logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Kitap meniň dostum

Kitaphanalar

20.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 84-nji çagalar bagynda “Kitap meniň dostum” ady bilen gürrüň geçirildi. Ýaş nesilleri milli ruhda ýetişdirmek, olaryň aň-düşünjelerini ösdürmekde kitaplaryň orny örän uly bolup durýar. Aýratynam çagalar ertekileri diňlemegi has gyzykly hasaplaýarlar. Ertekileriň üsti bilen ondaky gahrymanlaryň häsiýetleri, bolup geçen wakalar pikirlenmäge has täsir edýär. Çünki körpeleriň irki ösüş döwründe berlen terbiýe olaryň aňyna berk ornaşýar. Çeper sözlülik, ýatkeşlik, pikirlenmeklik we ýene-de birnäçe häsiýetleri ertekilerden tapyp bolýar. Ertekiler göniden-göni aňa täsir edýär. Şu jähtden ugur alan ata-babalarymyz hut ertekileriň üsti bilen çagalary, perzentleri belent ruhda we ahlakda terbiýeläpdirler.

No image
Söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

20.10.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Alabaýlar köp asyrlyk taryhymyz” atly söhbetdeşlik geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň müdimilik buýsanjyny doly derejede dünýä ýaýmak, olaryň iň gymmatly taraplaryny açyp görkezmek baradaky aladalary Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly ajaýyp eserinde onda örän çeper we sada dilde wakalar beýan edilen, ajaýyp suratlar bilen bezelen. “At myrat”, “It geldi, gut geldi”, “Itim-gutum” diýen myrat we bagt bilen baglanşykly pähimler türkmenleriň bedewlerinde myradyny, alabaý itlerinde bolsa bagtyny görendigini subut edýär. Çünki wepaly dosty we ynamdar syrdaşy hasaplap gelen bu ajaýyplygynyň gadymlygy, batyrlygy, duýgurlygy, edermenligi, akyllylygy bilen bir hatarda olaryň örän wepalydygyny, ynamdarlygyny subut edýän köp taryhy maglumatlar kitapda öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýeňişleriniň nyşany bolan türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar. Türkmen halkyny baky bagtyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

No image
Garaşsyzlyk – guwanjym, dal bedewim – buýsanjym

Kitaphanalar

20.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli “Garaşsyzlyk – guwanjym, dal bedewim – buýsanjym” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz üstünliklere beslenýändigi, gazanylýan üstünlikleriň sakasynda Hormatly Prezidentimiz “Watan diňe halky bilen Watandyr, döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýen ajaýyp sözleri häzirki döwürde üstünlikli amala aşyrylýandygy hakynda buýsançly çykyş etdiler. Mundan başga-da asyrlaryň dowamynda halkymyzyň rowaçlygynyň, ýeňişleriniň ýarany bolan, ýyndamlykda, gözellikde taýy bolmadyk bedewlerimiz halkymyzyň guwanjyna öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Watanymyzy gülledip, halkymyzy ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Maslahat geçirildi

Kitaphanalar

19.10.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda, “Ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine” atly maslahat geçirildi. Maslahata Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň talyplary, bilim, medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary we kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine we “Açyk gapylar” ýörelgesine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň gazanýan üstünliklerinden ugur alyp, 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 7-9-njy oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, “Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahatyň we “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly Halkara zenanlar dialogynyň geçirilendigi barada giňişleýin çykyşlar edildi.

No image
Diýarymyzyň ösüşleri – röwşen geljegimiziň kepili

Kitaphanalar

19.10.2026

Lebap welaýat kitaphanasynda welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran sapary ýurdumyzyň halkara giňişligindäki belent abraýyň nobatdaky subutnamasydygy, türkmen wekiliýetiniň bu ýokary derejeli foruma gatnaşmagy sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda ýurdumyzyň köptaraply dialog ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygy barada çykyşlarda aýratyn bellediler.

No image
Öňe barýar bedew batly, Garaşsyz Bitarap eziz Watanym

Kitaphanalar

19.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 133-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda “Öňe barýar bedew batly, Garaşsyz Bitarap eziz Watanym” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmäge tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýandygy hakynda buýsançly çykyş etdiler. Ata Watanymyzyň gülläp ösmegine,ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly taslamalaryň, taryhy maksatnamalaryň ähmiýetini, umumyadamzat bähbitli halkara başlangyçlary giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, raýatlarymyzyň Watançylyk ruhuny belende götermek, ýaş nesli ýurdumyza buýsanç, çäksiz söýgi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemek biz kitaphanaçylaryň mukaddes borjy bolup durýar diýip giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy

Kitaphanalar

16.10.2026

Lebap welaýat kitaphanasynda welaýat häkimliginiň gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda “Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy” atly brifing geçirildi. Bu çärä Türkmenabat şäheriniň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Çykyşlarda ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň kitap okamak endiklerini ösdürmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga höweslendirmek, maşgala mukaddesligini hem-de edep-terbiýe kadalaryny wagyz-nesihat etmek barada giňişleýin beýan edildi. Çärä gatnaşyjylar “Kitaplar ruhy dünýämiz” atly kitap sergisini hem synladylar. Çäräniň dowamynda ýaşlara okamaga, öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Çaga terbiýesinde ertekileriň orny

Kitaphanalar

16.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda, 148-nji çagalar bakja-bagynda “Çaga terbiýesinde ertekileriň orny” atly sesli okaýyş çäresi geçirildi. Geçirilen sesli okaýyşda ertekileriň çaga terbiýesinde örän uly orun eýeleýändigi we olaryň söz baýlygyny artdyryp, pikirleniş ukybyny ösdürýändigi, gözýetimini giňeldýändigi hakynda gürrüň berdiler. Şeýle hem, türkmen halk ertekileriniň birnäçe görnüşlerinden sesli okap berdiler. Ertekilerdäki gahrymanlaryň çagalarda galdyran täsirleri barada sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda körpeler barada uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
“Zehinli çagalar” atly bäsleşikli gepleşik

Kitaphanalar

16.10.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň, “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda, paýtagtymyzda ýerleşýän mekdeplerde bilim alýan kitapsöýüji çagalar bilen bäş tapgyrdan ybarat bolan “Zehinli çagalar” atly bäsleşikli gepleşigi ýazgy edildi. Gepleşigiň täze sanyna Aşgabat şäheriniň 4-nji orta mekdebiniň zehinli okuwçylary gatnaşdylar. Ýeňiji bolanlara sowgatlar gowşuryldy. Gepleşigiň ahyrynda ýaş nesilleriň bagtly geljegi üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

16.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň 35 ýyllyk toýuna bagyşlanyp çapa taýýarlanan bu monografiýada türkmen edebiýatynyň iri kyssa eserleri bolan roman žanryň ösüşi, onuň ösüşine uly goşant goşan ýazyjylaryň döredijilik ussatlygy, romanlaryň poetikasy, ideýa-tematikasy, çeper psihologizm, romanlaryň dil baýlygy türkmen we dünýä edebiýaty öwreniş ylmynyň gazananlarynyň nukdaýnazaryndan seljerilýär hem-de ylmy-nazaryýet öňe sürülýändigini belläp geçdiler. Kitap türkmen edebiýatyny, iri kyssa eserleri bolan roman žanyryny we ösüşini öwrenýän edebiýatçylara, aspirantlara, mugallymlara, talyplara, şeýle hem giň okyjylar köpçüligine niýetlenendigini mälim etdiler. Şeýle-de syna gatnaşanlar Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dürli ugurlaryna bagyşlanan ylmy derňewe çekildi we bu ugurda gazanylan üstünlikler açylyp görkezildi diýip, belläp geçdiler. Kitaphana synyna gatnaşanlar adamlaryň sarpasy has belent tutulýan ýurdumyzda il-gününe eşretli durmuşy bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.