KÄMILLIGIŇ-AGZYBIRLIGIŇ ÝOLY KONSTITUSIÝA! BELENTDE PARLA ÝAŞYL BAÝDAGYM!
Kitaphanalar
16.05.2025Balkan welaýat kitaphanasynda «Kämilligiň-agzybirligiň ýoly Konstitusiýa! Belentde parla ýaşyl Baýdagym!» atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş eden mugallymlar, kitaphanaçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda esasy Türkmenistanyň Konstitusiýasy bilen Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli täsirli gürrüňleri berdiler. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda döwletiň esasy binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy, mukaddes ýaşyl baýdagymyz halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen isleg – arzuwlaryny, özygtyýarly döwletlilik, garaşsyzlyk, agzybirlik, ynsanperwerlik, watansöýüjilik duýgularyny, her bir raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirip, halk häkimýetiniň hukuk döwletleriniň esaslaryny özünde jemleýär. Döwlet baýdagymyz bagtyýarlygyň, erkinligiň, asudalygyň tarapdary bolan halkyň buýsanjyny asmana göterdi. Maslahata gatnaşan myhmanlarda çykyşlar aýratyn täsir galdyrdy. Asuda, parahat ýurdumyzda ýaşyl baýdagymyz al –asmanda pasyrdasyn. Şeýle ajaýyp baýramçylyk bilen türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şeýlede türkmen halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Türkmen halkyny, ýurdumyzy parahat durmuşda ýaşadýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.