizdäki goýulan kitaplar okyjylarymyzda uly gyzyklanma döretdi. Häzirki wagtda türkmen Alabaýlarymyz at-abraýyny has-da belende galdyrmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny asylly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman, janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

No image
Dünýä dolsyn çagalaryň gülkisi

Kitaphanalar

21.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminiň gurnamagynda 48-nji çagalar bagynda “Dünýä dolsyn çagalaryň gülkisi” atly söhbetdeşlik geçirildi. Çagalar bagynda körpelere dünýä dillerindäki “ Türkmen halk ertekileriniň” birnäçe görnüşleri bilen tanyşdyrylyp çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna garamazdan özleriniň gyzyklanýan sowallary hakynda sorag-jogap alşyldy. Şeýle hem kitaplaryň dünýä dillerinde neşir edilen nusgalary has-da gyzyklanma döredip, ählisiniň ünsüni çekmegi başardy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň dünýä tejribesine gabat gelýän mümkinçilikler bilen üpjün edilmegi çagalaryň dünýägaraýyşynyň ösmegine daş-töwerege bolan söýgüsini has-da ýokarlandyrýar. Bagtyýar çagalarmyzyň Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

No image
Medeni mirasym – mertebe

Kitaphanalar

21.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda “Medeni mirasym – mertebe” atly kitap sergi gurnaldy. Seýrek neşirler bölümiň hazynasynda ХVI asyra we ondan soňky döwürlere degişli örän seýrek gabat gelýän neşirler bolup, olary geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, yzygiderli kitap sergileri gurnalýar. Şeýle-de, bölümiň hazynasynda taryhy ylmy we medeni gymmatly bolan neşirleriň görnüşleri toplanandyr. Seýrek neşirler bölümine täze gelen kitaplar hem gaznamyzy has-da baýlaşdyrýar. Bu edebiýatlaryň ählisi türkmen kitabynyň taryhyny medeni mirasymyzy taryhy ýadygärlikleri öwrenmek üçin ylmy taýdan örän gymmatly çeşmelerdir. Hazynamyzyň kitaplary diňe bir türkmen we rus dilinde bolman, eýsem-de Gündogar arap, pars, türki dillerinde we Gündogar iňlis, nemes, gadymy latyn, fransuz, italýan dillerindäki neşirler hem saklanýar. Şeýle-de irki döwürleýin neşirler hem saklanyp okyjy köpçüligine ýetirilýär. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
Buýsanjymyz – bedewimiz

Kitaphanalar

21.10.2026

Lebap welaýat çagalar kitaphanasy “Buýsanjymyz – bedewimiz ” ady bilen hepdelik kitap sergisini gurady. Gözellikde, ýyndamlykda, deňi-taýy bolmadyk bedewlerimiziň şan-şöhraty günsaýyn belende galýar. Türkmenler bedewi iň eziz görýän ynamdar dost we wepaly kömekçi hökmünde garapdyrlar. Şonuň üçin atlaryny aýratyn alada bilen gurşap, olary dürli şaý-esbaplar bilen bezäpdirler. Behişdi bedewler hakynda ýazyjydyr şahyrlar özboluşly eserler döredip, onda behişdi bedewlerimiz we seýisçilik mirasy hakynda gyzykly maglumatlar beýan edilýär.

No image
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew bady bilen rowaçlanýar

Kitaphanalar

21.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Türkmenistanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen bilelikde guramagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew bady bilen rowaçlanýar” ady bilen Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň ösüşleri, özgerişleri adamzat bähbitli işlerde üstünlik gazanýan döwletimiziň ýaşyl baýdagynyň dünýäniň çar künjünde parlamasy, bu giň gerimli işleriň alnyp barylmagynyň subutnamasy bolup durýandygy hakynda çykyş etdiler. Şeýle-de häzirki wagtda Watanymyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, gazanylýan ösüşler uly üstünliklere eltýändigi, hem-de atçylyk sportyny ösdürmek, olaryň dünýädäki şöhratyny has-da belende götermek bilen baglanyşykly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Kitap sergisi gurnaldy

Kitaphanalar

21.10.2026

Döwlet kitaphanasynda “Dünýä döwletleri (Germaniýa)” atly tema boýunça daşary ýurt dillerindäki kitaplaryň sergisi gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Bitarap Watanmyzyň daşary syýasat strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy bilen baglylykda, dostlukly hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Döwlet kitaphanasynda hem Germaniýa döwletiniň medeniýeti, edebiýaty, taryhy baradaky kitaplar ýerleşdirilen sergi gurnaldy. Sergide ýerleşdirilen kitaplar dostlukly halkyň däp-dessurlaryny, taryhyny we medeniýetini okyjylar köpçüligine tanyşdyrmaga uly täsir galdyrdy. Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini we edebiýatyny öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Sergä gatnaşanlar şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýtdylar.

No image
Söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

21.10.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Nesil terbiýesi” atly söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin uly işler amala aşyrylýar. Her bir halkyň geljegi onuň ýaş nesillerine baglydyr. Nesil ata-babalaryň ýoluny dowam etdiriji, ýurduň döredijilik güýji we döwletimiziň daýanjydyr. Şonuň üçin ýaşlary dogry terbiýelemek jemgyýetiň öňünde duran iň möhüm wezipe bolup durýar. Terbiýe diňe maşgalada däl, eýsem, jemgyýetde, mekdeplerde, jemgyýetçilik guramalarynda hem dowam edýär. Çaganyň ilkinji mekdebi onuň öýidir. Ene-atanyň sözleri, hereketleri, ýaşaýyş ýörelgesi çaganyň kalbynda yz galdyrýar. Nesil terbiýesinde milli mirasymyza, ahlaklylyk ýörelgelerine, zähmetsöýerlige, ynsanperwerlige aýratyn orun berilýär. Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanada ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Belentdir jahanda mertebäň Watan!

Kitaphanalar

20.10.2026

Golaýda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitlere bagyşlanyp, Lebap welaýat kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda “Belentdir jahanda mertebäň Watan!” atly mowzuk agşamy geçirildi. Bu çärä dürli pudakda zähmet çekýän jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, welaýatyň saglyk, bilim işgärleri we kitaphana hünärmenleri gatnaşdylar. Çykyşlarda Diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten sepgitleri, gazanylan üstünlikler barada buýsançly gürrüňler edildi. Çärä gatnaşyjylar ”Türkmenistan dost-doganlyk mekany” atly kitap sergisini synladylar.

No image
Ylymly-bilimli we terbiýeli nesil-ýurduň daýanjy

Kitaphanalar

20.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Täze zaman, Garadaşaýak medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda “Ylymly-bilimli we terbiýeli nesil-ýurduň daýanjy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar hakynda alnyp barylýan toplumlaýyn işler barha rowaçlanýandygy, döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesillere okamaga, işlemäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigi we olaryň belent maksatlarynyň rowaçlanýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi we aýdyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýandyklary, hem-de bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýandyklary barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde, Watana wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan

Kitaphanalar

20.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen 66-njy orta mekdebiniň bilelikde guramagynda “Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede şanly Garaşsyzlygymyz, berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýady, milli buýsanjy bolup döwletimiziň taryhyna altyn sahypalar bilen ýazylandygy barada çykyş etdiler. Şeýle-de köp asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwaty, ýyndamlygy, gözelligi we akyllylygy bilen tapawutlanýan ahalteke bedewi bu gün Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşiniň nyşanydygy hakynda belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.