logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Behişdi bedewleriň waspy

Kitaphanalar

22.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda “Garaşsyzlyk bilen galkynan bedew” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratynyň has-da artýandygy, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şygarynyň adyndan belli bolşy ýaly, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlere beslenýändigi barada buýsançly gürrüňleri berdiler. Şeýle hem, ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak we ösdürmek, ýaşlary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga işjeň çekmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigi hakynda belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Ertekileriň jadyly dünýäsi

Kitaphanalar

22.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda, 56-njy çagalar bagynda “Ertekileriň jadyly dünýäsi” atly gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan ertekileriň çaga terbiýesinde uly ähmiýetiniň bardygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriň birnäçesinden çeper okap, ertekileriň gahrymanlarynyň asylly häsiýetleri hakynda sowal-jogap alyşdylar.

No image
Dünýäň syry kitap bilen açylýar

Kitaphanalar

22.10.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw–terbiýeçilik toplumynyň mekdebe çenli bölüminiň bilelikde gurnamagynda “Dünýäň syry kitap bilen açylýar” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çaganyň terbiýeli bolup ýetişmegine has irki ýaşlardan üns bermek möhümdir. Körpelerde gowy gylyk-häsiýetleriň kemala gelmeginde kitaplaryň, oýunlaryň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Çagalar kiçiliginden erteki diňlemäge höwesli bolýarlar. Ata-eneler, terbiýeçiler çaganyň bu islegini nazarda tutup, oňa terbiýe, öwüt-ündew beriji ertekileri okap bermelidir. Olar entek köp zada düşünmese-de, ertekide beýan edilýän wakalary ýadynda saklaýarlar. Çagalar üçin kitap saýlanyp alnanda, olaryň suratlar bilen bezelişiniň aýratyn ähmiýeti bar, sebäbi çaga eline kitap alanda, ilki bilen, onuň içindäki suratlara seredýär. Şol şekiller çaganyň ünsüni özüne çekýär we kitaby okamaga bolan gyzyklanmasy, höwesi artýar. Şonuň ýaly-da, kitaplaryň üsti bilen çaganyň söz baýlygy artýar, aň-düşünjesi giňelýär, köp zatlara akyl ýetirýär. Esasan-da, bilimi, edep-terbiýesi ýokarlanýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda çagalara “Öwünjeň pälwan” atly erteki okap berildi. Bu bolsa çagalarda örän uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda körpe nesilleriň okamana, öwrenmäne döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Berkarar döwletiň täze maksatnamasy – ýaşlara giň mümkinçilikler açýar

Kitaphanalar

22.10.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Berkarar döwletiň täze maksatnamasy – ýaşlara giň mümkinçilikler açýar” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki ajaýyp döwrümizde kämil tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamakda köp sanly işleriň durmuşa geçirilmegi, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary kemala getirmekde alnyp barylýan işler dogrusynda söhbet edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda bilim bermegiň möhüm ugurlaryny, döwrebap usullaryny ylmy esasda öwrenmäge we işjeň durmuşa ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdyldy.

No image
Garaşsyzlyk – ösüşleriň aýdyň ýoly

Kitaphanalar

22.10.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň “Neşirleri toplamak we işlemek” bölüminiň hünärmenleri Türkmenabat şäherindäki 24-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde “Garaşsyzlyk – ösüşleriň aýdyň ýoly” atly ertirlik geçirdiler. Bu ýerde okuwçylara Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri we ösüşleri barada giňişleýin gürrüň berildi. Soňra Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän şygyrlar okalyp, okuwçylar bilen sorag-jogap alyşyldy we kitap sergisine syn edildi. Çäräniň dowamynda mekdebiň okuwçylary özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşap, bilim alýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini aýtdylar.

No image
Daýhan hojalygy ösüş ýolunda

Kitaphanalar

22.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Daýhan hojalygy ösüş ýolunda” ady bilen söhbetdeşlik gurnady. Bu söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty dogrusynda gürrüň edildi. Mundan başga-da oba hojalygynyň ösüşleri babatynda hem giňişleýin söhbetdeşlik edildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Dermanlyk ösümlikler – tebigatyň serpaýy

Kitaphanalar

21.10.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň “Söz mülküniň bossany” gepleşiginiň ýazgy etmekliginde, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly kitaplaryna bagyşlanyp “Dermanlyk ösümlikler – tebigatyň serpaýy” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik kitabynyň diňe bir lukmanlar üçin däl, eýsem giň okyjylar köpçüligi üçin hem gymmatly gollanmadygy, kitapda gözel Diýarymyzda ösýän dermanlyk ösümliklerden söz açylyp, olaryň ulanylyşy hakynda gymmatly maglumatlaryň berilýändigi barada hem söhbetler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar kitaphana hazynalarynyň üstüni ajaýyp eserleri bilen baýlaşdyryp ruhy baýlyklarymyza uly sarpa goýýan, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitaby esasynda söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

21.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly ajaýyp eserinde, türkmen alabaýynyň taryhy, gelip çykyşy hem-de häzirki wagtda durmuşdaky orny baradaky söhbetleriň, hekaýalaryň üsti bilen giňişleýin beýan edilýändigi nygtaldy. Şeýle hem, öýüň, süriniň sak goragçysy, çopanlaryň ýakyn kömekçisi, wepaly ýoldaşy alabaýlar hakynda täsirli gürrüňler berdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmakda uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Buýsanja beslenen söhbetdeşlik

Kitaphanalar

21.10.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň guramagynda ýakynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalyk” gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Halkara hyzmatdaşlykda dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalanýar” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen halkara çäreler we duşuşyklar, durnukly ösüşiň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň hem-de dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygyna aýdyň subutnamadyr. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy hem-de Hazar ekologiýa sammiti sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejelere çykýandygynyň aýdyň beýany bolup durýandygy barada buýsançly gürrüňler edildi.

No image
Türkmen alabaýlary – milletimiziň buýsanjy we köpasyrlyk mirasy

Kitaphanalar

21.10.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda “Türkmen alabaýlary – milletimiziň buýsanjy we köpasyrlyk mirasy” atly söhbetdeşlik geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmen alabaýynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhy – medeni mirasynyň, milli gymmatlyklarynyň we ruhy dünýäsiniň beýanydygy barada şeýle-de Türkmen alabaýy, ahalteke bedewleri we gözel halylarymyz bilen bir hatarda, halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan iň uly baýlyklarynyň biridigi, müňýyllyklaryň dowamynda çopanyň iň ýakyn ýardamçysy, öý-ojagyň we mukaddes serhetleriň ygtybarly goragçysy bolandygy, ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda Türkmen alabaýynyň baýramy döwlet derejesinde giňden bellenilýändigi hakynda giňişleýin söhbet edildi. Çäräniň ahyrynda bolsa bize türkmeniň ata – baba halallyk ýörelgesini dowam etdirmek, medeni mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy dikeltmekde ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.