BAGTYÝAR WATANYMYZDA PARLA, ÝAŞYL BAÝDAGYM!
Kitaphanalar
14.05.2025Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän № 74-nji orta mekdebinde «Bagtyýar Watanymyzda parla, ýaşyl Baýdagym!» atly Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda edebi-sazly ertirlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyza, her bir ýurtda geçirilýän olimpiadalarda, Garaşsyz Türkmenistanyň ýaşyl tugy asmana galanda, biziň ýurdumyzyň hem-de mähriban halkymyzyň abraýy, mertebesi belende göterilýändigi, Döwlet baýdagymyzyň mukaddeslik mertebesini saklamak–Watanyňa we halkyňa bolan hormatdyr diýip täsirli gürrüňler berdiler. Mekdebiň kitap söýüji ýaşlary hem ata Watanymyzy, ýaşyl Baýdagymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän goşgulary, aýdymlaryny uly höwes bilen aýdyp berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň hem asudalygyň nyşany hökmünde Türkmen Tugumyzyň at-abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.