SÖZ MÜLKÜNIŇ BOSSANY
Kitaphanalar
09.05.2025Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri paýtagtymyzyň kitaphanalarynda zähmet çekýän kitaphanaçylar bilen «Magtymguly Pyragy» seýilgäh toplumynda «Söz mülküniň bossany» atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Pyragynyň şygyrlarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy. Şeýle-de beýik dagyň gerşinde agzybirligiň, jebisligiň, asudalygyň we parahatçylygyň wagyzçysy Magtymguly Pyragynyň keşbi janlandyrylan ajaýyp heýkel barada hem täsirli gürrüňler edildi. Duşuşyga «Altyn asyr» teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, nusgawy edebiýatymyzy ösdürmäge goşant goşan ussatlarymyzyň döredijiligini ýaşlara giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.