logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
HALYPALARYŇ DÖREDIJILIK MEKDEBI

Kitaphanalar

14.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Kaýum Taňrygulyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Rehmet Seýidowyň doglan gününiň 115 ýyllygy, ýazyjy Naryman Jumaýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy, ýazyjy Kömek Kulyýewiň doglan gününiň 70 ýyllygy mynasybetli «Halypalaryň döredijilik mekdebi» ady bilen kitap sergisi guraldy. Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary şeýle hem ýokarda ady agzalan ussat ýazyjy şahyrlarymyzyň dürli ýyllarda ýazan ajaýyp eserleri goýuldy. Okyjylarymyz bu guralan kitap sergisinden özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar.

No image
USSATLARYŇ DÖREDIJILIK ÝOLY

Kitaphanalar

14.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Kaýum Taňrygulyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Rehmet Seýidowyň doglan gününiň 115 ýyllygy, ýazyjy Naryman Jumaýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy, ýazyjy Kömek Kulyýewiň doglan gününiň 70 ýyllygy mynasybetli «Ussatlaryň döredijilik ýoly» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzyň halypa döredijilik işgärleri bolan Kaýum Taňrygulyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygy, Rehmet Seýidowyň doglan gününiň 115 ýyllygy,ýazyjy Naryman Jumaýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy, ýazyjy Kömek Kulyýewiň doglan gününiň 70 ýyllygy barada we olaryň ömri we döredijiligi hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, bu ussat ýazyjy-şahyrlaryň kitaplary,biziň şu günki döredijilik işgärlerimiz üçin uly döredijilik mekdebidigini nygtadylar. Sözüň sungaty hiç wagt könelmeýär. Bu günki gün biziň ýaş nesillerimiz ýokarda ady agzalan halypa ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerini uly höwes bilen okaýarlar. Çykyş edenler öz söhbetleriniň ahyrynda türkmen medeniýetine we sungatyna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan ajaýyp işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
DÖWLET BAÝDAGY–ÖZYGTYÝARLYLYGYŇ NYŞANY

Kitaphanalar

13.05.2025

Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen «Bagtyýar nesiller» adyndaky 74-nji orta mekdebinde ýurdumyzda Döwlet derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli «Döwlet Baýdagy–özygtyýarlylygyň nyşany» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyza Hormatly Prezidentimiziň mukaddes Tugumyzy dünýä ýüzünde belentde parlatmak ugrunda alyp barýan beýik işleri barada täsirli gürrüňler berdiler. Mekdebiň kitap söýüji ýaşlary hem ata Watanymyzy, ýaşyl Baýdagymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň hem asudalygyň nyşany hökmünde ýaşyl Tugumyzy belentde parladýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
KONSTITUSIÝA–DÖWLETIŇ MIZEMEZ BINÝADY

Kitaphanalar

12.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Konstitusiýa–döwletiň mizemez binýady» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatyň nyşany bolup türkmen halky Döwlet baýdagyny gözüniň göreji, başynyň täji hasaplaýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler. Şeýle-de ýurdumyzda buýsançly pasyrdaýan ýaşyl tugy halkymyzyň Garaşsyz döwlet barada asyrlarboýy eden arzuwynyň amala aşmagynyň nyşany bolmak bilen çäklenmän, eýsem, biziň aňymyzda watançylygyň beýik ruhuny, häzirki wagtda özüniň ajaýyp geljegini gurýan halkymyzyň ruhubelentliklerini berkarar edýän milli mukaddeslik bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
SÖZ MÜLKÜNIŇ BOSSANY

Kitaphanalar

12.05.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri, paýtagtymyzyň kitaphanalarynda zähmet çekýän kitaphanaçylary şeýle hem «Altyn asyr» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde gurnamaklarynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda «Söz mülküniň bossany» atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň agzybirlikde gadam goýan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde şol bir sanda eziz Diýarymyzda hem wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şular dogrusynda ýurdumyzda hereket edýän kitaphanalar ulgamynyň zähmetsöýer kitaphanaçylary hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Magtymguly Pyragynyň çuň manyly eserleriniň nesil terbiýesindäki ähmiýeti dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Duşuşygynyň ahyrynda ylymlaryň-bilimleriň ojagy bolan kitaphanada ýerleşýän dürli pudaklara degişli çuň manyly kitaplary giň okyjylar köpçüligine ýetirmäge döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
MILLI GAHRYMANLARYŇ BELENT SARPASY

Kitaphanalar

09.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebinde Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Milli Gahrymanlaryň belent sarpasy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hakydalarda gaýduwsyzlygyň, watansöýüjiligiň, merdanalygyň, hakyky mertligiň mekdebi bolan, parahat, asuda, ýaşaýşyň binýadyny berkarar eden, parahatçylyk we azatlyk ugrunda söweşen Watan ogullarynyň edermenlikleri her ýylyň 9-njy maýynda uly dabaralar bilen ýatlanyp geçirilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Beýik Watançylyk urşuna türkmen ýigitleriniň hem gatnaşandygy, olaryň mukaddes topragymyzyň asudalygy we halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda görkezen edermenliklerini barada gürrüň berdiler. Mekdebiň okuwçylary Beýik Ýeňşe bagyşlanan aýdymlar, sazlary, ajaýyp şygyrlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda bizi asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan etdiler.

No image
ATA ÝURDUM YNANYŞMAGYŇ WATANY

Kitaphanalar

09.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ata ýurdum ynanyşmagyň Watany» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galýandygy barada gürrüň berdiler. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygy, şeýle-de parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplyk derejämiziň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllyk toýunyň giňden dabaralandyrylýandygy barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda döwletimiziň dünýä derejesindäki halkara abraýyny artdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
«BEÝIK ÝEŇŞIŇ ŞANYNA» ATLY BEÝIK ÝEŇIŞIŇ 80 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ GATNAŞMAGYNDA DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI

Kitaphanalar

09.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Aşgabat şäheriniň № 51-nji orta mekdebinde «Beýik ýeňşiň şanyna» atly Beýik Ýeňişiň 80 ýyllygyna bagyşlap mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda dabaraly çäre geçirildi. Watanyň taryhynda halkyň durmuşynda mukaddes hakyda öwrülip, nesiller tarapyndan hatyralanyp, her ýyl bellenilýän seneleriň üýtgeşik terbiýeçilik ähmiýeti bar. Her ýylyň 9-njy maý güni ýurdumyzda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňiş güni uly dabara bilen bellenilýär. Parahat diýarymyzyň ähli künjeklerinde, mekdeplerde söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk bilen söweşip, edermenligiň we gahrymançylygyň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezen gahrymanlarymyzyň sarpasyna bagyşlanan çäreler geçirilýär. Geçirilýän çärede mekdep okuwçylary urşa gatnaşan gerçeklerimiziň hormatyna suratlaryny ellerinde göterip nyzama durdylar. Olaryň hormatyna baş egip, gül desselerini goýdular. Şeýle hem wetaranlarymyzyň hormatyna sahnalaşdyrylan oýun, goşgy, aýdym aýdyp, çykyş etdiler. «Beýik ýeňşiň şanyna» atly geçirilen çärede türkmen, rus ýazyjy şahyrlarynyň kitaplaryndan sergi gurnaldy. Geçirilen ertirligiň ahyrynda asuda we parahat ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladasyny edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Alym Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
ÇAGALARYŇ SÖÝGÜLI ŞAHYRY

Kitaphanalar

09.05.2025

Çagalaryň ýüreklerinde yz galdyran çaga ýürekli şahyr Kaýum Taňrygulyýewiň 95 ýyl ýubileýi mynasybetli Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda welaýatyň döredijilik işgärleri bilen duşuşyk agşamy geçirildi we bu mynasybetli kitaphana gaznasyndan «Çaga ýüreginiň owazy» atly göçme sergisi hem-de Lebap welaýat çagalar kitaphanasynda körpeje çagalarymyz üçin wagtlaýyn sergileri gurnaldy. Dünýäniň çagalar edebiýatynda G.H.Andersen adyndaky Halkara baýragynyň merkezi Aziýa boýunça ýeketäk eýesi şahyr Kaýum Taňrygulyýewiň ömür beýany hakynda gatnaşan şahyrlar, habarçylar we welaýatymyzyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet Mugallymçylyk Institutynyň Dil we edebiýat kafedrasynyň mugallymlarynyň beren gyzykly gürrüňleri gurnalan göçme sergileri gatnaşan talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda medeniýete sungata uly sarpa goýýan, dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI ÝAŞLARYMYZA GÖRELDE MEKDEBI

Kitaphanalar

09.05.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň gurnamagynda «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri ýaşlarymyza görelde mekdebi» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde täze taryhy eýýamyzda eziz ýurdumyz ösüşiň kämil derejesi bagta barýan ak ýollarda batly ynam bilen öňe barýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa çynlakaý çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek we olary ylymly–bilimli giň dünýä garaýyşyny ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Her bir tutumda bize nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly eserleri bu günki gün her bir ýaşlarymyzy Watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gollanma mekdebi bolup durýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen ýaşlarymyzyň okamagy, öwrenmegi öz saýlap alan hünäriniň eýesi bolmagy üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.